00:25
Ogluma ýazan hatlarym / 15-nji hat
15. Salam, eziz perzendim!

Şeýlelik bilen, birinji semestr hem tamamlandy. Iki bäşlik bilen bir dörtlük – birbada göräýmäge erbedem däl ýaly, ýöne niçigem bolsa, L.N.Tolstoýyň «Ýüzüp barjak ýeriňden aňyrraga ümzük at, bolmasa akyp gidersiň» diýen sözlerini ýatda sakla. Seniň hatyň meni diýseň begendirdi (ýogsam, sen esli wagtlap, tas iki hepdeden bäri diýen ýaly hat ýazmadyň). Siziň kollektiwiňizde intellektual talaplaryň oýanýanlygy, siziň jedel edip, onda-da azatlyk we borç ýaly mesele boýunça jedel edip başlaýanlygyňyz gowy zat. Sen meniňem jedeliňize gatnaşmagymy haýyş edýärsiň, bolubilýär, keýpihon gatnaşaýyn. Sen öz ýoldaşlaryň käbiriniň adam öz işiniň belli-belli sferalarynda (seniň aýdyşyňa görä, şahsy durmuş meselesinde) absolýut erkindir (?), başga sferalarda bolsa erkinlik jemgyýetiň talaplary zerarly çäklendirilendir diýen pikire eýerýändigini ýazýarsyň. Sen beýle nukdaýnazar bilen ylalaşaňok, munyňy men hem goldaýaryn. Seniň nukdaýnazaryň («Erkin bolmak – diýmek, halkyň bähbidiniň talap edişi ýaly, hemişe dogry etmegi başarmakdyr») aslynda Engelsiň «Şunlukda erkiň erkinligi işe beletlik bilen karara gelmek ukybyny aňladýar» diýen belli sözlerini gaýtalaýar. Ýaş ýigitleriň iň çylşyrymly pikiri öz sözleri bilen aýtjak bolmak edähetleri bar, bu gowy zatdyr. Absolýut erkinlik ýokdur, ol bolubam bilmez. Sebäbi adam adamlaryň içinde ýaşaýar. Jemgyýetde ýaşap, jemgyýetden azat bolmak mümkin däldir diýip W.I.Lenin öwredýär. Seniň opponentleriň käbiri bolsa durmuşyň öňüne germew goýýar, bir tarapdana-ha adamyň jemgyýete garanjaklap edip biläýjek zady, beýleki tarapynda hem, adamyň adamlar barada ýekeje-de pikir etmän, islän zadyny etmäge erkinligi dur. Aslynda, beýle bölmeklik meşaniniň filosofiýasynyň esasyn-da ýatan zatdyr: gullukda bolanynda, ol salykatly, süýji dilli bolup, öýe geleninde hem ýumrugyna bat berýän, mugthor, zalymdyr, hossarlaryna gan ýuwutdyrýan adamdyr. Biziň jemgyýetimizde entekler şunuň ýaly gör, näçe adam bar! Pynhan, ahlak-estetiki gatnaşyklar sferasyndaky – söýgüdäki, nikadaky, maşgala durmuşyndaky absolýut erkinlik barada pikir ýöretmek aýratyn zyýanlydyr. Adam durmuşynyň bu sferalaryndaky erkinlik, ilki bilen, iňňän uly jogapkärçilikdir. Bu barada Leonid Martynow gowy aýdypdyr:
Anykladym
Erkin bolmaň, nädigin,
Seljerdim men dünýäň, dürli
                                              duýgusyn.
Bilseňiz ol jogap bermek ekeni.
Çekmek eken dünýäň ähli gaýgysyn.
Ah çekmeler, gözýaş, ýitgi,
                                          hasratlar,
Ynam, yrym, ynanmazlyk... bar zatlar –
Hersi üçin wyždanymyň öňünde.
Men jogapkär erkin adam deňinde...
Ýogsa-da, sen bu gowy şahyryň goşgularyny okamadyk bolsaň, men saňa onuň «Saýlanan ýygyndysyny» ibererin.
Sowet adamy tüýs erkin adamdyr. Ýöne biz, kommunistler, erkinlige diňe halkyň bähbitleri üçin edilýän işler hökmünde düşünýändigimizi hiç haçan gizlämzok. Urşy, zor salmany, azgynlygy wagyz etmek bizde kanun tarapyndan ýazgarylýar, bu babatda hiç hili şahs azatlygy ýok we bolubam bilmez. Eger her kim göwnüne gelenini edip ýörmeli bolsa, onda jemgyýet dälihana öwrülerdi we köçä çykmak adam üçin örän howply bolardy. Sowet adamynyň erkinliginiň esasy jemgyýetçilik we şahsy bähbitleriň sazlaşygydyr.
Jemgyýet student bolan seniň gowy okamagyň, gowy spesialist bolup ýetişmegiň bilen gyzyklanýar. Bu zähmetkeş halkyň bähbitleri üçindir. Diýmek, sen mümkin boldugyça gowy okamak üçin ýüzlerçe ýoly saýlap almaga erkinsiň. Ýöne bihepbelik edip, okuwdan gaça durmagyň ýekeje ýolyny saýlap almaga-da sen erkli dälsiň.
Pynhan, ahlak-estetiki gatnaşyklarda «absolýut azatlyk» diýilýän-buržuaz ideýasynyň nämä alypbarýanlygy gowy mälimdir. Bu sferadaky «absolýut azatlygyň» miweleri –munuň özi çagalaryň hasratydyr, göz ýaşydyr, eneleriň betbagtçylygydyr, harap edilen çagalykdyr, harap bolan çaga göwnünde ýagşylyga ynanylmazlykdyr. Men beýle çagalary bilýärin... Olaryň, görnüşi ýaly, «absolýut azatlyk» ideýa- syny wagyz edýän kakalaryna berk çäre görülse, kem bolmazdy. Nebsimiz agyrsa-da, bizde entek moral normalar hemişe kanuna gabat gelip duranok...
Esasy zat adamyň öz erkidir, öz-özüni çäklendir- mesidir. Bolýar, bolanok we gerek diýen üç zady inçelik bilen duýmak gerek. Bu zatlary duýýan adamda graždaniniň möhüm aýratynlygy–borç duýgusy bardyr. Borç – munuň özi işdäki erkinlikdir, adam etmişleriniň asylly ideýa bilen ruhlandyrylmasydyr: «Men muny nämäniň hatyrasy üçin edýän, men nämäniň hatyrasy üçin şeýdýän» diýilmesidir. Biziň jemgyýetimiz dünýädäki iň adalatly jemgyýetdir, şonuň üçinem borjy ýerine ýetirmek adamyň elini-aýagyny baglap, onuň erk azatlygyny çäklendirenok, gaýtam oňa hakyky azatlyk berýär.
«Azatlyk başlamak mümkinçiliginde däl-de, gutarmak ukybyndadyr» diýip, Feýerbah ýazypdy. Bu paýhasly pikirde azatlyk bilen borjuň bitewiliginiň nepis duýgusy bar. Men Darwiniň «Borç we wyždan– bu ahlak duýgulary adamy haýwandan tapawutlandyrýan iň möhüm sypatlardyr» diýen sözlerini ýaglaýaryn. Eziz perzendim, sen özüňde adamkärçilikli sypatlary ösdür. «Özüňe nähili akyl ýetirmeli? Keseden synlamak ýoly bilen däl-de, diňe işlemek ýoly bilen akyl ýetirmeli. Öz borjuňy ýerine ýetirmäge synanyş, şonda sen özüňde nämäniň bardygyny görersiň» diýip, Gýotäniň beren akylyna eýer.
Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun, Seni bagryma basyp, ogşaýaryn.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: