22:13
Ogluma ýazan hatlarym / 19-njy hat
19. Salam, eziz perzendim!

Seniň hatyňdan aňyşyma görä, berýän öwütlerim siziň umumy ýaşaýyş jaýyňyzda tutaşan çekişmäniň lowlaýan alawy uçgun ýaly bir zat bolup döräpdir. Bolubilýär, bu erbet däl. Bularyň barynyň ýaşlar üçin tapawutsyz zatlar däldigi gowy.
Sen ýoldaşlaryň käbiriniň dostluga, ýigit bilen gyzyň arasyndaky dostluga ynanmaýandygyny ýazýarsyň: «Olar ýigit bilen gyzyň bolan ýerinde hökman söýgi bolaýmaly» diýýärler diýýärsiň. Bu barada özümiň nähili pikir edýändigimi ýazaýyn. ýöne her niçik-de bolsa, senden etjek haýyşym: meniň hatlarym, goý, diňe seniň üçin bolsun...
Dostluk – munuň özi ynsan duýgularyny terbiýelemegiň mekdebidir. Dostluk bize wagt geçirmek üçin däl-de, adamda, ilki bilenem özüňde ýagşylyklaryň orun almagy üçin gerekdir. Her bir adamyň ýetginjek hem irki ýaşlyk ýyllarynda gowy adamyň ruhy asyllylygyna çunňur haýran galmak duýgusyny başdan geçirmelidigini, oňa maýyl bolmalydygyny men moral terbiýäniň iň esasy düzgünleriniň biri hasap edýärin. Adama, adamkärçiligiň gözelligine ynanmaklyk aslynda şuňa baglydyr. Eger bu bolmasa, adamyň kalby boşdur, durmuşyň iň kiçijik şatlyklary hem onda owunjak hüňürdiler, öz güýjüne ynanmazlyk ýaly zatlary döredip bilýär. Kalbyň boşlugy, adamda hiç zada ynamyň ýoklugy iň elhenç nogsandyr – men bu barada saňa bir wagt ýazypdym; ony ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Boş kalp erbet zady nebsewürlik bilen özüne çekip alýar, gowy zadyň täsirine düşmezek bolýar, sebäbi boşluk, ruhy çäklilik onsuz hem nogsanlardyr. Kalby boş adam hakyky dost bolup bilmez, ol dostlukdaky adamkärçiligi duýmaýar. Eger ýetginjeklik we irki ýaşlyk ýyllarynda adamy ahlak idealy ruhlandyrýan bolsa, eger adam dogry ýoldan barýan adamyň kimdigini bilýän bolsa, onda dostlugyň ony ruhy taýdan baýlaşdyrýandygyny, onuň dostlukda wagt geçirmäni däl-de, kämilleşmäge, öz-özüne akyl ýetirmäge, öz-özüňi terbiýelemäge daýanç gözleýändigini durmuş maňa öwretdi.
Bu asylly ruhy isleg – adama bolan isleg – aýratynam erkek adamyň kemala gelmegi üçin zerurdyr. Hakyky erkek kişi boljak bolsaň, sen irki ýaşlyk ýyllarynda dostlukda kalbyň baýlyklaryny açmalysyň. Seniň söýgiň päkligi, geljekki maşgalaň bagty şuňa baglydyr. Dostluksyz söýgi ýüzleýdir. Eger ýigit gyzy ilki bilen adam diýip sylaýan bolsa, eger ony adam diýip söýýän bolsa, onda bu belent asylly dostlugyň özi hem söýgi ýaly gözeldir. Dostlugy jyns heserine syrykdyrmaly däldir, aşyk-magşuklaryň dostlugy pugta bolsa, söýgi diňe şonda moral taýdan delile getirilip bilner. Ahlak päkliligini söýginiň özi ruhlandyrman, tersine, adam belent ahlaklylyk netijesinde söýgi duýgusynyň asyllylygyna we gözelligine ýetip biler. Özleriniň ruhy umumylyklaryny jyns heseri ýaly edip söýgüde gurjak bolýan adamlar söýginiň gadyryny bilýän däldirler, sebäbi olar ruhy durmuşyň bütin dünýäsini posalardyr gabanmaklara sygdyrjak bolýarlar. Iň belent ruhy ýaşaýyşsyz, ýeke-täk ideala ymtylmaýan, şunuň hatyrasyna zerur bolan dostlukdan mahrum söýgi duýgy lezzetine öwrülip biler. Ýazuw depderçäňe W.G.Belinskiniň sözlerini ýazyp al, olary ýekelikde birnäçe gezek okap çyk, olara ykjam akyl ýetir, öz-özüňi barlap gör: «Söýgi durmuşyň poeziýasydyr, güneşidir. Ýöne biziň günlerimizde öz bagtynyň ymaratyny diňe söýgüde gurmagy göwnüne düwýän, ýüreginiň töründe bolsa öz islegleriniň baryna kanagatlanma taparyn öýdüp umyt edýän adamyň dat gününe... Eger ýaşaýşymyzyň bar maksady diňe biziň şahsy bagtymyzdan ybarat bolsa, şahsy bagtymyz hem diňe söýginiň özünde bolan bolsa, onda ýaşaýşymyz tabytdyr ýaraly ýüreklerden doly tüýs ýürekgysgynç çöllük bolardy, elhençliginiň öňünde bolsa gazaply Dantäniň genisi bilen çekilen ýerüsti dowzahyň şahyrana keşpleri hem solak görünjek dowzaha dönerdi».
«Eger bagt diňe söýginiň özünde bolan bolsa, ýaşaýşymyz dowzaha dönerdi» diýlen sözler barada ykjam oýlanyp gör. Eger Belinskiniň döwründe şahsy bagta ymtylmak mümkin bolmadyk bolsa, onda biziň döwrümizde-hä özüňi ýalňyzlyga we bihepbelige sezewar etmek, öz dünýäňi subýektiw duýgularyň we hasratlaryň derejesine çenli daraltmak bolardy. Eger «ýüregiň içki dünýäsinden daşary», «durmuşyň beýik dünýäsiniň, pikir işe öwrülýän, belent duýgy bolsa edermenlik bolýan bolsa, şol beýik dünýäniň» bardygyny Belinskiý öz döwründe gören bolsa, onda biziň günlerimizde şeýle dünýä diňe bir aýry-aýry göreşijileriň öňünde däl, eýsem bütin halkyň öňünde açylgy dur. Adamyň öňünde daşky owadanlykdan başga adamyň içki baýlygy–şahsyň mertebesi, onuň ukyby, döredijiligi, jemgyýetçilik işi açylan halatda, diňe şol halatda jyns heseri adamlaryň arasyndaky ahlak gatnaşygynyň, moral borjuň häsiýetine eýe bolup başlady. Jyns heserine esaslanan söýgi – adamy köre-kör we paýhassyz edýän wagşyýana islegdir. Söýginiň adam üçin edermenlik bolmagyndan ötri, ol adam moral ösüşiň belent basgançagyna çykmalydyr, ilki bilen, öz durmuşynyň beýik maksadyny kesgitlemelidir, şol maksada ýetmäge tarap ýolda duş geljek kynçylyklary basyp geçmek baradaky pikir bilen ruhlanmalydyr. Beýik maksada ýetmek ugrundaky göreş hakyky hyjuwa öwrülse, onda yşky, jynsy isleg maksat häsiýetini ýitirýär, söýülýän adam şol göreşde ruhlandyrmaly predmete däl-de, dosta öwrülýär. Hut söýgi hyjuwynyň maksat bolmakdan galmagynyň özi adamy gözelleşdirýär, ony duýgy hyjuwlaryndan ýokary göterýär. Şahsy bagt bilen umumy adamzat bagtynyň hakyky gerimlerine düşünmek adamy kemsitmän, horlaman, gaýtam beýgeldýär, sebäbi onda öz durmuşyny beýik ruhy islegler bilen baýlaşdyrmak meýlini oýarýar.
Şahsy duýgular bilen adamzat bagtynyň laýyklygyna düşünmek aýry-aýry nogsanlaryň, ownuk dawalaryň tragediýa öwrülip, durmuşy zäherlemeginiň öňüni alýar. Durmuşda nebsiňi agyrdýan, ynsan mertebesini kemsidýän, gör, näçe şeýle «tragediýalar» duş gelýär! Diňe adamlaryň öz söýgülerinden kiçijik bir älem ýasap, şol älemiň hem her bir ädiminde petige düşülýänligi, asylly, çäksiz göwün matlaplary üçin bolsa giň meýdanyň ýoklugy zerarly ýaş çatynjalarda, gör, näçe «çykgynsyz ýagdaý» we «çözülip bolunmajak gapma-garşylyklar» döreýär! Ýatda sakla, goý, bu seniň geljekki maşgala durmuşyňda saňa sargyt bolsun: ýaş är-aýalyň durmuşynyň söýgi bilen başlanyp, söýgi bilen gutarýan ýerinde, sähelçe sebäbe görä, kine döreýär, göwünlerine deglen är-aýal biderejik zatlaryň üstünde biri-birleri bilen hepdeläp gepleşenoklar, ýüreklerini paralap, oňa bilkastlaýyn duz sepýärler. Şonda şol «tragediýalar» problema öwrülýärler, adamlar biri-birleriniň garaýyşlaryndan näsazlyk, häsiýetiň deň gelmezligini we ş. m.-leri gözläp ugraýarlar. Aslynda şeýle adamlar ruhy-psihologiki gatnaşyga taýynlyksyz bolýarlar, şonuň üçinem entek olar öz şahsy bagtlarynyň masştabyny kesgitleýänçäler nikalaşmaly däldirler.
Birnäçe hepde mundan ozal, raýonymyzyň prokurory maňa nika bozmak barada gozgalan bir iş hakynda gürrüň berdi. Ýaş çatynjalar bary-ýogy iki hepde ýaşaşypdyrlar, onsoňam sögüşip, bal ýaly günleriniň bagtyny ýatyrypdyrlar. Sögüşiň bahanasy örän gülki: är-aýal gyzyň ata-enesiniň sowgat beren telewizorlaryny nirede goýmalydygy barada bir pikire gelip bilmändirler... Sögüş gitdigiçe tutaşyp, är-aýal! «Häsiýetimiz biri-birimiziňkiden juda uzak, şonuň üçin maşgala durmuşy başa barmaz» diýen netijä gelipdirler. Dawa gelniň ejesi hem goşulyp, telewizory yzyna alypdyr, ýigidiň kakasy hem ondan pes oturmazlygy ýüregine düwüpdir. Ol hem ýaş çatynjalara sowgat beren diwanyny, şkafyny öýlerine alyp gidipdir. Iki hepde mundan öňem hanym-janym diýen diller indi gödek-gödek sözleri ýagdyrypdyrlar... Sudda bir parasatly aýal – halk oturdaşy ýumagy başdan-aýak çözläp, ähli zadyň änigine-şänigine ýetipdir, şondan soň är-aýal dawanyň nämeden başlanandygyny hem hakydalaryna getirip bilmändirler. Olar adamlardan, öz-özlerinden utanmaly bolupdyrlar... Maýda zatlar çişirilip, «dünýä problemalaryna» öwrüleninde, kalbyňda hiç hili belent maksat bolmadyk halatynda adam, ine, şeýle güne düşýär.
Adam üçin iň möhüm, iň kyn zat hemişe, hemme ýagdaýlarda adamlygyňa galmaklykdyr.
Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: