06:09
Isgenderiñ altyn almasy / hekaýa

ISGENDERIŇ ALTYN ALMASY

Ol geçmişiňi, geljegini depeläp gaçyp barýardy. Ýapraklary gojanyň damarlak goluny ýatladýan, şu töwerekdäki ýeke-täk selmelik onuň aýagynyň aşagynda mäjümlenipdi.
Selmeligiň gyzylly-gökli miweleri dürli tarapa pytrap, ýere çyryş bolup ýatyrdy. Iliň içinde, apalanyp, arzylanýan selmelik ýaňagyna şarpyk çalnan çaga ýaly döwlen şahalaryndan ýaş syrykyrýardy.
Gaçyp barýan üçin öz janyndan eziz zat ýokdy. Ýogsam Jumaly atasynyň bir düýp selmelik tapjak diýip telim gerişleri aşyp, telim gaýalara dyrmaşyp, sonarlyklary, öleňlikleri çöpkakma edipdi.
– Gudratdyr bi, gudrat! – Ynsan ömrüne deňdir bi! – diýip, telim gaýtalanyny çagaka az eşitmändi. Atasy selmeligi Jumala bäş ýaşyndaka görkezipdi. Ol wagtlar Jumaly aýagy tomursakly, egni şylhaly oglanjykdy. Atasy Jumalyny selmeligiň ýanyna getirip:
– Şu ösümlige gowy seret, ogul, gözüňde ömürlik galsyn, ogul, Sen onuň ýapraklaryna-da bir seret, şol ýapraklar bilen meniň elim meňzeşdir. Gördüňmi? – diýip, elini görkezipdi. Ol wagt Jumaly atasy oýun edýändir öýdüpdi. Çünki atasynyň eli goňrumtyldy, düwün-düwün bolup duran barmaklar gödekdi. Selmeligiň ýapragy bolsa ýaşyl hem näzikdi.
Tagarawyň gary ýaly ak sakgalyny sypan ýaşuly selmelige bilesigelijilik bilen seredýän agtygynyň horja egnine elini goýupdy-da:
– Bu ynsan ösümligi-dä. Munuň bişen miwesini iýseň, egniňe perişde gonan ýaly bolar-da, çig miwesini iýseň welin, telbe eder.
– Telbe nähili bolýar, ata?
– Telbemi? Telbe Şaja telbe ýaly bolýar-da, ogul.
Öz-özünden gülüp, it-pişik bilen gürleşip, hahahaýlap ýören Şaja telbe göz öňüne gelende, Jumaly selmelige gorka seredip:
– Şaja telbe-de şunuň miwelerini iýip telbe bolupmy? – diýdi.
– Hawa-da, heniz bişmedik çig miwelerini iýip, telbe bolupdyr.
– Ata, tedbe bolsaň erbetmi?
– Telbelik kesel-dä. Kesel bolsa erbet, ogul.
– Itler-ä telbeden gorkýar, ata.
– Telbeden gorkmaly-da, ogul.
Kiçijik Jumaly selmelikden gaýyrrak-gaýyrrak süýşenini duýman galypdy. Atasy:
– Selmelik gowy ösümlik, ogul. Ýadyňdan çykarma, onuň çig miwesini iýseň telbe edýär. Bişen miwesini iýseň güýç-kuwwat, saglyk berýär. Şondan ötribem ony söýmeli-dä, ogul.
Jumaly dürli güller, otlar bilen, bilelikde atasynyň beren şol öwütlerinem basgylap gaçyp barýardy.
Jumaly bu daglaryň her daşyna, her kemeriňe beletdi. Ol telim gezek atasy bilen bu ýerleriň zawlaryny, derelerini barlap çykypdy. Onuň atasynyň egninde ullakan horjuny bolardy. Atasy horjunyň iki gözünem dermanlyk otlardan doldurardy. Şeýdip, dagda dermanlyk ot ýygyp ýörkäler, käte olara selmeligem gabat gelerdi. Şonda atasy özüni ýedi gat asmanda duýup, ýaşynyň ýetmişden agandygyna seretmezden, çaga ýaly ýeňil gopardy. Egnindäki ala horjunyny ýere oklap, gapdalyndan asylgy küýzesini alardy-da, Jumalynyň eline tutdyryp: «Me, suw akyt. Bu ösümlik gudratly ösümlikdir. Muny hapa-el bilen tutup bolýan däldir» diýerdi. Ol elini ýuwup, esli wagtlap doga okap, diňe şondan soň selmeligiň ýanyna barardy. Jowur ak sakgalyny sypalap ýylgyrardy.
– Munuň gözelligine bir seret – diýip, hoşamaýlyk bilen başyny yrardy. Şonda onuň mähnet kellesindäki zömmek telpegi bir gapdala gyşarardy. Jumaly telpek gyşaranda gaçar öýdýärdi. Onuň. gaçaryna-da garaşýardy, ýöne öň ýeňseräge geýlen telpek gaýta kellä ykjam oturýardy.
Ol sakgalyny sypalap, selmeligiň gapdalynda dyza çökerdi-de:
«Sen munuň ýer bagyrtlap oturanyna seretme, dal-daragtyň hanydyr-da bu. Hol-ha çynara bak, boýy diýseň ägirtdir. Her şahasynyň ýogynlygy, iki adamyň biliçe bardyr. Owadandyram-la, miwe diýdigiň ýüzi garadyr. Selmeligiň gözelligi miwesinde, ynsan-u-haýwana lazymlygynda. Owadan bolmak hökman däl-de, gözel bolmak hökman-da.» Bu sözleri Jumalynyň atasy selmeligi gördügi her gezek gaýtalardy. « – Oglum, şu sözler seňiň-de diliňde senaň bolsun» diýerdi. Haýp, Jumaly bu sözleri tutuş ömründe ýeke gezegem gaýtalamady.
Atasy selmeligiň ýapraklaryna elini ýetirmänkä:
– «Isgender bolupdyr gadymyýetde. Ol özüne ýedi yklymy boýun egdirip bilipdir – diýip, uzyn ertekä başlardy. – Oňuň iki şahy bolupdyr. Bir şahy oňa dünýädäki ähli gowy zatlary, beýleki şahy erbet zatlary aýdarmyş.
Bir gün Isgender keýpiçag bolup, saz çaldyryp, şonuň owazyna melul bolup otyr ekeňi. Birden onuň sag şahy bir zat degen ýaly tyrkyldap, çalaja seslenipdir. Şol bada Isgender töweregindäkilere «Ýok boluň!» diýip haýkyrypdyr. Isgenderiň sesi sesmid-ä. Ol dagdan daş togarlalan ýaly gümmür-gümmür edip, adamlary elem-ebtat ediberýärmiş.
Jaýda bir özi galan Isgender kellesindäki tuwulgasyny çykarypdyr. Şonda sag şahy: «Ýedi yklymyň hökümdary men» diýip şady-horramlykda ýaşaýaň. Şol ýedi yklymda nämeleriň baryny welin bileňok. Sen: «Hazyna tapdym» diýip, humy gujaklap, onuň içini açyp görmän begenip, bökjekläp ýören çaga çalym edýärsiň. Belki, ol humuň içi boşdur. Belki, onda çaga gereksiz zatlar bardyr. Belki, onuň içine zäherli zatlar salnyp goýlandyr» diýipdir-dä şah. Özüniň çaga meňzedilenine gahary gelen Isgender: «Men seni döwerin» diýip gygyrypdyr. Şah arkaýynlyk bilen: «Sen meňi döwüp bilmersiň. Men seniň synaňy ýaryp çykdym» diýipdir. «Şan-şöhratyma dil ýetiren zat maňa gerek däl» diýip, Isgender dişlerini gyjyrdadypdyr. «Bary bir döwüp bilmersiň. Meni döwseň saňa dünýädäki gowy zatlaryň baryny kim aýdar? Çepki şahyň saňa diňe ýaman zatlary aýdar. Şeýdibem sen diňe ýamana öwrüler gidersiň» diýip, şah gaty arkaýyn gürläpdir.
Alaçsyz galan Isgender: «Hany, bol näme diýseň diý!»diýipdir. Şonda şah: «Erem bagyny ýatladyp duran bir ýurt bolmaly. Özem daglyk ýurt ol. Şonuň dumana çümüp oturan gaýalarynyň düýbünde ösýän altyn almalar bolmaly. Sen şolary görmeseň ömrüň armanlydyr» diýipdir. Ynjalykdan gaçan Isgender: «Altyn almalara nireden ýol salmaly?». diýipdir. Şonda sag şahy: «Men aýtmalymy aýtdym. Ol ownuk uşak zatlary palçylaryňdan, gurrandazlaryňdan, münejjimleriňden sora» diýipdir.
Başyna tuwulgasyny geýen Isgender nagra tartyp, haýkyrypdyr-da, palçylaryny, gurrandazlaryny, münejjimlerini çagyrypdyr. Olardan altyn almany getirip, öz bagynda ekmegiň ýollaryny tapmagy talap edipdir. Olar üç günläp oýlanyp, Isgenderiň ýanyna gelipdir. Olaryň biri öňe çykyp: «Patyşaýy älem, bir çemçe ganymyzy geçseň ähli zady aýdaly» diýipdir. «Geçdim!» «Altyn alma uzak ýurtda. Ol-da adam ýaly doglan topragyndan başga ýerde kök urup, düýp tutmaýar. Ýedi yklymyň ähli ynsany siziň buýrugyňyza tabyndyr, ýöne ol tabyn bolmaz».
Isgender gyşyna gülläp, ýazyna altyn alma berýän ösümligiň ýalbyrap duran miwelerini ýygyp, has baý bolmagy arzuw edip, lek-lek goşuny bilen ýurdumyza gelipdir. «Maňa altyn alma getirýän ösümligi görkeziň» diýipdir. Görkezipdirler. Diňe abyrsyz zatdan kalby karar tapýan Isgender selmelige göwnüýetmezlik bilen seredip: «Şujagazmy?» diýipdir-dä. «Siz onuň kiçiligine seretmäň, göwherem kiçi. Onuň gudraty altyn almalarynda». «Hany, altyn almalar?» diýip, lapykeç Isgender haýkyrypdyr. «Ine» diýip, oňa selmeligiň miwelerini görkezipdirler. «Men şondan-şuňa şu bolgusyzja zady görmäge geldimmi? Meni aldan bilgiçleri, gurrandazlary, palçylary asyň» diýip buýrupdyr. Şonda obanyň tebibi: «Duruň, patyşaýy älem: bu miwe altyndan has gymmatly miwe. Siz niçe ýol söküp, ýadap-ýozulyp geldiňiz, şundan iki sanysyny iýiň. Soň munuň gudratyny görersiňiz» diýipdir.
Ýadawlykdan atyň üstünde zordan oturan Isgenderiň mylgyrap bişen iki sany gyzgylt miwe iýenden bedenine güýç gelipdir: «Bäh, bäh, maňa gyz getiriň» diýip gygyrypdyr. Selmelikden aýra düşesi gelmän, ol şu ýerde telim ýyl ýaşapdyr. Telim obalara öz uýýan hudaýlarynyň atlaryny dakypdyr. Biziň ýaşaýan Daýnamyzyň ady Diana bolupdyr. Diana Isgenderiň uýýan hudaýynyň ady.
Ine, gördüňmi, selmeligiň neneň gudraty bar. Bu aýalmaly, apalanmaly ösümlik! Dünýäni dyza çökeren Isgender şunuň öňünde dyza çöküpdir. Gudratly ösümlik diňe gudratly toprakda bitýändir! Il içinde selmelige «Isgenderiň altyn almasam» diýilýär».
Atasy bu sözleri telim gaýtalap, agtygynyň beýnisinde ösümlige, ene topraga söýgi döretjek bolardy. «Men häzir ýetmişden agan goja-da, getir ýigrimi bäş ýaşly ýigidi, göreş tutup, arkasyny çaňa bulaýyn, bu güýji maňa daglar, şu ösümlikler berdi» diýerdi. Bu sözleriň hemmesem Jumalynyň gulagynyň ýele ýanyndan geçerdi. Ol elmydama atasynyň diýýän sözlerini parhsyz diňlärdi. Onuň edýän işine-de imrigibermezdi. Atasy bir ýerde horjunyny egninden goýup, dermanlyk otlary ýygyp başlasa,ol eline daş alyp, suwulganlary, hajjyklary daşlardy. Häzir bolsa ol suwulganlaryň, hajjyklaryň çybşyldysyndan gorkup, zähresi ýarylana dönüp gaçyp barýardy.
Atasy diri bolanlygynda Jumalynyň süňklerini owardy. «Dur kezzap, kakaňyň, ejeňiň mazaryny depip-de, nirä gaçyp barýarsyň?» diýerdi.
Gaçmasa, Jumalyda nä çäre! Onuň üçin bu toprak ýanyp duran oda öwrüldi. Otdan gaçmaýan janly-jandar ýok.
«Dur, özüňi aklajak-da bolma! Islendik kezzap özüni aklap biler, ýöne sen özüňi aklama!»
Bu ses şeýle bir güýçli ýaňlandy. Birbada äm-säm bolan Jumaly aýak çekenini duýman galdy. Töweregine ýaltaklap, hiç kese gözi düşmänsoň, ýene-de hasanaklap ugrady.
Daglaryň bahary düzüň bahary ýaly däl. Dag baharynyň gözelligini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Ol gazapdan doly ýüreklerem eretmegi başarýar.
Özgeler ýaly, Jumalam bahary söýýärdi. Burk urýan gülli-gülälekleri şady-horram üçin däl-de, baharda dagdan aşmagyň, mal bakyp ýa-da ýer sürüp ýören gyzylbaşlary ele salmagyň ýeňilligi üçin söýýärdi. Guş-gumursylar ýaly, baharda adamlaram juda sada, ýönekeý bolýar. Töweregiň gözelligimi ýa uzak gyşda kalplarynda baslygyp ýatan duýgularyň birden oýanmagymy, garaz, olar baharda gözli köre öwrülýärdi. Jumaly şu gaçyp barýan ýoly bilen telim gezek, telim gyzylbaşyň elini arkasyna daňyp, öz dogduk mekanyna alyp geçipdi. Soňundanam ol ýesirini uzaklara aşyryp satardy. Bu gün bolsa ol şol ýol bilen öz ýesir alyp agy, gözýaşa gark eden obalaryna pena gözläp gaçyp barýardy. Şonuň üçinem ol burk urýan bahary däl-de, öz öňünde ýaýylgy ýatan mazarystanlygy görýärdi. Güller, güläleklerem ezraýylyň buýr-bulaşyk saçlaryna çalym edýärdi.
Çagaka-da Jumaly bu ýerlerden az ýöremändi. Aşyklynyň eti ýaly sallam-sajak geýimlerini tasadyp, çigildemleriň başam barmak ýaly düýplerini köwläp iýerdi. Olar şirelidi, terdi. Häzir bolsa, çigilldemler Jumalynyň aýagynyň aşagynda mynjarap galýardy. Ýogsam atasy Jumala: «Çigildemi basgylamak uly günädir. Çünki ol şu toprak üçin göreşip ýaradar, bolan jigidiň ýarasyndan daman gan bolmaly. Her damja gandan bir çigildem gögerendir. Soň ol tohumlap, dünýä ýaýrandyr» diýip, telim gezek gürrüň beripdi. Jumalynyň çigildemiň düýbüni köwläp iýenini göräýse-de gaharlanardy. «Çigildem näzik gül, gaty öwsen ýelem, sähel epgegem onuň ýapraklaryny çirkizýär-de, guradýar. Ol gödeklige çydamaýar».
Bir wagtlar ol häzirki dyrmaşyp barýan gaýasyndan daş togarlap oýnapdy. Daş daşlara urlup, dereler gümmürdi bolar durardy. Bu gümmürdiler ýaşlygyň, güýjüň, kuwwatyň aýdymçysy bolup, onuň ruhuny götererdi. Häzir bolsa aýagynyň aşagyndan togarlanyp gaýdýan ownuk daşlaryň şykyrdysy-da zähresini ýaryp, «kowgy eşidäýmesin» diýip, töweregine alňasaklyk bilen garanjaklaýardy.
Demi demine ýetmän, halys ysgyny guransoň Jumaly daýandy. Onuň öň ýanynda biri-biriniň üstüne labyryny atyp duran abyrsyz daşlar aşak togarlanyp gaýdaýsam diýýärdi. Ol ýylçyr daşlara gorky bileň nazar aýlap, demini dürsemek üçin özüni ýere goýberdi. Edil şol pursadam sähel beýlesinde haşyldy eşidip tisginip, bedeni düýrükdi. Alas-gopas bolup haşyldynyň gelen tarapyna seredende, kellesini iki ýana ýaýkandyryp, alkymyny gazap bilen çişiren bilek ýaly kepjebaşy gördi. Onuň düýrlenip başlanyndan özüne tarap atylmakçy bolanyny duýan Jumaly «Olardan gaçanymam besdir» diýip, içini gepletdi-de, eline daş alyp, çök düşdi. Dişlerini gysyp, zarp bilen kepjebaşa tarap zyňdy. Biline daş degip, mynjyran kepjebaş urunýardy, towlanýardy. Agzyny açyp, duşmanyna gazap bilen seredip, oňa tarap süýşjek bolýardy. Onuň bilen başa-baş söweş gurjak bolýardy, ýöne haýp.
Jumaly kepjebaşyň gazapdan doly gözlerine seredip, hihihiläp çalaja güldi. Hahahaýlap, dereleri ýaňlandyryp güljekdi, gorkdy-da, ýerinden turup töweregi ot-çöpsüz ýylçyr daşyň ýanyna baryp, garanyp, diňşirgenip, daşyň üstüne özüni goýberdi. Onuň agzyna gara suw ýygnanansoň ýygy-ýygydan tüýkürinip, her daşyň, her arçanyň, garateňňeziň, kerkawyň aňyrsyndan goly ýaragly adamlaryň zompa çykaýmagyndan heder edip, kellesini pyrlampaja öwrüp, dürli tarapyna garanjaklady.
Jumalynyň atasy arçalary diýseň gowy görerdi, «Mert daragt-da» diýerdi. «Ýel olary şahalaryny döwüp, jomrup, tagaşyksyz edip, pür-pudakdan aýrar. Arça ähdi güýji, yhlasy bilen daşa penje gerip, ýaşaýyş üçin göreşer, täze şaha çykarýandyr. Özem dermandyr-da, ogul. Beýniňe agram düşüp, zeper ýetende, munuň hoşboý ysy gaty peýdalydyr» diýerdi. Goja üçin derman däl daragt, ot-çöp ýokdy. Ähli zat peýdalydy, dermandy. Bir gezek Jumaly atasyna sygyr maçjasyny görkezip ýaňsy bilen: «Ata, şu-da dermanmy?» diýipdi.
«Hawa, oglum, sygyr täze lopbulan pursadynda, ýylyka, iýeni siňişmeýän adam on günläp garnyna ýapsa, şypa tapar gider» diýipdi.
Onuň atasy hortapdy, çeýedi. Biline düşüp duran jowur ak sakgalyny nazara almasaň, ýetmiş ýaşandyr öýder ýaly däldi. Ol «sakgal bilen telpek erkek adamyň namysy bolmalydyr». Ölmelidir, emma şol ikisine hapa ýokdurmaly däldir» diýmegi halardy. Sakgalyna juda üns berýän adamdy. Naharlanmaly bolanda hökman sakgalyny ýaglyk bilen daňardy. Hatda, suw içmeli bolanda-da sakgalyny daňman suw içmezdi.
Jumaly sakgalyny şeýle eý görýän edama başga-da duşdy. Ol gyzylbaşdy. Jumaly ony telim gün aňtap, daýhançylyk edip ýörkä üstüni gapyl basyp, ele saldy.
Bahar paslynda üç günläp kerkawlygyň içinde oturyp, ýer sürüp ýören üç adamy aňtapdy. Biriniň beýlekilerden aýrylyp çykaryna garaşypdy. Iki günläp, olar biri-birinden aýrylman öküzlerini haýdadyp, ýer sürdüler. Üçünji güni olaryň biri entek boý almadyk ýaş çynaryň aşagynda galdy-da, beýleki ikisi iki jübüt öküzi sürüp nirädir gitdi. Jumaly esli salym garaşyp, ýüp iýşip oturanyň ýeňsesinden aýlanyp geldi-de, arkasyna myltyk diräp: «Sesiňi çykarma-da, öňe düş» diýdi. Gyzylbaş ýeňsesini garanda, myltygyň gara nilini görse-de sarsmady.
– «Garry öküz paltadan gaçmaz». Men ýerimden turup oturjak däl, näme etseň şu oturan ýerimde edäý – diýip, ol parsçalap arkaýyn jogap berdi.
Jumaly onuň gasyn-gasyn ýüzüne, jowur ak sakgalyna seredip, özüne gerek haryt däldigine göz ýetirdi.
– Ýanyňdakylar kimlerdi?
– Olar meniň ogullarym.
– Olar haçan şu ýerik gelýär?
Goja Jumala gorky bilen seredip:
– Ýene on günden gelýär – diýdi.
– Ýalan sözleýärsiň!
– Ýalan bolsa, garaş-da göräý.
Bu sözler Jumalynyň degnasyna degdi. Ol gojanyň sakgalyndan çalyp tutdy-da:
– Ogullaryň gelýänçä sen meniň bilen gidersiň – diýip haýkyrdy. Goja sakgaldan onuň elini aýyrjak bolup dyrjaşdy.
– Kesekiniň sakgalyna el ýetirseň bidöwlet bolarsyň, goýber eliňi! – diýip, gyzylbaş özelendi.
– Sen meniň bilen gitmeseň, sakgalyňy ýeke-eke üterin, eşitdiňmi?
– Sen meni nirä alyp gitjek?
– Düş öňe!
Goja ýerindenem gozganmady. Jumaly donunyň goltuk jubüsinden päkisini çykardy-da:
– Gitmeseň sakgalyňy, murtuňy syraryn – diýdi.
Ölümden gorkmadyk gojany bu sözler gorkuzdy. Ol owşanaklap, agraslyk bilen ýerinden galdy-da, Jumalynyň ňsüne düşüp ugrady.
Jumaly kerkawlyga ýetenlerinde gyzylbaşy saklap, ondan ýene sorag edip başlady. Ol ýene öňki aýdanyny gaýtalady. Olaryň ýene on günden alty adam bolup dolanjagyny aýtdy. Jany ýanan Jumaly agaja mazaly sarap onuň sakgalyny, murtuny syrdy-da, elini çözüp goýberdi.
Döşüne myltyk gezelende sandyramadyk goja ysytma tutýana öwrülip, gözlerinden ýaş syrykdyryp:
– Gabahat iş etdiň sen, gaty gabahat iş etdiň – diýip, guma bulaşyp ýatan sakgal-murtuna seretdi. Soňra iki eli bilen ýuzüni tutup esli salym durdy-da, mytdyldap kerte tarap ýöredi. Eden işine jinnek ýalyjagam ökünmedik Jumaly myltygyny egnine atyp. Ýokary dyrmaşyp başlaňda, çirkin sesi hem-de daşlaryň şakyrdysyny eşidip yzyna öwrüldi. Ol gyzylbaşyň özüni kertden oklanyny bilip, ädimlerini çaltlandyrdy.
«Adam garransoň, sakgalyndan başga guwanara zady galmaýar» diýip, içini gepletdi.
Şol wagt oýlanmadygam bolsa, Jumaly soň bu goja gyzylbaş barada köp oýlandy. Oýlandygyça-da atasy bilen ikisiniň meňzeşligini duýdy. Soň-soňlar-a zorluk bilen öz atasynyň sakgalyny syrana döndi. Käwagt eden telek işine ökünip dodagyny dişlän pursatlaram boldy.
Jumaly atasyny çagaka sylamadygam bolsa, ulalanda onuň juda akylly adam bolandygyna göz ýetirdi, ýöne, barybir, onuň ýolundan ýöremegi ejizlik bildi.
Jumalynyň atasy:
– Garyp tapanda iýer, baý islän wagty. Biziň goşumyzy towuga ýükläýmelidirem welin, islän wagtymyz iýýäris. Diýmek, biz baý diýip ýylgyrdy. – Olar köplenç dag otlary bilen iýmitlenerdiler. Kä wagt olaryň saçagynda gapana, duzaga düşen käkilik, turaç ýaly guşlaryň etem bolardy. Käwagt bolsa turaçdyr käkiligiň ýumurtgalaryny alardylar. Ol ýumurtgalar towugyňkydan kiçeňräkdi, ýöne towugyňkydan on bäş esse güýçli bolansoň, atasy Jumala iki ýumurtgadan artyk iýdirmezdi.
Meýdan guşlarynyň ýumurtgasynyň towugyňkydan-da güýçli bolýanlygynyň-da sebäbini bilýärmiň? – diýip, agtygyna sowal berdi. Onuň berjek jogabyna-da garaşman, daňlan sakgalynyň ýaglykdan çykyp duran uçlaryna çöp-çalam ýapyşan bolaýmasyn diýen pikir bilen sakgalyny göterdi. Onuň uçlaryna seredip ýene-de aşak goýberdi-de:
– Sebäp-de käkilik, turaç dag oty bilen iýmitlenýär. Dag oty bolsa güýç-dä. Dag oty derman!
Ol gündiziň güni ýyldyz görjek ýaly, esli wagt gögüne seredip oturdy. Soňra gökdäki ýitigini ýerden tapmakçy bolýan ýaly, ýere seredip, töwerekdäki otlary synlap:
– Bilýärmiň, ot baradaky rowaýatlaryň birinde – diýip dymdy. – Ot barada rowaýat gaty köp – diýip, öňki sözüniň üstüni ýetirdi. – Hawa-da, rowaýatlaryň birinde – diýip, ol ýene-de rowaýatyň yzyny aýdybermän, düwün-düwün barmaklary bilen sakgalynyň ujuny barlady. – Ol rowaýaty men saňa ýene-de aýdyp beripdim.
Agtygy ne «hawa» diýdi, nede «ýok». Sebäbi atasy oňa günde telim rowaýat, telim erteki aýdyp berýärdi. Jumalynyň ýady güýçlem bolsa, olaryň hemmesi ýadyňda durjakmy?
– Dymýaň-da? Dymmaklyk parasatlylykdyr öýdýänsiň. Dym, Çagalara dymmaklyk gowy-da. Meniň ýaly garry üçin dymmaklyk ölüme barabar. Men murda bolýançam gepläp, gulagyňy gazaryn seniň. Bu gadymyýetde bolan zat, ýüzüňi ters sowma, diňle, senem öz çagalaryňa gürrüň berersiň.
Atasynyň «öz çagalaryňa gür berersiň» diýen sözleri Jumalynyň gulagyna gülkünç eşidildi. Ol aşak garap ýylgyrdy,
– Näme ýylgyrýaň? Ýylgyrsaň ýylgyr. Maňa aýtmak lazym – diýip, atasy ýene söze başlady. – Ýedi yklymy özüne boýun syndyryp paç alan bir şa bolupdyr.
Ýedinji yklymyň hany bir gezek paç ýerine bir gysym ot getiripdir oňa, «Munyň näme?» diýip, şa ondan sorapdyr. «Bu meniň size tölejek pajym» diýen-de ýaňky han: «Otdanam bir paç bolarmy?» diýipdir. «Bu otuň gudratyny tamdyra somsa ýapdyryp iýen pursadyňyz bilersiňiz. Şuny iýersiňizem, älemiň ähli otlary size öz syryny aýan eder» diýip, ýedinji yklymyň hany şanyň öňünde tagzym eden. Şa bu syrly oty hyzmatkärlerine-de ynanman, aýalyna beren-de: «Uklap turýançam tamdyrda somsa bişir» diýen.
Şanyň aýaly otdan somsa edip tamdyra ýapan. Ýapan badyna-da somsa küle gaçan. Ýene ýapypdyr, ýene gaçypdyr. Şeýdip somsa küle bulanyp, görer ýaly bolmandyr. «Ah, men maňlaýy gara, muny nädip adamymyň gözüne görkezeýin?» diýip, ony işigindäki ýetimiň öňüňe oklap, etden somsa bişiren. Şa ukudan turup, otly somsany iýeýin diýse, somsa etlimiş. Ol aýalyna. «Hany otly somsa?» diýen. Aýaly bolan ahwalaty bolşy ýaly aýdan. Şa uludan bir ah tartan.
Küle bulanan otly somsany iýen ýetim oglan şanyň çekenelerini bakmak üçin olary öleňlige sürenmiş. Ine, şonda juda geň hadysa bolan. Dürli tarapdan otlar «Men pylan keseliň dermany. Meni ýyg» diýip özelenýärmiş. Zäherli otlaram «Men zäherli otduryn, maňa degme» diýýärmiş. Şol günden ol oglanjyk derman otlary ýygyp, adamlaryň derdine derman edip başlapdyr. Otlaryň dilini bilenligi üçin, ol äleme belli Lukman Hekim bolup ýetişen. Onuň derdini dep eden adamlarynyň sany-sajagy bolmaly däl. Bu gadymyýetde bolan gürrüň. Şonda-da adamlar Lukman Hekimi unudanok. Ýüreklerinde saklaýarlar-da ony. Men bu zatlary saňa aýdyp otyryn. Sen-de bu gürüňlere düşünýän dälsiň. Düşünseň bu sözler şalaryň hazynasyndan-da gymmat. Düşünmeseň nätjek? Bu gürrüňleri özüm bilen alyp gitsem uly günä bolar. Her bir adam bu dünýäde iň gowy zatlaryny goýup gitmeli. Erbetlerini özi bilen alyp gitmeli. Şondan-da adam ölensoň onuň eden erbetligi ýatlanýan däldir. Köp ýaşan bilmez, köp gören biler diýilýär. Köp eşidenem bilmeli. Ömrüňde oty köpräk görjek bol. Ot hakdaky gürrüňleri köpräk eşitjek bol. Ol seniň-de peýdaňa, iliň-de peýdasyna bolar...
Şeýdip, Jumala atasy her otuň, her agajyň döreýşi barada, onuň peýdasy barada gürrüň berýärdi. Her günde-de onuň sözüniň soňy: «Dünýäde peýdasyz zat bolmaly däl, ýöne ony ýerinde peýdalanmagy başarmaly» diýip gutarardy.
Bir gün atasy bilen Jumaly obadan çykyp, daga dyrmaşyp barýardy. Olaryň ýüki ýetikdi. Atasynyň egnindäki ullakan horjunyň iki gözem iýer-içer ýaly zatdan doludy. Jumalynyň egninde bolsa, içi nohutly, tüwüli çalça bardy. Gojanyň öz-özi ýylgyrýardy. Birdenem ol yzyna öwrüldi-de, Jumalynyň üstaşyr alyslara seredip:
– Adamlar ýagşylygy unutmaýar – diýdi. – Gördüňmi, bizi görenden gardaşyna sataşan. Ýaly bolaýdy. Öýüne eltip, öýüniň törüne geçirdi. «Çebiş öldüreýinmi? Çebşiň enesini öldüreýinmi?» diýýär. Häzir, gör, Pilmahmyt ýaly bolupdyr, etli-ganly. Bejermänkäm gören bolsaň, çöpe jan biten ýalydy. Onuň bir aýagynyň damary gatap, ýöräp bilmän otura bolupdyr. Agyra çydar ýaly däl diýýär. Bir nyşansyz gara köpegiň derisini sypyrdyp, azarly aýagyna orap, daşyndanam galyň ýorgan bilen sarap, bir özüni kyrk günläp bir jaýda goýdurdym. Ynha-da, görseň, tut ýaly bolupdyr.
Hiç wagt atasyna sowal bermeýän Jumaly:
– Näme üçin onuň aýagyna bir nyşansyz gara itiň derisini doladyňyz? – diýip sorady.
– Gara itiň derisi beýleki itleriň derisinden zor bolýar.
– Näme üçin onuň bir özüni bir jaýda sakladyňyz?
– Yssyda itiň derisi porsaýar. Burnuňy tutman syrkawyň ýanyna barar ýaly bolmaýar – diýip, goja agtygynyň kalbynda gyzyklanma döredenine begendi.
Birdenem ol egnindäki horjunyny emaý bilen ýere düşürdi-de:
– Goý senem, dynjyňy al – diýdi. Jumaly çalçany horjunyň gapdalynda goýdy. Goja agtygynyň somalyp duran horja çiginlerine seredip:
– Oglum, şa süýji-süýji iýipdir, ýüpek-parça geýipdir. Lukman Hekim-de ýarym aç, ýarym ýalaňaç ýaşapdyr. Şa adamlary bejerip bilmändir, Lukman Hekim bejeripdir. Sen-de indi maňa aýt, Lukman Hekim bolasyň gelýärmi, şa?
Jumaly säginmän:
– Ikisem bolasym gelýär – diýdi. Atasy bada-bat sakgalyndan goluny aýyrdy-da, Jumala uzak wagtlap seretdi.
– Seni gaty mekir ýaly görýän – diýdi. –Ýadyňdan çykarma, ot gyzgyn bolýar, sowuk bolup bilmeýär. Buz sowuk bolýar, gyzgyn bolup bilmeýär. Şa hiç wagt Lukman Hekim bolup bilmez: Lukman Hekim islese şa bolup biler, emma şalygy islemez.
Jumaly edindäki çyrlaň gara daşlary biri-birine tyrk-tyrkladyp urup durşuna:
– Onda meniň şa bolasym gelýär – diýdi.
Gahary geleň gojanyň sakgaly ýel degen ýaly titräp başlady.
– Munyň galat arzuw – diýdi. – Seniň jigeriňde şalyk bolmaly däl. Şa bar-da bolsa, sen ony bogup taşlamaly. Sen öz jigeriňde diňe Lukman Hekimi saklamaly. Şa bolmak üçin gazaply bolmaly. Gylyjyňdan gan damyp durmaly. Lukman Hekim bolmak üçin adamkärçilikli bolmaly. Şa gylyç bilen bedenleri paralaýar, Lukman Hekim paralanan bedenleri bejerýär. Gylyç göterip, ynsan bedeniňi paralaýanlar sensizem tapylar. Sen paralanan bedenleri bejermeli. Görýäň-ä, men-de indi garran. Çykan eli, aýagy ýerine salmaga güýjüm ýetmejek bolýar, çaltrak ulal.
Şol gürrüňden soň üç-dört günläp gojanyň ugry bolmandy. Ol şol günleriň dowamynda Jumala ýekeje ertekem, ýekeje rowaýatam aýdyp bermedi. Atasynyň gyzykly gürrüňlerine öwrenen Jumaly häli-şindi onuň sakgalyny sypalap gürrüňe başlaryna garaşdy. Gojanyn welin ýüzi dumanlap durdy.
Jumaly ulaldy, emma atasynyň ýolundan gitmedi. Ol ömründe ýeke gezegem syrkawlamady. Atasy bedenini berkidensoň, dünýäde tebibiň geregi bardyram öýtmedi-de, şalara, hanlara gol ýapyp, kalbynda zalymlygyň kök urmagyna ýol berdi. Başyň asmanda wagty aýagyň ýerdedigi ýadyňa düşmez ekeni. Gerdeniňden agyr ýük-basyp, bilini birazajyk bükende başyň eglip, aýagyňy görýän ekeniň. Jumalam aýagyny, onuň duran ýerini indi gördi. Ýöne indi giç, kelläňi daşa ursaňam hiç zady düzelmez. Indi Jumala bu toprakda orun bolmaz. Ýat ýerlerde ýat adamlaryň dilini diňlemeli bolar. Ol ýat dili neneňsi ýigrenýärdi. Iki sany pars gepleşende, edil iki adam biri-biriniň ýüzüne palçyldadyp laý bilen urýandyr öýderdi.
Bu dil onuň gulagyna gödek eşidilerdi. Gowy sözler juda erbet äheňde aýdylan ýaly bolardy. Ynha, indi şol keseki dili diňläp, keseki dilinde gürlemeli.
Keseki dilinde gürletseler gürlärsiň. Seniň gan çaýkan öýüň bir däl, telim. Şol ýüregi kitüwlileriň biriniň seni görmegi, tanamagy mümkin. Onsoň boýnuňy kementde biläý...
Keseki topragyna ýetýänçäňem iş bar. Söbügiňi sydyrdyp gelýän adamlardan başyňy gutarmaly entek!
Saňa keseki topragynda ykmagyň miýesser etmezligi mümkin, Jumaly!
Seriňi dik tut, Jumaly! Ol toprakda-da daş deşen ýigitler azam bolsa, tapylar. Ilki iki-üçüsine baş bolsaň, soň bu sany on bäş-ýigrimä ýetirse bolar. Şeýdip, şeýdip serdar, han bolaýmagyňam ahmal,
Bu süýji hyýal Jumalyny gylawlandyrdy. Şol wagtam düýe ýaly çöküp oturan ýylçyr daşyň üstünde käkilik boýnuny uzadyp-uzadyp saýrap başlady. Onuň sesi şeýle bir ýitidi, şeýle bir joşgunlydy, Jumalynyň tutuş bedenini düýrükdirdi. Serdarlyk, hanlyk baradaky pikirler uçutdan gaýdan daş ýaly boldy.
– He-he-he-he-he-he...
Owadan saýraýan bu owadan guşa Jumaly gazap bilen seretli,
– Ah, sen ýigrenji, maňa hahahaýlap, nirededigimi duşmanlaryma bildirmekçi bolýaňmy? Kes sesiňi!
Käkiligiň sesi gaýta beter bat alýardy. Onuň sesi derelerde ýaň berip, tutuş töwerek gülýärdi. Ol gülkä tutuş töwerek titräp, gaýalaryň güwläp gaýtmaýşyna Jumaly haýran galýardy.
– Ha-ha-ha, «serdar» boljakmyş, «han» boljakmyş, muňa serediň!!! Han-a han, sen indi meniň topugymça-da ýok, Jumaly ýogsam sapançaňam bar, at-da, atanyňy göreýin! Sen ejiz, sen gorkak! Sen indi bizi gazanda gowrup bilmersiň!!! Indi seniň eliňde bizi aldaýan perde hiç wagt bolmaz! Bolmaz!!! Ha-ha-ha...
– Bolar! – diýip, Jumaly dişlerini gyjyrdatdy. –Men siziň tohumyňyzy tükederin! – diýip, käkilik uçup gider ýaly elleri-ni kelemenletdi.
Käkilik uçmady. Gaýta onuň sesine başga. käkiliklerem goşuldy.
– Seniň öz tohumyň tükener, Jumaly. Gowulyk gül döredýär. Erbetlik tiken. Tikenem aýlanyp-öwrülip, ahyr-da özüni döredeňin kalbyndan girýändir, Jumaly! Muny saňa ataň bir gezek aýtmady, telim aýtdy! Ha-ha-ha. Ýüzüne dürli reňkli gyrkyndyly matalar tikilen ullakan perde bilen sen bizi kezzaplyk edip aldardyň. Gyşyň güni açlygymyza çydaman dürli reňkli matany gülli-gülälekli meýdandyr öýdüp, oňa tarap uçup gaýdardyk. Ol perdäniň aňyrsynda seniň gizlenip duranyňy biz nireden bileli ahyryn. Sen kä wagt perdäni gymyldadardyň. Şonda biz perdäniň gülli-gülälekli meýdandygyna has ynanardyk. Şol meýdanda hezil edip gök otlaryň arasynda ýaýnamak üçin iň soňky güýjümizi orta goýup eňerdik. Birdenem tüpeň gümpüldärdi. Bir okda bäş-onymyz serlerdik.

(Dowamy bar)...

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Atageldi Garaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: