00:19
Ogluma ýazan hatlarym / 14-nji hat
14. Salam, eziz perzendim!

Men seniň hatyňda aljyraňňylyk duýjak bolýaryn. Kursdaş gyzyň aýdany seniň üçin düýpden garaşylmadyk zat bolan bolarly. Onuň hem edil instituty tamamlap, monastyra giden gyz ýaly, dine ynanýanlygy seni diýseň haýran galdyrypdyr. Meniň üçin bu ýerde geň-taň görüp oturasy iş ýok. Diýmek, terbiýäniň kemçilikleri çuňňur kök urupdyr... Men seniň kursdaş gyzyň aýdanlary barada köp gezek oýlandym: «Adam- da ölmez-ýitmez janyň ýokdugyny, onuň hem edil beýleki janly-jandarlar ýaly müdimilik ölýändigini ylym örän gowy düşündirdi. Ýöne muny düşündirmek bilen, ylym ynsan kalbyny boşadyp taşlady. Din ynanýan adama göwünlik berdi, ylym bolsa şol köşeşdirmäni elden alyp, ýerine hiç zat bermedi».
Örän degerli sözler. «Nauka i religiýa» žurnalynda makalam çykanyndan soň, alan bir hatym ýadyma düşýär. Ol hat on alty ýaşly gyzdan, pedagogik uçilişäniň okuwçysyndan gelipdir. Ynha, ol hem meniň alnymda ýatyr, gyz şeýle ýazýar:
«Men enteg-ä dine ynanamok, ýöne basym dindar bolarmykam diýýärin. Onsoňam, meni dindar edýän zat adaty suratlandyrylýan köre-kör adamlar ýa-da dindar ata-ene däl-de, kalbymda gopýan harasatlardyr, men olaryň nämedigini bilip biljek däl. Ylmy-tebigy sapaklardan okalýan leksiýalarda birsyhly adamam, edil sygyr ýa-da ýaby ýaly ölýändir. Sygyr bilen ýabynyň ölmez-ýitmez janynyň bolmaýşy ýaly, ol adamda- da ýokdur. Adam topraga garylyp çüýreýär, şondan soň onuň takdyry hem itdir pişigiň takdyry ýaly bolýar. Ölmez-ýitmez jan baradaky toslamalar adamy kemsidýän dini ertekilerdir. Ölmez-ýitmezlik barada oýlanjak bolup milt hem etmäň, beýtseňiz, öz nadanlygyňyzy görkezersiňiz diýip, köre hasa bolup duran zatlary hetjikleýärler.
Elbetde, bu hemişe şeýle görnüşde, şeýle forma- da düşündirilip durlanok, ýöne men bularyň baryny hut şeýle ýagdaýda kabul edýärin. Onsoňam muňa juda gyýylýaryn. Bu hakykatlaryň çyplaňlygy meni aňk edýär. Eýsem, iň bolmanynda ölmez-ýitmez jana çalymdaş ynsanyýetçilikli hiç zat ýokmuşmy? Özüňi haýwana deňäsiň gelenok. Ynanaýyň, professoryň biohimiki babatda adamyň hem edil beýleki janly-jandar ýaly bir zatdygyny rehimsiz obýektiwlilik bilen subut eden leksiýasyndan soň, meniň gözüme uky gelmedi. Uzynly gije ýatmadym. Özüňde çuňňur ruhy, tüýs adamkärçilikli bir zat bolaýsa diýýärsiň. Her näme-de bolsa, adamda ölmez-ýitmezlige çalymdaş bir zadyň bolmagyny isleýärsiň... Men dini dünýä tesip ugraýaryn. Eşider bolsaňyz, onda rehimsiz materializmden gaçybatalga gözleýärin. Materializm meniň üçin birehim, kör güýç ýaly bolup görünýär. Men mundan beýläk näme etmeli? Meniň üçin teselli bolar ýaly bir zat tapyň: ýaşaýşyň şatlygy nemede, ajal barada, topraga garylyp, aňymyň öçmegi bilen, meniň üçin dünýäniň, günüň, ýyldyzlaryň hem öçjekdigi baradaky birsyhly ýürege düşgünç pikirden men nädip saplanmaly? Salgy beriň, näme etmeli».
Bu örän akylly, gurşap alan dünýä inçelik bilen düşünýän gyzyň hatydyr. Ol öz familiýasynyň tutulmazlygyny haýyş edýär. Onuň haty seniň kursdaş gyzyň pikirlerini sözme-söz diýen ýaly gaýtalaýar. Birentek lektoryň, mugallymyň, ýazyjynyň güýçli wagyz edýän we adamlary hudaýa ynanmakdan halas etmegiň deregine diniň gujagyna oklaýan çalasowat ateizminiň ýöntemligi, doly medeniýetsizligi juda haýran galdyrýar. Bu sowatsyz ateizmiň iň bir nalajedeýin tarapy onuň hudaýyň ýokdugyna göterýän baş bahanasynyň, esasy subutnamasynyň, adamda hiç hili ölmez-ýitmez оan ýok, ol hem edil beýleki jandarlar ýaly atsyz-sorsuz ýitip gider diýen tezisdigidir. Adamy mundan beter kemsidýän başga zady tapmak kyndyr.
Hawa, 16 ýaşly okuwçynyň hatyna jogap bermek maňa kyn, örän kyn düşdi. Seniň hatyňa jogap bermek hem onda-da baryp kursdaş gyzyňa aýdar ýaly edip (ýa-da bu haty oňa okap berer ýaly edip) jogap bermek kyn. Adamyň durmuşyndaky iň ýigrenji zat ölümdir. Ölüme ýigrenç döretmek adamyň ruhy durmuşynyň içinden geçýän eriş-argaçdyr. Hut şonuň üçinem öleňden soň direltmegi wada edýän dinler millionlarça adamyň arasynda şeýle güýçli meşhurdyrlar. «Ölümden eýmenmek adamy ynam zyndanyna itekleýär» diýip, Gorkiý ýazypdy. Emma materializm, ylym hudaý, uçmah, dowzah hakdaky ertekileri ýalana çykardy. Olaryň biderek zatlardygyny görkezdi. Ajalyň ýigrenjiligine garşy adamyň özi göreşmelidir.
Bu göreşiň manysy nämede? Ynsan ömrüniň günleriniň, hepdeleriniň, aýlarynyň we ýyllarynyň nämedir bir zat bilen gümra bolup geçip durandygyndadyr. Musa Jelil «Işlerim müň ýyllyk dub ýaly bolup galsyn diýip, çuň hem aýdyň yz goýsam» diýip, höwes edipdi. Ynsan şahsynyň egsilmezligine men berk ynanýaryn, her kim ýakymly yz galdyrýan döredijä öwrülip biler. Hakykatynda biz kommunizmi hem şonuň üçin gurýarys. Göze ilmeýän adam, atsyz-sorsuz adam bolmaly däldir. Her kim asmandaky milliard-milliardlarça ýyldyzlaryň ýylpyldaýyşlary ýaly ýylpyldamalydyr. Gaýtalanmaýan şahs bolmak gerek–bu bolsa, esasan, şahsyň özüne baglydyr. Göze görünmeýän, aralyk bir zat bolmazlyk ugrunda çalyşmak gerek.
Döredijilik – ajalyň ýigrenji salgymyny ýeňmäge alyp barýan ýol ine, şudur. Döredijilik hyjuwy adamyň soňky demine çenli diýen ýaly dowam edýär, bu bolsa onuň ägirt uly bagtydyr, Alekseý Tolstoý, Sergeý Prokofew dagy ömürleriniň soňky minutlaryna çenli işläpdiler. Ylym diniň adama aldap berýän zadynyň deregine hiç zat berip bilenok. Ylym adama dogrusyny aýdýar. Eger din öleniňden soň direlmäge umyt berýän bolsa, dini dünýägaraýyş boýunça muny çokunmak, parz saklamak, takdyra ten bermek arkaly gazanyp bolýan bolsa, onda ylym: «Ýok. Öz ölmez-ýitmezligini adamyň özi döredýändir» diýýär.
Adamda jan ýok diýip, kim aýdypdyr? Adamyň jany bar, özem ol jan diniň mazamlaýan janyndan uçursyz baýdyr. Adamyň jany – munuň özi onuň kuwwatly ruhudyr, onuň oý-pikiridir, tebigatyň güýçlerine akyl ýetirmekdäki we olary özüne tabyn etmekdäki batyrgaý hyjuwydyr. Ynha şu jany adam ölmez-ýitmez edip biler. Döredijiligiň bir ugry bolup, adam onda özüne hakyky ölmez-ýitmezligi gazanyp bilýär. Ol bolsa Adamy döretmek döredijiligidir. Ata-ene täze adamy – oguldyr gyzy döredýärler. Munuň özi iň belent, ölmez-ýitmez döredijilikdir. Bu ýerde ölmez-ýitmezlige alyp barýan ýol adamyň öz çagalarynda özüni gaýtalamalydygyndadyr, ýokary derejede gaýtalamalydygyndadyr – ol özünden has gowy adamy terbiýeläp ýetişmelidir. Häzir sen näme okaýarsyň? Ylmy edebiýatdan we çeper edebiýatdan näme okaýarsyň? «Ukrain sungatynyň taryhynyň» 1-nji tomy çykmadymyka, habar tutup durawer. Satlyga çykdygy 2 sanysyny alyp iber (biri mekdep kitaphanasy üçin gerek).
Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 30 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: