20:21
Paranoik kelle
PARANOIK KELLE

Subliminal reklama (25-nji kadr)…
Añasty yşarat diýmek, ýagny, bilniksizje, gizlinlik bilen berilýän yşarat, reklama!
Soñky döwürde käbirleriniñ elindäki iñ uly psihologik uruş ýaragy.
Iñ soñky pidasy - "Ülker"!
Nämemiş "Ülkeriñ" "1-nji aprel henegi" barada taýýarlan mahabat roliginde subliminal reklamanyñ alamaty barmyş!
Bir ýerde “subliminal reklama” sözi agzalsa, hökman gürrüñi hökümet agdarlyşygy bilen baglanyşdyrýarlar: "Serediñ, bul agdarlyşyk geçirmäge meýil edýär!"
Dogry, "15-nji iýul haýyn FETÖ agdarlyşygy" adamlaryñ lapyny keç etdi, muña düşünýän.
Dogry, sosial mediýadaky paranoikleriñ heñe gelmez birtopar patarraky ýazgylaryna-da düşünýän.
Emma dostjan, munuñ döwlet syýasatyna öwrülmegine-sud edaralaryna aralaşmagyna düşünmek kyn.
Çünki, paranoýýa - hakykatda ýok zatlary görýändirin, duýýandyryn öýdüp, özüçe duşman ýasaýan ruhy näsaglykdyr.
Paranoýýa üçin hiç zat daşyndan görnüşi ýaly däl. Dowamly gizlin manylar çykarmaga çalyşýar, niredir bir ýerlerde bardygyny "bilýän" duşmanlary barada delil gözläp, ysyrganyp gezýär, gizlin duşmançylyk gipotezasyna güwä geçip biljek dyrnak ýalja delil tapsa, şobada garbap alýar.
Garşylyklaýyn pikire hiç hili sabyr-takaty ýok, hakykaty diñe özi bilýändirin öýdýär.
Gaharjañ, aşa ynjyk, galmagalçy, añsat öýkeleýänу we çakdanaşa goranmagy gowy görýär. Dowamly howp astyndadyryn öýdýär. Paranoikleriñ garşydaşlary ýa-da basdaşlary ýok, oña diñe duşman gerek!
Ine, ýurdumyz üçin asyl howp - şu kelledir...

AKP-li dostdan soraýaryn

Hawa, Uzanlaryñ soñuna çykdyñyz.
Hawa, Karamehmetleriñ soñuna çykyp ýörsüñiz.
Hawa, "Ülkeri" nyşana aldyñyz.
Halkyñ puluny iýdiñiz, gemirdiñiz - doýmadyñyz. "Ülker/Yıldız Holding" şereketini bilýärmiñ?
Ýigrimi dört sanysy daşarda, jemi segsen üç zawody bar. Elli alty müñ işçiniñ çörek iýýän ýeri. Ýüz otuz ýurda önüm çykarýar. Ýakyn Gündogaryñ, Gündogar Ýewropanyñ we Demirgazyk Afrikanyñ iñ uly azyk kompaniýasy. Dört yklymda hereket edýär. Dünýäniñ iñ uly üçünji köke we ýedinji şokolad şereketi.
"McVitie's", "Godiva" ýaly üç asyrlyk şereketleri satyn alyp, dünýä läheñine öwrülme ýolunda bedew bady bilen at salýar. On üç ýurtda bir million tonna köke, 460 müñ tonna şokolad we kyrk müñ tonna sakgyç-şeker öndürýär. Angliýa we Gollandiýa bu pudagyñ iñ möhüm bazarlarynyñ başyny çekýär. Häzir onuñ daşary ýurtlardaky söwdasy umumy dolanşygynyñ 41%-ni emele getirýär. Geçen ýyl 44,5 milliard lira barabar dolanşyk bilen ýylyny ýapdy. Türk ykdysadyýeti geçen ýyl krizisden kellesini galdyryp bilmeýärkä, şereketiñ ösüki 12% ýokarlandy. 3,6 milliard maýa goýumyny goýdy. Dört müñ bäş ýüz adamy täze iş orunlary bilen üpjün etdi. Uzatmaýyn…
"Ülker" "28-nji fewral" agdarlyşygyny geçirenleriñem nyşanasyndady, şindi "Ak trollaryñ" nyşanasynda!
Türkiýeden haýsydyr bir maýadar "kellesini" dünýä ýurtlaryna uzatsa, Türkiýeden kimdir birileri onuñ "aýagyndan" aslyşyp, aşak çekýär.
Munuñ tötänlik däldigine ynanýaryn. Global şereketleriñ arkasynda ýurtlarynda olaryñ ýurtlary "gala" bolup durka, Türkiýede kimdir birileri iri telekeçilerimiziñ aýagyny näme üçin dowamly "paltalaýar"?
Muña mysal getirip durjak däl…

Size näme diýeýin?

Lui Paster XIX asyryñ ýetmişinji ýyllarynda "bakteriýalary-mikroby" açanda, diñe kesellerde däl, eýsem iýmit önümlerinde-de ýagdaý üýtgedi.
Paster aradan çykansoñ, onuñ adyny göterýän institutyñ ýolbaşçysy bolan Nobel baýragynyñ eýesi russiýaly jöhit Ilýa Meçnikow adam ömrüni uzaldýan bakteriýalaryñ gatygyñ düzüminde bardygyny ýazdy. Ýalñyşdygy soñ ýüze çykjak bir mysal berdi:
“Bolgar çopanlar köne süýt-gatyk iýip ýüz ýaşaýarlar.”
Gatyk hemmeleriñ iýýän iýmitine öwrüldi duruberdi.
Doktor Isaak Karasso (Ishak Karasu 1874-nji ýylda Selanikde doglan sefarad jöhitlerindendi. Osmanly döwleti Selanigi 1912-nji ýylda elden giderensoñ, ol birmahallar "ata-babalarynyñ ýaşan ýurdy" bolan Ispaniýa göçdi.
Köp sanly kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ iýmit siñdiriş we immun sistemasynda kynçylyklary başdan geçirýändigine şaýat boldy. Köne süýt-gatygy meşhurlaşdyran Meçnikowdan täsirlenip, Selanikde duş gelinýän bular ýaly keselleriñ gatyk bilen bejerilýändigini bilýändigi üçin bolgar durmuşyndan käbir usullary gaýtadan işledi.
Bulary Paster adyndaky ylmy instituta - Meçnikowa görkezdi we "patent" hukugyny aldy.
Ilkibada dermanhanalarda gatygy derman hökmünde satdy.
Onuñ ogly Danieliñ katalan dilinde aýdýan sözi bolan “Danone” şereketini gurdy.
Yzyndan… 1929-njy ýylda Barselonadan Fransiýa göçdi. Üç ýyldan soñ Lewallois-Perretde ilkinji zawodyny gurdurdy. 1939-njy ýylda aradan çykandan soñ, zawoda ogly Daniel ýolbaşçylyk edip başlady.
Nemes faşistleri Fransiýany basyp alanda Daniel Nýu-Ýorka gaçdy. Gatygyn adyny amerikanlaşdyrdy: “Dannon” etdi.
Amerikanlar kän bir gatyk iýip baranokdylar. Munuñam üstesine gatyk mahabatlaryna-da çäklendirilme girizildi. Daniel Karasso şereketi "Beatrice Foods" şereketine satyp, Pariže dolanýar.
"Danone"-ni gaýtadan janlandyrdy. Wagtyñ geçmegi bilen dünýä läheñine öwrüldi. Ýyllyk jemi girdejisi 31 milliard dollara ýetdi.
Ýokardaky maglumaty şunuñ üçin berdim:
Dünýäde azyk önümlerini öndürýän uly şereketleriñ arasynda aldym-berdimli bäsdeşlik bar.
2000-nji ýyllaryñ başynda azyk öndürijiler immun sistemasynyñ berkligini goraýan "protobiotikleri" öndürdiler we bazarlara protobiotik goşundyly gatyk çykardylar.
Ýewropanyñ azyk howpsuzlygy guramasy bular ýaly gatyklaryñ immun sistemasyny güýçlendirmeýändigini mälim etdi.
Sarp edijiler arasynda "Danone" şereketiniñem bolan birnäçe şerekete millionlarça dollara barabar öweztöleg dawasyny etdiler.
Tutuş sud prosesiniñ dowamynda Fransiýa özüniñ "milli şereketi" hasaplaýan "Danone"-siniñ arkasynda durdy!
Türkiýe bolsa “subliminal reklama” bahanasy bilen dünýä läheñi "Ülkeri" ýok etmäge synanyşýar.
Bu režime "garşy gidip" bilmeseñiz, men size näme diýeýin?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 04.04.2017 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 58 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 Gökböri   [Материал]
Stalin, Gitler... yaly adamlardanam owrenere zat kan.. owrenip başarana..

0
4 Gökböri   [Материал]
Megerem Soner Ýalçyn Mao Szeduny aklanok, onuñ ykdysady ösüşe eden oñyn tasirlerinden soz acyar, ondan gerekli yerleri nusga edinmegi maslahat beryar we maocy dostym diyyan öñki sosialist egindeşini Hytayyñ taryhyny bilmezlikde ayyplayar.

0
3 Gurgencli   [Материал]
"Ülkeri" ýok etseler, şonça adam işsiz galsa özlerine zyýan dälmika? Esasy magsatlary şereketi ýogatmak däl-de gorkuzyp jübilerini galňatmakdyr cry

0
2 Gurgencli   [Материал]
Romany okanyňda Stalindenem bäş beter bolan eken diýip oýlaýaň ýöne, diri adamlary sandyga salyp 50-55 gradus ysy ýere eltip goýup aç-suwsuz öldürýän ekenler. Ondan başgada aklyňa oýuňa gelmejek her hili zulum-sütemler.

0
1 Gurgencli   [Материал]
Soner Ýalçynyň "Maoçy dostum" diýip ýazan makalasyny okap "Mao kimka?" diýip oýlapdym. Şu wagt Emine Şenlikoglu-niň "Çin işkenjesi" romanyny okap ýörün, onda Maonyň, komunizmiň halka eden zulumlary ýazylan eken. Mao çynlyleryň Stalini bolupdyrda

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: