19:42
Ynsabyñ jezasy -11/ romanyñ dowamy
ON BIRINJI BAP

Ol köne jinnesini geýdi. Düýn syran sakgal-murty eýýäm dürteripdi. Bu boluş ony ýaşyndan uly görkezýärdi. Şondan soň il gözüne görünmezlige çalşyp, ýüzüni garaňka tutdy. Ýeriň pesi bilen maýdalyna ýöredi. Tanyş-bilişden çekinip, gara äýnek dakyndy. Ony gijelerine-de aýyrmady. Ondan-oňa it ýaly selpedi. Gije-girim, bimahal çaklar restoranlaryň, kafeleriň töwereginde boldy. Ajyganda restoranyň çetki stollarynda oturyp, nahar edindi, içdi. Aňyrsy almasa-da piwony öňünden aýyrmady. Onuň üst-başyna, sakgal-murtuna ofisiantkalar seňrigini ýygryp seretdiler. Nahary göwünjeň äbermän, tasanjyrap gelip, siltenjiräp gitdiler. Ol bu zatlary duýsa-da duýmazlyga saldy. «Ýigrimi müň manat, ýigrimi müň manat! Ony elime salaýyn bakaly. Soňuny soň görübereris». Bu pikir onuň saçy mazaly garalan kellesinde ýatanda-da aýlandy. Çaklaýan adamlaryna duşanda, bilgeşlin çilim soran boldy. Goçuň ýaranlaryna meňzedenleriniň töwereginde köw urdy, gürrüňlerine gulagyny gabartdy. Şunça yhlas etse hem ne Goç, ne-de beýlekiler duçar geldi. Gijelerine aeroportdan aýagy çekilmedi. Ikindin, ýassynlar demir ýol wokzalynda irkiljiräp, yranjyrap otura-otura sütüni süýndi. Gara beren bolmady. Goçdan başgasyny gümanam etjek däldi. Daşky sypatyna, gürrüňlerine salgylanaýmasa, başga tutarygy ýokdy. Ýöne öten agşam tas bişeýkel bolupdy. Ikindinara wokzalda töweregine ýaltyldap otyrka, tanyş iki gyz tirkeşip geläýdi. Zordan ýeňsesine öwrülmäge ýetişdi. Gyzlaryň biri yzyna gaňryla-gaňryla geçip gitdi. Olam şondan ýeňsesini el ýaly etdi. Meýdançadaky baglara bukulyp, ogrynça sere- dende ýaňky gyz özüniň oturan ýerine gelip, eýläk-beýläk garanjaklady. Ýene aňry gitdi. Uludan-uludan haşyldady-da, ol indi ýerzemin köprä tarap tutdurdy. Soňam ýeke özi çola köçelerde selpedi. Gije sagat on möçberi boluberende, halys surnugyp, özüni Köpetdag restoranyna atdy, stoluň birinde ornaşyp, nahar bilen piwo buýurdy. Naharyny iýip, piwosyny ýarpylaberende iki degenek nakyssyrap geldi.
– Boşmy – diýdiler-de, jogaba garaşman, oturgyjy jygyldadyp, ärt-märt çökdi. Öňki oturan göwünli-göwünsiz baş atdy. Olar eglenmänem ofisiantkany üm bilen çagyryp, iýer-içer ýaly zatlary getirmegini gödegräge-de soradylar. Ikisi özara ümmüldeşende, öňki oturan olary gabak asty synlamaga durdy. Nedenem bir zat hakydasyna gelen ýaly boldy. Birinji niredir bir ýerde görenine meňzetdi. Saçy hüýpüpigiňkä çalym edýän ýigidi, dogrudanam, ol nirede gördükä? Siňe-siňe tiňkesini dikmegiň amatyny tapman, başga ýana äňeden kişi boldy. Onsoň kisesinden çilim alyp, birini ernine gysdyrdy-da:
– Otlamak mümkinmi? – diýdi.
Özüne ýüzlenilen sigaretiniň gaçjak-gaçjak bolup duran külüni küldana pitikläp, uzatdy. Ýanky gobsunybrak otlap durka, nätanşyň gözüniň öňüne siňňin garady. Ýigidiň gözüniň öňüne urlan urgynyň yzy könelipdir. Çala sudury bildirýär. «Diýmek, bu şonuň bolaýmagy gaty ähtimal» diýip, içinde öwrüp-çöwürdi-de, ýüz gram arak getirmegi ofisiantkadaň haýyş etdi. Iki oturana göz edip, bildir arak içişini ni- je ýyldan soň ilkinji gezek gaýtalady. Kiçijik stakany tirsek-çukanagynda goýdy-da, aýlap, eňeginiň aşagyna eltdi. Aşaky ernini giňden ýazyp, stakany dodagy bilen gapjady. Owurtlanyny ol owurdyndan bu owurdyna geçirip, galanyny başyna çekdi. Soňam agzyny-burnuny süpürip, çilim soran bolup oturyberdi. Muny gören tabakdaşlarynyň ikisi iki ýerden:
– Zd-o-r-o-w-o!! – diýip, haýran galma bilen gözlerini petretdiler. Emma ol äwmezlige salyp, piwo owurtlady. Gözüni süzüljiredip, öz başyna gümra boldy.
Beýlekiler bolsa indi ondan jinnek ýalam gypynç etmediler.
– Eýsem onça puly ol näder öýdýäň? – diýip, gözüniň öňi tegmilli saçy egnine düşüp duran ýoldaşyna pyşyrdady.
– Içini bilip bolanok. Kül eder.
– Ýeked-ä sowaýmaz.
Öňden oturan olara gulagyny öwrüp, eýýäm nazaryny başga ýere gönükdiripdi. Onýança-da bir ýaşuly:
– Bu ýer boşmy? – diýip, sorady.
– Boş däl, how, boş däl! – ýigitleriň gyz ýaly saçlysy jabjynyp, oturgyjy şakyrdadyp, stola degirdi.
Ofisiantka mejimäni dolduryp geldi. Goýuşdyryp gitjek bolanda:
– Üçünjimizem bar, ýene bir stakan gerek –  muny tegmilli aýtdy.
– Kim ol?
– Kim bolanda saňa näme?
Ýoldaşy ýuwmarlady.
– Oýun edýär-le. Häzir görersiň!
Aýdylana mähetdel aňyrdan apaň-apaň basyp, epeý pyýada göründi. Ol bezemendi. Syrdamdy. Jalbary bilen reňkdeş nagyşly kelte ýeň köýnegi ony pälwan sypat görkezýärdi. Köýneginiň endamyna syrlaşyp duranyndanmy ýa bedenine erk edip bilýänindenmi, göwsi gyzyňky ýaly ep-esli öňe çykyp durdy. Köwşi-de, egin-eşigi-de bir reňkdedi. Ýigitleriň ikisi deňine ör turdy. Hormat etdi. Üçünji butnamasa-da, saly gowşapdy. Ony göreninden tanady. Derrew gara äýne- gini dakynyp, ýanyn öwrüldi. Gelen baş atyp, görkezilen ornuna geçdi. Şol haladam başga bir görmegeý gelin öňlügine elini süpürip, onuň alkymyna dykyldy. Näz-kereşme bilen boýnundan çalarak gol salyp, ýaňagyndan ogşady.
– Şu bolýamy ýa täze stol goýalymy?
Täze gelen ülpetlerine seretdi.
– Bu kim?
Epeý pyýada nätanşa seretmän, eşidiler-eşidilmez sorady.
– Aý, öňden oturan ekeni.
– Başga stol tapmadyňyzmy?
Görmegeý gelin altyn dişini lowurdadyp, iki aýt- dyrmady. Derrew stol taýyn etdi. Öňki ofisiantka-da:
– Bulara özüm hyzmat ederin – diýdi.
Olaryň täze stola geçmegi ozalky oturana-da kem ýaramady. Gaýta örüsi giňedi. Ýöne olaryň özara pyşyrdaşmasy indi oňa eşidilenokdy. «Be-e, üýtgäp gidipdir» diýip, ol gözlere güý düşüp, epeý pyýadany aşaklykdan synlaýardy. «Hany, ol burum-burum saç, goç kelle. Saç düşüpdir, ak sepipdir. Öňküdenem daýanaýan ýaly. Ýöne kelläň depeden aşagy henizem şol towlulygynda, burumlylygynda».
Indi ol her edip, hesip edip, özüni tanatmalydy. Onuň üçin bolsa bahana gerek. Beýleki ikisiniň dilinden eşiden sözleri ýiten tanapdan uç berip, heýjana salýardy. Çaý içim salym geçensoň, ol ýene çilimini syňragyna ildirip hälkiň ýanyna bardy. Ol bolsa kükürdi patyladyp oklap, gygyny pürkdi.
– Me, al-da, güm bolsana, üflis!
Nätanyş otluçöpe el uzatmady. Gözünden äýnegini şarta aýyrdy. Barmaklaryny aýasyna mäkäm gysyp, ýazzy maňlaýyndan saldy. Awusyny pürken ýigit otyrgyç bilen çiň arkan gaýtdy. Tegmilli gozganjak boldy welin, nätanyş onuňam bada-bat owurdyna suňşurdy. Üsti naz-nygmatdan doly stol şakyrdap birýanlygyna agdy. Zal hüwwe ördi. Ýöne hiç kim ýanlaryna gelip bilmän, aýak üste durup tomaşa edýärdi. Epeý pyýada bolsa eýýäm iki degenegi serrelden nätanşyň ýakasyndan çalyp tutupdy. Bokurdagyny bogara getiren ýognas goşardan sypjak bolup, sypybilmedik nätanyş sesini gyryljadyp zordan görejini epeý adamyň gözlerine dikdi.
Göz göze düşensoň, epeý pyýada bokurdakdan elini bimejal goýberdi. Pagyş-para gowşady-da, oslagsyz garşysyndakyny garsa gujaklady.
–  Ýeň-i-ş!!
Tapyr-tupuryň yzynyň äbede-jüýjä ýazmagy iki serreleni däl, hemmäni geň galdyrdy. Bir ýerden jürlewügini çalyp gelen milisioner ýigitleri gabap ugranda, salykatly bir adam geldi. Ol milisionere-de, ýigitlere-de höre-köşe edip, urana garanynda Ýeňiş ondan çalt nazaryny sowdy. Salykatly adam:
– Oça-büçe zat bolman bolmaz. Soňundan hernä ylalaşdylar. Şolam bir gowulyk diýip, milisioneri özi bilen aňryk alyp gitdi.
Görmegeý, ýaş ofisiantka bolsa gaçan-goýan zatlary ýygnaşdyryp, syryp-süpürip ýörşüne «Zyýany ýok, zyýany ýok» diýýärdi.
– Hany, ýaraşyň! – Goç goýras seslendi: – Bu meň jan ýaly dostum! – Ol Ýeňşi goltuklap oturyşyna arkasyna kakdy.
Maňlaýyny çilik ýaly çişiren:
– Kostýa! – diýip, elini lapykeç uzatdy. Beýlekem:
– Marat – diýip, sowuk görşüp çalgyrt türküçeledi.
Uruş-sögüş, dawa-jenjel bolmadyk ýaly, Goç ýazylyp-ýaýrady. Ýanynda ýalym-ýulum edýän görmegeý ofisiantkanyň bilinden aşagyny gujaklap:
– Konýak, konýak! – diýip göçýärdi. – Ýeri, onsoň, ýeri, onsoň! – Ol Ýeňşem öz ugruna goýman, hal-ahwal soraşýardy: – Boşadyň!! Göresim geldi, ynan. Saňa duşaryn öýdüp, hyýalyma-da gelenok, Gör, biz ýene duşuşdyk. Ýeri, bu näme? – Goç Ýeňşiň jinnesine göwni ýetmän ütmeleşdirdi: – Soň, soň. Bu pille wagty däl. Häzir diňe keýp çekmeli. Kostýa, Marat, nädip otyrsyňyz näme dymýaňyz? Meň bu gün dostuma duşan günüm. Düşdiň. Gör, näçe wagtdan soň. Ýedi ýyl bolan bolsa gerek!?
– Şo-ol endigiň-ow! – Ýeňiş piwony stakana guýman, agzyndan eňterdi.
– Häli düşünşen bolsak, beýle-de bolmazdy. – Marat biygtyýar owurdyny elledi: – Bizem gödeklik etdik welin, Ýeňşem gyzma ekeni.
– Tanamadyk-sylamaz – Kostýa lykyrdadyp konýak guýdy.
Men siziň bilen öňden tanyş. Öňem bir duşuşypdyk. Ýöne bu ýerde däl. – Ýeňiş Kostýanyň çala bildirýän tegmilini nyşana aldy.
– Nirede?
– Ýadyňyza saljak boluň.
Kostýa egnini gysdy.
– Marad-a ýoksa, ýokdur. Ýalňyşmaýan bolsam, sen-ä bardyň.
Görmegeý ofisiantka bilen gümi-sümi eden Goç bärsine öwrüldi. Kiçijik rýumkadaky konýagy taýly owurtlap goýdy.
– Geçmişi ýatlaşýarsyňyzmy?
– Aý, ondan bäri kän wagtam geçenok. Seniň ýaranlaryňdygyny menem bilmändirin, Kostýa, gijeki waka ýadyňa düşenokmy? Urgyň awusyny çalt unudypsyň,
– Öňräkmi özi?
– Ýaňyrak.
– O, ho baýaky bolaýmasyn! – Marat çiliminiň filtrini dişläp taşlady, öz başyna hüňürdedi: – Gowy tüsse berenok.
– Bir oglanyň gyzyny taşlap gaçan saparymy?
– Edil özi.
– Sen şol soňky gelenmidiň? – Maradyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy,
Ýeniş «Hawa, şol mendim?» diýen terzde birneme buýsanybrak döşüni gaýşartdy.
Kostýa iki elinem ýokary galdyrdy.
– Boýun! Boýun!
– Kostýany tanap, meni tanamansyň-ow! Kostýaň ýanyndaky mendim-dä! – Marat şyglap güldi: – Züwwük, nähili züwwük ýigit ekeni. Gyzyny goýup, özem ökje göterýär.
– Siz nä maksat bilen beýle etdiňiz? – Ýeňiş çynyrgady.
– Düşnükli zat.
– Goç, ine, munyň däl. Ülpetleriň seňrigine kaksaň bolmaýarmy? Ejize, onda-da naçara degmeleri baryp ýatan namartlyk,
– Bular näme edipdir, düşnükliräk diý?
Ýeňiş gysga, emma ýeterlik aýtdy.
Goç şondan soň gözlerini çalarak agdaran ýaly etdi welin, olar beýle bakyşdan eýmenip, çaga ýaly müzzerdi.
– Menden bidin mydyrdam edäýmäň! Ol ilkinji hem iň soňky gezek bolsun. Düşdüň!!.
Ikisi iki ýerden boýun syndy.
– Içdik! – Goç hemmä konýak guýdy. Üçüsi başyna çekende, ol Ýöne owurtlaýdy.
– Öýüň-öwzaryň barmy, Ýeňiş?!
– Men tök diýsem, ýene näçe ogluň bar diýýäň. Janymy bir ýakmasana.
Goç çala ýylgyrdy.
– Bagyşla, kän bir soraşybam bilemok. Duşan ýerimiz ýagdaýlyrak. Entek wagt taparys-la. Oňa gerim bar.
Kostýadyr Marat tabaga çarşagy urdy. Goçam işdämen iýdi.
– Içseň iýmelidir. Düşdüň! Içgini iýgi ýeňer. Sen iýeňok, Ýeňiş!
– Men boldum.
Üçüsem ýuwaş-ýuwaş bolşup, tabagy bir gyra süýşürdi. Çüýşede welin konýak bardy. Goç edähedine görä, ýeňsesiniň gür saçyny endigan sypady. Çilim otlandy. Goýry tüssäni burnunyň goşa deşiginden bir gapdala süýkdürdi. Soňam dört rýumkany öz öňünde hatara goýdy. Bu gezegem adaty eidigini gaýtalady. O hemişeler eli agzyna ýetse, maý bolan pursaty içginiň soňuny gaplara syrkyryp, dostlary bilen deň derman götermegi halardy. Özem höreksiz içmelidi. Naz-nygmat saçakda dolup ýatanda-da agzyňa birini-ýarymyny ataýmaly däldi. Durumsyzlyk edip, garbak-gurbak edäýeni ejiz saýardy. Ýöne ol näme üçindir Dört rýumka konýak guýdy-da, her kimiň özüniňkini özüne äberip, ortadaky hyýar-pomidory biler-bilinmez Ýeňşiň öňüne eltdi. Ýeňiş ony görse-de, görmezlige saldy. Oňa üçüsi üç ýerden içer-de, garbanar öýdüp garaşdy. Ýeňiş howlukman rýumkasyny eline aldy, çakyşdyrdy. Soňam ýuwaşja, mylaýym sesi bilen Goçuň bildir halaýan setirlerini hetjikledi.

Bu dünýäniň gyzygy:
Heleý, puldur arakdyr.
Jalaý-jalaý ýigide
Jalaý dostam gerekdir.

Bu Goçuň ýüreginden turdy. Ol uzyn, agyr gollaryny dostlarynyň gerdeninden aýlady. Turbadan çykýan ýaly, ýogyn sesi bilen özüçe gaýtalady.

Bu dün-ýä-niň gy-zy-gy,
He-leý, pul-dur, a-rak-dyr.
Ja-laý-ja-laý ýi-gi-de
Ja-laý dos-tam ge-rek-dir.
Dört bol-saň pa-ag, dört bol-saň!

Soňky setir Goçuň başlary birigen çagy gaýtalaýan setiridi. Ony Ýeňiş ýadyndan çykarypdy. Hernä oňa intipis eden bolmady. Şondan soň özüne garaşylýanyny duýupmy, saklap oturmaýyn diýipmi, garaz, Ýeňiş ilki içdi. Alty göz alty ýerden balkyldady. Ol bolsa gulkudyp, ümsüm oturyberdi.
– Bu biziň tutan guşumyzy üten – tamasy çykmadyk Kostýa konýagy bir demde sokga sordy.
– Munuň geçen ýoluny siz indi geçjek bolýarsyňyz. Bu bolsa bişe-bişe bişmez bolan, dostuň üçin töwekgellik edip, sen dur, men öleýin diýip, ýedi ýyl demir gözenegiň aňyrsynda bolaýmak aňsat däldir. Ony başarmaga kişi gerek.
Goçuň nähilidir bir yşaratyndan soň, görmegeý ofisiantka ýüwrüp geldi. Goça gysmyljyrady. Durşuna näz-de-kereşme bolup:
– Ýigrimi bäş manat –  diýdi.
Goç dört onlugy onuň öňlüginiň kisesine saldy.
– Rozyçka, häzirlikçe az görme.
Emma Roza diýlen görmegeý ofisiantka welin, gara gözli, gara saçlydy. Özüne at ýaly gelin diýdirýänlerdendi. Roza jübüsine salnanyň näçedigine kän bir ähmiýet bermedi. Gaýta Goçuň ýanyndan aýrylasy gelmän.
– Biraz garaşsaň, menem gaýtjak –  diýip, Goçuň takyr kellesini emaý bilen sypady.
– Bu gün däl. Erte özüm bararyn. Düşdüň!
Roza näz bilen nägileligini bildirdi.
– Bu gün görýärmiň, köne dostuma sataşdym. – Ol Ýeňşi görkezdi: – Onuň bilen derdinişmesem bolmaz. Uzak aýralykdan soň ilkinji gezek birek-biregi görüp durşumyz. Düşdüň!
– G-o-ç! – diýip, görmegeý gelin süýnüp-sarkyp, erediji, ýigidi melul ediji jilwe bilen oýunçy didesini oýnaşynyň didaryna dikdi. Goç barybir ugrundan gopmady. Roza perişan halda galdy.
– Düýş  Walla, düýş. Sendigiňe ynanasym gelenok. Goç öýe gelensoň, ýene tekrarlady. Derrewem endamyna syrlaşyp duran sport formasyna girdi. Iki goluny büküp, gaýyşdyryp, çignine degirdi. Tirsegiň ýokarsyndaky ýumry myşsa pälwanlaryňky ýaly tirsildedi. Gysanda daşa döndi. Marat eýýäm gazda çaý goýup ýördi. Kostýa nämedir bir zatlar taýýarlaýardy. Goç gürrüň berýärkä, Ýeňşiň gözi goş-golamy ýerbe-ýer üç otagly jaýda gezelenç edýärdi.
– Meňki däl. Bile işleýänimiziňki. Ol wagtlaýyn başga ýere işe iberildi. Gelýänçä göz-gulak bolmagy sargady,
– Maşgalasy ýokmudy?
– Bar welin, obada.
– Sen işleýärmiňem.
– Öňki düzgün ýok, düşdüň! Işlemeseň, ähli kişiň gözi sende.
– Kär?
– Belli kär ýokdur. Piwo zawodynda gymyldap ýörlendir.
– Her zadam bolsa bir iş ynanandyrlar-a!
– Ý-ü-k-ç-i-i!..
– Geň galma. Günüm üçin günim ogluny üwreýän diýipdir öňem biri.
– Sen näme, şoňa kaýylmy?
– Alajyň näme? Garaýaga bulaşyp, ýa maşynyň nurbatyny towlamaly, ýa-da gerdeniňde ýük götermeli.
– Ýükçülikden ýaga bulaşma-da ybalyrakdyr.
Goç elini silkdi: – Ikisem bir poh. Ýöne mydardyr-da. Aşgabatda piwo gyt, geçginli haryt. Eýdip-beýdip düşürýäs.
– Oň bilen-ä oňňut bolmaz. Aýlygyň, az-kem gyrp-çyrpyň Roza hanymyň altyn dişine-de ýetmez. Agzynda elektrik stansiýasy oturdylan ýal-a.
– Puluň bir alajy bolýar-la. Özümi aldyrybilsem, piwo butgasyna geçmekçi. Häzir irräk. Göze-başa düşmejek bolýan.
Marat çaý getirdi. Kostýa et gowrupdyr. Ýene öňe saçak atyldy.
– Ýaňy içmedikmi? Bi indi ýatargarna agyr.
Kostýa gözüni alartdy. Içesi gelip, bokurdak düwni tirpildäp-tirpildäp gitdi.
– Agyr bolmaz, Ýeňiş! –  Goç eglip, krowatyň aşagyndan konýak çykardy: – Men içjek däl. Üçiňiz içersiňiz.
Üçisem içdi. Birden Goç ýerinden ýaltalyk bilen galdy. Içki otaga gidip-gelip:
– Arkaýyn otur. Çalşyryn –  diýip, Ýeňşe alabeder pižamany uzatdy.
Ýeniş şol ýerde geýindi. Köne egin-başyňy asgyçdan asdy.
– Ýogsa-da seň dokumentiň düzüwmi?
Oturmaga hyýallanan Ýeňiş ýene yzyna dönüp çalt geldi. Daşy dolangy kagyzy Goça tutdurdy.
Goç birme-bir gözden geçirdi.
– Pasport. Tussaglykda oturanyň belligem-ä bar.
– Nätjek, hakykaty ýaşyryp bolanok.
– Işe almakçy bolsalar-a oňa kän seredibem duranoklar. Dogrusy, maňa ikirjiňlediler. Men şonda: «At gowusy Bermede, ýigit gowusy türmede» diýdim. «Öýe düşüp-çykan işsiz gezibermelimi?» diýip tutdum eňegime.
– Ilçilik-dä! Gyýyk göz bilen garaýanam bardyr.
– Onyňam dogry.
Goç nazaryny elindäki kagyzlara dikdi:
– Bu-da aklaw hatyň. Dürs. Onsoňam näme, dört bolsaň, pag-da, düşdüň! A belki, şofýor bolarsyň?!
– Görmeli-dä!
– Öz-ä Gaty gerek. Häli-şindi kösenip ýörüs. Eýder-beýder, ugruny taparys. Ýöne sen entek howlukma. Goçuň agzy suwjardymy, nätdimi, gowrulan etiň bir dişlemini agzyna atdy: – Kostýa ýanymda işleýär. Maradam telli-pelli. Hä girýär, ha çykýa.
– Diýmek, deň ekenik. Maňa-da iş ýakanok.
– Aldyň, kak! – Marat egnine düşüp duran saçyny seçelendirip, bäşini uzatdy.
Ýeňiş aýasyna kakyp goýberdi.
Goç hyrsyz ýazaryny ýene Maratda egledi.
– Marat, näme diýsene, gaýdyp seni şu sypatda görmäýin. Saçyňy bejert. Daşyňdan görseň, elheder alybermeli. Düşdüň!
Ol demini burnundan alyp, baş atdy. Şondan soň her kim ýerli ýerine geçdi. Goç bilen Ýeňiş içki jaýy eýeledi. Goç krowatda arkan düşüp ýatyşyna aýasyny kellesiniň aşagyna tutup, bir zadyň pikirini edýärdi. Emma näme pikir edýänini Ýeňiş seredip-synlap bilip bilmedi. Özem düýpsüz ummana gark boldy. Ýuwaş-ýuwaş uky gabagyny bürüp ugrady. Ukynyň arasynda sag egnine agdarylanda:
– Näme Ýeňiş biynjalyk bolup ýatýaň-la! – Henizem uklamadyk Goç aňyrsyna öwrülip ýatyşyna gepledi.
– Içgiň edýän oýny bolaýmasa! – Ýeňiş diýse-de diýdi welin, Goçuň özüni mazaly ýatyrman, ýatmajagyna gözüni ýetirdi. Ýöne özüniň haçan uklap galanynam bilmedi. Ertesi Goç geýnip durka, gözüni açalak-ýumalak edip:
– Işemi? – diýdi.
– Işe.
– Bizem bir ýere göterileris-dä!
– Butnamaňam. Ynha, jaýyň açary – Goç açary Ýeňşiň ýassygynyň gyrasynda goýdy: – Marat ikiňiz öýde boluň. Işden çykyşymyza geleris.
– Gelýänçäňiz eplenip ýatmalymy biz?
– Dagy nätjek. Il-ä ýatyp bilenok. Sen bolsaň... Düşdüň!
– A men seň ýanyňa baraýsam!
Goç egnini gysdy.
– Keýpiň kelläňde. Barsaň ýük ýükläp-düşürip ýören Goçuň bardyr. Gitdik! –  Ol Kostýa ümledi-de, Ýeňşe elini galgatdy.
Olar gidensoň, Ýeňiş ýaltalyk bilen ýerinden galdy. Marat heniz süýji ukuda ýatyrdy. Içerde ýeňiljek aýlan-çaýlan eden Ýeňşiň gözi kiçijik çemodandady. Ol birden krowatyň aşagyna egildi. Çemodany görüp garbap aldy. Şark edip, gulpuny ýazdyranda onuň içi köwelip ýatyrdy. «Haýsy akmak onça puly beýdip goýsun!» Ýöne çemodan welin, şol ogurlanan çemodandy. Diýmek, Goç dagyň bu ýerde eli bar. Pul hany? Ony nirede ýygşyrdylarka? Oça puly bir ýerde saklamaga atyň kellesi ýaly ýürek gerek. Ähtimal, bölüp-büçüp, aýry-aýry ýerde saklaýandyrlar». Ol çemodanjygy öňki ýerinde goýdy. Ýuwundy, ardyndy soň Marady yralady. Turmady. «Ukusyna namart ekeni!» Sakgal-murtuny syryp, özüne biraz serenjam berdi. Indi bir ýigit kaddyna gelen ýaly boldy, Näme edip, näme goýaryny bilmän, birbada sägindi. Ýene Maradyň ýanyna bardy.
– Äl, öli ýaly ýatýaň-ow!
Marat kirpikmen gözlerini äwmezlik bilen agdardy.
– Göçüň geçýärmi, ýat-da!
– Ýatmak bolmaz. Saňa näme aýdyldy.
Goçuň agşamky aýdany güpbe ýadyna düşüp, ol syçrap galdy. Elini-aýagyny kelemenledip, ugurly-ugursyz maşk eden boldy. Ýuwnup gelip, geýinmäge durdy. Ikisi tirkeşip jaýdan çykdy. Trotuar bilen biraz ýöränsoňlar, ýantaklap düýnki salykatdy adam peýda boldy. Ol Ýeňşe ogryn seretdi. Ýeňiş ýoldaşyna çalt nazaryny öwürdi. Salykatly adam birki ädim öňe geçip, biler-bilinmez ädimini haýallatdy.
– Marat, o puldan ikimize-de bererlermikä?
– Bilmedim-dä? Bermäýmeseler!
– «Deňňenä deň şärikdir».
– Alanam, getirenem Goç bilen Kostýa.
– Bolanda näme, bizem ýoldaşy ahyry.
– Goç näme diýse, şo bor. Etjegi içinde.
– Nirede goýdularka?
– Şony welin bilmedim. Goç «Başyny bozmaly» diýip, bir ýere-hä äkitdi.
Ýeňiş Maradyň ugrundan gopdy.
– Bize peýdasy degmejek bolsa, jähennem, nirde goýsa, şonda goýsun.
– Hawa-da, walla.
– Men-ä şu taýdan Goçuň ýanyna gitjek, sen?..
– Menem düýnki tabşyrylany etmekçi. Soňam biş-düş taýýarlaryn-da, heleý ýaly.
– Onda näme, agşama çenli, hoş! – Ýeňiş açary Maradyň eline tutdurdy.
Marat dellekhana gireninde, Ýeňşem piwo zawodyna tarap gitdi.

* * *

Aýperi aňyrdan gelşine içki tolgunmasyny saklap bilmedi.
– Eje, eje, gördüm, hakyt, gördüm-dä. – Gyzyň ýüregi gürs-gürs urýardy. Hem begenip, hem howsalanyp, oda-köze düşýärdi. Uzakly gün hamyr ýugrup, çörek bişirip gelen ene gyzynyň jöwlan urşuna daşyndan howpurgaýardy.
– Sakgaly ösgün, egin-eşigi eleşan. Özem içgilimikä öýtdüm. Yzyma öwrülip gelsem, eýýäm ýok. Ýerler sermendim, tapmadym. Eje, eje, aýtsana, nätmeli bor?!
Şol mahalam gapy kakyldy. Aýperi inçe tama bilen ejesine dikarynlady. Derrewem açmaga howlukdy. Emma daşky bosagada duran Ýeňiş däldi, Öwez Akyýew bilen Ýaýlym Abdyýewdi. Polkownik gülümsiräp dursa, maýor aýagyny jüp tutup, çest berýän ýalydy.
– Mümkinmi? – Polkownik gyza mylaýym ýüzlendi.
– Giriň, giriň.
– Maýor bilen görnüp gaýdaly diýdik. Ýaýlym asyl bu ýerlere belet eken. Ozal uçastok inspektory bolup işläpdir.
– Geleniňiz gowy.
Aýperi myhmanlara otaga gel, geç etdi. Aşhanadan ejesi gelip, olar bilen salamlaşdy.
– Siz Aýperi Döwletownanyň ejesi Ajap Döwletowna dälmi? – diýip, polkownik salykatlylyk bilen Ajap ejä elini uzatdy.
– Bildiňiz.
– Men-ä sizi öňem görýärdim – maýor egnini aşak-ýokary galdyrdy: – A siz?
– Heý-de, ýerli ýaşaýjylar öz milisionerini ýatdan çykararmy? – Ajap eje Ýaýlym Abdyýewi tanap degişdi.
– Jijim, adam tanamagy ejeňden öwrengin. Gördüňmi, bada-bat tanady.
– Bizem tanarys-da dura-bara. – Aýperi utanybrak bir polkownige, bir maýora garady: – Öwez Akyýewiç bilen-ä çalarak tanyş. Sizem assa-ýuwaş tanarys. – Aýperi tämiz oturgyçlary ýene bir gezek süpürip, myhmanlara süýşürdi.
– Milisiýa işgärleriniň şeýle bir häsiýeti bar. – Polkownik howlukman çaýly käsesine elini ýetirdi: – Aram-aram köpüň içine çykyp, hal-ahwal soraşýas. Şu wagt uçastok inspektorysyzam aýlanyp ýörendir. Sebäbi ýaş-ýeleňleriň içinde her hilisi bolýar. Jaýlaryň ýerzemininden otag edinip, ýaşap ýörenem ýok däl. Goňşusy bilen gyk-bak edýänem bar. Şolara haý-küş edýäs. Yzarlas, çäre görmelisine çäre Görýäs. Käte ondan-mundan nar-nadyl bolup, sesini çykarman ýörenem tapylaýýar.
– Garaz, abaý-syýasat etmeli-dä, jijim!
Polkownik sözüniň arasynyň bölünenine gatyrganjak ýaly etdi. Milisiýa gullugynda çini boýunça uly gepläp durka, kiçi derejeliniň at goşmagyna rugsat berilmeýänini maýoryň unudanyna gynandy. Diňe soralanda jogap gaýtarylýandygyny ýatlatmagam özüne uslyp bilmedi. Ýaýlym Gelenowiç bolsa, oturgyjyny jygyldadyp, aýagyny çilşirdi. Temegini ýokarrak tutdy. Onuň özüni hondan bärsi alyp barşyna Ajap eje-de, Aýperi-de kän bir intipis etmedi. Öwez Akyýewiç adaty agraslygy bilen ýene dowam etdi.
– Ajap Döwletownanyň çörek bişirişini hemmeler öwýärler. Ýaňy ýüz ugra baryp, nanyňyzdan dadybam gördük. Şäher sowetine bolsa sizi deputat saýlapdyrlar.
Aýperi ejesine çiňerildi.
– Eje, şeýlemi?
– Şeýleräk ýaly öz-ä.
– Aýdaňogam.
– Haýsy bir zady jar çekip ýörjek. Öz-özüň eşider ýörersiň diýdim.
– Ejem ýeke gynanjyny däl, begenjinem içinde saklap bilýänlerden. Gördüňmi, maňa-da aýtmandyr.
– Ine, bu ýagşy däl. Ajap Döwletowna, ýagşy däl. Seňem şu wagta çen bilmezligiň, jijim, ýagşy däl. Ýagşy habar bilen ýaman habar çalt ýaýragyç bolýar. Biziň ýa wezipämiz şeýle, ýa-da gulagymyz jam ýaly, derrew eşidäýýäs. Baýak siziň iki näkesiň penjesinde tas heläk bolanyňyzam bilýäs.
Polkownik «öte gitdiň» diýen yşarat etse-de, maýor eýýäm diýjegini diýipdi. Aýperi oňaýsyz hala düşdi, Ajap ejäniňem ýüzüniň ýygyrtlary tekizlendi. Ýöne myhman hatyrasy olardan üstün çykdy. Nyşana peýläp, jaý wagty atmady diýäýmeseň aslynda maýor mamlady. Gaşlary çytdyran morta gepi polkownik özüçe ýuwmarlady. Yzyny alyp gitmese, wäh diýen ýaly bolup galjagyny bildi.
– Maýor mamla. Aýperi Döwletowna, şo gije duşanlar ikimidi?
– Ýazgymda aýdypdym.
– Ýalňyşmaýan bolsam, düýn biz şolara restoranda duşan ýaly. Biri saçy düşen, epeý pyýada gerek?!
– Ýok, ikisem saçlydy. Biri welin, gyz ýaly uzyn saçlydy:
– Äh-ä-ä!
– Beýleki biri, nädip aýtsamkam? Orta boýly, etli-ganly, Ýöne kellesi endigan bejerilgimikä öýtdüm. Gijelikde tanamak kyn. Biri garaýagyz, beýlekisem çypar sarymyka diýdim.
– Diýmek, onda üçünji şo-ol!.. – Polkownik birneme süýkdürdi.
Maýor öý eýelerinden idin sorady:
– Bagyşlaň, çilim çekmek mümkinmi!
– Çekiň, çekiň. Ýöne öýde çilim çekilmänsoň küldan ýokdur – Ajap eje gözüni elek-çelek edip, degerli zat gözledi. Tapmady.
– Zyýany ýok, özümiz ýasaýarys – Polkownik kisesinden bloknot çykardy. Tagtasyny goparjak bolanda, bilipmi-bilmänmi birküç suraty arasyndan gaçyrdy. Görmedik boldy. Kagyzy dolap «küldan» ýasady. Maýor bolsa sigareti müşdüge ildirip, kükedýärdi. Aýperi suratlary ýeke-ýeke ýerden galdyranda, ara alnan Ýeňşi gördi. Allaniçigsi tisginip gitdi. Saňňyldap, birazlap özüni rastlap bilmedi. Seretmäýin diýse-de ýene oňa nazaryny aýlanyny duýmady. Beýleki suratda daýanykly biri onuň ýakasyndan gaýym tutup, ýokary galdyryp durdy. Öwez Akyýewiç adaty parahatlygy bilen:
– Bular-a däl?! – diýdi.
– Birini tanýan, birini tanamok – Aýperi dodaklaryny müňküldetdi-de goýaýdy. Belki, ol Ýeňşi soramak isländir. Ejap edip, ýene dişlerini gysdy.
– Bularmy?
Bu gezek Öwez Akyýewiç Kostýa bilen Marady görkezdi. Aýperi olary siňin-siňin synlady.
– Şolarmyka diýýän.
– Jijim, «mykaňy» goýsana. Tanasaň-a tanaýan diý, ýogsamam... Organda gümürtik zat ýok. Ýok ýa bar. Däl ýa hawa. Bolýa ýa bolanok.
– Ýaşuly, birhili adam ekeniňiz. Garaňkyda, onda-da aldym-berdim çagda çalak-çulak göreniňi nädip çürt-kesik aýdyp biljek. – Aýperi Ýaýlym Gelenowiçe gönüledi. Ýöne onuň ýüzi tüsse buludynyň aňyrsynda galyp, neneň-niçikdigini saýgartmady.
– Umuman, biz adamlara gowşak daraýas, soragy bu ýerde däl-de, bölümde alyp barmaly – Muny maýor öý eýelerine kakdyryp aýtdy.
Polkownik arasy suratly bloknotyny ýygnady.
– Maýor, «Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan». Biz hal-ahwal soraşmaga geldik. Sorag-jogaba her haçanam wagt tapardyk. Ýeri geldi-de odur-budur zatlary anyklaýdyk. Bu gaýtam gowy boldy. Onda näme, turduk!
Öwez Akyýew öý eýelerine minnetdarlyk bildirip, hoşlaşdy. Gapyny ýapjak-ýapjakda bir zat-bir zat diýmek isläp, Aýperi temisgendi. Ýene dodaklaryny tirpildetdi-de oňaýdy.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: