10:58
Ýeke cynar

ÝEKE ÇYNAR


Kyn boldy saňa ulalmak,
Ýeke çynar.

Çolalykdan iren çaglaň,
Köňlüňe teselli berjek
Ýokdy.
Özüň teselli tapyndyň
Şuwladyň-güwlediň, dymdyň,
Özüň aglap, özüň diňdiň,
Ýeke çynar.

Tupan tursa, güýçli ýele,
Ýere
Başyň degjek-degjek boldy,
Gaý sowulanda agyrdy,
Zor düşen kökleriň syzlap.
Syryň diýip iç dökere,
Diňleýjiňem ýokdy seniň.
Ne derdiňi aýdyp bildiň.
Ne-de gizläp...
Ýeke çynar.

Gyşda çapgyn syrgynlara
Üşäňde,
Tomus dodagyň kepände,
Bu ösýän epgek ýellere.
Umytly ýaşadyň, ýöne
Käte urduň ahy-zara.
Pena tapman penalara,
Her hal:
Göreşildi her dem.
Gün gördüň:
Kä ykbalyňa ýalbara,
Käte bolsa, nälet okap,
Ýalňyz ýerde
Nahalyňy oturdana,
Ýeke çynar.

Düýşüňe gök tokaý girdi,
Täk özüň oýandyň ertir.
Hossardan:
Aşagynda melemtik ýer.
Ýokaryňda,
Gaty daşda
Asman bardy.
Käte
Ýüregi ýuka şemaljyk
Ýyrtyk ýapragyň sypardy,
Ýeke çynar.
Şol ýere minnetdar bolup,
Asmana minnetdar bolup,
Şol awara şemallary
Iň ýakyn hossaryň bilip,
Erkana ulaldyň hernä.
Berdaşly boý aldyň hernä,
Ýeke çynar.

Ine, şeýdip-şeýdip birden
Çynar bolduň nazarkerde.
Bu gün güýçli kökleň ýeri
Bürgüt ýaly penjeläpdir.
Görenler tarypyn edýär.
Depäňde:
Bulutlar dynç alyp gidýär,
Ýeke çynar.
Birçak saýa gözleýärdiň,
Indi seniň özüň saýa.
Indi seniň özüň pena.
Ýekä höwür gerekdigni
Bilýän, unutmarsyň sen-ä,
Ýeke çynar.

            * * *


Seniň merdana-mertligiň,
Maňa sapak boldy, eje!
Pessaý gürläp, beren öwdüň,
Kalbyma ýol saldy, eje!

Büdür-südür ýollar aşyp,
Synaglardan geçdik nije,
Meňzeş keşpli, meňzeş ykbal,
Ýagyrnymy deşdi, eje!

Gara gözleň balkyldadyp,
Gözýaşlaryň dökdüň, eje,
A men bosa, gyýylmakdan,
Onki süňňüm sökdüm, eje!

Ahmet GURBANNEPESOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Güllericre | Теги: Ahmet Gurbannepesow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: