00:01
Ogluma ýazan hatlarym / 12-nji hat
12. Salam, eziz perzendim!

Ýürekden syzdyryp ýazan, ýöne birneme bulam-bujarrak hatyň üçin sag bol. Men onuň ýürekden syzdyrylyp ýazylanyna we bulam-bujarraklygyna şatdyryn. Ähtimal, başgaça bolubam bilmez: seň özüňi tolgundyrýan zatlaryň baryny aýdasyň gelýär.
Şeýlelikde, öz-özüňi terbiýelemekde sen öz-özüňi düzgüne mündürmegi iň möhüm zat hasap edýärsiň: özüňi işlemäge, maksat goýup, oňa ýetmäge mejbur et... diýýärsiň. Öz-özüňi terbiýelemekde erk meselese, elbetde, esasy mesele. Ýöne meniň göwnüme gelşine görä, erk – öz-özüňi terbiýelemegiň netijesidir, Onuň manysy bolsa çuňňurdyr.
Öz-özüňi terbiýelemek öz-özüňe akyl ýetirmekden başlanýar. Ýaş ýigidiň durmuşyndaky iň çylşyrymly, iň kyn zat özüňi keseden synlamakdyr, ideal, gahrymançylykly zada laýyklykda görmekdir. Saňa ynsan gözelliginiň çür başyna ýeten adamlar barada köpräk okamagy maslahat berýärin. Biziň günlerimizde-de durmuşy Dankonyň edermenligine meňzeş adamlar bar. Stalingrad ugrundaky söweşde faşist tankyny otlan, şonda özi hem ot içinde wepat bolan ýigrimi ýaşly dnepropetrowşinaly komsomol Mihail Panikako hakyndaky kiçijik kitapçany okap gör, şonda sen töweregiňdäki dünýäni we öz-özüňi graždanin gözi bilen görersiň. Ol ýetip gelýän faşist tankyna ýandyryjy suwuklykly çüýşäni zyňjak bolup durka ok çüýşäni çym-pytrak edýär, ýigidiň egin-eşigine ot düşýär, ýigit edil ýanyp duran fakel ýaly, tanka tarap okdurylyp, ony ýanyp duran teni bilen otlaýar. Bu edermenlige aňk bolan faşist soldatlary hatda ok atmalaryny hem bes edýärler. Mihail Panikako Wolga galasynyň Dankosy diýip at berýerler. Dünýäde bu edermenlige meňzeş näme bar, ony näme bilen deňeşdirip bolar? Spartagyň esgerleriniň, Fermapiliň gahrymanlarynyň edermenlikleri onuň ýanynda juda ejiz gelýär. Eger-de sen Watanyň hatyrasy üçin öz-özüňi gurban etmegiň bu janly fakelini görseň, ony bolsa görmezlik mümkin däl, ol seniň kalbyňdaky ähli zatlara nur saçar, kalbyňdaky iň arzyly uçgunlary görmäge saňa kömek eder. Şol pursatda seniň ahlak taýdan owadan bolasyň, Watan üçin bir gowy zat edesiň, beýik, belent zatlara galtaşykly bolasyň geler.
Şeýle pursatlary köpräk döret – munuň özi örän wajyp zatdyr. Özüňde şol pursatlaryň ýokary ahlak güýjüni aýap sakla. Belent hem gahrymançylykly zatlaryň saýasynda sen ahyr soňunda öz-özüňe: «Men kim? Dünýäde men nämäniň hatyrasyna ýaşaýaryn? Men edermenlik görkezmäge ukyplymykam?» diýen sowallary berersiň.
Sibir kombaýnçysy Prokofiý Nektow hakynda ýazylan kiçijik kitapçany okap çyk. Ol uruşda iki aýagyny hem ýitiripdir. Uruşdan öň kolhozda kombaýnçy bolup işläpdir. Gospitaldan gaýdyp geleninden soň, ýüregi karar tapmandyr. Maşgalada özüni aýakbagy hasap edipdir. Onýança B. Polewoýyň «Hakyky adam hakda powesti» oňa ýaşamany öwredipdir. Ol agaç aýaklary bilen ýöremäni öwrenmäge, soň bolsa kombaýnyň şturwalynyň başyna geçmäge. özünde erk-ygtyýar we mertlik tapypdyr. Birkemsiz işi üçin hökümet oňa Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent at dakdy.
Odessanyň oba hojalyk, tejribe stansiýasynda Iwan Lukiç Moldawskiý işleýär. Ol frontda agyr ýaralanypdyr wraçlar onuň iki elini-de kesmeli bolupdyrlar. Onuň sag aýagy juda şikesli bolansoň epilmändir. Ynha, bu adam häzir oba hojalyk institutyny gutaryp, agronom bolup işläp ýör.
Men Prokofiý Nektow ýaly on sekiz adamy bilýän, Harkow oblastynyň Petropawlowka obasynda (bu biziň golaýjygymyzda) traktorçy Grigoriý Nikiforowiç Zmiýenko ýaşaýar. Uruşdan birnäçe ýyl geçeninden soň, onuň traktory minanyň üstünden baryp partlapdyr. Grigoriý aýaklaryndan jyda düşüpdir. Ol edil Prokofiý Nektow ýaly, hatara gaýdyp barmaga özünde erk-ygtyýar tapypdyr. Eger bu täsin adamlaryň hemmesiniň durmuşyny doly beýan etseň, ýaşlar üçin mertligiň hrestomatiýasy, durmuşyň okuw kitaby bolardy. Ol ýaş juwanlar üçin öz-özüňi terbiýelemegiň iň güýçli, iň täsirli goldanmasy bolardy: Häzir bolsa beýle kitap ýok, şonuň üçin hakyky adamlaryň ömürlerine bagyşlanan ýukajyk kitaplary okaber.
Ýadyňda bolsa, men tomus saňa sowet esgeri Alekseý Betýugyň edermenligi hakynda gürrüň bermegi wada edipdim. Söweş tabşyrygyny ýerine ýetirip ýörkä ol faşistleriň eline düşüpdir. Ony ofiseriň ýanyna alyp barypdyrlar. Alekseý berlen ähli soraga: «ýok», «bilemok» diýip jogap beripdir. Şonda gitlerçileriň biri Alekseýiň çep gulagyny kesip goýberipdir. Betýuk tisginip gidipdir, emma bir agyzam gürlemändir. Jellatlar onuň ikinji gulagyny hem kesipdirler. Faşistleriň öldürmän alyp galmak baradaky wadalary hem, atarys diýip gorkuzmalary hem merdana sowet esgerini sarsdyrmandyr. Faşistler ony gynamagyň tärini gözläpdirler. Onuň agzyny açyp, dilini çykarypdyrlar we ony stola çüýlapdirler. Jellatla ryň biri gamasyny ýuwaşlyk bilen onuň diliniň üstünden ýöredipdir. Hiç hili maglumat alyp bilmänlerinden soň, wagşylar Betýugyň dilini kesipdirler. Giç agşam bolsa gitlerçiler Betýugy derýa tarap alyp çykyp, oňa ylgamagy buýrupdyrlar we yzyndan ot açypdyrlar. Alekseý suwa ýykylypdyr, bu-da ony halas edipdir. Elhenç agyra döz gelmek bilen, ol öň hatara çykypdyr, biziň urşujylarymyz ony göterip, gospitala eltipdirler...
Men Alekseý Betýugy gospitalda gördüm. Biz onuň bilen ýanaşyk diýen ýaly ýatdyk. Ynha, saňa adamyň ahlak owadanlygynyň çür depesine çykyşynyň ýene bir aýdyň mysaly, sowet esgerleriniň onlarçasy şunuň ýaly edermenlikler görkezdi, emma gynansak-da, olar barada ýazylan kitap ýok. Beýle kitabyň irde-giçde boljakdygyna meniň gözüm ýetik. Ol öz ruhuny terbiýelemegiň çalşyryp bolmajak gollanmasyna öwrüler. Oglum, Alekseý Betýugyň görkezen edermenligi barada ykjam oýlan. Bu gahrymançylykly edermenligiň yşygyna öz kalbyňa göz aýla. Şeýle edermenlige her bir sowet ýigidi taýyn bolmalydyr. Sen soldat, Watany goraýjy bolarsyň, her bir minutda Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda söweşmäge taýyn bolmalydygyňy bilip goý. Eger uruş ody tutaşsa, onda her bir sowet esgerinden talap edilişi ýaly, sendenem ägirt uly durnuklylyk, ruhubelentlik, mertlik, gaýduwsyzlyk talap ediler. Öz durmuşymyzda hiç zat bilen deňeşdirip, hiç zada meňzedip bolmajak zatlaryň bardygyny sen bilip goý. Ol bolsa Watandyr, mähriban halkymyzdyr, söýgüli ýurdumyzdyr. Biziň haýsy birimiz bolmasak-da, Watan oňar, ýöne Watansyz welin, biziň her haýsymyz hiç zatdyrys. Öz- özüňi terbiýelemek – munuň özi, ilki bilen, özüňi merdana watançy edip terbiýelemekdir.
Ynha, indi bolsa ýaş ýigitleriň eden aýylganç jenaýatlary barada ýazan hatyňa dolanyp gelmek gerek. Olaryň kalbynyň boş we göz-gülbanlygynyň, nadan hem çäkliliginiň ilkinji sebäbi onda adamkärçiligiň iň möhüm tarapy – Watana söýgi ýok. Ol duýgy bolsa iň päkize we iň inçe, iň belent we iň güýçli, iň näzik we iň rehimsiz, iň mylaýym we iň gazaply duýgudyr. Watanyny tüýs ýürekden söýýän adam ähli babatlarda hakyky adamdyr.
Oglum, özüňde şu mukaddes duýgyny terbiýelegin, Biziň Watanymyz üstünden müňlerçe ýyl geçen kuwwatly daragtdyr. Şeýle bolsa, goý, biziň her haýsymyz bu, daragtyň gury, miwesiz şahasy bolman, miwe getirýän janly şahasy bolsun. Biziň Watanymyzyň hiç haçan duşmana boýun egmändigini ýatda sakla. Watanymyzyň hakyky watançysyny faşistleriň edişi ýaly, öldürip, ýakyp, diriligine ýere gömüp bolsa-da, dyza çökerip bolmajakdygyny sen bilip goý.
Hakyky adam boljak bolup jan et. Goý, öz-özüňi kemsitmek seniň kalbyň üçin ýat bolsun. Goý, ajaýyp adamlar, üýtgeşik adamlar, men bolsam kiçijik, ýönekeý adam diýen pikirler seniň aňyň üçin ýat bolsun... Sowet adamy ykbalyň uçsuz-gyraksyz tupanynyň içinde tozjagaz däldir. Ideal zada, ahlak owadanlygynyň iň belent gerşine dyza...
Özüňdäki adamkärçiligi taraşla, ýylmaşdyr. Ilki bilen, ýamanlyga, ýalan söze, kezzaplyga, adam mertebesini kemsitmäge bolan eserdeňligiňi nepislige çenli dowam etdir. Bu ýerde dine bir syzmak däl, eýsem, ilki bilen, duýmak möhüm. Ynha, biri seniň gözüň alnynda başga biriniň göwnüne degýär. Eger sen göräýmäge ujypsyzja bolan bu waka göz ýumsaň, soň sen ähli zada göz ýumarsyň. Kalbyň eserdeňligini, duýgynyň inçeligini, birsyhly kämilleşdirip durmaly. Goý, huliganyň azar berýän gyzyna kömek etmeli diýen pikir seniň aňyňda «pos baglamasyn», seniň kalbyň ýamanlyga gahar-gazap bildirsin, duýgularyň seni ýagşylygyň hatyrasyna hereket etmäge mejbur etsin.
Adamkärçiligi taraşlaýan zat gözellikdir. «Elinde bägül bar adam ýamanlyga meýil etmez» – Wl. Solouhiniň bu goşgusyny men ýygy-ýygydan ýatlaýaryn. Men bägüllere, gözellik hökmünde giň manyda düşünýärin. Jeýms Oldriž bir gezek: bihaýa halyňa Dikkensi söýüp bolmaz diýip aýdypdy. Bu bir ýere sygyşjak zat däl. Eger adam çagalygyndan başlap gözellik, ilkinji nobatda hem gowy kitaplar arkaly terbiýelense, eger onda hesret çekmeklege bolan ukyp, owadanlyga täsin galmak duýgusy ösýän bolsa, onuň rehimsiz, bihaýa, azgyn adam bolup ýetişjegi gümanadyr. Gözellik, ilki bilen-de çeperçilik gymmatlyklary, häsiýetiň nepisligini terbiýeleýär, häsiýet nepis boldugyça-da, adam dünýä hadysalaryny ýiti kabul edýär, şonça-da onuň dünýä berýän zady köp bolýar. Men özünde dini dünýägaraýşy we dini moraly ýeňip geçmegi başaran ýaş zenanyň mekdepde we wuzda okamagynyň maksadyny bilimleri ýat bekläp, zaçýotda ýa ekzamende sowallara jogap beribem olardan halas bolmakda görendigi baradaky gürrüňini ýatdan çykaryp bilemok. Okamaklyga bolan şeýle garaýyş her bir predmet üçin howpludyr. Edebiýat üçin, çeper gymmatlyklar üçin bolsa ol ölüme barabardyr. Mekdepde edebiýat zaçýot ýa ekzamen tabşyrmak üçin öwrenilmeýär. Ol gözellik bilen gündelik salşylýan iş ýaly, her bir adamyň ruhy dünýäsine ömürlik girmelidir. Ol obrazly aýdanyňda, diňe ganatlary gözelligiň maýyşgak howasynda pelpelleýän halatynda durmuş kitabyna öwrülip biler. Gözellik bolmasa, estetiki duýgular bolmasa, ol guş ýere gütläp gaçýar.
Meni howsala salýan zat: sen durmuşyňda gözellik bilen gündelik iş salyşýanmysyň? Men siziň umumy ýaşaýyş jaýyňyzda çeper edebiýaty görmedim diýen ýaly. Seniň tekjäňde Olga Berggolsyň «Gündizki ýyldyzlar» kitaby bilen G. Týutýunnigiň «Wir» diýen kitaby dur ekeni. Gowy kitaplar, men olary görüp begendim, okalan wagt biderek geçmez. Sebäbi adam bütin ömrüne iki müňden köp kitap okap bilmez... Kitaplar bolsa okean ýaly, çäksiz, onsoň bu okeanyň içinde duş gelýän gowy kitaplar biri-birinden üzňe oturan adajyklar ýaly, olaryň her birine baryp görjek bol... Bu okeanda azaşyp, gyrmançanyň üstünden barmak kyn däl... Pes hilli kitaplardan, dürli-dürli başdan geçirme we «içalyly» makulaturadan otdan hem beter gorkgun. F. Bekonyň aýdan gowy sözleri bar: «Kitap bar diňe dadyp görmeli, kitap bar gowusy diriligine ýuwutmaly, çeýnäniňe we siňdireniňe degýän kitap bolsa az sanlydyr».
Diňe bir gezek däl, gaýtalap-gaýtalap oka. Adamyň ömründe birnäçe gezek okamaly kitaplar bar, onsoň, olary her gezek okanyňda gözelligiň we ynsan kalbynyň täze-täze gyraňlary onuň öňünde açylyp görünýär. Men L. N. Tolstoýyň «Direlişini», F. Dostoýewskiniň «Tentegini», «Jenaýat we jezasyny», Dantäniň «Dini komediýasyny», Şekspiriň «Gamletini» telim ýola okap çykdym. Bu eserleri 16 ýaşyňda okamak bir zat, 20 ýaşda okamak ýene bir zat, 30 ýaşda bolsa sen bu eserleri has düýpli kabul edýärsiň... Sen muňa öz tejribäňde göz ýetirersiň: gowy görýän kitaplaryň sany ýylsanyn azalar, ýöne muňa derek, galan kitaplar, hakykatdan-da, gowy göreniňe degýän kitaplar bolar. Ynha, şonuň üçin men mekdepde okan kitaplaryňy täzeden okap başlamagyňy saňa maslahat berýärin. Munuň özi duýgulary ýitiletmek üçin ajaýyp sazyň gaýtalanyp diňlenilişi ýaly zerurdyr. Sebäbi biz «Guw kölüni» onlarça gezek diňleýäris ahyryn, bu ajaýyp saz hiç haçan biziň ýüregimize düşenok ahyry. Edebiýatyň ölmez-ýitmez eserlerini gaýtalap okamak –  munuň özi ilki bilen, adamyň öz-özüne akyl ýetirmegidir. Çehowyň «Sährasyny», onuň täsin nowellalaryny bäş gezek, alty, ýedi gezek okaýarsyň welin, häzirkiňden has gowulanasyň gelýär. Gorkiniň, Korolenkonyň, Şolohowyň, Prişwiniň, Paustowskiniň eserlerine näme diýjek – men çeper sözüň bu ussatlarynyň eserlerinden nämedir bir zat okamasam, ýekeje aý hem oňup bilemok. Häzirki zaman ýazyjylarynyň eserlerini oka. Simonow, Solouhin, Twardowskiý, Berggols, Şipaçew, Selwinskiý, Kalinin, Nilin, Tendrýakow, Martynow, Stelmah, Gonçar ýaly romançydyr şahyrlaryň galamynyň aşagyndan çykan ähli zatlary okamagy saňa maslahat berýärin. Eger sen halan kitabyňy ikinji gezek okasyň gelmeýän bolsa, onda sende entek gözellik duýgusy oýanmandyr.
Kitaplaryň ynsanyň set müň ýyllyk paýhasydygyny ýadyňda sakla... «Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz edil täze dost tutunanymyzdaky ýaly duýgyny başdan geçirýäris. Öň okalan kitaby täzeden okamak bolsa, köne dostuňa täzeden sataşan ýaly bolmakdyr» diýip, Wolter ýazypdy. Goý, seniň köne, mährem dostlaryň köp bolsun. Kitap okamak mehaniki proses däldir. Munuň özi döredijilikdir. Bu ussatlygy – okamak bilen özüňi terbiýelemek, okamak bilen pikir etmek, okamak bilen seljermek endigini ele al.
Hatymyň juda uzyn bolanlygyny bagyşla. Ýöne öz-özüňi terbiýelemek problemasy-da egsilmez zat-da.
Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: