16:14
Syýasy ýumor
SYÝASY ÝUMOR

Ýumor taryhymyz - "senzuramyzyñ" hem taryhydyr...
Nasreddin Ependiniñ we Garagözüñ şägirtleriniñ iññän kökli ýumor taryhy bar...
"Diyojen", "Hayal", "Çaylak, "Diken"… uzyn arakesmeler bilen çykanam bolsa, ownukly-irili onlarça satiriki žurnallar Soltan Abdylhamyt II-niñ senzurasyna garşy dik durmagy başardy.
"Akbaba" ýaly uzak wagtlap çykan žurnalymyz barmy?
Eziz Nesin dagylaryñ "Marko paşasy" häzirem dillere dessan…
Ýetmişinji ýyllarda çap bolmaga başlan we tiražy dünýä derejesine çeken "Gırgır" žurnaly we onuñ sahabynda berilýän suratkeş Özalyñ karikaturalaryny ýatdan çykaryp bolarmy?
Aramyzda "Gırgır" žurnalynyñ redaksiýasyndan kemala gelen "Leman", "Penguen", "Uykusuz" ýaly satiriki žurnallary okamaýanam-halamaýanam bolsa, her hepdede çykýan sanynyñ sahabyna seredip, içinden "daş edipdiraý!" diýip hümürdemedik barmy?
Biziñ deñ-duşlarymyz Haldun Taneriñ "Devekuşu Kabare"-sini tä ölýänçäler undup bilerlermi?
Zeki-Metin dagylaryñ "Erbakan-Demirel-Ejewit" öýkünmeleri 1980-nji ýyldan soñky Türkiýesiniñ iñ köp satylýan wideokassetalarynyñ başyny çekýärdi.
Ýa-da Ryfat Ylgazyñ klassyky eseri "Hababam synpyna" tomaşa etmedigiñiz barmy?
"Onça-munça bolar" ("Olacak O Kadar") gepleşiginde Lewent Kyrjanyñ atýan syýasy heneklerini undup bolarmy?
"Gezi" arkaly gördük welin, halkyñ arasynda juda baý we ýiti ýumor bar eken...
Emma... indi syýasy ýumor teleýaýlymlarda we kinoteatrlarda ýok...
Kasympaşaly (ýagny, Erdogan -t.b.) adamlaryñ ýüregine gorky salybilipdir…

ABŞ-dan tapawudymyz

Bugünki gün…
Biri-birlerinden zehinli we giñden tanalýan ýumorçy ýazyjylarymyz, döredijilik-sungat işgärlerimiz bar...
"Avrupa Yakası-Yalan Dünya", "Güldür Güldür Show", "Leyla ile Mecnun", "Çok Güzel Hareketler Bunlar", "Kardeş Payı" we başgalar…
Birnäçe teleserialda millionlarça tomaşaçynyñ gahrymanyna öwrülen ussatlyga ýeten ezber artistlerimizdir ýazyjylarymyz bar…
Emma olaryñ hiç birisiniñem "syýasy ýumora" bogny ysanok! Meýdan "Rejep Iwedige" goýlan ýagdaýda…
Jem Ýylmazyñ zehinine kim dil ýetirip biler?
Ata Demirer neneñ göze ýakymly?
Emma... hiç kim ýumory bilen "syýasata" ýanaşyp bilenok…
Munuñ tersine... amerikan teleýaýlymlary her gün agşam syýasy henekleri atýan dünýä derejesindäki ýyldyzlardan doly...
Yrak urşunda ýurduñ prezidenti Jorj Buşa ekrandan "gan sorujy" diýip bilen Jon Stýuart... Onuñ her gepleşigi iñ uly tiražly gazetleriñem dilinden düşenok…
Konan O'Braýen häzir dünýäniñ parlak ýyldyzy… Ynha, ol amatly pursaty sypdyrman Kuba gitdi we Kubanyñ köçelerinde görkezen şahandaz çykyşlary bilen dünýäni ýylgyrtdy…
Jaý Leno, Dawid Letterman… Her ýaşyñ, her nesliñ wäşileri her gün agşam amerikan teleýaýlymlarynda syýasy henekler atýar.…
Neneñ-niçik boldu-da, biz beýle gorkak bolduk? Baryp alty asyr mundan owal Teýmirleñiñ zalymlygyna garşy giden Nasreddin Ependiniñ Anadolynyñ baý pelsepesini, akyl çuñlugyny ýañzydýan ýüzlerçe ýomaklary biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir... Nasreddin Ependiniñ Teýmirleñi ýañsylamaga gaýraty çatypdyr, ýöne bu gün Ependiniñ şägirtleri ekranlarda-kinoteatrlarda täze hökümdarlara, diktatorlara garşy kelam agyz söz aýdyp bilenoklar!
Soltan Abdylhamyt II-niñ berk gysaçly senzura döwürleri-de şu ýurtda hiç wagt häzirkisi ýaly syýasy ýumoryñ agzy ýumdurylmandy… Ýogsam bolmasa... ýumor jemgyýetleriñ halas ediji güýjüdir. Ýumor - möhüm zatdyr. Çynlakaý söz aýtmagyñ ýoludyr.
Ýumoryñ dymmagy - bir halkyñ eliniñ-aýagynyñ baglanmagy diýmekdir.
Hawa... Giñ halk köpçüliginiñ söýgüsini gazanan şowly komediýa filmlerimiz bar.
Hawa... Ukyply režissýorlarymyz we aktýorlarymyz bar.
Emma... olar gazanan üstünliklerine garamazdan, öz ýumorlaryny syýsatdan daşrakda saklamaga jan edýändiklerine şaýat bolýarys.
Häzirki günlerde daş-töweregine göz aýlamaga, wakalaryñ düýbüne dogry düşünmäge synanyşýan nesilleriñ syýasy "zübükleri" ýañsylap bolýandygyny görüp bilenok...
Gynansak-da... teleýaýlymlarymyzda we kinomatografiýamyzda "syýasatsyz ýumoryñ" saýasynda ümsümlik höküm sürýär…

"Gezi" nesli

"Ofly hojany gözlemek" ("Oflu Hocayı Aramak")...
Ýaş režissýor Lewent Soýarslanyñ düşüren kinofilmi…
Kinofilm "Antalýa kinofestiwalynda" iki aýry ugur boýunça "Altyn apelsin" baýragyna mynasyp boldy.
Bu diýseñ buýsandyryjy we berekallasy ýetirilmäge mynasyp täzelik, çünki Lewent Soýarslan "syýasy ýumory" janlandyrýar…
"Ofly hojany gözlemek" 20-nji martda görkezilip başlanar.
Lewent Soýarslan hut "Gezide" (türk syýasy taryhyny sarsdyran iñ soñky demonstrasiýa -t.b.) bilnen çuñ akyl-paýhasdan doly syýasy ýumoryñ kinofilmini döretdi!
Emma... ýaş režissýoryñ başy gowgaly... Türkiýede syýasy ýumor metbugatyñ ýüregine uly gorky salýar. Şoñ üçin syýasy ýumor barada agzalmazlyga çalşylýar…
Munam az görýän ýaly käbir kinoteatrlar kinofilmi görkezmek islänok!
Hut... "Benewşeden öñ (“Menekşeden Önce”) dokumental filminde biziñ başymyza inenler şindi "Ofly hojany gözlemek" kinofilmine garşy gurnalýar.
Ýetmiş nusgasy bolan kinofilm özüne zordan ýigrimi bäş sany kinoteatrdan ýer alyp bildi. Hemişeki ketdeler ýene hemişeki senzurasyny herekete girizýär.
Serediñ... bular ýaly kinofilmleriñ ýaýramagy we dowamynyñ surata düşürilmegi, kinoteatrlarda uzak wagtlap galmagy size bagly. Ýykyñ, ýok ediñ bu gorkyny!
Aslynda... Lewent Soýarslan meşhur kinomatografiýa işgäriniñ ogly. Onuñ kakasy "Özen Fil­m" kinostudiýasynyñ hojaýyny Mehmet Soýarslan. Onuñ añyrsy-da şeýle: Osman Sirman, Mehmet Rauf beý…
"Yeşilçam" kinostudiýasynyñ iñ kökli şahasy "Özen Film" 1941-nji ýylda açylýar...
Özüñize mälim, soñky ýyllarda "Özen Film" "Rejep Iwedik" kinofilmleri bilen meşhur! Lewent Soýarslan habar beriş serişdelerine beren interwýusynda "Rejep Iwedigiñ" hiliniñ pesdiginden utanýandygyny aýtdy…
Hawa... Lewent Soýarslan eger islese, "Rejep Iwedik" ýaly kinofilmleri surata düşürup millionlarça dollar gazanybam bilerdi.
Ýöne görüp dursuñyz... içimizden käbiri dymanok-dymdyryp bolanok…
Garşy çykýar... teýeneli sözlerini oklap bilýär...
Baryny-ýoguny, şahsy bähbitlerini howp astyna salyp, ähli dymyşlyklara garşy batyrgaýlyk bilen kinofilmleri döredýär.
Hawa, täze nesliñ ýaş režissýorlary gelýär, "Gezi nesli"...
Lewent Soýarslan "hötjetlik" bilen kinofilmlerini döredýär.
"Ofly hojany gözlemek" kinofilmi tebigaty we şäherlerimizi wer-tarham eden Aly Baltaogly ýaly potratçylara garşy gidýär.
Tebigat we adam ýok edilende, "Gezi" neneñ-niçik dymmadyk bolsa, Lewent Soýarslan hem dymanok. Gülkä salnan gynançly ahy-nalanyñ sesi asmana göterilýär...
Ýogsa-da... ýumoryñ gözbaşynda-da gynançdyr hasrat ýokmy näme?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 20.03.2015 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 69 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Hаwеrаn   [Материал]
"Tokmak" hiç-le togsanynjy ýyllarda "Watan" gazetiniñ "Şadyýan şenbe" sahypasy bardy. Şol sahypada bolsa "Taryhy ýomaklar" ady bilen rus metbugatyndan terjime edilip taýýarlanýan ýiti mazmunly syýasy henekler berilýärdi..
Dura-bara olardanam galdyk...

0
1 Gökböri   [Материал]
Hany biziñem "Tokmagymyz"? smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: