21:52
Meňzetmek / satiriki hekaýa
MEŇZETMEK

Men bir näçe ýyl owal Nýu-Ýorkdaky Selemanka şäherçesine geldim. Bu ýerde men otlymy çalşyp ýatyş orunly wagona münmelidim. Münüş meýdançasy adamdan doly, olaryň hemmesi bir eýýam dolan, uzyn wagona münmäge synanyşýardy. Men ýolpetek satylýan ýerde oturan adamdan:
”Ýatyp gitmek üçin ýer alyp bilermikam?" diýip soradym, ondan "ýok" diýen jogap alyp, aňyrrak baryp başka bir işgärden iň bolmanda wagonyň darajyk bir burçundanam bolsa ýer tapyp bermegini haýyş etdim. O bolsa gazap bilen gepimi bölüp:
— Mümkin däl. Hemme ýerler doldy. Indi meni bimaza etmäň!— diýip yzynada seretmän ýöräp gitdi.
Juda gamlandym. Dostuma:
— Bular meň kimdigimi bilselerdi— diýdim.
Dostumam meni diňlemek islemedi, ol
— Bolgusyz gürleme. Muňa öwrenişmegimiz gerek. Näme, olar seň kimdigiňi bilseler hyryn-dykyn wagondan boş ýer tapyp bererler, diýip oýlaýaňmy?— diýdi.
Onuň sözleri zerreçe hem bolsa ýagdaýymy gowlandyrmady. Şo mahal wagon gözegçisiniň maňa seredip duranyny görüp galdym. Birden onuň ýüzi özgerdi. Ýanyndaky kärdeşine meni görkezip bir zatlar pyşyrdady. Olar men barada gürleşýän bolmalylar. Soňra gözegçi mylaýym ýylgyryp biz tarapa ýöräp gaýtdy. Ol hoşamaýlylyk bilen:
— Näme hyzmat, ser— diýdi— Boş ýer gerekmi?
Men:
— Howwa, tapyp berseňiz örän minnetdar bolardym. Başga hiç zat gerek däl— diýdim.
— Bizde diňe maşgalalyk kupe galdy. Onda iki adamlyk ýer hem-de jübüt ýumşak oturgyç bar. Kupe dolulygyna siziň ygtyýaryňyzda, ser. Tom, bärik gel, şu çemodanlary wagona alyp çyk.
Biz münüş meýdançasy boýlap hoş keýp bilen ýöräp gitdik. Dostuma bir zatlar diýjek boldum, emma, pikirimden dändim. Wagon gözegçisi kupede bize ýeňilliker döredip berdi. Ýylgyryp:
— Başga näme isleýärsiňiz, ser? Aýtsaňyz getirip bereris— diýdi.
Men:
— Yssy suw getirip bilersiňizmi?— diýip soradym.
— Elbetde, häzir getirerin.
— Ýagşy, krowatyň üstündäki çyra juda ýokary asylypdyr. Başga ýagtyrak çyra tapyp başyma ýakynyrak edip assaňyz, aňsat okamagym üçin.
— Elbetde, jenap. Siziň isleýän çyraňyz goňşy otaga goýulypdy. Häzir ony alyp gelip, şu ýere goýup bererin, ol bütin gije ýanyp durar. Ýene-de göwnüňiz näme islese sorap bilersiňiz! Ýol dowamynda näme gerek bolsa çekinmän aýdyberiň, ser.
Soňra ol çykyp gitdi. Men dostuma seredip ýylgyrdym.
— Hä, indi näme diýýäň? Gördüňmi, olar meň Mark Twen ekenimi bilenlerinden soň sylaýyşlaryny — dostum dymyp durdy— Saňa şular ýaly hyzmat etmelerini isläňokmy? Üstesine petek nyrhy bir bolsa— diýip gepime goşmaça etdim.
Şol wagt girelgede gülüp duran gözegçi göründi.
— Ser, men sizi ilki gören wagtym tanapdym.
Oňa köpräjik çaýpul berip:
— Şeýlemi? Onsoň, men kim ekenim?— diýip soradym.
Ol:
— Jenap Maklellan, Nýu-Ýork şäheriniň meri — diýdi.

Mark TWEN
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 70 | Добавил: Gurgencli | Теги: Mark Twen | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Gurgencli   [Материал]
Radaktirlendi smile

0
1 Bagabat   [Материал]
Gowy hekaýa. Terjime-de erbet bolmandyr. Diňe käbir säwliklere ýol berlipdir:
1."men poezimi çalşyp" - "men otlymy çalşyp";
2."uklap gidip bolýan wagona" - "спальный вагон" - "ýatyş (ýatuw) orunly wagona";
3."Platforma" - "Münüş meýdançasy" ýa-da "münber";
4."blet satylýan kassada" - "ýolpetek (petek) satylýan ýerde (otagda)";
5."yzynada" - "yzyna-da";
6."Eger bular meň kimdigimi bilselerdi" - Şu ýerde "eger" diýen söz artykmaç;
7."boş ýeri bolmadyk wagondan" - artykmaç uzyn jümle, oňa derek "hyryn-dykyn wagondan" diýip ýazsaň gelişäýjek ýaly :-);
8."maşgala niýetlenen kupe" - "maşgalalyk kupe";
9."jübt" - "jübüt" we ş.m. biggrin

0
2 Gurgencli   [Материал]
Sagboluň Serdar aga. Öwredişiňiz ýaly düzederin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: