17:55
Pul pyrlampajy

PUL PYRLAMPAJY

Bir kiçijik şähere pulluja jahankeşde gelipdir. Ol myhmanhananyň hojaýynyna 100 dollar girewine goýup, myhmanhanadan özüne otag saýlanmak üçin ýokarky gata galypdyr.
Myhmanhanaň eýesi wagt ýitirip durman, 100 dollary alypdyr-da, gassabyň ýanyna ylgapdyr. Barybam oňa özüniň öň nesýe alan eti üçin bergisini beripdir.
Gassabam haýal etmän, daýhanyň ýanyna ylgap, oňa özüniň ondan nesýesine alan sygyr eti üçin bergisini üzlüşipdir.
Daýhan şol pul bilen ulag bejeriji ussanyň ýanyna baryp, oňa öz ulagyny abatlap berendigi üçin bergisini töläpdir.
Ussa azyk dükanyna ýumlugypdyr-da, dükanyň eýesine nesýesine ýazdyran harytlarynyň bahasyny töläp gaýdypdyr.
Dükanyň eýesi myhmanhana baryp, özüniň aýaly bilen myhmanhanada nesýesine dynç alan günleri üçin bergisini üzüp gaýdypdyr.
Şol pille jahankeşde yzyna dolanyp, myhmanhananyň otaglaryna göwnüniň ýetmändigini aýdypdyr-da, hojaýyndan girewine goýan 100 dollaryny alyp, çykyp gidipdir.
Netijede bu şäherçäniň birek-birege bergili adamlarynyň hiç haýsy hiç zat gazanmasalar-da, biri-birine bergili bolmaklaryn-a bes edipdirler.


Çeşmesi: http://www.orator.ru/pr_3.html. 21.08.2020ý.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 133 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Мylayym   [Материал]
Beh, estafeta oýny oýnalypdyr-da onda?! )

0
1 Dunyagozel   [Материал]
Geň… wink

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: