19:29
MRU-nyñ saýasyndsky türk yslamçylar
MRU-nyñ SAÝASYNDAKY TÜRK YSLAMÇYLAR

Şeýle ýazýarlar: "Erdogan "ýolunyñ täze ugruny" kesgitlejekmiş!"
Aý, ynha, liberallar bilen arasyny sazlajakmyş, esasy maksatnamasy ykdysadyýet boljakmyş, pylan-pysmydan...
Esasy meseläni görenoklar: Gutardy!
Dünýäde "ylymly yslam" döwrüniñ soñy geldi.
Diñe Türkiýedäki galak-gaçaklary oýun oýnamalaryny dowam edýär!
Bir müñ bir ýüz otagly köşgüñ geñeşçisi Haýekiñ-neoliberalizmiñ ölendigini ýazýar!
Neoliberalizm öñem ölüm ýassygyndady.
Geçen asyryñ segseninji ýyllarynda Ronald Reýgan, Margaret Tetçer, Turgut Özal ýaly sagçylaryñ saýasynda "kesar dogrumyny" geçirdi, togsanynjy ýyllarda Bill Klinton, Toni Bleýr, Gerhard Şrýoder, Papandreu, Zapatero ýaly çepçiler tarapyndan ösdürildi. Ol indi özüni mundan halas edip bilmedik nemesleriñ "Ýaşyllar" hereketi ýaly ýitip-ýok bolup gitmegiñ öñüsyrasynda dur.
Häzir dünýäde global gegemoniýa garşy çykan "nasionalizm" ýokarlanýar. Serediñ...
Adamzadyñ taryhynda "Kondratýew tolkunlar" diýen bir zat bar: edil öwrülişikler eýýamy (1789-1817) we kapital eýýamy (1848-1893) ýaly…
Syýasy-ykdysady sistemalar dogulýar, ösýär, durnuklaşýar we ölýär.
Her tolkun 50-55 ýyl ýaşaýar. Her tolkunda kapital-işçi gatnaşygy ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklary-da täzelenýär.
Görüp dursuñyz… syýasy pozisiýalary aýry-aýry ýaly bolup görünse-de, Trampyñ ýeñiş gazanmagy, Le Peniñ at-abraýynyñ ýokarlanmagy, Çiprasyñ häkimiýete gelmegi şol bir netijäni berýär: neoliberalizm ölýär!
Global liberalizm ösen Günbatar ýurtlarynda "tirsek" hökmünde çepçi liberallardan nähili peýdalanan bolsa, Türkiýe, Müsür, Tunis, Marokko we ş.m. ýurtlarda "ylymly yslamy" ulandy.
Bu döwrüñ soñy geldi. Dünýä bäşinji "Kondratýew tolkunynyñ" sanjysyny başdan geçirýär. Bu tolkunyñ "ýyldyzy" nasionalizm bolar.
Atatürküñ gaýtadan şular ýaly derejede abraýynyñ artmagy şunuñ netijesidir. Mundan beýläk Atatürke garşy çykyp biljek häkimiýet bolup bilmez…

Aýsberg

"Ylymly yslam" diýilýänleri nireden we nädip bu topraklara aralaşdy?
Žurnalist Serdar Akinanyñ täze kitaby çapdan çykdy: "Aýsberg. Nasistlerden FETÖ çenli syýasy yslamçylaryñ taryhy". ("Buzdağı. Nazilerden FETÖ'ye siyasal islamcıların tarihi").
Kitabyñ adynyñ üstünde biraz jedelleşdik, maña onuñ ady "MRU-nyñ saýasyndaky türk yslamçylar" bolsa gowy boljak ýalydy!
Serdar Akinan kitabynda Adolf Gitleriñ tarapynda çykyş eden käbir yslamçylaryñ uruşdan soñ MRU (CIA) bilen açan gatnaşygyny yzarlap, iññäm çynlakaý meseläniñ biziñ günlerimize çenli uzaýan şahalaryna ünsi çekýär.
Awtor ýaranlyklary şahslaryñ, guramaçylykly toparlaryñ, partiýalaryñ üstünden seljerme bermek bilen birlikde, MRU-nyñ yslamy wahhabylygyñ üstünden nädip pyrlampaja öwrendigini gürrüñ berýär. Ol munuñ dowamynda wahhabylygyñ nädip "intellektual selefilige" tarap öwrülşinem ýazýar.
Bütin bularyñ Türkiýä syçraýşyny gyzykly mysallaryñ üsti bilen görkezýär:

"Musulman doganlar" guramasynyñ düýbüni tutujylardan Seýit Kutubyñ jihada çagyrýan kitaplarynyñ altmyşynjy ýyllarda MIT (türk howpsuzlyk gullugy -t.b.) tarapyndan türk diline terjime edilendigi baradaky heniz bize näbelli birentek zatlaryñ üstüni açýar...
Mysal üçin, Seýit Kutubyñ "Yslamda sosial adalat" kitabyny kim terjime etdi? Ýaşar Tunagür.
Ýaşar Tunagür kimiñ halypasy? Fethullah Güleniñ…
Saudlaryñ "Rabita"-sy, MRU, FETÖ dagylar TSK-dyr (Türk Ýaragly Güýçleri) MIT halkasynda tohum taşlap şineläp başlandan, Din işleri ministriniñ kömekçisi Ýaşar Tunagür, Mehmet Şewket Eýgi we Salih Özjan, Mekkede "Rabıta"-nyñ esasy ýygnagyna gatnaşyp başladylar…
Salih Özjan hem edil Ýaşar Tunagür ýaly möhüm şahslaryñ biridir, ol saudlaryñ Türkiýedäki ilkinji we iñ esasy adamlaryndandyr…”


Serdar Akinan çolaşyk gatnaşyklaryñ ýumagyny çöşläp berýär.
"15-nji iýul FETÖ agdarlyşyna" diñe şu maglumatlara goldanyp, dogry baha berip bilerisiñiz.
"Ylymly yslamyñ" wekili "iki kelläni" kimler, näme üçin çatdy?
Bu çekişmelere heniz girilenok…

Legenda dyr-pytrak boldy

Segseniji ýyllaryñ başydy...
Uniwersitetde talypdym. "Cumhuriyet" gazetini okap otyrdym.
Göwnüme ýaran ýazgylary kesip alyp, ýygnap goýýardym. Aly Sirmen türmä girensoñ gazetde “Samim Lütfü” lakamy bilen çykyş etmäge başlady. Gaharym geldi, "bendäñ çagasy türmä giren badyna gazetden aslyşyp ýetişipdir" diýip! Soñ bilip galdym, Aly Sirmen türmede ýazan makalalaryny gizlinlikde redaksiýa ugradyp, “Samim Lütfü” lakamy bilen çap etdirýän eken.
Aly Sirmen… türk metbugatynyñ ýüzüniñ tuwagy...
Žurnalist Ümit Aslanbaý Aly Sirmen bilen geçiren gürrüñdeşlikleriniñ kitabyny çap etdirdi: "Köne respublika üçin" ("Bir Eski Cumhuriyet İçin").
Dessine okadym. Dogan Awjyogly, Kemal Tahyr, Eziz Nesin, Ilhan Selçuk, Mahmut Dikerdem, Jemal Madanogly, Oktaý Akbal, Ugur Mumjy ýaly aramyzdan giden beýik şahslaryñ taryhy rollaryna ýene-de bir gezek baş egdim.
Ümit Aslanbaý bu gymmatly kitaby ýazandygy üçin hoşallyk bildirmäge mynasyp awtor.
Bilmeýän kän-kän zatlarymy öwrendim: Eýranyñ kommunistik partiýasy TUDEH-iñ Homeýnini goldamagy Aly Sirmen bilen Mahmut Dikerdemi türmede garşyma-garşy goýupdyr!
Aly Sirmen hususanam AKP ýaly toparlanmalaryñ dört el bolup gujaklaýan elli ýyllyk "syýasy taglymyñ" soñlanyşynyñ üstünde näme üçindir ýüzleýräk durup geçipdir. Şu…
Altmyşynjy ýyllarda Idris Küçükömer "Düzgüniñ saýrylaşmagy" (“Düzenin Yabancılaşması”) kitabynda dini jemagatlaryñ-tarykatlaryñ edil raýat-jemgyýetçilik guramalary ýaly demokratiýanyñ ornaşmagynda bähbitli boljagyny we munuñ kemalist agdarlyşyklar döwrüniñ soñuna çykjagyny öñe sürdi! Ol "Aslynda Türkiýede öñdebaryjylar - yzagalak, yzagalaklar - öñdebaryjy" diýýärdi! Saýlawçylaryñ üstünden Türkiýäni analizlän bu düşünje birnäçe ýyllap jedelleşildi…
Ýöne bu tezisem "15-nji iýul FETÖ agdarlyşygy" bilen dyr-pytrak boldy. Dini jemagatlaryñ "raýatlaşmagynyñ" nähili howpludygy görüldi! Iñ uly ruhy sarsgyny-da Küçükömer ýaly pikirlenip, Awjyogly, Selçuk, Mumjy ýaly öñdebaryjylara dil uzadan çepçi-liberallar başdan geçirdi. Käbirleri bolsa häzirem türmelerde munuñ jezasyny çekýärler…
Näme indi Küçükömeriñ aýdyşy ýaly, "öñdebaryjy" - AKP demokratiýany güýçlendirenmişmi?
Başymyzdan geçen gowgalar Dogan Awjyoglynyñ aýdanlaryny dogry çykardy.
Küçükömer we oña meñzeşleriñ düşünjesiniñ siñen "ylymly yslam" öz ýolunyñ soñuna geldi.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 26.05.2017 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 51 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: