07:45
Howurpeç / hekaýa

HOWURPEÇ

Aşhanadaky gaz plitanyň gül ýaly peji bolsa-da, soňky çykan ykjamja mikrotolkunly howurpeç edinesi gelip, hatyn, höwrüni halys gününe goýmady.
Haýsy milletiň oglunyň beýle jaýdar aýdandygynyň-a anyk bellisi ýok welin, öňem bir, tüýs etinden ötüp süňňüne ýeten, jany ýananyň birisi-ä: “Hatynyň halany – Hakyň halany” diýip ötüpdirmi?!
Bu kişem, ýa şol aýtgyny ýadyna saldy, ýa-da her gün törpülene-törpülene, beýnisi üç ýyllap pos gemren çüýe döndi. Ahbetin: “Näme etseň şony et-de, men pakyry arkaýyn öz öýümde aýagymy süýndürip, ine-gana ölmäge bir goýsana-aýt!” diýýän pisint, hatynyna elini salgap goýbermäge mejbur boldy.
Göz açyp-ýumasy salymda eşiklerin-ä çalşyp, toýa hem-de sögüşmäge gidende daňynýan gyňajynam başyna oramaga ýetişen hatyny, ýorgan-düşek salynýan aýnagapyly şkafdaky pul goýulýan buljumja ýerden ep-esliň ýarysy ýalysyny gapjygyna dykyp, eňip çykyp barýarka-da, bir yzyndan gygyrmaga ýetişeni:
-Narmalnysyny algynyň-how! Ýohha, onça pul beribem işlemeýän bideregini alyp gaýdaýdygyň, onnoň görersiň bu öýde oýun etse kimiň ýeňip, çynyny etse-de kimiň ýenjilýändigini…-boldy.
Maksadyna ýeten hatyn-a hemişekisi ýaly, äriniň aýdany aňyna ýetse-ýetmese “hä-hawa” berişdirip barşyna, çykdy-da, öteýtdi.
Tüneginiň gohy sowlana dönen hojaýyn bolýan kişem, telewizoryň öňünde güdri-güpjegi goltuk asta dykakga, derçiräp çaý süzüşine, birmeýdan ýazylyp-ýaýrap dynç almaga galdy.
Kän wagt geçmänkä-de, işiklerinde ulag saklandy-da, hatyny “hyklap-çoklap” gabarasy toklusyraberen guzy çenräk, ep-esli karton gutyny gujaklap öýe girdi. Oljasy oňandygy üçin ýylgyrjaklap gelşine-de:
-Getirdim, kakasy! Öňküsinden biraz arzanragam aldym. Häzir muny derrewjik işledeýin. Şü-ýä bolaýdy. Indi nahar gyzdyrjak bolsaň, düwmesini basdyň, bir “dyg-g” etdi, işiň bitdi…-diýişdirip, ýüzüniň ugruna aşhana geçip gitdi.
Telewizora tomaşa edip ýatan kişi, iň bärkisi hatynyň göwni üçinem bärisine bakman: bir “hümm” etmek bilen çäklendi.
Keýpi ak patrak bolup güllän hatyn, aşhanaň bosagasyndan ätlän ýerinde gujagyndaky ýüküni wawwasy bar ýaly emaý bilen goýdy-da, eşiginem çalyşman, gutuny açmaga girişdi. Sähel salymyň içinde daşy dagysam ýalpyldap duran täpbe-täzeje, ykjamja howurpeji, daşynyň odur-buduryndan saplady. Palasyň üstünde ýylanguýruk bulam-delem bolup ýatan, barmak ýogynlygyndaky simini aldy-da, toga dakdy. Hasyr-husuram, yzyndan ýagy kowalaýana çalymdaş gyssanmaçlyk bilen howurpejiň “start” diýen ýazgyly düwmesine basdy.
Dem-düýt ýok.
Illeriňki ýaly “dyg-g-g” edip, işläp başlajak howrpejiň gulagyna hoş ýakjak şirin owazyny ine-gana eşitmek üçin gözlerini süzen, hatyny bu ýakymsyz dym-dyrslyk geň galdyrdy. Ol assyrynlyk bilen birje gözüni açdy-da, howurpeje garşy gözüniň gyýtagyny aýlady.
Ol eýgörmüş ajal almyşyň bolsa piňine-de däl. Şol bir bolşy.
Ses-seda ýok.
Aýna gapysynyň aňyrsynda çyrasam ýanmaýar.
Hatynyň ýüregi jigläp gitdi.
Dessine-de howurpeji satyn alan dükanynyň satyjy ýigdine gaýybana gargynmaga başlady.
“Häk, meýdi ýanmyşyň meýdi ýanany! “Genneje, şuny alsaň ýamanam bir gowy bolýa-a-a! Onnoň seni agam jan öýüňe baranyňdan soň, şunyýny ýalaky ajaýypdan gelen bir uşbu ortamyýana gözel-nurana zady saýlap almany başarandygyň üçin, begenjine hem guwanjyna, bagryna basakga, gujagyndan düşürmän, üç mertebe mellegiňiziň daşyndan aýlanyp gelýä!” diýen bolup, jikgildäp, üzeňňimden üç geçişem göwnümden turmandy-la, asyl! Häk, haram ölmüş, nokgy-nokgy edip, owadan gep bilen başymy-gözümi aýlap, men pakyryň tehnikadan şermendeligimden peýdalanyp, döwügini sokupdyr!”...
Birdenem gapdal otagda güberilip ýatan ýanýoldaşy ýadyna düşende, mundan buýanky şunuň ýaly pisint halatlarda güpür-tapyr zanny towşanýürek bolup galaýýan hatyn görgüliniň jany bokurdagyna geldi.
Olam-a häzir harap zady hilebir zat edip, ekiz ogul dogran deýin gujaklap getirenimi biläýdigi, edil derime saman dykjak bolup dyzap ýatmasa-da, şonuň bäri ýanyndaky bir zatlara etjek boljagy gaty magat!
Ýeri, indi nätmekden Hudaý saklasyn welin, onda-da nätmeli?!
Dem salymda halys ruhdan düşmäge ýetişen hatyn görgüli, aljyrany bes-belli, öňünde maslyk bolup ýatan howurpejiň “direltmegiň” alajyny agtaryp, onuň kitapçalaryny ýeke-ýekeden alyşdyryp, waraklaşdyrmaga başlady.
Wah, işigaýdan-n-n!
Ol kitapçalar boýunça nämäni nädip we haçan etmelidigine ony öz eljagazlary bilen ýazanlar bir düşünýärmi diýsene, ýazylanlara aljyraňňy haldaky hatyn okap düşüneri ýaly?!
Hasam, kitapçalardaky ýazgylaryň üçden bir böleg-ä nemisçe bolsa, ondan buýanky galanlaram hytaýça bolsa...
Näçe waraklasa-da kitapçalardaky ýazgylaryň hiç biriniňem hatyn görgüliniň perişan halyna rehimi inmedi. Olar onuň howsalaly aňyna düşnükli bolar ýaly derejede biziňkiçä kes-kelläm öwrülmedi.
Girre gahary gelen hatyn, göýä öz säwligine hut gönüden-göni şolar günäkär ýaly, tasanjyrama bilen kitapçalary ýere taşlap iberdi-de, hemişe şunuň ýaly ýagdaýlarda dagy başga alaç tapmasa ýüz urýan pirimine eýerip, şumjarjak bolmaga başlady.
Emma, ýeke özüň aşhanada otyrkaň, hiç kim görmese, höre-köşe edere elýeteriňde-gözýeteriňde ynsdan-jynsdan hiç kim bolmasa, şumjaranyňdan ne peýda?! Beýdeniň bilen öli howurpeje jan girýärmi diýsene? Ol-a bir dem-düýtsüz ýatan tokga demir, gözüňi çyglan bolmag-a beýlede dursun, uliliň bilen möňňürip, bagyryp uwlanyňda-da çyntyk ýalam rehimi inmeýä, onyýnyň!
“Ýa bolmasa, assyrynlyk bilen ökje ogurlap, öýden çykakga, goňşy gelni – jorasyny alyp geläýsemikä?! Hä?!” diýip, muňalyp galan hatyn görgüli, öz-özüne geňeş saldy. Bada-badam öz hödürlän hyýaly teklibini öz beýnisini ret etmäge howlukdy.
“Ýeri, alyp geldiňem-dä, o näme etsin, gyz?! Olam bir özüň ýaly, ol jaýda güberilip ýatan aýtmyşlaýyn: “Saçy uzyn akly gysga ziňk-ziňkdir-dä”! Ol bend-ä gaýta şunuň ýaly enjamlar babatda özüňçe-de ýok. Çagalary ýaramasa: “Şu dermanyň bir gerdeginiň dörtden birini içirip gör-äý bolmasa! Arada biziňkiň içi agyranda-ha peýda beripdi. Seniňkiňem kelle agyrysyna kem ýaraman durmaz-la, şü! Onnoňam ady derman bolar-da, onuňam bir zyýany bolarmy, gyz?! Hä?!” diýseň, o pakyr: “Dörtden biri bolanda näçe bolýa, gyz?!” diýip, mön gözlerini hasam mölerdýär ahyry”...
Şeýdip, hatyn görgüli başyna düşen “pajygaly” diýseňem bolman durmajak ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin oýurganyp esli oturdy. Emma, ahbetin, näçe otursa-da ýeke özüniň beýle “kyn” diýseňem gelişmän durmajak hadysanyň alajyny tapyp bilmejekdigine düşündi-de, şunuň ýaly halatlarda iň soňky umydyna daýanyp, ölümini boýnuna alanyň aýgytly lapykeçligi bilen ärine ýagdaýy aýtmaga ýöneldi.
Telewizorly otagyň bosagasyndan ätledi. Injigem saňňyl-saňňyl. Şol bolşuna-da içinden öz-özüne göwünlik berenem bolýar.
Edil çigligime iýmejeg-ä belli-le. Gaty gitse ýarym salkynlap iňirdäp-iňirdäp, gulagymdan igleder-dä. Soňam hemişeki edişi ýaly, elinden gels-ä bejerip, işleder. Ýohha-da dükana äkidip, täze, abadyna çalşyp geler-dä...
-Käkäsi-i-i!-diýip, dahan içre asanyndan dagy ballar damdyryp, mähirliden muhabbetli, şelaýyndan şirin dillendi.
Güberilip ýatan, telewizordan gözüni aýyrman “hümm” etdi.
-Käkäsi-i-i!-diýip, ujundan şiresi “jomp-jomp” edip, gop-goýy damjalar bilen damyp duran, mähir-muhabbet okunyň ýene-de birini güberilip ýatanyň gulagyna sary atyp iberdi.
Bu gezek telewizora öte çyny bilen tomaşa edýän kişä jan girdi. Ol boýnuny çala gyşartdy-da, öňünde ýylgyrjaklap, ýalym-ýulum edip, söm-saýak duran hatyna garşy ganguýma gazaply gyňyr gözüniň gyýtagyny aýlady.
Dessine-de hemme bolup geçýän zatlary hatynynyň ýüzünden okady.
-Döwügini alyp gaýdypsyň geräm?! Hä?!-diýip, ol nägile myşlady:-Aýtdym-a-how, men saňa: “seredip al, narmalnysyny al” diýip...
Ol hüňürdäp ýerinden dikeldi-de, aşhana ýöneldi. Gidip barşyna-da hüňür-hüňüri hasam möwjedi:
-Ýöne, şü heleýlere näçe diý, tapawudy ýok, bir gulagyndan girip ýetişmänkä, beýlekisinden çykmaga ýetişýä. Ikisiniň arasynda iň bärkisi sähel salymlyk sägineýin dagam diýmeýä...
Äri aşhana girdi-de, daşy lowurdap duran, täzeje howurpeje birsellem dikilip durdy. Soňra näme üçindir gözüniň agyny köpeldip, ýeňsesinde sazanaklap duran aýalyna alaryldy. Agyrdan-agyr myşlady. Onsoň aşak egildi-de, aşhananyň diwaryndaky rozetkadan howurpejiň gapdalragynda duran köneje çaý gaýnadýan enjamlarynyň simini sogrup, onuň ýerine howurpejiň simini dakdy. Howurpeji işletdi.
“Dyglap” işläp dur, janawer.
Sesini çykarman öňküsi ýaly “myşlan” äri, ýüzi dym-gyzyl bolan aýalyna ýene-de bir ýola gözüni alartdy-da, o ýandan garasyny saýlady...

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 140 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 Gurgencli   [Материал]
Dek düýnkide Serdar aga köpden bäri hekaýa ýazanok, täze hekaýa haçan okarkak diýip oýlap ýördüm. Bu hekaýaňyzam ajaýyp, üýtgeşik hekaýa bolupdyr.
Esasanam dili şular ýaly üýtgeşik derejede ussatlyk bilen ulanyp bilişiňize telpek goýýan. HOWURPEÇ gowy söz bolupdyr, brawo smile

0
6 Nurdan   [Материал]
"...sögüşmäge gideninde dañýnýan gyñajy" çynym bilen ýylgyrdym. D

0
5 Dunyagozel   [Материал]
:'D biggrin

0
1 Arzyman   [Материал]
Nesip bolsa, geljekki nesillerimiz şu tipdäki hekaýalary okap:"Biziň ene-mamalarymyz, çendenaşa düňk, gutaran çöňňe" bolupdyr diýerler. wacko

0
2 Bagabat   [Материал]
@Arzyman, meniň pikirimç-ä, nesip bolsa, geljekki nesillerimiz şu tipdäki hekaýalary okap: "Biziň ata-babalarymyz, çendenaşa degişgen, juda wäşi adamlar bolupdyr" diýerler. O ýaňky diýýäniňi bolsa, her bir asmandan uçup barýan guşuň kölegesinem özüne çekip ýören öýkelegräk gelin-gyzlarymyz ýa-da käbir "çöňňelerdir-düňklerimiz" diýämese... biggrin

0
3 Bagabat   [Материал]
Eger-de nesip bolup, "geljekki nesillerimiz" "şu tipdäki" hekaýalary okamagy özlerine mynasyp görseler. cool

0
4 Bagabat   [Материал]
Hasam beteri, eger-de nesip bolup, "geljekki nesillerimiz", eltelefondyr-gadjetleriň humaryna maýyl bolup, woobçe kitap-hekaýa okamagy bes etmeseler cool

0
7 Bagabat   [Материал]
Akýürekli henegi bolsa pygamberimiz hem ýazgarmandyr. Ynanmasaňyzam, şu salgydaky makalany okaýyň: http://kitapcy.com/news/2020-08-29-12271.

0
8 Gurgencli   [Материал]
Tüweleme Serdar aga her sözüňe delil tapýaň

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: