00:13
Ynha, güýzem ýetip geldi
YNHA, GÜÝZEM ÝETIP GELDI

Duýgularym tolkun atyp,
Barýar yşka sary akyp,
Egne sary donun atyp,
Ynha, güýzem ýetip geldi.

Bagtym üçin göreşenim!
Düýş däldir-ä görüşenim,
"Geler!" diýip garaşanym,
Ynha güýzem ýetip geldi.

Söhbet kylsaň, bagşy bilen!
Ýollar aşsaň, ýagşy bilen!
Ak çabgaly ýagşy bilen,
Ynha güýzem ýetip geldi.

Şükür, tug deý parlap bilýän,
Gözýaş döksem, paýrap bilýän,
Bize ylham paýlap bilýän,
Ynha güýzem ýetip geldi!

Pikirlenýän -- indi başga,
Känbir beýle däldi başda,
Ynsan kibi düşüp yşga,
Ynha güýzem ýetip geldi!

Isteýip ömrüň dowamyn,
Balamyň başyn daraýyn,
Kalbymyň syryp dumanyn,
Ynha güýzem ýetip geldi!

★ Meniň tutuş dünýäm, süňňüm elener

Bu gün geňsi don geýipdir ene ýer,
Ýapraklardan sary köýnek tikinip.
Güýzde hergiz-hergiz ýörülýän däldir, Ýürekdäki yşkyň üçin ökünip.

Giňden açyp älem sygan gujagyň,
Olary bagryňa basasyň gelýär.
Hemem söwer ýaryň adyny ýazyp,
Ýüregiň üstünden asasyň gelýär.

"Bu sarylyk ýüregimiň dermany"
diýen sözlerimi baýdak edinip.
Goýä durmus guran täze gelin deý,
Men salam berýärin güýze egilip.

Salam güýzüm, salam sary meňizlim,
Sensizlikden ýadadym men azajyk.
Kän ysganam bolsam ýazyň güllerin,
Del gujaga düşmerin men azaşyp.

Sende meniň giňäp gidýär ýüregim,
Yşkymam berenok o diýen ejir.
Öz-özüni gorap ýören adama,
Diýilmez hiç haçan "Dikdüşdi, kejir"

...Ýapraklardan geňsi koýnek tikinip,
Bu gün sary don geýipdir ene ýer.
Bu ýapraklar, sary güýzüm ynjasa,
Menin tutus dünýäm, süňnüm elener.

★ Güýzüm geldi

Ýüregimde öý gurup,
Garşy aldym toý berip,
Janymdanam eý gorüp,
Söýdügim güýzüm geldi.

Gursagymda dogup Aý,
Dünýäm bolsun mähre baý,
"Sen ne beýle mähriban?!",
Diýdigim güýzüm geldi.

Ýag, ak ýagyş jompuldap,
Yşkym gitsin ýalpyldap,
Çalajadan galpyldap,
Duýdugym güýzüm geldi.

Eý, yşkyň dagy, dagy!
Göwnüm hyýaldan doly,
Nepisläp sary dony,
Geýdigim güýzüm geldi.

Kakyp ýüregmiň taryn,
Çekdirmez yşkyň zaryn,
Gursaga ylham baryn,
Guýdugym güýzüm geldi.

Hak ýollar serpaý edip,
Götär men sarpam edip,
Gownüme soltan edip,
Uýdugym güýzüm geldi.

★ Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär

Yşka düşmekligem sogapmyş, sogap!
Öýkelär, öňünde etmesem togap,
Men muňa entegem tapamok jogap,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýansa, gara bagry topraga oýka!
Bize kyn günde-de bolar ol arka,
Munuň üçin menden etmesin öýke,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýiter gider -- duýgyňyzy ýaşyrmaň,
Ýöne ony hetdindenem aşyrmaň,
Meniň tylla başymy bir çaşyrmaň!
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýaşaň siz, ýaşamak höwesi bilen!
Adamzat gözeldir haýasy bilen,
Alňasap, çigrejik howasy bilen,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Gözüm ýaşdan dolýar, bilsedim diňip!
Ýürek ýanyp durka, bolmaýar dymyp,
Sary ýapraklaryň ahwalyn duýup,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Güllericre | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: