06:05
Meni ýere düşüriň...

MENI ÝERE DÜŞÜRIÑ

Meni ýere düşüriň.
Gökdäkiler düşünenok
Ahwalyma...
Ganyma
galaýmasyn päk asman...
Goý,
agydan,
pygandan,
ahmyrdan,
ölen umytdan,
çalajan arzuwdan,
dertden gerk-gäbe bolan
zemin alsyn janymy...
Zemin maňa gaty gowy düşünýär:
ejiz ýerimi,
eziz ýerimi bilýär ol...
Belki, meň ganyma galyp,
Indi müdimilik zyňar asmana...

Sapa HOMMADOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Мylayym   [Материал]
Goşgyny owadan rejeleşdiripsiň. Formasy göze ýakymly görünýä. Dowamly bolsun!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: