07:54
"Sen nirede?"
SEN NIREDE?

Gözleglerim şowsuz meniñ,
Barmyka ýa ilden kemim.
Boýma boý, deñme-deñim,
Sen nirede, sen nirede?

Aýsyz gijeler garañky,
Zaryñdan dünýäm garaldy.
Saçlarmy şemal darady,
Sen nirede, sen nirede?

Göwnümi ynjydýar ýyllar,
Doñan ýürek haçan ýylar?!
Gözlerim ýollaññy yzlar,
Sen nirede, sen nirede?

Aryp barýan, şöwür çekip,
Gussa iýýä köñli deşip.
Maña meñzeş göwündeşim,
Sen nirede, sen nirede?

Düzläp bolmaz deñsizligi,
Yşksyz dünýäñ reñksizligni.
Goşga sygmaz sensizligim,
Sen nirede, sen nirede?

Şagül Dowadowa.
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: MrOKaS | Теги: Şagül Dowadowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: