22:27
"02 diñleýär"
«02 DIŇLEÝÄR»

Garaňky çalt we duýdansyz gatlyşdy. Haçanda milisiýanyň Daşhowuz şäher bölüminiň naçalniginiň kabinetindäki sagadyň dilleri giçki sekizi görkezende eýýäm daşary tümlükdi.
Dartgynly iş güni yzda galypdy. Şäher ony baýramçylygyň öň ýanyndaky aladalar bilen geçiripdi. Altynjy noýabr tamamlanyp barýardy...
Gazetiň fotohabarçysy Marat Mätýakubow ikimiz bu gijäni şäher milisiýasynyň nobatçylyk bölüminiň ýanynda hereket edýän operatiw-derňew topary bilen geçirmelidik.
Milisiýanyň 02 gullugy nämäni aňladýar? Obrazly aýdylanda nobatçylyk bölümi milisiýanyň başlanýan ýeridir, ýokary söweşjeň taýýarlyk organydyr.
Bir wagtlar nobatçylyga dynç alyş hökmünde gelýärdiler. 02 diňe hadysalary hasaba almak bilen meşgullanýardy. Ýöne ýetmişinji ýyllardan başlap, ol hakyky öz bolmalysyna öwrüldi, sosial tiz kömek funksiýasyny ýerine ýetirip başlady. Narýada gidýän milisiýa işgärleri diňe bolan hadysalary ýazga geçirmän, eýsem jenaýatyň öňüni hem almalydylar.
Nobatçynyň gerdenine ýeňil bolmadyk jogapkärçilik düşýär. Ol sözüň doly manysynda hakyky adam bolmaly. Dürli sebäplere görä emele gelýän maşgala oňuşmazlyklaryna getirýän çylşyrymly durmuş meselelerinden oňat baş çykarmagy başarmaly. Sebäbi milisiýa köplenç betbagtçylyga uçran adamlar jaň edýärler. Dogrusyny aýdanyň-da, tersleşen goňşulary ýa-da är-aýaly ylalaşdyrmak agyr jenaýatyň üstüni açmakdan ýeňil däl.
Nobatçylyk bölümindäki telefon apparatynyň reňki garady. Operatiw nobatçy, milisiýanyň maýory Rejepbaý Döwletow muňa üns berendigimizi duýdumy, nämemi:
– Bu bir tötändik. Umuman aýdylanda bolsa, şu telefondan gowy habarlara garaşamyzok – diýdi.
Noýabryň altysyndan ýedisine geçilýän gije bölümde milisiýa işgärleriniň on dördüsi nobatçylyk edýärler. Ählisi-de baýramçylyk eşiginde. Olaryň arasynda sülçi-de ekspert-kriminalist-de, jenaýat agtaryşyň we BHSS-iň operupolnomoçennylary-da, uçastok inspektorlary-da bar.
Gara reňkli telefon apparaty dymýar. Köçeler çolalyk. Häzir bolsa bu köçeler ertirki adam akymyna garaşýar. Häzirlikçe ýekde-seýrek geçýän maşynlar, gijiräk ýola çykyp, taksilere el galdyrýan ýolagçylar diýäýmeseň, töwerek ümsümlik. Nobatçy bölümde gulluk edýän milisiýanyň ofiserleri bu gije ýatmazlar...
Gara reňkli telefon apparaty duýdansyz jyňňyrdady. Şobada hem «Maşyna!» diýen komanda ýaňlandy. «Pagtaçy» restoranynda birini urupdyrlar.
Restoranyň foýesindäki adamlaryň ýüzlerinde aljyraňňylyk, düşünişmezlik duýulýardy. Üsti baýramçylyk tagamlary bilen bezelen stol bir gapdala agyp ýatyrdy. Hemmeler bir adamyň töweregine üýşüpdirler.
– Milisiýany kim çagyrdy? – diýip, biziň bilen gelen nobatçy duranlara ýüzlenýär.
Birdenkä-de biziň nazarymyz ýaňky ejir çekene düşýär. Ol aýagynyň üstünde zordan durdy. Baýramçylyk kostýumy, ak köýnegi gana boýalypdyr. «Näme bolduka?» Wakanyň jikme-jikleri anyklanylyp ugraýar.
Moskwadan gelen turistler restoranda agşamlyk edinýän ekenler. Olaryň biri çilim çekmek üçin restoranyň eýwanyna çykypdyr. Soňra näme bolandygyny ýadyna salyp bilenok...
Milisiýanyň «UAZikleri» wagt ýitirmän, ýaşyl yşyklaryny işledip, goňşy köçelere tarap ýola düşýärler. Moskwaly turistlerden bolan meýletin kömekçiler hem bize goşulýarlar. Ejir çekeniň özi bolsa dessine trawmatologiýa punktuna ugradylýar.
«Ýunost» kooperatiw wideosalonynyň ýanynda mähelle göze ilýär. «UAZikler» gaçmak mümkinçiliginiň öňüni kesip ýaş-ýeleňleriň töweregini iki taraplaýyn gurşap alýarlar. Olar 10-12 ýaşlaryndaky ýetginjekler bolup, «Ajdarhanyň ýoly» diýen daşary ýurt filmini görmäge gelipdirler. Görnüşi ýaly, güman edilýänler olaryň arasynda bolmaly däl.
Howlukmaç arada kooperatorçy Haitbaý Öwezmetowdan filmiň näme hakyndadygyny soramaga ýetişýärin.
– Uruş-jenjel hakynda – diýip, ol aýdýar – karate.
Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça inspektoryň hem ýanymyzdadygyna garamazdan, gijäniň bir wagty çagalara şeýle filmleriň görkezilmeginiň nädogrudygyny düşündirmäge wagt ýok. Biz jenaýatçylary gözleýäris.
Maşynlar köçelerde at salýar. Nirededir bir ýerde kimdir biri özgäniň pullaryny gana boýalan elleri bilen sanaýan bolmaly.
Maşyndaky rasiýa janlanýar. Nobatçynyň tanyş sesi eşidilýär:
– Sungat uçilişesine tarap ugraň, ol ýerde uruşýarlar.

«Pagtaçy» restoranynyň ýanyndaky huliganlaryň gözlegini bolsa başga bir maşyn dowam etdirýär. Biziň «UAZigimiz» ýaşyl çyrasyny ýakyp-öçürip, gabat gelen maşynyň sürüjisine «Bize ýol beriň!» diýip habarly edýär. Maşyn hat-da swetoforyň gyzyl çyrasynda hem säginenok. Her minut hasaply.
Milisioner – sürüji B.Soltanmyradow maşyna ussatlarça erk edýär. Öwrümden aýlanan batlaryna hem milisionerler uçilişäniň deňine ýetip gelýärler. Ine-de uruşganlar.
– Urşy kim başlady?
«Sekizligi» gözüne geýdiren serhoş garşylyk görkezmekçi bolýar:
– Doganjan, eliňi çek!
Uçilişäniň okuwçylary adatdan daşary zat bolmadyk ýaly, ýaňkyny goramaga çalyşýarlar. Uçilişä jaň eden şu okuw jaýynyň mugallymy:
– Goýsaňyz-la, ony bagyşlaň, urşa baryp ýetmedi ahyryn – diýip, uludan dem alýar.
Edil şol wagt hem Wokzal köçesiniň golaýynda goňşularyň arasynda tersleşik başlanýar. Bu ýerde hem içgili gahrymanlaryň biri goňşy, aýaly gorkuzmak isläpdir. Jenjel bir gysym gury samana ot degen ýaly, şol salym ýatyşdy. Nobatçy bölüme gitmek teklip edilende ýaňkylar dessine bir-birlerini bagyşladylar. Ertir baýramçylyk ahyryn.
Biz bolsa baza dolanyp geldik. Rasiýa dymýardy.
...Eýýäm wagt ýarygijeden geçdi. Şäher süýji ukuda. Diňe milisiýanyň nobatçy bölüminde yşyk ýanýar. Milisiýa formasyndaky oglanlar uly alýumin çäýnegiň töweregine ýygnandylar. Derjigip Duran gök çaýly stakanlar elden-ele geçýär. Argynlygy şeýdip aýyrmaly, çünki postda uklamak bolanok.
Telefon apparaty dymýardy. Munuň ertire çenli seslenmejekdigine kim kepil geçip biler? Belki, häzir kimdir biri tolgunyp, howsalaly sanlary aýlaýandyr. Oglanlar bolsa her minutda muňa taýýar. Olaryň gullugy şeýle.

Şöhrat MÄTWELIÝEW.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 68 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şöhrat Mätweliýew | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 Dunyagozel   [Материал]
Düşnükli. Sag boluň @Bagabat agam smile

0
1 Dunyagozel   [Материал]
BHSS / «UAZikleri»
näme bolýaka? wink

0
2 Gurgencli   [Материал]
Sowet döründäki ýük ulagy. Häzirki wagtdada bar

0
3 Bagabat   [Материал]
BHSS - Отдел борьбы с хищениями социалистической собственности - ОБХСС ýa-da has gysgaldyp - БХСС. Häzirki döwrüň dilinde aýdylanda - Ykdysady jenaýatlara garşy göreş bölümi bolýar.
UAZ ýa-da UAZik diýlende - Ульяновский автомобильный завод (УАЗ) kärhanasynyň önümi bolan awtoulag serişdesi şeýle atlandyrylýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: