21:19
Hezreti Muhammediñ nury diýdiñizmi?
HEZRETI MUHAMMEDIÑ NURY DIÝDIÑIZMI?

Palaw - agzaçar saçaklarynyñ bezegi.
Giñden ýaýran şeýle söz bar:

"Remezan geldi, ulaşdy,
Supralar doldy-daşdy.
Saçakda palaw ýokdy,
Birden işdä-de gaçdy."


Musulmanlar bürünjiñ (tüwiniñ) edil bägül deýin Hezreti Muhammediñ (s.a.w) nurundan ýaradadylandygyna ynanýarlar, iýende salawat getirýärler. Ýanyçarlar ýanlary bürünçsiz ýörişe çykmandyrlar…
Merhum daýzamyñ adamsy Çorum-Osmanjykdandy, onuñ şaly meýdanlary bardy. Hasyly ýetişende halta-halta tüwi ugradardy. Ejem pahyr "göz haky" diýip ýarsyny goñşy-golama paýlardy.
Ýetişdirilişi kyn-güzaply bolan tüwiniñ bahasy gymmatdy. Edirne, Tosýa, Osmanjyk, Gönen ýaly ýerlerde bolaýmasa, ýurduñ başga ýerinde ýetişdiribem bolanokdy.
Palaw esasanam şäher ýerlerinde köp iýilýär. Anadoly obalarynda ýaşaýan ildeşlerimiz bulgur (dary) iýýärler. Birinji jahan urşunda tüwi gytçylygy bolanda stambullylar bulgura "Enwer paşanyñ bürünji" diýip at goýupdyrlar!)
Häzir adam başyna ortaça 9,3 kg tüwi iýýäris. Segseninji ýyllarda 3,2 kg-dy!
Ilat her ýyl artyp barýar.
Sarp edijilik her ýyl artyp barýar.
Maksatnamalaýyn ykdysadyýet döwründe Türkiýe bu ýagdaýy öñünden oýlanyp-ölçerýärdi we ýetişdirýän däneli ösümliklerine görä maýa goýumlaryny goýýardy.
Näme üçin şaly meýdanlaryny köpeltmedik? Önüm öndürijileriñ sanyny näme üçin köpeltmedik?
Kimler bizi "ekerançylykda düýpli reforma" ýalany bilen ýerli önümçiligi ýok etme sepgidine getirdi?
Daýhanlary "sadakaçy" görkezen kim? Görgülileri global läheñleriñ agzyna kimler tutdurdy?
Ýylda ortaça 400-500 müñ tonna tüwi öndürýäris. Daşardan 300-350 müñ tonna tüwi satyn alýarys (munuñ ujypsyz bölegi tohumlyk üçin). Daşardan tüwi satyn alýan ýurtlarymyzyñ başynda ABŞ-nyñ bolmagy geñ gerek?
Oýunbazlaryñ kimdigi belli…

Rokefeller institutlary

Bugdaýyñ genetikasyny kim üýtgetdi? XX asyryñ iñ tüçjar baýy Rokfeller!
Jöweniñ genetikasyny kim üýtgetdi? XX asyryñ iñ tüçjar baýy Rokfeller! (Onuñ bu işdäki şärikdeşi ABŞ-nyñ Prezidentiniñ kömekçisi Genri Uolles).
Soýa... pagta... kanola (raps)...
Tüwiniñ genetikasyny kim üýtgetdi? XX asyryñ iñ tüçjar baýy Rokfeller we XXI asyryñ iñ tüçjar baýy Bill Geýts!
Geýts bu işlere täze girişdi. Tüwi boýunça alnyp barylýan işlere maddy taýdan ilkinji bolup Rokefeller fondy goldaw berdi. Ony bu işde başga bir "global haýyr-sahawatçy" Genri Fordyñ fondy ýeke goýmafy. Rokfeller bugdaý üçin Meksikada "ylmy-barlag instituty" açyşy ýaly, tüwi üçinem Filippinlerde "ylmy-barlag institutyny" açdy: "Tüwi boýunça halkara ylmy-barlag merkezi" (IRRI). Şol wagt taryhyñ dili 1962-nji ýyly görkezýärdi. (Şeýle-de, 1967-nji ýylda Kolumbiýada "Halkara tropiki ekinler merkezi" (CIAT) we Nigeriýada "Halkara tropikal instututy" (IITA) döredildi.)
Rokfeller ýakasyna kakyp öwünýärdi:
"Rokfeller fondy bolmasa, ekerançylygyñ global dolanşygyny göz öñüne getirmek mümkin däl".
Altmyşynjy ýyllardaky "tüwi barlaglary" işleriniñ merkezi IRRI-di. Işiñ gerimi giñedi. Bu gezek "Ekerançylyk boýunça barlag işlerinde sferalaýyn geñeşdarlyk topary" (CGIAR) döredildi. Emma bularyñ hemmesiniñ üstüne "saýawan-howandar" gerekdi. BMG-nyñ Azyk we ekerançylyk guramasy (FAO) hem-dr Bütindünýä banky "maksatnama" dahylly edildi. Niýetleri "Gahatlygyñ, açlygyñ ýeñşini" dabaralandyrmakdy.
1966-njy ýylda "IR-8" gibrid tüwi öndürildi. Ony uly dabara bilen mahabatlandyrdylar welin, Filippinlerden Hindistana çenli "IR-8"-iñ tohumy banklarda, dükanlarda satylyp başlandy! (Hindistan 1966-njy ýylda "Tohum işleri baradaky" döwlet kanunyny kabul etdi. Tüwiniñ ata watany Hindistanyñ tüwi tohumynyñ 20 müñ tonnasyny Rokfelleriñ we Fordyñ fondlary üpjün etdi.)
Sözüm gutarmady...

Eý, musulman!

1984-nji ýyl.
Rokfeller "Halkara tüwi biotehnologiýasy maksatnamasy" (IPRB) arkaly ekerançylygyñ biotehnologiki pudagyna aralaşdy. Olar "barybir kyrkynjy ýyllardaky molekulýar ylmy-barlag işlerimiz bilen bu işiñ gyrasyndan ilkinji bolup tutanam özümiz!" diýýärdiler.
Dünýäniñ in abraýly Kornell, Stanford, Perdýu, Belgiýanyñ Ghent, Gollandiýanyñ Leýden uniwersitetleri muña köp mukdarda pul geçirdiler. Dünýäniñ otuza golaý ýurdundan ýedi ýüzden gowrak hünärmen maksatnamanyñ işine gatnaşdy.
500 milliard dollar harç edildi...
1988-nji ýylda tüwiniñ DNK shemasy taýýarlandy we 1990-njy ýylda ilkinji genetiki synag üýtgeşmesi geçirildi. Ýedi müñ ýyl bäri ekilip gelinýän we Aziýada tegelek 140 müñ sorty bolan tüwiniñ görnüşiniñ sany 6-a getirildi. Nergis ösümliginden (käbirleriniñ pikirine görä jöwenden) alnan iki sany gen bilen bir bakteriýadan alnan gen tüwiniñ DNK-sy bilen birleşdirildi. Muña "altyn tüwi" diýdiler. "TIME" žurnalynyñ daşky sahaby 2000-nji ýyldaky sanlarynyñ birinde şu ýalan bilen çapdan çykdy: "Bu tüwi bir ýylda bir million çagany ölümden halas eder."
"Altyn bürünçden" başga-da, "bakteriýa çydamly tüwi", "mör-möjege çydamly tüwi", "däne ululugyndaky tüwi" ýaly GMO-ly dürli-dürli tüwiler orta çykaryldy.
Patenti elinde bolan global şereketler şeýle tüwileri ýer ýüzüne satyp geldi we häzirem satýar. Müşderileriniñ birem Türkiýe! AKP 2006-njy ýylda daşardan satyn alynýan tüwä kwota girizmekçi boldy. ABŞ derhal Türkiýäniñ üstünden Bütindünýä Söwda guramasyna şikaýat bildirdi. Türkiýe kwotany ýatyrmaga mejbur boldy.
Şeý diýen bolýandyrlar: "Türkiýä GMO-ly tüwini getirmek gadagan!" 2012-nji ýylda esgerlerimize GMO-ly tüwini berýändikleri ýüze çykdy. Ýagny…
Gadyrdan musulman doganym, agzaçar saçagyndaky tüwiniñ Hezreti Muhammediñ (s.a.w) nurundan ýaradylmandygyny, onuñ Rokfelleriñ elinden çykan emeli önümdigini bilip, çemçäñi legeniñe uzat.
Hem birden salawat getirjegem bolup durma, günä gazanarsyñ!

"SÖZCÜ" gazeti, 13.06.2017 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk | Просмотров: 75 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Birwagt (15-20 ýyl öñ) "palaw han-begleriñ aşy, garamaýaklar aýda-sanda iýse-de bor" diýlipdi.. Oñşubersene wink smile

0
4 Gökböri   [Материал]
Garamayak görgüli indi iyjek tüwûsini magazinde öñünde goýulyan bir kg-lyk odnorazowy paketlere salnyp berilyan tûwileri satyn almaga we iymäge mejbur... (olary kim getiryar, nireden getiryar, hili neneñ, bahasy naçe, bize naceden berilyar...) bu zatlary seljerjeklerem bir gün bolar-da, ölmän yaşap ýörsek...

0
3 Gökböri   [Материал]
Hem Hytaydan gelyan gymmat inçe tûwileriñ emeli tüwidigi, plasmastdygy barada hem gep-gürrûñler bar...

0
2 Gökböri   [Материал]
*iyjek

0
1 Gökböri   [Материал]
Makala goşmaça: yurdumyzyñ Daşoguz welayaty hem edil doly bolmasa-da yurdumyzy yalñyşmasam 70-80% tûwi bilen üpjûn etmage yagdaýy bar bolmaly...

öñler men hayran galyadym, oz obamda şaly ekibem gûnüñi gorseñ bolyandyr, daşoguzly gardaşlarymyzyñ barsy Aşgabada iş diyp eñip yatyrlar diyp. Görup dursak, şaly ekmek beylede dursun yerli hakimiyetler pagta-bugdaya suw yetenok diyp adam pahyrlara gapysynda oz oyjek hyýar-pomidorynam ekmäge goymayan ekenler...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: