15:34
Men aşyky biçäre
MEN AŞYKY BIÇÄRE

Doguldym, geň ömürdim, men aşyky biçäre,
Täsin dünýä-döwürdim, men aşyky biçäre,
Aýaklandym, ýüwürdim, men aşyky biçäre,
Mydam jybyr-jybyrdym, men aşyky biçäre,
Bazar kimin gowurdym, men aşyky biçäre.

“Bal süýji – baldan bala”, ine, şeýle bal oldum,
Aladam ýok, gaýgym ýok, bir saýrak bilbil oldum.
Mekdep bardym, hat gördüm, okap, ösdüm-ulaldym,
“Gel!” diýseler guş bolup, “Gel!” diýseler ýel oldum,
Ik bolup ýol egirdim, men aşyky biçäre.

“Gel hemaýat et!” diýse, haýsy kim bir ýaşuly,
Ylgadym men şo ýana, terk edip öz işimi.
Aglap dursa bir çaga, men içdim gözýaşyny,
Garaz, haýyr iş üçin çytmadym göz-gaşymy,
Ýalňyz görsem höwürdim, men aşyky biçäre.

Gözlerime bir gözel ýagşy bolup göründi,
Bu dünýäniň görmegi-nagşy bolup göründi.
Däli ýürek däliräp, bagşy bolup göründi,
Soň...akylym ýüregmiň ýagsy bolup göründi,
Süýji-süýji şygyrdym, men aşyky biçäre.

1999ý.

Ahmet Mämmedow. “Ylham ýaýlasy”. Goşgular ýygyndysy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020. 246 sah..
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Bagabat | Теги: Ahmet Mämmedow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Ahmet aga zordur.. smile

0
3 Bagabat   [Материал]
Sen aýtma! Söz nöw.

0
1 Bagabat   [Материал]
INE, BIZIŇ ILIŇ OZANLARY NÄDIBERÝÄ!!!
GÖRÄÝ-DÄ, EDIBERŞINI! clap

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: