22:15
Ynsabyñ jezasy -12/ romanyñ dowamy
ON IKINJI BAP

Ýeňiş Kostýaňam, owadan gelin Roza hanymynam agzyny ysgap gördi, barybir ogurlanan puldan derek tapmady. Ýöne Kostýa öz ülpedine ynanany üçinmi, ýa Goç bilen öňden arasynyň bolany sebäplimi, ýaşyr-ýuşur etjek bolmady. Puly ogurlanlaryny boýun aldy. Kimdedigine, nirededigine gezek gelende welin, dişini gysdy. Roza hanym bolsa altyn dişini ýaldyradyp, başyny ýaýkady.
– Olar ýaly elpe-şelpeligiň bizem bir gyrasyndan görünsek, şu döwlen jäjemleri ýygnap ýörjekmi? –  Owadan gelin ak guşa döndi.
Goç welin, şänik döwen ýaly etdi oturyberdi:
– Ine, pul, Ýemşik! – Ol birden ülpediniň bir mahalky lakamyny gaýtalady. – Ana-da, ýol! – diýip, asmandan uçup barýan samolýoty görkezdi.
Ýeňşem töwekgellikde Goçdan pes oturmady.
– Maksat?
– Çagşan arabany, paýtuna öwürmek.
– Pul kimiňki?
Başam barmak Goçuň çöpürli kükregine uzady. Ýeňiş ýene-de nämedir bir zat diýmek islände, Goç ondan öňürtdi.
– Galan zady soramasy ýok.
– Gümürtik.
– Nämesi?
– Getirmeli zat.
– Del haryt getirmeli.
– Nireden?
– Gamyş köpri bardyr. Hojaýyn bilen garynja gatnaw bozulan däldir.
– Yrga.
– Töwekgeliň endişe bilen işi ýok.
Ýeňiş petde-petde puly yzyna süýşürdi.
– Öýden çykyp, öýe düşesim gelenok.
– Sen nire, soňuny pikir etme nire? Seňki diňe getirmek, galany bilen işiň bolmasyn. Ýeňiş, biziň öňümizde duran zat şü: her etmeli, hesip etmeli baýamaly! Düşünýärmiň, baýamaly! Birwagtkydan oba göçdi. Ýeňil-elpaý, ownuk-uşak zatlara burnuňy sokup, agzyň ýagjaranok. Gaýta syrtyň iki esse bükgüldide. Saňa gönimden geleýin. Maýa bar, üstüni ýetirmeli. Kart diýdik, şert diýdik, kelle göçdülik edip, ýok ýerlerden çykdyk. Beýdip aljak galaň ýok. Ursaň lomaý urmaly. Ogurlykda iňňe-de bir, düýede. Gözden düşmän, hereket etmeli. Juda gözçykgynçylyk etmeseň, duzaga düşeňde-de sypmak mümkin. Kost gidip-geldi, hiç neneň däl.
– Ýene Kost goşulýamy?
– Bu gezek Marat ikiňiz.
– Ýoly belet çapar.
– Zol-zol bir adamyň gidip-gelmegi hatarly. Göze ilginç bolaýmagy ahmal.
Her niçigem bolsa, Ýeňiş ýaýdandy. Çykgynsyz ýagdaýa düşüp, gözlerini tegeledi. Näderini bilmän, uludan-uludan dem aldy.
– Bir ýanyň demir gözenek, bir ýanyňam ähli zadyň sakasy pul. Haýsyny saýlamaly? Iş şunda.
– Meňki-hä şü: bir manady iki etmek.
– Ol-a şeýledir welin...
– Maýa bolup uzak ýaşanyňdan, ner bolup az ömür süreniň gowumyka diýýän.
– Belki, biri birinjisine höwesekdir.
– Ana, ol ýaşaýyş däl. Ýaşasaň ýaşan şekilli ýaşa,
Ýeňşiň oýurganýanyny gören Goç üstüne süründi.
– Näme netijä geldiň?
– Göwrümime geňeşeýin. Puryja ber.
– Haçana deňiç?
– Ertir günüň dogary.
Goç sagadyna seretdi.
– Häzirem ýerli wagt bilen bäş. Ýagş-y-y!
Ara biraz dymyşlyk düşdi. Ortadaky puly Goç kisesine saldy. Ýeňiş oňa gabagynam galdyrmady.
– Rozanyňka gidelimi? Iş güni däl. Öýündedir.
– Sen-ä keýp çekersiň, menem size seredip oturaýynmy?
Goç hoşamaý ýylgyrdy.
– Isleseň...
Ýeňiş kellesini ikibaka yralady.
– Ýok, islämok. Ýöne Senemi göresim gelýär.
– Se-ne-mi?!.
– Näme geň galdyň?
– Ýadyma düşdi.
Emma Ýeňşiň diline gelen Senem bolsa-da, göresi gelýäni Aýperidi. Näme üçindir «Aýyň» yzyna «peri» goşulman, ýene «Senem» bolaýdy. Muňa özem haýran.
Goç şakyrdawuk ýigrimi bäşligi Ýeňşiň haýyna-maýyna garaman, jübüsine dykdy.
– Gözel göwnüň. Men gijräk gelerin. – Ol çykjak bolup durka: – Täze penjegiňi geýgin –  diýdi.
Ýeňiş köçä çykyp, bimaksat aýlan-çaýlan etdi. Soňam telefon butgasyna girip, tanyş nomerini aýlady. Trubkadan Aýperiniň sesini eşidip, esli salym sedasyz durdy. Garşy-garşy gaýtalanan soraga jogap bolmansoň, uzyn-uzyn guguldy eşidildi. Ýene jaň etmäge hyýallandy-da goýbolsun etdi. Näme-de bolsa, ýüregi az-kem teselli tapdy. A belki, naçar kalbyna ot berendir! Aýperiniň şo-ol ýakymly, tanyş sesi ýigide ruh berdi. Pahyr «Kimsiň?» diýip, özelenmek özelendi. «Men Ýeňiş» diýäýen bolsa, tolgunyşyny onsoň görerdiň. «Tanatmanym gowudyr». Ýogsam hasam ser-sepil bolardy. Ýeňiş Aýperini göz öňüne getirende, adyny agzanda özünde bir heser duýdy. Ol seriniň söwdaýa düşüp ýörenini alamatlandyrýan hesretmikä ýa yşkyň ýeser alymyka? Şu ýaşda durlanmadyk başa kyrkda-da pylan diýip bolmaz. Aýperini nähak köseýän bolaýmaýyn!.. Onuň pikiri indi Aýperiden bölündi-de, öz-özüne syrykdy: «Diş-dyrnak bolup gazanylan pul. Köpükme-köpük ýygnajak bolsaň, azap ýamanyny beräýmezmi? Maradyň nähili adamdygyny näbilýäň. Her ädimde gorpa itiberjek ýaly bolup dursa, bildiňmi? Goçdan çekinmesine öler ýaly çekinýär. Ýöne eline pul düşerligi ýokmuka diýýän. Onuň dünýäsi Goçuňkydan büs-bütin başga. Ýeňles gyzlar bilen keýp çekip, gijesi-gündizi şagalaňly geçse, bolany. Ertirini gaýgy edýän ýigit däl. Iýmeli, içmeli, gezmeli. Kostýa onuň ýaly däl, geň adam. Bir görseň-ä dünýäni suw-sil alsa-da topugyna çykmajak adama meňzeýär. Bir görseňem, aýlap gazananyny ýeke günde sowup yzyndanam öküner. Soň welin hepdeläp agzyna almaýan mahallaram gyt däl. Dek düýn näme, biz-ä garym-gatym götersek ol limonad owurtlap, içgini ömür agzyna almaýan adam bolup otyr. Hüýli diýseň, hüýli. Onuň tabyny bilmek kyn. Nämä ýykgyn edýänini Alla bilsin. Ýöne pul nirede, pul! Çatak zat şu».
Ýeňiş başyny agyrda-agyrda çagşyk pikir odunyny belli bir ýüpe çykap bilmedi. Ýene-de çöplenmeli jagrama çöplenmän galdy. Ertirem uzak däl. Ýene Goça näme jogap berjegini saldarlady. Belli bir netijä gelmänem töwerek-daşyny gurşan tüm-garaňkylyga siňip, ädimini ýeňil basyp, nirädir sumat boldy. Gijäniň birwagtlary ýarym serhoş halda yzyna köwlenende, henizem Goç gelmändi. Ýöne ertir irden oýananda, Goç eýýäm ertirlik edinip otyrdy.
– Güni üstüňde dogurmaly däl-de, Günüň dogşuny görmeli – Goç sözüni gutaryp-gutarmanka Ýeňiş ör galdy. Beren möhletimden gijä galaýdymmykam öýdüp gorkdy. Hernä entek Gün dogmandy. Goç ony ýa gepiň gerdişine görä aýdypdy, ýa-da düýnkini ýaňzytdygydy.
– Agşamky gürrüňiň ertirden soň üýtgäýmesem bardyr. Düşdüň.
– Ýok. Men taýyn.
– Diýmek, bu günüň düýnki günüň dowamydygy ýene bir gezek subut edildi.
– Sen ýa durlapsyň, Goç!..
– Ýa-da?!.
– Akyl satjak bolýaň diýýärmiň?
– Pelsepe.
– Adam kämillige baransoň, hereketden akyla köpräk gulluk edýän bolsa gerek.
–  Biçem-ä däl.
– Onda näme! – Goç kisesinden gapjygyny çykardy. Iki bileti stoluň üstünde gütüledip goýdy.
Ýeňiş geň galdy.
– Eýýäm biletem aldyňmy?
Goç soraga sorag bilen jogap berdi.
– Sen nä şefiňe näbeletmi?
– Gidiljegini nireden bilýäň?
Goç daşdan aýlady.
– Keseki köp zadyňy özüňden öňürti duýýar. Ha göz äşgär edýär, ha ýürek.
– Juda beýle hem däl. Anyk meselä geçdik! – Bu gezek Ýeňiş Goçdan öňürtdi.
Goç stoluň üstündäki odur-budur gap-gaçlary sag eli bilen bir gapdala syryp goýberdi.
– Geç bäri.
Ýeňiş Goçuň gapdalyna geçdi. Biletleri, pasportlary eline aldy.
– Uçmaly wagty.
– 3.30.
Soňra Goç düýnki petde pullary bu saparam arada goýdy.
– Näçe?
– Iki.
– Az.
– Az bolmaz. Bu-da Maradyňky. Bir müň.
– Sowalga?
Goç sowalgany aýratyn uzatdy.
– Ýöne juda hatyrjem bol. Äwüp-säwüp, ele düşseň, näme berip sypmalam bolsa syp. O-da bolmasa, yzyňa adam tirkemesi ýok. Men başa iş düşendäniň gürrüňini edýän.
– Düşnükli.
– Boýag, ýüpek getirmeli.
– Adres.
– Puşkin, 102-nji jaý.
– Parol?
Goç paroly jikme-jik düşündirdi. Ýeňiş ýatda galsyn üçin gaýtalap-gaýtalap sorady.
– Boldumy?
– Şondan soň kabul ederler.
Ýeňiş dodaklaryny müňküldedip ýene içinden gaýtalady. «Ötegçä ýol salgy ber atam». «Geliş nireden? Nusaýdan», Siz «Kimlerden» «Ýylçyrlardan».
– Ho-op ýagş-y-y!
– Çakgydan başga ýarag götermäň. Onsoňam, Maratdan esewan bol. Her ädimini gözden salma. Gyssagyňyz özüňiz bilen. Gaýtalap aýdýan, bardy-geldi, kyn ýagdaýda puldanam, harytdanam geçip, ilkinji nobatda başyňyzy gutaryň. Ele düşseňiz, adam satmasy ýok. Men sizi tanamak, sizem meni. Düşdüň!
– Düş-nük-li-i!
– Öz aýbyňyzy özüňiz açmaň... Özüňizi giň göwrümli alyp baryň. Hiç kim güman etmesin.
– Eşitdim.
– Ugratmaga-da barman, garşylamaga-da çykman. Öz günüňizi özüňiz görersiňiz. Eger göz astyna alynsaňyz, hökman çykalga agtaryň. Bilet alanam bolsaňyz, reýsini üýtgediň, ýagşymy?
– Ýagşy.
– Häzir Marady alyp, magazinden iýer-içer ýaly zat iberip aňryk işe gitjek. Aman gidip, aman geliň. – Goç Ýeňşiň elini pugta gysdy. Soňam: – Marat! – diýip gygyrdy. Marat häzir boldy.
– Hä, näme?
– Yzyma düş.
Emma Goçuň gara gaýgysy Maratdan oduk-buduk ibermek däldi. Ol Ýöne bahanady. Ýola düşensoňlar, ol Maradyň gulagyna guýdy.
– Ýeňşiň her ädimini gözden salma. Adamyň içini bilip bolmaz. Esewan bol. Birden o pul bilen, o haryt bilen ýok ýere galybermesin. Düşdüň. Saňa berk tabşyrdygym bolsun. Gelşiňe baryny jikme-jik aýdarsyň. Sylagyňy özüm ýetirin.
Ýola düşensoňlar Marat ýygy-ýygydan degre-daşyna ýaltaklap ugrady. Gidip barýarkalaram tiz-tizden jübüsini barlady. Ynjaldy öýdýän. Pul ýerinde bolara çemeli. Onuň gorky damarynyň tirpildeýşine, häli-häzir aljyrajak bolşuna Ýeňşiň nebsi agyrdy. «Muň-a öz-özem äşgär etjek» diýip oýlansa-da, daşyna çykarmady. «Entek dalanyp görmändir. Gyzgyn süýde agzyny bişirip, awunmandyr. Kowdum-gaçdym pursatlara uçranynda näderkä? Ýüňsakgal edip otursa...»
Emma Maradyň welin, etjegi içindedi. Töwerekdäki gözlerden howpurgasa-da öz ýoly bilendi. Iki adam bäri garap geplese-de, müýnürgeýärdi. Herhal, gözüniň nyşanasy gapdalyndaky Ýeňişdi. Ýeňiş öňe düşse ýazzyny beräýjek ýaly, yza galsa, ökje ogurlaýjak ýaly bolup görünýärdi. Muny ilkinji ädimlerden özi mälim etdi. Dogry, Ýeňiş oňa ilki ähmiýetem bermedi. Ýöne sähel eýläk-beýläk sypynsa, özüne tiňkesini dikip durmagyny halamady. Gaýrarak çekilse gypdyklap geldi. Onuň bu hereketleri ýasamady, göze ilginçdi. Goçuň oňa berk tabşyryk berenine Ýeňiş şu ýerde güman etdi. Ýogsam, Marat kim, gözlerini öz ýoldaşyna aňtawa salma kim? Ýeňiş her niçigem bolsa, janyny barlap görmek üçin, aeroportuň tegelek «Garbanyşhanasynyň» işiginde aýak çekip:
– Elli-elli goýberelimi, Marat? – diýdi.
– Bolmaz.
Bu söze Ýeňiş neden pyňkyrypdy. Düýn näme diýilse, «lepbeý» diýip duran adamyndan, onda-da ýasamalyga garaşmaýan adamyndan beýle sözi eşitmek, elbetde, geňdi. Maradyňam ony zordan özüne basalyk berip aýdandygy agyz ulagyndan mälimdi. Her zadam bolsa, ol ýekeje söz Ýeňşi geňirgendirdi. «Adamlar näme üçin beýle çalt üýtgeýärler? Adamy kär, wezipe, maşyn, stol tebigylygyndan daşlaşdyrýar diýenleri hakykat bolsa gerek. Düýn pyýadaja gatnap ýöreni bu gün maşynly görseň, hondan bärsi. Näme üçin düýn-öňňin kiçi wezipedäki ýokary çekilse, öňki tabyny saklap bilenokka? Elbetde, hemmesi däl, Ýöne bar. Ýeri, Marat, saňa nämä gerek! Bir bolşuňy sakla-da ýör-dä! Öz gylyk-häsiýetiňden çapraz düşýän zady etjek bolmak, işdäň almaýan tagamyna zordan el uzatmak dälmi?».
– Öz-ä işdä açarlyk ediniläýse!..
Marat gultundy. Ýeňiş bolsa ony içesi gelip aýtman, ikinji gezek synamak isläpdi. Ýoldaşy «ýör» diýen terz- de kellesini kafe bakan burdy. Bu-da Marady has ýetik tanamagyň üstüni ýetirdi. «Şeýle adamlar bar, olary yrmagam aňsat, maksadyndan döndermegem. Plastilin ýaly olardan näme ýasaýyn diýseň, ýasabermeli. Ýeri, şuş-şu mahal-a däl diýdiň, indem razy. Şeýle tipler gorkunç, gaty gorkunç. Olara jan ynanmak mümkin däl, syram. Sähel salymda ýüzügara etjekler. Gedem, öz diýenli, tekepbir adamlardan gorkasy iş ýok, gama kimin agyp-dönýän iki ýüzli, iki sözlülerden hatyrjem bolmaly.
Ýeňiş aňyrsy almasa-da, özi teklip edeni üçin, çakyrdan püre-pürlenen stakany Marat bilen götermeli boldy. Marat içgiň yzyndan kotleti agzyna atyp:
– Gözüm ýerine geläýdi – diýdi.
Samolýotyň uçmagyna entek wagt bardy. Adamlar gaý-gaýmalaşykdy. Diktorlar gezek-gezegine rusça-türkmençe niredendir bir ýerden samolýotyň gelýänini habar berse, nirädir bir ýere ugramakçydygynam duýdurýardylar. Köw-söw eden Ýeňişdir Marat çaýhananyň sekisinde dyz epdi. Ýeňiş ýoldaşynyň özünde şübhe döretmezligi üçin bilet bilen pasportlary oňa uzatdy.
– Näme?
– Sende dursun.
– Sende duranda näme?
– Gaçyrarynmy-zat ederinmi?
– Bolýa-da.
Ýeňiş ýüzüni gamaşdyrdy, gözüni-gaşyny çytdy. Bükülibräk aýak üste durdy.
– Näme bolýa saňa?
– Içim towlaýa.
– Ýaňky çakyrdandyr. Çakyry içmän-içmän içseň, şeýdäýýär.
Ýeňiş Maradyň elindäki gazetden bölek ýyrtdy. Bilgeşleýin ýaýdanjyrady.
– Gidiber, gidiber.
Aýakýoluna giden Ýeňşiň garasyny uzyn-uzyn, pürli-pudakly agaçlar gizledi. Maradyň sabry gaçdy. Ýeňiş esli eglendi. Birhaýukdan dolanan ýoldaşyna Marat gatyrganjak ýaly etdi.
– Kän eglendiň-le.
Ýeňiş böwrüni tutubrak durşuna biparh jogap gaýtardy.
– Näme, saňa raport bermelimi?
– Ýöne aýdaýýan.
– Ýöne-de aýtma. Kiçimiň ula gulak as. Görýän welin, jylawyňy başyňa goýberjek bolýaň – Ýeňşiň gele-gelmäne gyzybermesi Marady haýykdyrdy: – Agzyndan süýt ysy gitmändir welin, gepiň-sözüň näteňet – Ýeňiş berke tutdy: – «Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet» diýlipdir. Düzüwli bolmasaň, şäkärt dadarsyň.
Maradyň uly gözleri öküziňki ýaly mölerdi.
– Be, be, seň garaçynyň-aw!
– Itiň oýnam bolsa, göläň çyny.
Ýeňiş bu sözleri gyzyp däl-de, ýoldaşynyň howuny basmak üçin aýdypdy. Maradyň bady alnana döndi.
– Goç ikiňizem deň jogapkär diýdi.
– Bu taýy öý däl, meýdan. Göz kän, gulak kän. Adam adyny tutmasy ýok. Şefe jogap bermek meň bilen.
Onýança biletleri registrasiýa etmäge ýolagçylary çagyrdylar. Ýeňiş Marat bilen tirkeşip, kassa baranynda, märeke hümerdi. Yzly-yzyna nobata durdular. Öz formasyndaky saryýagyz gyz biletleri ýany pasportly kabul edýärdi. Bir zat-bir zat bellik edişdirip, beýleräkde duran kärdeşine uzadýardy. Ýöne ol erkek adamdy. Ýogsam ol ýerdäki howa flotunyň işgärleriniň hemmesi diýen ýaly aýal-gyzdy. Graždan awiasiýasynda gulluk edýänleriň geýim-gejimi özlerine syrlaşyp durandyr welin, näme üçindir ol adamyň uçar şekilli şapkasy-da, egin-başy-da hopul-sopulrak gelýärdi. Ol biletlere, pasportlara ünsli garaýardy-da, ýene eýesine tutdurýardy. Ýolagçylaryň göwnüne, bu salykatly adam işe täzeräk geçen ýalydy. Näme diýseňem, özüni alyp barşy parahatdy, arkaýyndy. Ýöne onuň iňňän synçydygyny inçeden yzarlaýan aňarlydy. Ol Marada biletdir pasportyny bada tutduraýman, ýüzüne çiňerildi: Marady galpyldy basdy. Egerde ikinji gezek seredäýen bolsa, Maradyň aýak üste durup biljegem gorkulydy. Onsuzam ony gara der basypdy. Ol hemaýat gözleýän ýaly, uýala-gorka töweregine ýaltaklady. Salykatly adamyň özüne dokumentlerini uzadyp duranynam duýmady.
– Ýagşy ýigit, alyň!
Ýeňiş hürseklemedik bolsa, henizem aljyraňňy durjakdy. Gaýra-gaýra çekilse-de çekildi welin, gözi ol adamda galdy.
– Sen-ä eýýämden ogry syrty gowşaklygyny edýäň. Lellim bolmasana. Ýola bile çykarlygyň. ýok ekeni –  Ýeňiş heniz-henizem yzyna gaňryla-gaňryla barýan Marada birki agyz gepledi.
Maradyň gorky damary entek-entegem tirpildisini peseltmändi. Gan-pet galmadyk ýüzüniň reňki şuş-şu wagtam durlanmandy. «Meni göz astyna aldy öýdýän. Ýogsam beýle siňin-siňin seretmezdi». Ýerli-ýerine geçip ornaşan dessine ýaňky adamam çat maňlaýlarynda çökäýdi. Eline birgiden gazet-žurnal alyp, ýeke-ýekeden gözden geçirmäge durdy. Arasy açylan gazet sahypasy birhowa onuň keşbini Maratdan gizledi. Şol aralykda Marat ýanaşyk oturan Ýeňşe ümläp, pyşyrdady.
– Görýärmiň?
– Kimi?
Marat eli gazetli ýaňky adamyny görkezdi.
–  Näme, lýotçigi men indi görmelimi?
Marat ýuwdundy-da oturyberdi.
Emma özlerinden birki hatar yzrakda burnunyň astyndaky çukanagy dolduryp duran gytyjak murtuny garşy-garşy sypap oturan graždan egin-başly Resul agany Marad-a däl, Ýeňşem görmedi.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 50 | Добавил: Gökböri | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: