13:53
Yslam dininde haramlar we uly günäler: Günäler
IKINJI BÖLÜM

▶ GÜNÄLER

EDILMEGI GÜNÄ BOLAN ZATLAR

Günä dinde etmiş, günä hasaplanýan, Allanyň emirlerine ters bolan söz we hereketler, özüňi alyp baryşlar diýmekdir.
Allanyň gadagan eden bir zady-meselem, ogurlyk etmek günä bolşy ýaly, emir eden bir zadyny etmezlik-de – meselem, namaz okamazlyk-da – şonuň ýaly şekilde günädir.
Günäleriň hemmesi deň däldir. Bir nätanyş aýalyň namysyna degmegiň günä bolşy ýaly, söz bilen, el bilen lak atmak-da günädir. Emma bular bir meňzeş derejede däldir. Munuň üçin günäler uly we kiçi bolmak bilen iki bölüme aýrylýarlar.
Ynanýan kişi uly bolsun, kiçi bolsun, ol günäni kime garşy edendigini oýlanyp, ähli günälerden gaça durmalydyr. Esasan-da uly günälere ýakynlaşmaly däldir. Çünki uly günäleriň kiçi günälere garanda jogapkärçiligi has-da agyrdyr.
Uly bolsun, kiçi bolsun, günä eden adam dinden çykan bolmaz, ýöne günäkär bolar, mömindir, emma kemçilikli, günäli mömindir. Bu meselede alymlaryň arasynda aýry garaýyş ýokdur.
Biz bu kitapçada dinimizde uly hasaplanýan günäleriň esasy bir bölegini görkezip geçjekdiris.

▶ ULY GÜNÄLERDEN KÄBIRLERI

1 – Şirk

Uly günäleriň iň ulysy şirkdir. Şirk Allaha ýoldaş goşmak, Alladan başga ilahyň bardygyna ynanmakdyr. Has açyk bir düşündirişde, Allanyň ortagy, taýy bardygyny kabul etmekdir. Bu manydaky şirk, diňe bir uly günä däl, şol bir wagtyň özünde küpürdir. Ýagny, Allanyň ortagy bardygyna ynanan kişi mömin (musulman) däldir. Pygamberimiziň zamanyndaky müşrikler (Taňra ortak, taý goşanlar), Allaha ynanýardylar. Emma Allaha ortak goşduklary üçin mömin hasaplanmaýardylar.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Ilahymyz bir täk ilahdyr. Oňdan başga ilah ýokdur. Ol rahmandyr, rahymdyr.»(1)
«Diý ki, Ol, Allah birdir. Allah sameddir. Ol dogurmadyk we dogrulmadykdyr. Hiç bir zat oňa taý ýa-da deň däldir.»(2)
«Eger ýerde we gökde Alladan başga taňrylar bar bolsady, oňda ýer we gök hökman bozulyp giderdi. Diýmek ki, Arşyň Rabbi bolan Alla, olaryň gelişdirýän, düşünýän sypatlaryndan uzakdyr, tämizdir.»(3)
Bu aýat, Allanyň birdigini, taýy we deňiniň ýokdugyny görkezen ynandyryjy we subut ediji bir delildir. Dünýäde, älem-jahanda hemme zadyň ýerli-ýerinde bolmagy, bir bozuklygyň we tertipsizligiň bolmazlygy ony ýaradan we dolandyranyň birdigini we ortagynyň, taýynyň ýokdugyny görkezmekdedir.
Alla ortak, taý goşan kişi iň uly günäni işledigidir. Mundan toba edäýmese, ýagny şirki terk etmese, Alla Tagalla ony bagyşlamaz. Şonuň ýaly Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Alla özüne ortak goşulmasyny, elbetde, bagyşlamaz, mundan başga zady dilän kişini bagyşlar. Allaha ortak goşan kişi uly günä bilen töhmetde boldugydyr.»(4) Çünki Allanyň ortagy, taýy ýokdur.
Ybadat ýalňyz Allaha edilen we diňe Onuň hakydyr. Çünki ynsany ýaradan, ýaşadan we ýokary hilli akyl ýetirişler, düşünjeler bilen üpjün eden Oldur.
Onuň üçin-de iň ýokary hormat diýilýän ybadat-da Onuň hakydyr. Ondan başgasyna ybadat edilmez. Munuň üçin Oňa edilen ybadata başgasyny ortak etmek-de şirkdir, belki-de, şirkiň iň ýaýgyn, giň, uly bolanydyr. Käbir kişiler bilmezlikden bu günäni işleýärler. Allaha görkezilmegi gerek bolan hormat we belende göterme ýaly zatlary käbir ysanlara-da görkezýärler. Şol wagtda bolsa günde bäş wagtyna kyldygymyz namazyň her rekatynda okadygymyz fatiha süresiňde:
«Eý Rabbimiz, ýalňyz Saňa ybadat edip we ýalňyz Senden kömek dileýäris» diýýäris.
Pygamberimiz bu meselede bizi oýarýar. Hristianlaryň Hezreti Isa görkezilişi ýaly, aşyry derejedäki hormaty özüne görkezmezliklerini öwüt edýär we şeýle buýurýar:
«Hristianlaryň Meremiň ogly Isany öwüşleri ýaly, meni öwmäň. Şübhesizdir, ýagny, men Allanynyň guludyryn. Maňa «Allanyň guly we ilçisi» diýiň»(5)
Hristianlar Hezreti Isany çenden aşyry derejede öwüp, ony ilahylaşdyrypdyrlar we küpüre giripdirler. Çünki Hezreti Isa ilah däl, biziň Pygamberimiz ýaly, Allanyň guly we ilçisidir. Ony ilahlaşdyrmak ony öwmek däl, tersine kemsitmekdir.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulýar:
«Ant bolsun, ýagny» Alla-anyk Merem ogly Mesihdir» (Mesih – Isa pygambere berlen atlaryň biri) diýenler kapyr bolandyrlar. Şeýle hem Mesih» Eý Ysraýyl ogullary Rabbim we rabbiňiz bolan Allaha gulluk ediň. Biliň ki, ýagny kim Allaha taý, ortak goşsa, hökmany suratda  Alla  oňa  jenneti haram kylar; indi onuň ýeri ataşdyr we zalymlar üçin kömekçiler ýokdur.» diýipdir»(6)
Hezreti Isa Hristianlary oýaran wagtynda olar ony diňlemän we oňa taňrylyk ýükläp, küpüre gidipdirler. Çünki onuň taňrylyk bilen baglanyşygy bolmaýşy ýaly, beýle bir tassygy, talaby-da ýokdy. Ol Allanyň guly we ilçisidi.
Pygamberimiz hristianlaryň düşen bu gorkunç hatasyna düşmezligimiz üçin bizi oýarýar. Çünki, Pygamber-de bolsa, bir ynsany hetden aşyry derejede öwmek – Alla gorasyn adamy şirke göterýär.
Allaha edilen ybadata başgasyny taý, ortak goşmalyň şirk boldugy ýaly, görkezmek üçin, göz üçin, bir peýda ýa-da abraý, awtoritet gazanmak üçin ybadat etmek, haýyrly iş etmek-de şirkiň başga bir görnüşidir.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Her kim Rabbine gowuşmagy umyt edýän bolsa, haýyrly, gowy iş etsin we Rabbine ybadatda hiç bir zady Oňa taý, ortak goşmasyn.»(7)
Görkezmek, göz üçin edilen ybadaty, haýyrly we gowy işi Alla kabul etmez. Beýle ybadatyň Allanyň ýanynda bir gymmaty-da bolmaz.
Pygamberimiz Alda Tagallanyň şeýle buýrandygyny bildiripdir:
«Men taý, ortaklaryň ortaklykdan iň müstagny (doýgun) bolanydyryn. Her kim eden amal we ybadatynda maňa başgasyny taý, ortak etse, ony maňa goşan ortagy bilen baş-başa goýaryn (ýagny eden amallarynyň sogabyndan mahrum ederin.)»(8)
Ybadaty her hili göz görkezmek üçin edilenden uzak, ýalňyz Alla ryzasy üçin etmeli, munda dünýä bilen baglanyşykly bir peýda gazanma düşünjesi bolmaly däldir.

2 – Adam öldürmek

Allaha taý, ortak goşma günälerinden soňra iň uly günä adam öldürmekdir. Alla Tagallanyň iň gözel usulda ýaradan we älem-jahandaky hemme zady hyzmatyna beren ynsanyna nähak ýere gyýmakdyr.
Dinimize görä hemme kişi ýaşama hakyna eýedir. Bu haky ynsana beýik Alla berendir. Ynsany bu hakdan mahrum etmäge, Alladan başga hiç kim hakly däldir. munuň üçin başga birini haksyz ýere öldüren kişiniň uly günä işledigi bolar. Çünki Alla Tagalla: «Hakly bir sebäp bolmasa, Allanyň haram kylan janyna gyýmaň»(9) diýip buýrupdyr.
Hakly bir sebäp bolmazdan başga birini öldürmek, dinimize görä, adamzat etmişidir, ynsanlyk günäsidir. Bir ynsany öldürmek, ähli ynsanlary öldürmek ýaly günädir.
Kyýamat güni adamlar bu dünýäde eden zatlarynyň hasabyny berýärkä, iň öňi bilen bu günä hakynda soraljakdyr. Muny Pygamberimiz habar beripdir, şeýle buýrupdyr:
Kyýamat gününde ynsanlaryň içinde ilki serediljek dawa gan dawasydyr.(10)
Bir adamyň başgasyny öldürmegi uly günä bolşy ýaly, öz janyna gyýmagy, ýagny özüni öldürmegi-de, şonuň ýaly derejede uly günädir.
Pygamberimiz buýurýar:
«Kim, ýagny ýiti bir gural bilen özüni öldürse, bu kişi jähennem ataşynda, ýagny dowzah odunda ol gural bilen azap çeker.»(11)
Ynsan dünýäde dürli kynçylyk we gam-gussalar bilen garşylaşyp biler. Ýöne garşylaşan, başyna düşen kynçylyklara sabyr edip, olardan gutulmaga çalyşmagy we Allaha sygnyp, Ondan kömek dilemegi gerekdir. Ýogsa düşen krizisinden gutulmak üçin janyna gyýmagy we şeýdip gutuljagyna ynanmagy ýalňyşdyr. Çünki Pygamberimiz ölüm bilen garrylykdan başga her derdiň bir çäresiniň bardygyny bildiripdir. Iň gowusy ynsan başyna düşen kynçylykdan gutulmak üçin ruhdan düşmän we umydyny ýitirmän çäresini gözlemelidir.

3 – Päk aýallara töhmet etmek

Töhmet etmek-de uly günälerdendir.
Töhmet: Bir kişiniň etmedik bir işine etdi diýmek, sözlemedik bir sözüni sözledi diýip, oňa gara sürtmekdir.
Töhmet jemgyýeti rahatsyz eden sosial bir hastalykdyr.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulýar:
«Hakynda habaryň bolmadyk zadyň yzyna düşme. Çünki gulak, göz we köňül (ýürek) – bularyň hemmesi eden işlerine jogapkärdir.»(12)
Bu aýat-y Kerime gowy bilmedigimiz her bir meselede bir zat diýmegiň dogry däldigini, munuň ynsany jogapkär etjekdigini bildirmekdedir.
Töhmetiň görnüşleri bardyr. Iň erbedi, hiç şübhe ýokdur, ýagny namys bilen bilen baglanyşykly bolanydyr.
Päk, namysly bir aýala töhmet etmek onuň dünýäsini ýykar. Çünki namys zenanyň iň gymmat barlygydyr. Töhmet ony perişan eder. Günäsiz ýere ölýänçä, gam-gussa çekmegine sebäp bolar.
Pygamberimiz, päk aýallara töhmet etmegi, ynsany heläk ediji günälerden hasaplap, şeýle buýrupdyr:
«Ynsany ýok edýän ýedi zatdan gaçyň.»
– Eý, Allanyň ilçisi, bu ýedi zat nämedir? – diýip, soranlarynda, Pygamberimiz:
«Allaha taý, ortak goşmak, jady etmek, Allanyň öldürilmegini haram kylan bir kişini haksyz ýere öldürmek, ýetimiň malyny iýmek, prosent (süýthorlyk) iýmek, duşmana hüjüm wagtynda söweşden gaçmak, päk namysly mömin aýallara zyna töhmetini etmekdir» buýurdy.(13)
Günäsiz ýere ynsanlaryň azap çekmegine we huzursyz bolmagyna sebäp bolmak nähili erbet bir hereketdir. Ynsan özüne edilmegini islemedik bir zady başgasyna-da etmeli däldir, üç günlük dünýä üçin ahyretini ýykmaly däldir.

4 – Zyna etmek

Zyna-da uly günälerden biridir.
Zyna, biri-biri bilen öýlenmedik kişileriň jynsy gatnaşykda bolmaklarydyr.
Diňimiz zynany gadagan edendir. Çünki, zynanyň örän köp zyýanlary bardyr.
Hemme zatdan öňürti ynsanyň saglygyny zaýalaýar.
Örän köp sözenek (wenerik) keselleriň çeşmesi zynadyr. Hatda, bu gün ynsan saglygyny howpa düşüren, gorka salan spid keselide köplenç halatda jynsy gatnaşyk bilen ýokuşýandyr.
Zynanyň köpelen jemgyýetlerinde ölüm wakalarynyň artjakdygyňy habar berýän Pygamberimiz bu ýagdaýa ünsümizi çekipdir.
Maşgala üçin iň uly howp, hiç bir şübhesiz zynadyr. Çünki zyna maşgala gurulmagyna päsgel berýär. Gurlan bir maşgalany bolsa, ýykyp, perişan edýär. Maşgala diýilýän zat bolsa, jemgyýetiň özenini emele getirýändir. Çaga maşgalada ösýär, ulalýar. Ahlak we terbiýesini maşgaladan alýar. Maşgalanyň howpa gir- megi jemgyýetiň howpa girmegi diýmekdir. Dinimiziň zynany gadagan etmegi-de, munuň üçindir diýmek bolar. Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Zyna ýakynlaşmaň. Çünki ol, şübhesiz bir haýasyzlykdyr, erbet bir ýoldur.»(14)
Pygamberimiz-de şeýle buýrupdyr:
«Allaha ortak goşmazlyk, ogrulyk etmezlik, zyna etmezlik, çagalary öldürmezlik, özüňizden toslap, hiç bir ýalan şyltak we töhmetde bolmazlyk, dogry işde garşy çykmazlyk bilen maňa sygynyň.»(15)
«Zyna eden zyna edýän wagty mömin (musulman) bolan ýagdaýynda, zyna etmez. Ogrulyk eden ogrulyk edýärkä, mömin bolýan bolsa, ogrulyk etmez. Içgi içen içgi içýän wagty mömin bolan ýagdaýyňda, içgi içmez.»(16)

5 – Söweşden gaçmak

Dinimiziň bize ýüklän bir topar wezipeleri bardyr. Watany goramak we gerek bolsa bu ugurda, ýagny watan üçin söweşip ölmek bu wezipeleriň biri we ähmiýetlisidir. Çünki din, namys we özbaşdaklyk ýaly keramatly zatlar (gymmatlyklar) diňe watan saýasynda goralyp bilner.
Munuň üçin bolsa, ynanan ynsanlar (musulmanlar) bolup, watanymyz üçin etmejek hiç bir pidakärligimiz ýokdur.
Watany goramak üçin gulluk etmek, milli bolşy ýaly-da, dini bir wezipedir. Çünki watany goramak şol bir wagtyň özünde dini goramak diýmekdir.
«Dinimiz esgerlige uly ähmiýet beripdir.» Serhetde bir doly gün nobatçylyk etmegiň bir aý gündiz nafile oraza tutup, gije ybadat etmekden has köp sogaply bolýandygyny Pygamberimiz buşlandyr.(17)
Esgerlik, harby gulluk gerek bolanda söweş üçin bir häzirlikdir. Watan üçin söweşmek bolsa Allanyň buýrugydyr. Pygamberimize nähili hereketiň, özüňi alyp barşyň has gowy, ýokary bolýandygyny soran kişä: «Allaha ynanmak we Onuň ýolunda söweşmekdir»(18) diýip jogap beripdir.
Watan üçin söweşýärkä ölenlere şehit diýilýär. Şehitlik bolsa bir musulmanyň dünýäde ýetip biljek iň beýik mertebesidir.
«Pygamberimiz, ölenden soňra jennete giren hiç bir kişiniň bütin dünýä özüne beriljek bolsa-da, gaýtadan dünýä gaýdyp gelmegi islemejekdir. Diňe şehitler şehitligiň artykmaçlygyny görenlerinden soňra, dünýä gaýdyp gelip, täzeden, gaýtadan on gezek şehit bolmagy arzuw etjekdiklerini habar berendir.»(19)
Duşman bilen söweşmek we şehit bolmak belent sylaga ýetmäge nähili gural, nähili amatlyk bolýan bolsa, söweşden gaçmak-da, edil şonuň ýaly etmiş, ýazyk we günä hasaplanýandyr.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Eý möminler, (söweşde) sany köp bolan kapyrlar bilen garşylaşan wagtyňyzda, olara arkaňyzy öwürmäň (gorkup gaçmaň). Gaýtadan söweşmek üçin bir tarapa çekilme we başga bir bölüme birleşip, pozisiýa tutmagyň tersine, kim beýle bir günde olara arkasyny öwürse, (gorkup gaçsa), hökman ol Allanyň azaby bilen döner, ýeri-de jähennemdir (dowzahdyr). Ol nähili erbet bir baryljak ýerdir.»(20)
Yslam taryhynda bu mesele bilen baglanyşykly bir waka bar, Tebuk saparyna (ýörişine) gatnaşmaýan üç kişi bilen baglanyşykly bu waka hakykatdan söweşden gaçmagyň Alla we Pygamberi tarapyndan iň agyr ýowuzlyk we ýigrenç bilen garşylanandygyny görýäris.
Tebuk saparyna bahanalary, sebäpleri bolmadyk ýagdaýynda gatnaşmadyk Kab bin Mälik, Murare bin er-Rebi el-Amri we Hilal bin Ümeýýe el-Wakyfy Pygamberimiz tarapyndan örän agar bir şekilde jezalandyrylypdyrlar. Pygamberimiz bulary köpçülikden aýrypdyr, musulmanlaryň bular bilen gürleşmeklerini gadagan edipdir. Bular bazarda aýlanyp ýörkä, bulara garşy gelenlerden hiç kim salam bermändir, gepleşmändir, ýüzlerini öwrüpdir. Içinde ýaşadyklary köpçüligiň, adamlaryň özlerine garşy bolan bu hili tawyr-hereketlerinden örän güýçli täsir alan bu kişiler örän gaýgylanypdyrlar we horlanypdyrlar. Allaha ýalbaryp, bu etmişleriniň bagyşlanmagyny diläpdirler.
Ahyryn, elli gün soňra Allatagalla bularyň tobalaryny kabul edipdir we olary bagyşlapdyr. Bu waka bilen baglanyşykly şu aýat inipdir:
«We (söweşden) yza taşlanan üç kişiniň-de tobalaryny kabul etdi. Ýer ýüzi giňligine garamazdan, olara dar gelip, wyždanlary horladygyça horlady. Ahyry Alladan, diňe Allaha sygynmakdan başga çäre ýokdugyny aňlapdyrlar. Soňra (öňki ýagdaýlaryna) dönmeleri üçin Alla olaryň tobasyny kabul etdi. Çünki Alla tobany köp kabul eden, örän dözümsizdir, rehimdardyr.»(21)
Bu waka şaýat bolanlar mundan uly ders aldylar, mundan soňky saparlardan sebäpsiz galanlar bolmandyr.

6 – Jady (zihribazlyk) etmek

Uly günäleriň biri-de jady etmekdir.
Jady (zihir) diýip sebäbi gizlin bolan zada aýdylýar, ýagny gözbagçylyk we hilegärlik görnüşinde bolup geçýär.
Biz muňa «Jady» we «Efsun» diýýäris.
Örän käne döwürlerden bäri we häzirem jady her jemgyýetde edilip gelýändir.
Jadynyň dürli ýollary we örän köp görnüşleri bardyr.
Jady has beter ruhlara täsirli bolýar. Pikirleri, düşünjeleri garyşdyrýar, göwünleri gyrýar, ahlagy perişan edýär. Är bilen aýalyň arasyny bozýar, maşgala ojagyny ýykýar. Adamlary biri-birine duşman edýär, jemgyýetiň huzuryny bozýar.
Ine, bu sebäpler bilen dinimiz jadyny gadagan edipdir, jady bilen meşgul bolanlaryň erbet ruhly adamlardygy, dünýäde-de, ahyretde-de perişan boljakdyklaryny bildiripdir.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Jadygöý nirä barsa, oňlulyk bolmaz.»(22)
Zihirbazyň jady etmegi günä bolşy ýaly, bir kişiniň jady etdirmegi-de günädir.
Pygamberimiz buýurýar:
«Guş uçuran we özi üçin guş uçurylan, pal atan ýa-da pal atdyran, jady eden  ýa-da  etdiren  bizden  däldir.  Kim  bir  palça  gidip, onuň  aýdanlaryna ynansa, ol kişi Muhammet Aleýhyssalama indirileni (Kuran-y Kerimi) inkär etdigi bolar.»(23)

7 – Ýetim hakyny iýmek

Adamlar baýlyk we garyplyk tarapyndan deň däldir.
Bir toparynyň maly, ýagdaýy gowy bolsa, bir topary-da garypdyr. Ene we atasy bilen maşgala içinde huzur bilen ulalan çagalaryň bolşy ýaly, ýetim galan we öýi dagan, ýykylan çagalar-da bardyr. Jemläp aýdanynda, adamlaryň sosial ýagdaýlary meňzeş däldir.
Munuň üçiň dinimiz ýagdaýy her tarapdan gowy bolanlaryň garyplary we ýetimleri görüp, göz-gulak bolmaklaryny öwüt edipdir.
Öz çagalarymyz ýaly, ýetimler-de bize Allanyň beren amanadydyr. Çagalarymyz bilen gyzyklanyşymyz ýaly, olar bilen-de gyzyklanmagymyz gerekdir. Çünki olaryň enesi-de, atasy-da bizdiris. Olaryň öz çagalarymyz ýaly, terbiýelenilip ýetişdirilmegi we halk, jemgyýet üçin peýdaly bir adam halyna ge- tirilmegi biziň wezipämizdir.
Ýetimleriň özleri ýaly, mallaryny-da goramak biziň wezipämizdir. Ýetimleriň mallaryny oz malyna goşup iýenler uly günäniň astynda galar, uly i-üne etdikleri bolar.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Haksyzlyk bilen ýetimleriň haklaryny, mallaryny iýenler, şübhesiz, garynlaryna ot, ataş dykdyklary bolar, şeýle-de olar alawlap ýanýan ataşa girjeklerdir.»(24)

8 – Ene we Ata garşy gitmek

Musulmanyň iki sany ähmiýetli borjy bardyr.
Biri, diňe Allaha ybadat etmek, beýlekisi-de Allanyň ýaradanlaryna şypagat we merhemet görkezmekdir.
Allanyň ýaradanlaryndan ynsana iň ýakyn bolan ene we atadyr. Çünki olar ynsanyň dünýä gelmegine sebäpdir. Diňe bir dünýä gelmegine sebäp däl, şol bir wagtyň özünde ony ösdüren, ýetişdiren, terbiýelän we akyl, bilim beren ynsanlardyr. Bu hyzmatlary üçin öwezine bir zat islemeýişleri ýaly, bir ýük duýmadylar, bu hyzmatlaryny uly şatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Özleri iýmän, çagalaryna iýdirdiler, özleri geýmän, çagalaryna geýdirdiler. Çagalarynyň rahatlygy üçin hiç bir pidakärlikden gaýtmadylar.
Ine, bu zatlar üçin dinimiz ene we ata garşy hormatsyzlygy gadagan edildir we muny uly günäleriň biri hasaplapdyr.
Pygamberimiz şeýle buýrupdyr:
«Uly günäler: Allaha ortak goşmak, ene we ata garşy gelmek, adam öldürmek we ýalan ýere ant içmekdir.»(25)
«Üç zat bardyr, ýagny bular bilen amala aşyrylan işiň peýdasy bolmaz: Allaha ortak goşmak, ene we ata garşy gitmek we söweşden gaçmakdyr.»(26)
«Allanyň ryzasy ene we atanyň ryzasyndadyr. Allanyň gazaby ene we atanyň gazabyndadyr.»(27)
Ene we ata, aýratyn hem garran wagtlarynda ediljek hyzmat kişiniň jennete girmegi hak etmegine (gazanmagyna), ters ýagdaýda bolsa, jenneti ýitirmegine we dowzaha gitmegine sebäpdir. Şonuň üçin Pygamberimiz:
«Burny sürtülsin (ýagny horlansyn, gadyry gaçsyn), ýene burny sürtülsin, ýene burny sürtülsin» buýurdy. Ondan soradylar:
– Kimiň, eý Allanyň Resuly? Pygamberimiz:
«Ene, atasyndan biriniň ýa-da ikisiniň-de garran wagtlarynda bolup, soňra-da jennete girmeýäniň (ýagny olaryň ryzasyny almaýanyň)»(28) diýip, jogap berdi.
Ene we ata laýyk bolan hyzmat we hormat görkezilmeli, olary gynandyrjak her hili hereketlerden uzak durulmalydyr. Çünki olar biziň welinimetimizdir (baky minnetdarlygymyzyň, ömürlik hormatymyzyň esidir).
Hiç hili rugsatly bir sebäp, sebäpli bir bahana olara garşy hormatymyzda kemçilikli bolmagymyzy hakly etmez.

9 – Ýalan we ýalan şaýatlygy

Dogruçyllyk ynsanyň iň gowy sypatlarynyň biridir. Çünki sözi we zanny dogry bolan kişini Allatagalla söýýändir.
Dogruçyllyk Pygamberlerde bolmagy gerek bolan sypatlardan biridir.
Allatagalla Kuran-y Kerimde Pygamberlerini bu sypata eýedikleri üçin öwüpdir.
Dogruçyllyk ahlagyň sütüni we ähli ruhy päklikleriň başydyr.
Dogruçyllyk näçe öwmäge degýän bir päklik bolsa, munuň antonimi, ters tarapy bolan ýalançylyk-da şeýle derejede ýigrenilýän, pislenen erbet bir häsiýetdir.
Bu sebäplerden dinimiz ýalan sözlemegi gadagan edipdir, ony uly günäleriň biri hasaplapdyr.
Ýalan ynsan üçin iň erbet sypat bolan arabozarlygyň alamatydyr. Ýalan sözleýän kişi ybadatlaryny etse-de, arabozarlyk alamatyndan azat boldugy bolmaz.
Pygamberimiz şeýle buýrupdyr:
"Arabozarlygyň alamaty üçdür: Gürleýän wagty ýalan sözlär, söz beren wagtynda  sözünde  durmaz, özüne  bir zat amanat  edilen  wagtynda  hyýanat eder (ony goramaz)."(29)
Ýalanyň ähli görnüşi günädir. Ýöne şeýle ýalanlar bardyr, ýagny olar bilen hakly bolan haksyz ediler we hakykatlaryň üsti basyrylar. Ine, ýalan şaýatlygy bu hili ýalanlaryň biridir.
Birine hormat üçin, ýa-da – Alla gorasyn – peýda üçin sudda ýalan şaýatlygyny etmek uly bir günädir. Çünki ýalançy şaýat adalaty büreýär, hakyň ýok bolmagyna we günäsiz ynsanlaryň ezýet çekmeklerine, haksyz bolmaklaryna sebäp bolýar. Şeýlelikde, ýalançy şaýat başga biriniň dünýäsini gowy etjek, köňlüni hoş etjek diýip, öz köňlüni garaldýar we ahyretini ýykýar. Allanyň gazabyny we azabyny hak edýär (gazanýar). Garşylaryna şaýatlyk eden kişileriniň-de ýigrenjini gazanýar.
Şaýatlyk eden dawaly işlerimizde we dawaçylaryň arasynda ýakynlarymyz we söýýän kişilerimiz bolsa-da, şaýatlygy Alla üçin etmeli we dogryny, hakykaty sözlemelidiris.
Allatagalla Kuran-y Kerimde şeýle buýurýar:
«Eý möminler, adalaty jogapkärçilikli, tämiz tutuň; özüňiz, ene-ataňyz we garyndaşlaryňyz garşysynda bolsa-da, Alla üçin şaýatlyk eden kişiler boluň. (Haklarynda şaýatlyk edenleriňiz) baý bolsunlar, garyp bolsunlar Alla olara (sizden) has ýakyňdyr. Duýgularyňyza uýup, adadatdan dönmäň, (şaýatlygy) egip, büküp ýa-da şaýatlyk etmekden gaçynsaňyz (biliň ki) Alla edenleriňizden habardardyr.»(30)
Pygamberimiz ýoldaşlaryna:
– Uly günäleriň iň ulusyny size bildireýinmi? – diýdi. Olar:
– Hawa, bildir, eý Allanyň Pygamberi – diýdiler. Pygamberimiz:
– Allaha ortak goşmak, ene we ata garşy gitmek – diýdi we direnip duran ýerinde dogrulap oturdy we:
– Ýagşy diňläň, bir-de ýalan şaýatgygy – diýdi we bu sözi durman gaýtalamaga başlady. Ýoldaşlary «Käşkä, ümsüm buýursalar (otursalar)» diýdiler.(31)
Ýalan şaýatlygyny eden kişi üç sany dürli günä etdigi bolýar. Birinjisi, ýalan sözleýär. Ikinjisi, haksyz bolan kişä kömek edýär. Üçünjisi-de hakly kişiniň haksyz edilmegine sebäp bolýar.

10 – Gybat (Dil ýetirmek)

Gybat, bir kişiniň musulman doganynyň arkasyndan dil ýetirmegidir, onda bar bolan bir kemçiligi aýdyp, ony aýyplamagydyr.
Pygamberimiz bir gün ýoldaşlaryna:
– Gybat nämedir, bilýärmisiňiz? – diýip sorady. Olar:
– Alla we Pygamberi has gowy biler – diýdiler. Pygamberimiz:
– Doganyny özi ýanynda ýokka (arkasyndan göwnüne ýaramadyk) hoşlanmadyk bir zady bilen agzyna almakdyr – diýdi, diňleýänler:
– Diýen sözlerim doganymda bar bolsa, näme diýýärsiňiz? – diýip soradylar. Pygamberimiz:
«Eger diýen aýybyňyz doganyňda bar bolsa, oňda gybat bolýar. Ýok bolsa oňa şyltak we töhmet eden bolarsyň» buýurdy.(32)
Diýmek, gybat bir adamyň arkasyndan onuň gowy görmejegi, halamajagy zatlary hakynda sözlemekdir. Bular onuň fiziki ýagdaýy, tohumy-tiji, ahlagy, daşky görnüşi, egin-eşigi we dini bilen baglanyşykly bolup biler. Boýy gysgadyr, maşgalasy gowy däldir, owadanlyga, özüni görkezmäge isleglidir, ýalançydyr, ogrudyr, ynamsyz we şuňa meňzeşlerdir.
Bu we muňa meňzeş kemçilikleri din doganynyň arkasyndan gürrüň etmek gybatdyr we ýigrenji bir günädir.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Biriňiz beýlekiňiziň gybatyny etmesin, sizden biri öli doganynyň etini iýmek islärmi? Elbetde, mundan çekindiňiz (erbet gördüňiz). Beýle ýagdaýda Alladan gorkuň. Alla tobalary kabul eder. Örän dözümsizdir.»(33)
Ynsan başga biriniň gybatyny näme üçin edýär? Uly alym Ymam Gazaly «gybatyň belli-başly sebäpleriňden biriniň kinedigini aýdýar.
Bir kişiniň başgasyna bolan kinesi sebäpli onuň gybatyny etmekden we tersinden gürrüň etmekden keýp alýar” diýýär. Emma mömin kine saklamaz.
Gybatyň bir başga sebäbi-de göriplikdir. Aýratyn hem ynsan özünden zor, başarjaň bolan, halk köpçüliginiň içinde abraýy, hormaty uly bolan, ylymly bolan kişini bu we muňa meňzeş üstünlikleri, artykmaçlyklary sebäpli göriplik edýär we onda gören käbir kemçilikleri gürrüň edip, ony aýyplamaga çalyşýar.
Şu mysal gybaty örän açyk aňladýar. Hezreti Aýşa enemiz aýdýar, ýagny men bir gün Pygamberimize:
– Eý Allanyň ilçisi, Safiýýeniň (bu-da Pygamberimiziň aýalydy) gysga boýludygyny göz öňünde tutup, şeýle-beýle bolşy saňa bolar diýenimde, Pygamberimiz:
– Aýşa, eýle bir söz sözlediň, eger ol söz deňziň suwy bilen garyşsa, her halda ony bozardy-buýurdy.(34)
Pygamberimiz musulman doganynyň arkasyndan gybat edenleriň kyýamat gününde gorkunç bir şekilde azap çekdiriljekdigini bildirip, şeýle buýrupdyr:
«Men miraç edilen gijäm (Pygamberimiziň asmana çykarşan gijesi) bir toplulygyň ýanyndan geçdim. Bular misden dyrnaklary bilen ýüzlerini we gözlerini dyrnaçaklaýardylar. Men:
– Eý Jebraýyl, bular kimlerdir?-diýip soradym. Jebraýyl aleýhissalam:
– Bular ynsanlaryň etlerini iýenler-gybat edenler, olaryň namys we abraýlaryna dokunanlardyr – diýdi.»(35)
Gybat etmek günä bolşy ýaly, edilen gybaty diňlemek-de günädir. Musulman dogany bir ýerde gybaty edilýärkä, onuň namys we abraýyna dil uzadylýarka, muny diňleýän kişä düşýän zat oňa garşy bolmakdyr. Çünki bir musulmanyň gany we maly ýaly, abraý we namysy-da dokunylmazdyr.
Pygamberimiz buýurýar:
«Bir kişi doganynyň namys we abraýy hakynda gybat edene garşy çykyp, ony gorasa, Allatagalla kyýamat güni ol kişini jähennemden (dowzahdan) uzaklaşdyrar.»(36)
Musulman doganynyň arkasyndan gybatyny edip, günä giren kişiniň bu günäden gutulmak üçin toba etmegi ýeterli bolmaz. Hem toba edip, hem-de gybatyny eden doganyndan halallyk dilemegi gerekdir. Diňe şeýle eden wagtyňda bu günäsinden gutulyp biler.

11 – Gepçilik (Arabozarlyk)

Dinimiziň gadagan eden we uly günälerden biri hasaplaýan erbet hereketleriniň, özüňi alyp baryşlaryň biri-de gepçilikdir.
Gepçilik ara bozmak üçin birinden gep alyp, başga birine ýetirmekdir. Bu erbet häsiýet musulmana gelişmez.
Bu hili hereket adamlary biri-birine garşy goýýar, dogany dogana duşman edýär. Maşgalany bölekleýär, bozýar we uly bulam-bujarlyklara sebäp bolýar.
Ibn Abbas (r a) aýdýar, ýagny Pygamberimiz iki sany mazaryň ýanyndan geçýärkä:
– Bu mazarlarda ýatanlar azap çekýärler. Hem-de (öz pikirlerine görä) azap çekmeleri uly bir zat üçin däldir-buýurdy we sözüni dowam edip:
– Hawa (olar muny näçe ýönekeý, kiçi görseler-de), günäleri uludyr. Biri idrardan (siýdikden) goranmaýardy, oňatja arassalanmaýardy. Beýlekisi-de gepçilik edýärdi – buýurdy.(37)
Ýene Pygamberimiz buýurýar:
«Ara bozmak üçin gep getiren kişi jennete girmez.»(38)
«Şübhesiz adamlaryň iň erbetleri iki ýüzli kişilerdir, ýagny birine bir ýüzi bilen, beýlekisine başga bir ýüzi bilen gelýärler»(39)
Kuran-y Kerim aýyp gözleýän we gepçilik eden kişilere hormat görkezilmezligi we eden işleriniň oňat garşylanmazlygyny öwüt bermekdedir. Şeýle buýrulýar:
«Aýyp gözleýän, gepçilik bilen gep gezdiren kişä hiç gyzyklanma bildirmäň.»(40)
Pygamberimiz aýat-y kerimedäki (Gurhanyň aýatlaryndaky) duýduryşlara bolşy ýaly (dogry) uýýardy. Ýoldaşlarynyň hiç biri hakynda özüne gep ge- tirilmegini gowy garşylamaýardy we:
«Ýoldaşlarymdan hiç biri beýlekisi hakynda gowy görmejegim bir zady maňa ýetirmesin. Çünki men siziň hemmäňize sagdyn bir kalp bilen-söýgi doly köňül bilen- çykmagy isleýärin.»(41) – buýurýar we ýoldaşlarynyň beýle erbet bir hereketiň içine girmegine rugsat bermeýärdi.
Gepçilik etmegiň günä bolşy ýaly, adamlaryň ynamsyzlygyny gazanmaga-da sebäpdir.

12 – Su-i Zan (Erbet hasaplamak)

Uly günäleriň biri-de su-i zandyr, ýagny bu-da başga birini erbet hasaplamakdyr.
Zan açyk, konkret bilgä daýanmaýar. Açyk bilgi bolmazdan, bir kişi hakynda höküm bermek, netije çykarmak, söz sözlemek ýalňyş bolar. Kuran-y Kerimde şeýle diýilýär:
«Oňat bilmeýän bir zadyň yzyna düşme.»(42)
Oňat bilmedigimiz we görmedigimiz zatlar hakynda gürrüň etmezligimiz buýrulýar. Çünki ynsanyň eşiden zatlarynyň köpüsi ýalan, birnäçesi-de kine we gahar-gazabyň hasyly bolup biler. Muny açyk bir bilgi hökmünde ýaýratmak puşmanlyk getirer. Munuň üçin Pygamberimiz:
«Her eşideniňi aýtmak ynsana ýalan bolup ýeter.»(43) – diýipdir.
Her eşidenimiz hakykat, dogry däldir. Dogrudygyny kabul etsek-de, ony başgalara aýtmak gerek däldir. Häzirlikçe hakykat däl bolsa, ol ýagdaýda derňemezden, öwrenmezden, dogrudygy açyk bilinmezden ony başgalara ýetirmekçi bolsak, jogapkär bolarys.
Käbir adamlaryň söz we hereketlerine, özüni alyp baryşlaryna seredip, olar hakyňda çen bilen netije çykaryp gürlemek ýalňyşdyr, günädir.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Eý möminler, zannyň (erbet pikiriň) köpüsinden gaça duruň, çünki zannyň käbiri bardyr, ýagny günädir.»(44)
Pygamberimiz-de şeýle buýurýar:
«Erbet zanda (pikirde) bolmakdan gaça duruň. Çünki zan sözleriň iň ýalanydyr.»(45)
Görnüşi ýaly, erbet zanda bolmak we başgalaryň gizlin kemçilik we aýyplaryny gözlemek günädir.
Elbetde, zannyň hemmesi günä däldir. Çünki aýat-y kerimde (Gurhanda) käbir zannyň günädigi bildirilmekdedir. Beýle ýagdaýda günä bolmaýan zan-da bardyr. Hüsni zan – gowy hasaplamak – günä bolmaýan zanlardandyr. (Hüsün – gowy, gözel diýmekdir.) Hatda, hüsni zanda bolmak maslahat berilýändir. Ýöne Pygamberimiz:
«Siziň biriňiz hiç Allaha hüsni zan etmekden ölmesin»(46) buýrupdyr.
Gowy hasaplaýan kişimiz pikir edişimiz ýaly däl bolsa-da, munda bir jogapkärçilik ýokdur. Çünki biz açyk, dogry bir habara, bilgä eýe bolmadygymyz kişiler hakynda diňe gowy zanda bolup bileris. Eger erbet zanda boldugymyz kişi biziň pikir edişimiz ýaly däl-de, gowy bir kişi bolsa, ol ýagdaýda biziň Allanyň emrine garşy hereket eden bolmak bilen günä gazandygymyz bolar.

13 – Üstünden gülmek

Musulman musulmanyň doganydyr. Oňa haksyzlyk etmez. Onuň malyna we abraýyna dokunmaz. Ony aldatmaz. Onuň üstünden gülmez. Onuň göwnüni gyrjak söz we hereketlerden uzak durar. Özüne edilmegini islemedik bir işi oňa-da etmez. Ony söýer, malyny, abraýyny we namysyny gorar.
Musulman doganynyň üstünden: gülmek, ony ynjytjak söz aýtmak we erbet at dakmak uly günälerdendir.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulýar:
«Eý iman edenler, bir märeke, köpçülik başga bir märekäniň, köpçüligiň üstünden gülmesin. Belki-de olar özleriňden has gowudyr. Aýallar-da aýallary masgaralamasynlar. Belki, olar özlerinden has gowudyrlar. Öz-özüňizi aýyplamaň, biri-biriňizi erbet lakamlar bilen çagyrmaň. Imandan soňra fasyklyk nähili erbet bir atdyr. Kim-de toba etmese, beýle kişiler zalymlardyr.»(47)
Pygamberimiz-de:
«Biri-biriňize göriplik etmäň. Alyş-berişde, söwdada biri-biriňizi aldatmaň. Biri-biriňizden öýkeli durmaň we biri-biriňizden ýüz öwürmäň. Biri-biriňiziň gutarmakçy bolup duran görüşmeleriňizi bozmaň. Allanyň gullary (dogan boluň) gardaş boluň.
Musulman musulmanyň gardaşydyr (doganydyr); oňa zulum etmez, ony kömeksiz goýmaz, oňa ähmiýet berer» buýrupdyr, soňra-da üç gezek döşüne yşarat edip:
«Takwa (günäden gaça duran), ine, bärdedir. Bir kişiniň erbet bolmagy üçin musulman doganyna ähmiýet bermezligi ýeterlikdir. Musulmanyň musulmana gany, maly, abraýy haramdyr.»(48) buýrupdyr we musulmana ähmiýet bermezligiň nähili erbet bir hereket bolýandygyny bildiripdir.
Bir adam özi ýaly adam bolan başga biriniň näme üçin üstünden gülýär? Ony äsgermedigi, akyl we huşuny halamadygy we onda doga bar bolan bir kemçiligi üçin üstünden gülýär. Bu bolsa dogry däldir. Bu ölçeg bolmaz. Muny ölçeg hökmünde ulanmak ýalňyşdyr. Çünki ynsan Allanyň iň üstün ýaratygydyr. Ähtibary bardyr, hormata mynasypdyr. Allanyň ähtibar eden (hormat eýesi eden) ynsanyny pes, degersiz görmek uly hatadyr. Soňra-da biz bilmeýäris, belki-de üstünden gülnen kişi Allanyň ýanynda gülýän kişiden has degerlidir.
Allatagalla eli bilen bolsun, dili bilen bolsun, ony-muny itip kakmagy, döwüp ynjytmada adat edinen kişiler bilen baglanyşykly şeýle buýurýar:
«Arkasyndan gybat etmegi, ýüzüne bakyp gülmegi we başgalary aýyplamagy we baýlyk toplap, ony sanamagy adat edinenlere ýazyklar bolsun. Ol malynyň özüni ömürlik, ebedi etjekdiginiň pikirini edýärmi? Ýok, ant bolsun, ol Hutamä atylar. Hutamäniň nämedigi saňa aýdyldymy? Allanyň tutaşdyrylan, ýandygyça güýçlenip, ýokary galyp, kalplaryň iň üstüne çykan ataşdyr, otdur. Olar bu ataşyň içinde sütünlere baglanandyr we ol ýagdaýda gapylar-da ýapylandyr.»(49)
Ine, başga biriniň üstünden gülmek, ony ynjytjak söz we hereketde bolmak gadagandyr, günädir. Musulman däl adama-da, beýleki janlylara-da ezýet etmeli däldir. Çünki dinimiz başynda ynsan bolmak bilen ähli janlylara ezýet etmegi gadagan edendir.

14 – Hile gurmak

Yslamyýet dogruçyllyga uly ähmiýet berýär. Her iş we sözde dogry bolmagy ahlagyň sütüni we ähli päkligiň başy hasaplaýar.
Dinimiz ýalan sözlemegi haram kylşy ýaly, iş we söwdada hile etmegi, musulmany aldatmagy-da haram kyldy we muny uly günälerden hasaplapdyr.
Bir adamyň musulman doganyny onuň sadalygyndan peýdalanyp aldatmagy, hakykatdan-da, örän erbet bir häsiýet, elhenç bir hereketdir.
Pygamberimiz bir gezek bazarda däne satylýan ýerden geçip barýarka, elini däne üýşmeginiň içine sokupdyr welin, barmaklary öl bolupdyr. Munuň üçin dänäniň eýesine:
– Bu nämedir? – diýip sorady. Adam:
– Ýagyşda öl boldy, eý Allanyň Pygamberi – diýip jogap berdi. Pygamberimiz:
– «Öl bölegini üstüne goýsaň, adamlar görse bolmaýarmy? Bize hile guran, bizi aldadan bizden däldir» buýurdy.(50)
Başga kişä degişli bolan bir zady, maly ogurlamak, hile gurmak nähili haram bolsa, söwda we alyş-berişde kem ölçemek we ýalňyş çekmek-de, edil şonuň ýaly şekilde haram we günädir.
Allatagalla Kuran-y Kerimde şeýle buýurýar:
«Adamlardan alýarka, ölçäp çekenlerinde dogry ölçäp olara bermek üçin oýlanmazlarmy, ýagny özleri uly bir günde hasap bermek üçin direldiljekler. Beýle bir gün, ýagny adamlar Ol günde älemleriň Rebbiniň huzuryňda diwan gurup durjaklar.»(51)
Bir gün Ibn Omar (r.a.) bu aýatlary okaýardy. «Ol gün ynsanlar älemleriň Rebbi bolan Allanyň huzurynda diwan gurup durjaklar» aýatyna gelende, özüni saklap bilmän aglamaga başlapdyr. Çünki ol gün şeýle bir gündür, ýagny her hak eýesine haky beriljek we hiç kime haksyzlyk edilmejekdir. Muňa ynanan kişi başga birini aldatmaz. Hiç kime hile we haksyzlyk etmez.

15 – Ulumsylyk (Men-menlik etme)

Uly günäleriň biri-de ulumsylykdyr. Kişiniň özüni gowy görmegi we başga kişilere garşy men-menlik etmegi, gopbamsyramagydyr.
Bu erbet häsiýet adamlaryň biri-birini söýmegine we biri-biri bilen garyşyp-gatyşmagyna böwetdir. Özüni söýen kişini Allanyň söýmeýşi ýaly, adamlarda söýmeýärler. Munuň üçindir, ýagny Kuran-y Kerimde pes göwünlilik öwlüpdir, ulumsalyk, ýagny özüňi gowy görme we gopbamlyk näletlenipdir.
Allatagalla şeýle buýurýar:
«Ulumsylyk edip, adamlardan ýüzüňi öwürme. Gopbamlyk bilen ýöreme. Çünki Aala çişip öwünýänleriň hiç birini söýmez.»(52)
«Ol ahyret ýurduny ýer ýüzünde özlerine uly görmek we ara bozmak islemeýänlere aýryp goýarys. Soňky gazanç müttakileriňkidir (ynanlaryňkydyr)»(53)
«Alla men-menlik edýänleri söýmez.»(54)
Pygamberimiz-de şeýle buýrupdyrlar:
«Jähennemdäkileri (dowzahdakylary) size habar bereýinmi? Olar daş ýürekli, malyny haýyrdan gaçyrýan, ulumsylygy bolaň kişilerdir.»(55)
«Gopbamlyk edip, eşiklerini ýerden süýreýän kişä Allatagalla kyýamat günüňde rehmet nazary bilen bakmaz.»(56)
Pygamberimiz:
«Kalbynda zerre ýaly ulumsylyk bolan kişi jennete girmez» diýip buýurdy. Sahyplaryndan (Mali bin Minare):
«Eý Allanyň Resuly, ynsan eşiginiň we aýakgabynyň gözel, gowy bolmagyny söýer» – diýdi. Pygamberimiz:
«Alla gözeldir, gözelligi söýer. Ulumsylyk bolsa, haky kabul etmezlik we adamlary äsgermezlikdir»(57) buýrup, tämiz geýinmegiň, üst-baş, egin-eşik düzüwligine üns bermekligiň ulumsylyk bilen baglanyşygynyň ýokdugyny bildiripdir.
Beýiklik Allaha mahsusdyr. Gula ýaraşýan ýönekeýlik, pes göwünlilikdir. Allaha mahsus bolan bir sypata guluň islegli bolmagy dogry däldir. Şonuň üçin Pygamberimiz:
«Beýiklik we ululygyň Allanyň şanyna laýyk sypatlardygyny, bu sypatlardan bir ýekesinde Allaha ortak bolmak isleýänleri Allanyň azap çekdirjekdigini»(58) bildiripdir.
Musulmana gelişýän pes göwünli bolmak we şeýlelikde-de, Allanyň hem-de adamlaryň söýgüsini gazanmakdyr.

16 – Parz bolan ybadatlary terk etmek (Taşlamak)

Ynsany ýaradan we oňa sansyz nygmatlar beren Allatagallanyň gullarynyň üstünde bir haky bardyr. Bu ybadatdyr. Möminler Allanyň bu hakyna boýun sunup ybadat borçlaryny ýerine ýetirdikleri ýagdaýynda Allanyň ýanynda deger, bir gymmatlyk, baha gazanarlar. Ybadat borçlaryny ýerine ýetirmeýänler bolsa, mundan mahrum bolarlar.
Allatagalla şeýle buýurýar:
«Eý Muhammet, aýt ki, ybadatyňyz bolmasa, Rebbim size näme diýip deger, baha bersin.»(59)
Elbetde, ybadat ynsana Allanyň ýanynda deger gazandyrar. Çünki ýaradylyşymyzyň maksady Allany tanamak we Oňa ybadat etmekdir. Bu meselede Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Men jynlary we ynsanlary maňa ybadat etsinler diýip ýaratdym.»(60)

Parz bolan ybadatlar şulardyr:

1 – Kelimeýi-Şahadat: Alladan başga ilah ýokdugana, hezreti Muhammediň Allanyň Pygamberidigine şaýatlyk etmek. Ýagny bu manydaky «Eşhedu en la ilahe illalah we eşhedü enne Muhammeden abdühu we Resüluh» kelimeýi şahadaty dil bilen sözlemek.
2 – Namaz kylmak: Ýetişenlik çagyna gelen we akyly ýerinde bolan her musulmanyň günde bäş wagt namaz okamagydyr.
3 – Zekat bermek: Baý bolan musulmanlaryň mal we pullaryndan belli mukdaryny garyplara bermeleridir.
4 – Haja gitmek: Güýji ýetenleriň ömürlerinde bir gezek haj borjuny ýerine ýetirmeleridir.
5 – Ramazan orazasyny tutmak: Ýetişenlik çagyna gelen we akyly ýerinde bolan musulmanlaryň her ýyl ramazan aýynda oraza tutmalydyr.
Ine, Yslamyň parz kylan ybadatlary bulardyr.
Bu ybadatlary şertlerini göterýän her musulmanyň ýerine ýetirmegi parzdyr, gereklidir.
Şertlerini göterýän ýagdaýynda, bu ybadatlary ýerine ýetirmezlik uly günälerdendir.
Mysal hökmünde namazy alalyň. Ýetişenlik çagyna gelen, akyly ýerinde bolan aýal we erkek günde bäş wagt namaz okamaklyga borçludyr. Bu borçlulygyna üns bermän, namazyny okamaýan kişi uly günä etdigi bolar.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulýar:
«Olaryň yzyndan şeýle bir nesil geldi ki, bular namazy taşladylar; nebisleriniň arzuwlaryna uýdular. Bu sebäpli ileride (geljekde) azgynlyklarynyň jezasyny çekjekdirler.»(61)
Beýleki ybadatlar-da namaz ýalydyr. Terk edilmeleri (taşlamalary) uly günädir.
________________________
(1) Bakara süresi, aýat: 162.
(2) Yhlas süresi.
(3) Enbiýa süresi, aýat: 22.
(4) Nisa süresi, aýat: 48.
(5) Buhary, Enbiýa, 48.
(6) Maide süresi, aýat: 72.
(7) Kehf süresi, aýat: 10.
(8) Müslim, Zühd, 5.
(9) Ysra süresi, aýat: 33.
(10) Buhary, Rikak, 48; Müslim, Kasame, 8.
(11) Buhary, Jenaiz, 84.
(12) Ysra süresi, aýat: 36.
(13) Buhary, Medisina, 48; Müslim, Iman, 38.
(14) Ysra süresi, aýat: 32.
(15) Buhary, Iman, 11; Müslim, Iman, 24.
(16) Buhary, Eşribe, 1.
(17) Müslim, Imare, 50.
(18) Buhary, Iman, 18; Müslim, Iman, 36.
(19) Buhary, Jihad, 21.
(20) Enfal süresi, aýat: 15-16.
(21) Toba süresi, aýat 118.
(22) Taha süresi, aýat: 69.
(23) Et-Tergib we't-Terhib, t. 4, s. 33. Beýrut, 1938.
(24) Nisa süresi, aýat: 10.
(25) Buhary, Eýman, 16.
(26) Et-Tergib we't-Terhib, t. 3, s. 328, Beýrut, 1938 (Hadisi, Tebarany rowaýat edipdir).
(27) Tirmizi, Birr, 3.
(28) Müslim, Birr, 3.
(29) Buhary, Iman, 24; Müslim, Iman, 25,
(30) Nisa süresi, aýat: 135.
(31) Buhary, Şehadat, 10; Müslim, Iman, 38
(32) Müslim, Birr, 20; Ebu Dawut, Edep, 40.
(33) Hužurat süresi, aýat: 12.
(34) Ebu Dawut. Edep, 38.
(35) Ebu Dawut, Edep, 40.
(36) Tirmizi, Birr, 20.
(37) Buhary, Jenaiz, 89; Müslim, Tahare, 111.
(38) Buhary, Edep, 50; Müslim, Iman, 45.
(39) Buhary, Jenaiz, 82; Edep, 49.
(40) Kalem süresi, aýat: 11.
(41) Ebu Dawut, Edep, 33.
(42) Ysra suresi, aýat: 36.
(43) Müslim, Iman, 3.
(44) Hužurat süresi, aýat: 12.
(45) Buhary, Edep, 58, Müslim, Birr, 9.
(46) Müslim. Jennet, 19.
(47) Hužurat süresi, aýat:  11.
(48) Müslim, Birr, 10.
(49) Hümeze süresi.
(50) Müslim, Iman, 43.
(51) Mutaffifin süresi, aýat: 1-6.
(52) Lukman süresi, aýat: 18.
(53) Kasas süresi, aýat: 83.
(54) Nahl süresi, aýat: 23.
(55) Buhary, Kalem süresi, Tefsiri, 1; Müslim, Kitabul-Jenne, 13.
(56) Müslim, Lybas, 9.
(57) Müslim, Iman, 39.
(58) Müslim, Birr, 38.
(59) Furkan süresi, aýat: 77.
(60) Zariýat süresi, aýat: 56.
(61) Merem süresi, aýat: 59.

▶ TOBA

Ynsan hökmünde her kişi günä edip biler. Pygamberlerden başga hiç kişi günäsiz, ýagny günä etmekden goranan däldir.
Pygamberimiz buýurýar:
«Ynsanoglunyň hemmesi günä eder. Günä edýänleriň iň haýyrlysy bolsa (eden günälerine puşman bolup) toba edenlerdir.»(1)
Görnüşi ýaly, Pygamberimiz ynsanyň hatasyz bolmajakdygyny bildirýär. Ynsan bilip bolsun, ýalňyşyp bolsun, günä edip biler. Bu meselede näçe jogapkärçilikli hereket etse etsin, hiç hatasyz we günäsiz bolmaz. Ýöne adamlar biri-birlerine garanynda, biri-birleri bilen deňeşdireniňde has günäkär we az günäkär bolup biler.
Näme bolsa, bolsun, ynsan hiç bir wagt umytdan düşmeli däl, eden hatalaryndan puşmanlyk duýup, Allaha ýönelmeli, Ondan bagyşlamagyny dilemelidir. Çünki, Allatagalla soňsuz merhemetiň eýesidir. Çyn ýürekden özüne toba edenleriň tobalaryny kabul eder.
Allatagalla şeýle buýurýar:
«Alla gullaryndan tobany kabul edýän, ýamanlyklary bagyşlaýan we eden işleriňizi bilýändir.»(2)
«Olar bir erbetlik edenlerinde ýa-da özlerine zulum edenlerinde Allany ýatlap, günäleriniň geçilmegini diläp, derrew toba edýärler. Aslyňda günäleri Alladan başga kim bagyşlap biler. Şeýle hem olar eden erbetliklerinde bilgeşleýin direnip durmazlar.»(3)
Nähili usul bilen bolsa bolsun, eden günälerimiz üçin toba etmegimizi Allatgalla emir edýär.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulýar:
«Eý möminler, hemmäňiz Allaha toba ediň ki, azatlyk, salamat taparsyňyz.»(4)
«Eý iman edenler, soňra ýene-de (günä) gaýdyp gelmejek toba bilen toba ediň»(5)
Pygamberimiz-de bu meselede şeýle buýurýar:
«Eý ynsanlar, Allaha toba ediň we Oňdan bagyşlamagyny diläň, men günde ýüz gezek toba edýärin.»(6)
Tobanyň sözlük manysy gaýdyp gelmekdir. Dindäki manysy bolsa, edilen günä puşman bolup, indi beýle günä etmejekdigi hakynda Allaha söz bermek we Oňdan günäsini geçmesini dilemekdir.
Toba günälerden aklanmagyň ýoludyr. Kirlän bedenimiziň suw bilen tämizlenişi ýaly, günä bilen kirlän manewi, ruhy gurluşymyz-da toba bilen aklanar.
Allatagalla bir lütuf (sahy) bolup, toba gapysyny açyp goýandyr. Gul öz erki bilen Allaha ýönelen we Ondan günäsini geçmegini, bagyşlamagyny dilän wagtynda Haktagalla onuň tobasyny kabul edýär. Ýöne gul etmekçi bolýan tobasyny soňky demine çenli gijikdirmeli däl, hatanyň derrew yzyndan toba etmelidir.
Her näçe möminiň soňky demindäki tobasynyň gowy kabul ediljekdigi umyt edilse-de, beýle ähmiýetli bir işi gijikdirmek dogry bolmaz.
Allatagalla buýurýar:
«Allanyň kabul etjegi toba diňe bilmezlikden erbetlik edip,, soňra-da tizden toba edenleriň tobasydyr; Ine, Alla bularyň tobasyny kabul eder. Alla hemme zady bilýändir, hikmet (bilgi) eýesidir. Ýogsa, erbetlik baryny edip, ölüm wagty gelende, men indi toba etdim diýen we kapyr bolup ölenler üçin (kabul ediljek) toba ýokdur. Olar üçin ajy bir azap taýýarlanandyr.»(7)
Diýmek, jan bogaza gelmezden we heniz ýaşaýyşdan umydyňy üzmezden öň toba kabul edilýär. Ýöne jan gitjek wagtynda ýaşama umydy galmadyk kişiniň küpürden toba edip, iman getirmegi geçerli (muňa degişli) däldir.
Ýöne günäkär möminiň soňky demindäki tobasy-da gowy görülýändir. Alladan umyt kesilmez.
Ynsanyň edýän günäleri iki hilidir, iki bölekdir.
Bir bölegi içgi içmek ýaly gul haky bilen baglanyşygy bolman, diňe Allaha garşy edilen günälerdir.
Bu hili günälerden ediljek tobanyň usulyna görä dogry edilen toba bolmagy üçin üç şertiň ýerine ýetirilmegi gerekdir.
Bular:
a) Günäni terk etmek (taşlamak),
b) Edeniňe puşman bolmak,
w) Soň gaýtalamazlyga karar bermek.
Günäni terk etmezden edilen toba bilen ýene günä puşman bolmazdan we şol bir günäni ýene-de etmezlige karar bermezden ediljek toba usulyna görä dogry edilen toba hasaplanmaz. Bu içgi içmekde bolan kişiniň «Men içgä toba etdim» diýmegine meňzeş bolan, ýagny beýle toba bolmaz.
Günäleriň beýleki bir bölegi bolsa, ogurlyk etmek we haksyz ýere adam öldürmek ýaly ynsan haky bilen baglanyşykly bolan günälerdir.
Bu hili günälerden toba etmegiň ýokardaky şertlere goşulmaly ýene bir şerti bardyr, ýagny ol-da hak eýesine hakyny bermek ýa-da ondan halallyk almakdyr.
Ine, edilen günälere görä şertlerine uýulyp edilen toba kabul bolar we Allatagalla toba edeni bagyşlar, emrine uýup, toba edeni üçin-de ondan razy bolar.
Pygamberimiz buýurýar:
«Gulunyň tobasy sebäpli Allatagalallanyň begenji, siziň biriňiziň dem-düýtsüz çölde düýesini ýitirip, soňra-da tapanyňyzdaky begenjiňizden-de has artykdyr.»(8)

__________________________
(1) Ibn Maje. Zühd, 30.
(2) Şura süresi, aýat: 25.
(3) Al-i Imran süresi, aýat: 135.
(4) Nur süresi, aýat: 8.
(5) Tahrim süresi, aýat: 8.
(6) Müslim, Zikr, 12.
(7) Nisa süresi, aýat: 17-18.
(8) Buhary, Daawat, 4; Müslim, Toba, 1.

Lütfi ŞENTÜRK.

Terjime eden: Seýitnazar ÄRNAZAROW.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 55 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Lütfi Şentürk | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: