17:44
Gorpa gaçmak / detektiw oçerk
GORPA GAÇMAK

Ikinji narkologiýa bölüminiň müdiri Kuwat Seýtäkow kabinete giren nähoşa oturgyjy görkezip; «Otur, Temirhan» diýýär.
Nähoş ellerini dyzynyň üstüňde goýup, guşuňky ýaly inçejik boýnuny sozup, äýneginiň üstiaşyr seredýär: ol wraçy diňlemäge taýyn.
– Bizde žurnalist myhmançylykda, Temirhan. Bu ýere – bize nähili düşendigiňi ýene: bir gezek gürrüň berip bilmezmiň?
Nähoş parhsyzlykdan we ýadawlykdan başga hiç hili garaýşy aňlap bolmajak ýüzüni maňa tarap öwürdi.
– Haliulin meniň familiýam – diýip, göni seredip bilmän, ýüzüni kese sowup gürrüň berýär: – Köneürgençden men, ol ýerde uýamlarda ýaşaýaryn. Bu ýere meni kolhoz bazaryndan alyp gaýtdylar, atyr içip kelläni «düzleýärkäm».
– Maşgalaňyz barmy, Temirhan?
Täsirsiz ýüzünde birhili naýynjar, günäkärleriňki ýaly ajy ýylgyryş peýda bolýar.
– Alkaşyňam bir maşgalasy bolarmy? Men ýigrimi ýyla golaý wagtdan bäri şu zährimary içýärin.
Öz-özüniň ömrüne palta uranyň biparhlygy, tüýs ýaşaýşa ynamyny ýitiren adam. Onuň taryhyny diňleýärin. Ony şu zat gorpa itekläpdir diýip güman eder ýaly, artykmaç zat ýok,
– Bir ýyl, iki ýyl içmän gezip bilýärin – diýip, Haliulin öz sözlerine özi haýran galýan ýaly gürrüň berýär: – bir bulgur içibem saklanyp bilemok. Üznüksiz içmäge başlaýaryn. Soňky gezegem sowuklama zerarly içdim. Grip halys etdi, sagalmak üçin içdim. Häzirem şu ýere düşdüm.
Ýok, ol narkologiýa dispanserine säwlik bilen düşmedi. Alkogola meýilliligine sowuklama hem günäkär däl. Nähoş çykyp gidensoň, Kuwat Seýtäkow bilen bolan gürrüňden men onuň «samrama» keseli bilen birnäçe gezek gaýtalap keselländigini, aňýaryn. Ölümiň gyrasyndan gaýdypdyr, şonda-da özüni saklap bilenok.
– Biziň işimizde iň kyn ýeri nähoşlaryň köpüsiniň özlerini şeýledir diýip oýlamaýanlyklaryndadyr – diýip, bölüm müdiri aýdýar: – hemme zat öz elimizde, haçan islesek içmämizi goýarys diýip pikir edýärler. Hakykatda bolsa olar eýýäm gorpuň düýbünde, gyssagdy kömege mätäç.

Haliulinyň ýaňyja turup giden oturgyjynda Firdous Haýrudinow otyr.
Eýýäm ilkinji garaýyşdan onuň ýüzünde alkogoligiň tagmasyny germek bolýar. Spirtli içgileri çendenaşa içen ligi üçin peýda bolan pese düşmekden, sersag durmuşdan bolan gorkudan ýaňa birgeňsi gyrpyldaýan göreçlerinden duýmak bolýar. Ol 44 ýaşynda, şonuň sekiz ýylyny zähmet – sagaldyş profilaktoriýasynda geçiripdir. Bu ýerde, narkologiýa dispanserinde hem birnäçe gezek ýatyp çykypdyr. Ýöne häzirlikçe wraç – narkologlaryň tagallalary ýerine düşenok.
– Bar bela onuň bu işi taşlamak islemeýänligindedir – diýip, K.Seýtäkow aýdýar. – Ynha, häzirem ol dürli ýollar bilen sagaldyş kursundan gaçmak isleýär.
– Sen näme üçin içmäňi goýaňok? – diýip, wraç soraýar.
Haýrudinow gaharly garaýyş bilen seredýär:
– Nähili goýjak? Durmuş mejbur edýär. Nirä barsaň-da barmaklaryny çommaldyp pyşyrdaşýarlar. Işe ýerleşmek kyn. Hiç ýerde alanoklar, alkaş diýýärler. Şonuň üçinem içýärin.
Haýrudinow gürrüňdeşligiň bütin dowamynda özüniň bar betbagtçylyklarynyň içgidendigini boýun almady. Durmuşynyň oňmadygyna bolsa diňe onuň özi günäkärdi.
Wraç işiň hakyky ýagdaýy barada oňa sabyrlylyk bilen düşündirýär, ýöne Haýrudinowy ynandyrmak mümkin däl.
– Durmuş günäkär, adamlar – diýip, ol aýgytly aýdýar, hiç zat diňlemek islemeýän ýaly, özüniňkiniň dogrulygyna bolan ynam bilen kabinetden çykyp gidýär.
Wraçyňky mamla. Öz keselleriniň hakyky sebäbini görmek islemeýän şeýle nähoşlara kömek bermek kyn.
Üçünji bolup kabinete kyrk ýaşlaryndaky çal saç adam girdi. Onuň adyny aýdyp oturjak däl, sebäbi ol beýlekilerden tapawutlylykda bu eýmenç keselden gutulmak üçin dispansere öz aýagy bilen gelipdir. Wraç ony özüne erk edip biler diýip hasaplaýar, oňa ynanýar.
Alkogol nähoşy öz hakykysyndan on ýaş dagy uly görkezýär.
Tiz medisina kömegine mätäç bolan beýlekilerden tapawutlylykda güýç bilen getirilip bolunmaýan bu disnansere ol nähili öz aýagy bilen meýletin geldikä?
– Mende içgiden soň «samyrdama» keseli peýda boldy – diýip, ol boýun alýar: – Aýlykdan soň ýatyp içdim. Onki günläp dagy yzyny üzmän içdim. Soň üç günläp ýatyp bilmedim. Otagda ýarganatlar gaýmalaşyp başlady, bir hili ýaşyl ýylanlar, eýmenç ajdarhalar, sarymtyl ak pişikler gözüme görnüp ugrady...
Nähoşuň gürrüň berýän bu hyýalbent zatlary birbada biygtyýar gülküňi tutdurýar. Ýöne onuň gamgyn göreçleriňe gözüň düşende gorkunç duýgusy döreýär. Sebäbi adam akyldan azaşypdyr. Oňa üç günläp ynjalyk bermedik al-arwahlary häzire çenli köpleriň zyýansyz güýmenje hasaplaýan alkogolly içgileridigi welin aýan zat.
– Indi hiç haçan içmerin – diýip, ol başyny galdyrman gürleýär: – onuň nämä getirýändigine häzir düşünip başladym. Häzire çenli illeriňki ýaly maşgalam hem ýok ahyryn. Söýýän gyzym bardy, ol hem taşlap gitdi. Eşidişime görä, instituty tamamlapdyr, men bolsam ýedi klas bilimim bilen galyberdim. Ýeke özüm. Diňe çüýşedeşlerim ýanymda.
Ýaňky dostsumaklary onuň bilen görme-görşe gelipdirler. Özleri bilen bir çüýşe arak getiripdirler. Ýöne nähoş beýle howatyrly sowgatdan ýüz öwrüp, olaryň gaýdyp indi gelmezliklerini haýyş edipdir. Diýmek, şeýle «dostlugyň» bahasyna düşünipdir.
– Men oňa ynanýaryn – diýip, wraç ýaňkynyň hökgeren ýagyrnysyna gynanç bilen seredip durşuna aýtdy. Muňa, ynanasyň gelýärdi. Nähoşuň paýhassyz ýaşalyp geçilen ömür üçin giç ökünmesi ýaly ynanasyň gelýärdi.
– Iň güýçli dermanyň adamyň öz-özüne erk edip bilmegidigini öň aýdypdym diýip, Kuwat Seýtäkow ynandyryjylykly gürleýär: – Eger-de alkogolik özüniň keseldigine düşünse, şeýledigini boýun almaga erki ýetse we keselden gutulmak islese, onda şuň sagalmagy reallyga öwrülýär. Bize bolsa zerur medikamentoz bejerip, şertli – reflektor terapiýa belläp, kömek edäýmek galýar.
Gynansak-da, nähoş dispanserden çykyp, ýene-de çüýşedeşleriniň arasyna düşýär. Ýekeje gezek içdigi-de biziň bar zähmetimizi puja çykarýar, geljekki durmuşyna atanak çekýär. Şonuň üçin hem alkogolizm bilek kesellän nähoşlaryň bejergi kursundan soň ony bulgura meýil etmekden saklaýan, talap ediji, üns bilen gurşaýan dostlarynyň arasynda düşmekleri gerek.
Dispanseriň howlusyndan çykyp, ýeňillik bilen dem aldym. Öz-özlerini agyr kesele duçar eden adamlaryň ýatan palatalaryndaky atmosfera darykdyryjydy. Olaryň köpüsiniň geçmişiň agyr ýüküni gerdenlerinden zyňyp taşlap, ýaşaýyş geljekki ajaýyplyklaryny görjekdiklerine, ondan lezzet aljakdyklaryna ynanasyň gelýär. Bu işde bolsa olara hemmeler kömek etmelidirler. Bu biziň adamkärçilik borjumyzdyr.

Şöhrat MÄTWELIÝEW.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 73 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şöhrat Mätweliýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
8 Dunyagozel   [Материал]
Atama goşulýan smile
Edil otlamalam däl ekeniňiz sad
ýyrtan bolsaňyz kleýläp okardyk.

0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Hername-de bolsa yok etmeli dal eken, "beren coregiñi iymedimi" smile bir gyra oklap goyaymaly eken, belkam soñ-soñlar syntgylardyñ, başga eser yazmaga material, edebi esas bolardy.

0
7 Bagabat   [Материал]
"Uzynyň akly giç geler" diýleni-dä. Maňa-da öň ýazan zatlaryň bolgusyz bolsa-da, soň olaryň üstünde işläp boljakdygy hakynda "parasatly pikire" ýetmek üçin azyndan 20 ýyl dagy gerek boldy. biggrin
Ýogsa boý-syrat babatda, men Maýkl Jordanam-a däl welin...
Halypam aýtmyşlaýyn: “Elbetde, onuňam özüne ýetesi sebäpleri bardyr-da”... :-)

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Hazir okyjylar neşe temasyndan yazylan Komek aganyñ (Kulyýewiñ) "Garlawajyñ gaýy" we Öwezdurdy aganyñ "Gyrnak" eserlerini hezil edip okayarlar, Serdar aga. Yalñyşmayan bolsam "Garlawajyñ gaýy" şa serpaýyna-da mynasyp bolupdy.

0
6 Bagabat   [Материал]
"Garlawajyň gaýy"- şu temadan ýazylan eserleriň içinde naýbaşysy hasaplaýaryn. 2008-nji ýylda "Garagum" žurnalynda çykanda okap, haýranym hekgeripdi. "Bäý-bä, muny edäýşini!" diýip. Soň-soňlaram Kömek aganyň her ýazan zadyny okap, özlemmizden göwnüm geçmämiz aýrylman geçäýdi. "Bäh, şunuň ýaly zatlar ýazylyp ýatyrka, bizler ýalylaram klawişaň kellesini agyrdyp, ýazan bolup ýörmäge utanmaýaram-uýalmaýaram-aýt!" diýip öz-özüňe gyjalat berip...Ýöne, näme, Gurbannazarymyzyň aýdyşy ýaly: "Ýazmak keselini tapypsyň nirden...". Bu "kesele" uçranyňdan soň "goýaýyn şuny, bular ýaly zatlar ýazylyp ýatyrka, il güldürip, bolar-bolgusyz zatlary çyrşan bolup ýörmäýin" diýip, özüne näçe dişini gyjyrdatsa-da, barybir, ýazmany bes edip bolmaýar-da... Şonuň üçinem muňa "kesel" diýilýär-dä. Kesele-de özüň isläp ýolugyp bolmaýşy ýaly, oňa ýoluganyňdan soň öz islän wagtyň ondan saplanbybam bolmaýar-da... biggrin

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Edebiyata bagyşlap bolmajak iñ uly hyýanat edipsiñ! smile yone wagt möhletem geçen ekeni-dä smile yogsam kitapcynyñ okyjylaryny ustuñize küşgürip, jezalandyrardyk sizi, agam biggrin

0
3 Bagabat   [Материал]
Äý-ý! Sen aýtma. Edil edebiýata hyýanatmydy ýa-da hemaýatmydy ol hereketim, ony kesgitlemäge çakym ýok-la welin, şol wagtlar ýaňy işe başlap tejribede, iş ýüzünde ol üflis neşekeşligiň, neşe söwdasynyň, neşekeşlikden bejerişiň nämedigini gördüm-de, "baý-bu-uw, asyl bu zatlar beýle eken-ä-how!" diýip, öz ýazanymdan gaty göwnüm geçäýipdi-dä. Onsoň "hernä neşir etmänlerem gowy boldy" diýäkge, otlamaga howluganym ýadyma düşýä. Äý, onsoňam, şo mahallar ýaş bolunýarmydy nämemidi, birhili ýazan zadyňdan gaty bahym göwnüňi geçirmäge howlugylýan ýalydy... Sähel bahana tapsaň boldugy, derrew ýazan zadyňy ýazanyňa içiň ýanyp, ony gyzyl oda beresiň gelip başlaberýärdi. Megerem, her ýazýan adamyňam kalbynyň bir burçunda pynhan piroman (otsöýer däli) gizlenip ýatan bolmaly... Indi bolsa öz zähmetiňe düýbünden dözmeýärsiň. biggrin

0
1 Bagabat   [Материал]
2004-nji ýylda, bir ýyldanam gowrak wagt iş edinip, jemi 70-80 sahypalyk göwrümli "Narkologiýa hassahanasy" atly powest ýazypdym. Bu oçerklerdäki wakalar hem şol powestiň wakalaryny ýiti ýatlatdy. Erbet ýeri, soň 2006-njy ýylda şol poweste göwnüm ýetmän, ony durmuşdan üzňe hasaplap, ýeke pursatlyk gahar, tukatlyk bilen otlapdym. Indem ökünýän...Sebäbi beýlebir hyýaly wakalardan düzülenem däl eken ýaly...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: