15:49
Saña duşup

SAÑA DUŞUP

Durmuşda, iň uly aýlawa dűşűp,
Kä ýykyp,
kä bőkűp kőteller sőkűp,
Bir őműrlik şalyk,
şonçarak şatlyk,
Hem őzűmi tapdym gőzlerňe bakyp.

Goşa tarly dutar eken őmrűmiz-
Aýtdy muny, seniň menden daş gűnűň.
Geçmişe däl,
Seň gozleriň çuňuna,
Alyp gaçýar, seýle gelen ýaşlygym.

Saňa duşup,
Özgerdim men-
Gözlerim,
Dura-bara ak-garany seljerdi.
Sada kalbym boş wadalaň ýelkenin,
Götererden juda-juda telperdi.

Sen weli, özüňi asmana çenli,
Beýgeldip başardyň gőzüm alnynda.
Hoş gylygyň bilen baky ýerlediň,

Yşga teşne ýüregimde,
aňymda.

Saňa duşup,duýmadym men,
ýyllaryň,
Maňlaýa bagt ýazyp, saýlanyp barşyn.
Ýeke zady bilýän,
Olam seń yşgyń,
Ýüregńe deńleýär ýüregmiń urşun.

Aýgül PIRLIÝEWA

Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Güllericre | Теги: Aýgül Pirliýewa | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Güllericre   [Материал]
Hökman

-1
1 Hаwеrаn   [Материал]
@Güllericre şeýdip tapanjañyzdan sizem goýuberiñ name bolsa, yeke ozume kyn düşyä smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: