15:01
Ogluma ýazan hatlarym / 10-njy hat
10. Salam, eziz perzendim!
Sen mamla: adam ruhunyň boşlugy adamyň oglanlykda pikir etmäge garanda köp okaýanlygyndan, köp ýat tutýanlygyndan başlanýar. «Ylmy hakykatyň manysyna düşünmäge wagtyň ýetmeýän halatlary hem bolýar, okamaly, okamaly, okamaly... bolýar» diýip, sen ýazýarsyň.
Hawa, bu gynansak-da, şeýle... Ýöne näme üçin okuwçy ýa student ideýalaryň manysyna mugallymyň bilimleri beýan edýän pursadynda düşünjek bolanok? Näme üçin kuwwatly ruhy güýç bolan ideýalarymyzyň hakykaty, ylmy hakykatlaryň beýikligi köplenç ynsan kalbyna ýetmän galýar? Gyz monastyra gidipdir, onuň etmişi biziň üçin geň, täsin bolup görünýär. Ýöne näme üçin birentek adamyň ideýalarymyzyň hakykatyndan we gözelliginden estetiki gymmatlyklardan, ynsan gözelliginden ýüz öwrüp, piwohana, şübheli keýp çekilýän agşamlara gidýändigi bizi geň galdyranok we howsala salanok, näme üçin?
Bilimleriň ynsanyýetleşdirilmegi, okatmagyň asylly, belent duýgular bilen ruhlandyrylmagy, munuň özi, meniň nazarymça, mekdep terbiýesinde, wuz terbiýesinde-de birinji nomerli problemadyr. Her bir ädimde matematika asyry, elektronika asyry, kosmos asyry diýen sözleri eşidýärsiň. Bularyň hemmesi gowy, ganatly sözler, ýöne olar biziň günlerimizde bolup geçýän zatlaryň manysyny aňlatmaýarlar. Dünýä Adam asyryna gadam urýar – ynha, esasy zat şudur. Uly matematik ukyby bolmadyklar doly bahaly adamlar däl ýaly, betbagt, maňlaýygara adamlar ýaly hasaplanyp, soňky wagtlarda näme üçindir ürç edilip ýaýradylýan tendensiýa, düýpden ýol berilmesiz, gös-göni samsyk tendensiýadyr. Eger men hristian injilçi baptistleriň sektasynyň obşinalarynyň orta we ýokary bilimleri bolan, tebigat fakultetlerini we tehnikumlary gutaran çlenleriniň prosentini aýtsam, käbir adamlar biziň asyrymyzy matematiki asyr diýipmi ýa-da Adam asyry diýip – nähili atlandyrmalydygy barada çynlakaý oýlanardylar.
Sen oňat inžener boljak bolup çalşarsyň – munuň özi gowy zat. Emma, ilki bilen, adam boljak bolup çalyşmaly – bu has hem gowy zat. Özümiziň adam kalbyna nämeler salýandygymyz barada biz bu gün hemme wagtdakydan köp oýlanmaga borçludyrys. Orta mekdep tamamlanylandan soň, studentleriň aglabasy üçin gumanitar bilim almagyň tamamlanýandygy meni örän tolgundyrýar... Men ýaşlary gumanitar taýdan giňişleýin terbiýelenmegi – emosional-estetiki terbiýäni, duýgularyň inçeligini we gözelligini terbiýelemegi, täsirjeň, eserdeň, duýgur adamy terbiýelemegi göz öňünde tutýaryn. Näme üçin, seniň bilen bile ýaşaýan ýoldaşlaryň biri-birlerine diýseň perwaýsyz, näme üçin olar ýanlarynda ýaşaýan adamyň näme işläp, näme barada oýlanýandyklaryna biparh garaýarlar? Näme üçin adam her bir ýaş ýigit üçin akyl ýetirmegiň iň möhüm obektine öwrülenok? Näme üçin, ýaş dostlar, hut adama akyl ýetirmek siziň üçin iň gyzykly akyl ýetirmä öwrülenok? Bularyň bary emosional-estetiki terbiýäniň ýöntemligi zerarlydyr.
Adam ruhunyň boşlugynyň, ruhy islegleriň garyplygynyň öňüni başga biri däl-de, diňe ýaş ýigidiň özi, her bir adam almalydyr. Lektoryň gürrüňini diňläniňde, kitap ýa-da ylmy žurnal okanyňda ideýany özleşdirmegiň, oňa ymykly düşünmegiň, öz aňyňda bilimleriň karkasyny gurmagyň gerekdigi barada men eýýäm saňa ýazypdym. Dünýä hadysalaryna akyl ýetirýärkäň, ylmy hakykatlary özüň bilen, öz ykbalyň, öz şahsyň bilen baglanyşdyrsaň, diňe şonda kommunistik ideýalar seniň üçin mukaddes bolar. Ynha, dialektiki materializm boýunça siz häzir dünýä hadysalaryna akyl ýetirmekligi öwrenýärsiňiz. Göwnüňe bolmasa, ol praktika onçakly golaýlaşmaýan sap teoretiki mesele ýaly. Emma hakykatynda welin, ol biziň maddy abadançylygymyz bilen ruhy durmuşymyzyň dolulygynyň manysynyň hut özüdir. Adamyň bagtynyň hatyrasy üçin özümizi gurşap alan dünýä akyl ýetirmeli. Dünýä hadysalaryna akyl ýetirmek barada leksiýa diňlemek bilen birlikde sen öz praktiki işiň barada, öz bilimleriň, öz zähmetiň bilen biziň halkymyzyň maddy hem ruhy baýlygyna nähili goşant goşup biljegiň barada oýlan. Tebigatyň gizlin syrlaryna aralaşmagyň, dünýä hadysalaryna akyl ýetirmegiň, öwrenilmedik zady düşündirmegiň özüňe nähili şatlyklar eçiljekdigi barada hem oýlan. Bütin ömrüň üçin özbaşdak bilim almagyň planyny düz, sebäbi wuzy gutaranyňdan 10–15 ýyl geçeninden soň ylmy bilimleriň gylla ýarysy seniň öwrenmedik düýpden täze bilimleriň bolar.
Gumanitar, ynsanyýetçilikli bilim hem öz-özüňi terbiýelemegiň prosesidir. Özüňde Adamy terbiýele – iň esasy zat, ine, şudur. Inžener bolmak üçin 5 ýyl gerek, adam bolmak üçin bolsa ömürboýy öwrenmeli. Özüňde ynsan kalbyny terbiýele. Ruhy özbaşdak terbiýelemegiň esasy serişdesi gözellikdir, sözüň doly manysyndaky gözellikdir: sungatdyr, sazdyr, adamlar bilen mähirli gatnaşykdyr. Bu barada biz entekler köp gezek, örän köp gezek gürrüň etmeli bolarys.
Men häzir howlugýaryn – mekdepde okuw-terbiýeçilik işiniň sistemasy hakyndaky golýazmamy çap etmäge taýynlap gutaryp barýaryn. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 31 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: