22:09
Ikinji jahan urşy barada
IKINJI JAHAN URŞY BARADA

Ýadymda,
Ýokary okuw jaýyna,
Giriş.
Soňky synag,
Taryh boýunça.
Bilýän zatlarym düşdi bije paýyma,
Tolgunýan,
Bolýaryn monça.

Synag alýan, hatda, biraz degişdi,
"Üçünjä geç,
Bulañ ýakdyñ sen jantyn."
Gadym dünýä taryhyna degişli,
Jogaplaryñ soñlanmanna gynandym.

Täzeden sözlerim öwrüp gurşuna,
Şunça ýyllar geçmedik deý aradan.
Biziñ " Beýik Watançylyk urşuna"
Gürrüñ berýän "kömegimiz"barada.

Pagtalar, joraplar, altyndyr-zerler,
Şahsy puluna tañk ýasadanam bar.
Ýetimler, hossarlyk,
Mugallym birden,
Bu zatlaryñ agramyny soraýar.

Sägindim, ýuwdundym, ajy der akýar,
Sanlary unudyp doñup durdy ýat.
Synag alýan bolsa heşelle kakýar,
"Edebiýat däl-dä taryh diýlen zat."

Bilýärin,
Ýöne şol jahan urşunda,
Ynsanlaryñ ysmanaksyz hurşunda,
Ýürekleriñ howsalaly urşuny,
Girýan gözleñ ýola bakyp durşuny;
Aždarhasyn tükeniksiz açlygyñ,
Öýden diri çykyp giden gaýyplañ,
Umydyn, ahmyryn, ömrün, ýaşlygyñ,
Ejizledýän mertligini maýyplañ;
Haramzadañ güýmenjesi-küşdünde,
Pyýada öwrülen eziz gerçekleñ,
Arzuwyny demir buzuñ üstünde,
Kuýaş üçin hany-manyn berjekleñ;
Serpigi deşilen, baglary üzlen,
Sowugyn tüýnükleñ, garalan uklañ,
Awusyny kalplañ, hesretin ýüzleñ,
Synagyn ykballañ, gaýduwsyz ruhlañ,
Ak sakgalyn goşawuçlap gojalañ,
Gorkusyny sandyraýan elinden,
Hasratyny ak gyñaçly ejeleñ,
Soky daşy deýin gatan gelinleñ;
Heýkel deýin ýeññelerin gujaklap,
Hüýnibirýan nalyşyny baldyzlañ,
Ömür gülmez bolan tenler gyjyklap,
Hasabyn bimahal süýnen ýyldyzlañ,
Bogazdaky tegeklerden ýapylan,
Gözleñ ýyldyraýşyn sowuk monjuk deý,
Nirelerden çeküw daşy tapylar,
Ölçermäge bulañ agramyny heý?!

Onsoñam, kim bilýär, gorap saklanyp,
Türkmenleriñ çalyşmajak janyny.
Haryt çekýän otlulara ýüklenip,
Äkidilen atlarymyzyñ sanyny.

Zamana durmaýar belli kararda,
Hiçdir oña şikaýat-da tarypam.
Wakalaryñ ýumagyny sarar-da,
Täze sahypasyn açar taryham.

Şaýat boldy soñ-soñ köp zada ykbal,
Añym döndi howdanyna "mygyldyñ."
Ýöne şindem başga jogap tapjak däl,
Näçelik goýsañyz, goýuñ, mugallym!

Ilmet Gurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Güllericre | Теги: Ilmet Gurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: