13:45
Eger-de aýal ýalan sözleýän bolsa...
EGER-DE AÝAL ÝALAN SÖZLEÝÄN BOLSA...

Günlerde bir gün tikinçi zenan derýanyň kenarynda tikin-çatyna gümra bolup oturan wagty, atdanlykda oýmagyny derýa gaçyrypdyr. Bu onuň ýeke-täk oýmagy bolandygy zerarly, tikinçi hatyn bada-bat ajy gözýaş döküp ugrapdyr. Şol pille-de Haktagalanyň gudraty bilen onuň öňünde betbagtçylyga uçranlara hemaýatçy perişde peýda bolupdyr-da, ondan sorapdyr:
-Eý hatyn, sen näme üçin aglaýarsyň?
-Men tikinçi. Men diňe tikin-çatyn bilen gazanç edip, öz maşgalamyň eklenjine ýardam berip bilýärin. Bu wagt bolsa tötänlik bilen meniň ýekeje oýmagym suwa gaçaýdy. Indi men nädip gazanç ederin?
Hakyň perişdesiniň ýanynda munuň ýalyjak wiçjik zatlaryň müşgili barmy? Ol bir gezek “Ýa Allam, senden medet!” diýip akar suwa dem salypdyr welin, derýanyň ýüzi tolkun atypdyr-da, perişdäniň elinde zümerret bilen zerlenip, lagly-jowahyr bilen nagyşlanan, altyndan oýmak peýda bolaýypdyr.
-Bu seniňkimi?-diýip perişde, henizem gözýaşy kepemedik hatyndan sorapdyr.
-Jukk.-edip, öz gözleri bilen görýän keramatyna aňk bolup galan hatyn başyny ýaýkapdyr.
Onda perişde ýene-de ýaňky hereketini gaýtalap, tolkunyň oklan, tylladan, ýakut daşlary bilen bezelen oýmagyny gapyp alypdyr:
-Bu seniňkimi?
-Jukk.
Onda perişde, derýanyň tolkunyndan ýönekeýje bir demirden oýmagy çykarypdyr:
-Bu seniňkimi?
-Hawa-diýip hatyn begençli seslenipdir.
Perişde tikinçi zenanyň dogruçyllygyny halap, oňa ýaňky üç oýmagyň üçüsinem peşgeş beripdir-de, gözden gaýyp bolupdyr.
...Aý aýlanypdyr, ýyl dolanypdyr. Şol wakadan birnäçe ýyl geçenden soň, şol tikinçi hatyn günlerde bir gün öz äri bilen derýanyň kenaryna seýil etmäge çykypdyr. Şonda-da: “ýeser ýerde gaý tutdy” diýlişi ýaly, birdenkä atdanlykda tikinçi hatynyň ýoldaşynyň aýagy taýypdyr-da, ol suwa “jülpüldäp” gaçypdyr. Dessine-de, tokga daş kibi ýüzgür görgüli, derýanyň düýbüne gidipdir. Tikinçi hatyn ýene-de oýmagyny ýitirendäkisine görä beterräk, dat-bidat walalaýlap, aglamjyrap, kenarda iki ýaňa elewräp başlapdyr. Ýene-de onuň öňünde penakär perişde peýda bolupdyr-da, iki agyz sözde bolan wakanyň änigine-şänigine ýetekgä, derýa babatda şormaňlaý görgülä medet berermen bolupdyr.
Perişde ýene-de oýmak çykarandakysy dek “Ýa Allam, senden medet!” diýip akar suwa dem salypdyr welin, derýanyň ýüzi tolkun atypdyr-da, kenarda görk-görmek babatda deňsiz-taýsyz Mithun Çakraborti emele geläýipdir☻.
-Şu gara belamy seniýniň äriň?-diýip penakär perişde ýeserlik bilen sorapdyr.
-Hawa-diýip tikinçi hatyn ylalaşmaga howlugypdyr.
Ýeri, munuň ýaly gözüňi gyrpman sözlenýän ýalan bilen aldap bolýan bolsa, ondanam bir perişde boljakmy?
Penakär perişde hatynyň galat aýdýandygyny gözünden okap, girre gaharlanypdyr:
-Sen näme aldaýaň?-diýip, ol gök gümmürdeýän dek, nagra dartypdyr.
-Hawa, men aldadym,-diýip aýal, hemme hatynlaryň şunuň ýaly jygba-jyg halatlarda synmaz ýaragy bolan agy-gözýaşa ýapyşypdyr:-Meniň günämi öt, eý-a Hudaýyň perişdesi! Ýalan sözlänimiň sebäbi, sen öňki gezek, tä meniň öz oýmagymy tapyp berýänçäň derýadan birnäçe sany oýmagy şol çykardyň durduň. Soňunda-da olaryň hemmesini maňa sowgat berip gitdiň.
Elbetde, ol sowgadyň meniň durmuşyma noş boldy. Men ol iki oýmagy satyp, bol-elin ýaşaýyşa ýetdim. Emma, bu gezek welin, ýagdaý beýle däl. Ine sen ilkinji synanyşygyňda Mithun Çakrabortini suwdan sogrup aldyň-da, menden: “Şümi seniňki?” diýip soradyň. Men saňa: “ýok” diýip jogap beren bolsam, onda sen indiki synanyşygyňda derýadan belki Maçeteni oýnaýan artist Denni Trehony çykarardyň. Ýene-de saňa: “ýok” diýip aýtsam, onda belki üçünji synanyşygyňda suwuň astyndan meniň garamaňlaý işýakmazymy tartyp almagyňam ahmaldy. Iň soňunda-da sen ýene-de öňki gezekdäkiň ýaly, maňa meniň lebzi halallygym üçin olaryň üçüsinem serpaý ýapyp giderdiň.
Maňa bolsa, Alla saklasyn, beýle halat-serpaý gerekmez. Sebäp diýseň men pahyr, bu ýaşdan soň öň diňe birjiginiň täk-tenha özüniň iňirdisine dişjagazlarymy gysyp, iň soňky demimde zordanjyk döz gelip ýörün.
Onsoň, Hakyň perişdesi, seniň serpaýyňdan soň men ol ýatybiýenleriň üçüsiniň gündelik sütemine, jebri-jepasyna nädip çydaryn?
Ine şonuň üçinem, men şu gara belany görkezen badyňa: “Ýene-de üç sany nekgendä derek ýekejesiniň sypaty nähili-neneňsi bolanda-da, endik eden süýji duşmanym-la, edil biriniň ýüz-keşbi maýmynyňkydan sähel zyýada bolsa-da, meniň kibi pesgöwün pahyra bolýa-la, garaz görmedik zadym dä, “Öwrenişen ýagyň uruşmaga ýagşy” diýipdirler” diýen pikir bilen: “hawa, şü meniň ärim” diýip ýalan sözläýdim-dä...
Perişde hatynyň getiren delillerine loh-loh gülüpdir-de, Gang derýasynyň buljum ýerinde suwa düşüp ýörkä, näme üçindir birdenkä, göz açyp-ýumasy salymda nätänyş kenarda, Adam atanyň behiştdäki lybasynda peýda bolan Mithun Çakrabortini gelen ýerine ýollapdyr. Soňam özüniň henekçil häsiýetini agyzdyryklap, suwdan Maçeteniň roluny oýnaýan artist Denni Trehony çykarmagy goýbolsun edipdir-de, akylly tikinçi hatynyň öz ärini çykaryp beräkge, şol gülüp durşuna gözden sumat bolupdyr.
Wessalam, gep tamam...
Bu dana hekaýatyň hikmeti bolsa şundan ybaratdyr: Eger-de hatyn ýalan sözleýän bolsa, onda diýmek, hatynyň diňe ýagşy maksady bardyr we ol kimem bolsa özge birini halas etmekçi bolýandyr.

Çeşmesi: http://www.orator.ru/pritcha_esli_zhenschina_lzhet.html. 29.08.2020ý.
Terjimesi üýtgedilip alyndy.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 135 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 8
0
8 Gumlygelin   [Материал]
@Bagabat sag boluñ dogan.Mazylaja ýylgyrtdy tongue

0
5 Мylayym   [Материал]
Telefona seredip, ýylgyryp durmagam daşyňdan gülkünç bolarly. Men hekaýa gülýän, ýanymdakylar maňa gülýäler. Hekaýa barada ýanymdakylara gürrüň berýän welin, täzeden gülünýä. Säher bilen günümiz gülküden başlandy. Sag boluň, ýetireniňize, Bagabat aga! smile

0
7 Bagabat   [Материал]
Özüňizem sag boluň.

0
4 Gökböri   [Материал]

0
3 Arzyman   [Материал]
Derýadan Mithuny çykaryp berseler, meňem ýalan sözläýmegim ahmaldy. cool

0
6 Bagabat   [Материал]
@Arzyman, Mithun (Gouranga) Çakraborti 1950-nji ýylda doglan adam. Häzir 70 ýaşynda. Wikipediýadaky suratyny görseňem, hakykatdanam hünni-gara. cool

0
2 Bagabat   [Материал]

0
1 Bagabat   [Материал]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: