16:50
Betbagtlyk resepti / detektiw oçerk
BETBAGTLYK RESEPTI

Narkologiýa böluminiň müdiri Kuwat Seýtäkow bilen bir ýyla golaý wagtdan bäri tanyş. Wraça dürli ýagdaýlarda gabat gelmek miýesser etdi. Elbetde onuň töwerekdäki zatlara garaýşy hemme adamlaryňky ýalydy. Ýöne nähoşlar bilen gürleşende welin nähilidir bir aýratynlyga öwrülýärdi, düşündirip bolmajak derejede özgerýärdi. Şeýle üýtgeýjilik ukyby nähoşa – neşekeşe ýa-da arakhora täsir etmek üçin gerekmikä diýip häzir hem oýlanýaryn. Älemiň ähli syrlary aýan bolup duran, şol syrlaryň köpüsiniň açary elinde bolan güýçli, parasatly adamyň obrazyna öwrülmek... Bu näme üçin gerek?
Narkologiýa dispanseriniň müşderisiniň ruhy taýdan tapdan düşen, diňe neşäniň nobatdaky dozasyny kabul edenden soň emele gelýän lezzetleriň yrga dünýäsine ynanýan adamdygy mälimdir. Neşekeşe iki sany güýçli duýgy – neşäniň berýän az wagtlyk lezzetine meýl etmek duýgusy we «keýpden» soňky tozmak gorkusy erk edýär. Neşekeşiň ünsüni özüňe çekäýmek örän kyndyr. Hatda adamyň psihologiýasyndan ussatlarça baş çykarýan wraça hem hemme wagt bu başardyp duranok.
Kuwat Seýtäkow welin muny başarýar. Ýöne her gezek tapdan düşen şahsyýet bilen ýüzbe-ýüz «göreş» elbetde oňa ýeňil düşmeýär. Ol ýasama biperwaýlyga örtülen ýaşyryn ejir sapaklaryny seresaplylyk bilen çöşleýär.
Hatda bu ýere oz erkleri bilen gelmedik we özleriniň neşe serhoşlugy zerarly ertekilerdäki köşge öwrülýän horaşa tünegine dolanyp barmagy arzuwlaýan ölemen neşekeşler hem az wagtdan soň doňdurylan ýaly, wraça gulak asyp başlaýarlar.
Dispanserde duşuşmak miýesser gelen nähoşlarymyň atlaryny olaryň sagalmaklarynyň bähbitleri üçin agzamakdan saklanýaryn. Lezzetiň gözleginde çolaşan kereplerinden olaryň çykjakdyklaryna hemişe-de umyt bar. Hakykatda kanunyň çygryndan çykan hem bolsalar, beýleki nähoşlar ýaly, neşekeşleri hem goldamak gerek.
Kuşetkada oturan nähoş B. bar ünsüni jemläp wraçyň sözlerine gulak asýardy.
Ol bu ýere nähili düşüpdir, neşäni ilkinji gezek haçan dadyp görüpdir, nähili duýgulary başdan geçirýär?

– Bu bolgusyz zady ilki haçan dadyp görendigim häzir anyk ýadyma düşenok. Ýetmişinji ýyllaryň aýaklarynda bolsa gerek, tanyşlarymyň biri hödürläpdi. Şonda men özümi edil behişte düşen ýaly ýeňil duýdum. Kem-kemden özüne çekip başlady. Ýöne soňlugy bilen öňki dozanyň hemişekileri ýaly «keýp» bermeýändigini aňyp ugradym. Göknaryň mukdaryňy artdyrmaly boldy. Garagalpagystanyň uzak raýonlaryndan getirýän alypsatarlardan alýardym. Üç ýyla golaý içdim. Soňra bolsa pulum ýetmän ugrady. Ähli emlägimi şoňa çalyşdym. Çagajyklarym aç-ýalaňaçdylar, ýöne olar meniň gözüme ilmeýärdi. Kellämde diňe bir pikir – neşe üçin nädip pul tapmak pikiri at salýardy. Ynanyň, «humary tutan wagty» başga zat ýada düşmeýär. Onuň hemişe ýanyňda bolmagy üçin ummasyz pul gerek, ony nireden aljak? Aýlygym ýetmeýärdi. Gaýybana okaýardym, instituty taşlamaly boldy. Nädip okajak, endam janyň owum-döwüm, ukyň. tutanok. Hemmeler süýji ukyda ýatandyrlar, sen bolsa göknardan bir ganmak barada oýlanýansyň. Neşe satýanlaryň öňünde dyza çökersiň, özelenersiň, emma «dokuň açdan habary ýok» diýenleridir, olara diňe pul gerek. Onsoň jenaýatçylyga baş goşaýmak galýardy. Ýöne men başga ýoly saýlap aldym – keselhana geldim. Belki meni bejererler, belki, az wagtlyk behişti bagyşlap, soňra bütin ömrüňi dowzaha atýan bu belany hemişelik unudaryn.
Neşekeşleriň şol zährimara meýilli bolmagynda ony satýanlaryň hem günäsi az däl. Elbetde erki gowşak adamy az wagtlyk keýpiň öňünde durup bilmän, zähere gol berenligi üçin günäläp bolar. Ýöne beýlekileriň gam-gussalarynyň hasabyna baýlaşýanlary hem aklap bolmaz. Olar babatynda kanun gazaply, emma köplenç neşe söwdagärleriniň pidasy bolan neşekeşleriň özleri olary jezadan ýaşyrýarlar. Ine, B. niň özi hem kimden satyn alýandygyny aýdyp bilenok. Adaty neşekeşleriň aýdyşlary ýaly: – haýsydyr bir nätanyş adamlardan – diýýär – olary birinji gezek görşüm.
– Hakykaty aýtmak islemeýär – diýip, Kuwat Seýtäkow belleýär: – raýdaşlygyň galp duýgusy, esasan hem ar alnaryndan gorkulary zerarly şeýdýärler. Sebäbi neşe söwdagärleri iň howply jenaýatçylardyr. Olary paş etmäge kömek etmegiň deregine, özleri ýol berýärler. Onsoň hem mertebe duýgusyny ýitiren, erk – ygtyýarsyz şeýle adamlardan nämä garaşjak?
Biziň gürrüňimiziň bütin dowamynda B.-niň öçügsi gözleri sowuk kül sepilen ýaly ýekeje gezek hem nurlanmady. Şol garaýyşlarda janly pikiriň täzeden oýanmagy üçin onuň özi-de, medisina işgärleri-de köp tagalla etmeli bolarlar.
Nähoş H. howsalalydy. Kabul edilen derman öz täsirini ýetiren bolmaga çemli.
Wraç tarapyndan ynançly gürrüňe çagyrylan ýaňky nähoş özüne ilkinji gezek neşe sanjyşy barada joşup gürrüň berdi:
– Meniň tanyş oglanlarym neşe bilen meşgullanýardylar. Olaryň özlerine nähili ukol edýändiklerini, soňra meýmireýändiklerini gerdüm. Bir gezek nobatdaky ukoldan soňra olar meýmiräp, uka gitdiler. Bankajykda bolsa birazrak suwuklyk galdy. Bu keýpi özümiň hem synap göresim geldi. Az salymdan gözlerim ümezläp, men hem olaryň ýanynda gyşardym. Şondan soňra biz aýrylmaz dostlara öwrüldik. Bizi neşe birikdirýärdi. Awtomaşynym bardy. Men olary daşamalydym. Biz dürli şübheli adreslere barýardyk, oglanlar nämedir bir zatlary satýardylar, satyn alýardylar. Hyzmatlary üçin bolsa bir bölejik tirek berýärdiler. Ondan bolsa özüme sanjymlyk suwuklyk taýýarlaýardym.
Neşekeşiň diňe ýigrimi ýaşy bardy, daşyndan welin on ýaş uly görünýärdi. Ol şol suwuklygy nähili taýýarlaýandygyny gürrüň berip başlady. Edil dogabitdi aktýorlar ýaly, betbagtlyk getiriji neşäni taýýarlamaklygyň eýmenç reseptini gyzyklandyryp, jikme-jik aýdyp berdi.
Nähoş aladasyz we şadyýan görünýärdi. Ýöne sözleri ysgynsyz aýdýardy. Wraç munuň dermanlaryň täsiridigini düşündirdi.
– Ýene ýarym sagatdan, «kadaly» ýagdaýa gelenden soň hem bir synlap görüň, asyl ony tanamarsyňyz – diýip, K.Seýtäkow aýtdy.
Aýdyşy ýaly, az salymdan H. agzyna gelenini aýdyp milisiýa garganyp ugrady. Eýmenç ýesirlikden boşadyp, ýagşylyk etmek islendiklerine ol düşünmek islemeýärdi.
– Okamaga gitmeli, men bolsa bu ýerde ýatyryn – diýip, neşekeş sesiniň ýetdiginden gygyrýardy: Kim günäkär, kim?!
Ol muňa nähili jogap berjegini bilmeýärdi, takygy islemeýärdi. Jogap bolsa ýönekeýden ýönekeýdi, günäkäri-de başga ýerden gözläp oturmaly däldi – diňe onuň özidi...
Neşekeşleriň arasynda aksakgaly görmek adaty däl ýaly we oňaýsyz duýulýardy. Ýöne ünsli garasaň, öçügsi nazarlary na gözüň düşende, onuň bu ýere ýönelige gelmändigi aýdyň bolýardy.
Aksakgal altmyş bäş ýaşynda. Göknaryny elinden alypdyrlar, ony bikanun ekip özi taýýarlaýan ekeni. Onuň taryhy hem originallykdan tapawutlanmaýar, ýöne durmuş terjimehaly welin hormat duýgusyny döredýär. Söweşipdir. Uruşdan soňky ýyllarda zähmet çekipdir. Altmyşynjy ýyllarda onuň sözlerine görä, işe ýardam edýän bu zährimara baş goşupdyr. Kem-kemden neşe pälwansypat daýhany garran çagynda öz toruna çolaşdyrypdyr. Pul. Jenaýatçylykly islegi kanagatlandyrmak üçin onuň köp bolmagy gerek. Neşe söwdagärleri bolsa zährimara meýillileriň islendik ýol bilen pul tapjakdyklaryny, başga alaçlarynyň ýokdugyny bilýärler. Şonuň üçin hem olaryň biznesi şeýle «ygtybarlydyr».
Garry öküzi, sygry bileň hoşlaşypdyr. Maşgala sagynsyz galypdyr. Eşegi bilen arabasyny hem satypdyr. Ot daşamaga zady galmandyr. Ýataklary boşansoň onuň zerurlygy hem bolmandyr. Puly çalt gutarypdyr. Neşesiz galan garry ejir baryny çekipdir, ynjalygy gaçypdyr. Göknar ekmeli diýen karara gelipdir. Hasylyny ýygnapdyr, gaýtadan işläp, gizlinje ýerde ýygşyrypdyr. Ýöne ondan peýdalanmaga ýetişmändir.
Aksakgal neşekeşligiň köp ýurtlara betbagtçylyk getirendigini köp eşidipdir. Ýetginjekleriň neşäniň pidasy bolýandyklaryna haýranlar galýar.
– Aýdaly biz-hä agyr günleri başdan geçirdik, çekip-çydap bilmedik, gowşadyk. Köpümiz ötüp, azymyz galdy. Olaryňky näme diýsene, mesligine çydamaýarlar – diýip, jöwrenýär.
Daýaw garrynyň sakgaly çuw ak bolsa-da, hakyky aksakgallaryňky ýaly ýüzüne gelşik bermeýärdi. Çünki ol neşekeşdi. Reallykdan gaçyp, adamyň göwresini eýmenç boşluga öwürýän keýpiň galp dünýäsine meýl edýänleri aklap bolmaz. Özi ýaly betbagt adamlary gowşaklygy üçin aýyplamaga-da onuň moral hukugy ýokdur.
– Bize neşe satýanlaryň ählisiniň altyn dişleri, altyn bezegleri bar, olary biziň gam-gussamyzyň hasabyna gazanýarlar. Ählisini basmak gerek – diýip, aksakgal zeýrendi.
Ýöne neşe söwdagärleriniň iň bolmanda biriniň adresini aýtmakdan ol boýun gaçyrýar. Onsoň onuň sözlerine nähili ynanjak?
Biz narkologiýa dispanserinden çykyp gaýtdyk. Howlynyň daşyndaky sekiniň üstünde nähoş H. guran tut agajyna ýaplanyp otyrdy. Dermanyň täsiri gaçan bolmaga çemeli. Ol jansyz, ýalaňaç şahalaryny alaçsyz howaladyp oturan bu gury agaç ýaly ses-üýnsüzdi, dymmady.

Şöhrat MÄTWELIÝEW.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 67 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şöhrat Mätweliýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
5 Hаwеrаn   [Материал]
Meñ M.Haşayewiñ "Ýedi müñ çakrymyna" beren 50 manadym ü.n eşiden igenjim yaly igenç eşderdiñ-dä, bar bolany smile alyp goybermeli ekeni smile

0
6 Bagabat   [Материал]
Hatynyna sakgalyndan tutup pyrladýanyň ady "Ependi" dädir, biler bosaň! biggrin

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Şöhrat Mätweliýew "Howply jenaýatçy gözlenilýär", rus dilinden terjime eden Gazakbaý Amanow. Daşhowuz-1991 ý. smile

0
4 Bagabat   [Материал]
Hä. Kitap eken-ow. Äý hawa-da. Hernäçe, iň bolmanda türkmen dilind-ä çykan zady sypdyrman okaýandyryn öýtseňem, barybir juda köp zady okamag-a beýle-de dursun, hatda neşir edilendiginem bilmän galýarsyň. Ine düýnjügiň özünde kitap dükana baryp, rus dilinde birki sany kitaby satyn alanymdan soň Ahmet aganyň (Ahmet Mämmedowyň) şygyrlar ýygyndysy bilen Gurbannazar Orazgulynyň "Heňňam hekaýatlarynyň" nobatdaky dowamynyň neşir edilendigini gördüm. Elbetde Ahmet aganyň kitabynyň bahasy bary-ýogy 18 manat ekeni. Emma, öň ýanynda ýanpulumy mazaly gowzadandygym sebäpli, "entek günorta naharynam iýmeli" diýen pikir bilen ony satyn almagy soňa goýmaly boldy.

0
2 Bagabat   [Материал]
Onsoňam bu makalalar şol döwürler çap edilen bolsa, çeşmesi görkezilen bolsa, hasam gowy bolardy.

0
1 Bagabat   [Материал]
Ir döwürde ýazylan makalalar öýdýän. Aslynda bu Şöhrat Mätweliýew haýsy gazetiň habarçysy bolduka?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: