13:38
Yslam dininde haramlar we uly günäler: Halal we haram

YSLAM DININDE HARAMLAR WE ULY GÜNÄLER

BIRINJI BÖLÜM

▶ HALAL WE HARAM

«Halal» we «Haram» sözleriniň ikisi-de dini terminlerdir. Iýilip içilmegi we ulanylmagy gadagan bolmaýan zada halal, iýilip içilmegi we edilmegi gadagan bolan zada-da haram diýilýär.
Haram bolan, ýagny gadagan bolan zatlar sanaýmaly we serhetli zatlardyr. Gadaganlaryň daşynda galan zatlar bolsa halal zatlardyr. Başga bir söz bilen aýdylanda, bir zadyň gadagandygy bildirilmese, ol zat halaldyr.
Alla tagalla gowy, arassa we ynsan saglygyna peýdaly bolan zatlary halal we erbet, pis hem-de zyýanly bolan zatlary haram kylandyr.
Kurany-Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Özleri üçin nämeleriň halal kylnandygyny senden soraýarlar, diý ki, ähli gowy we arassa zatlar size halal kylnandyr.» (1)
Alla Tagallanyň gullaryna soňsuz merhemeti bardyr. Olaryň ömürlerini saglykly geçirmeklerini we özlerini rahatsyz we huzursyz etjek hemme zatdan uzak durmaklaryny isleýär. Munuň üçin olara zyýanly bolan bir zady buýurmajagy ýaly, peýdaly bolan bir zady-da gadagan etmez. Ol her nämäniň edilmegini buýran bolsa, bize diňe peýdasy bardygy üçin buýrandyr, nämäni-de gadagan eden bolsa, diňe bize zyýanlydygy üçin gadagan edendir.
Muny şeýle bilmek we muňa şeýle ynanmak imanyň islegidir.
Allanyň halal kylan zatlaryna haram diýmek, haram hökmünde bildirenlerini-de halal kabul etmek uly günädir, hat-da küpürdir.
Kurany-Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Eý möminler, Allanyň size halal kylan gowy we arassa zatlaryny haram kylmaň. Alla aşyry (gaty) gidenleri söýmez.» (2)
«Dilleriňiziň ýalan häsiýetlendirmegi bilen: «Şu halaldyr, şu haramdyr» diýmäň; garşylykly ýagdaýda Allaha töhmet eden bolýarsyňyz. Şübhesiz, Allaha ýalan ýükleýänler asla gutulmazlar.» (3)
Allanyň haram kylan bir zadyna halal diýmek nähili günä bolsa, halal bolan bir zada haram diýmek- de edil şonuň ýaly günädir. Çünki Alla Tagalla hiç kişä halal we haram kylma güýjüni (hakyny) beren däldir.
Kurany-Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Diý ki: Allanyň gullary üçin ýaradan bezegi we gözel rysklaryny kim haram kyldy? Diý ki, olar dünýä durmuşynda ynananlaryňkydyr. Kyýamat güni bolsa, diňe möminleriňkidir. Ine, bilenler üçin aýatlary beýle düşündirýäris» (4)
«Diý ki, Allanyň size inderen ryskyndan bir bölegini halal, bir bölegini-de haram kylandygyny görmeýärmisiňiz? Diý ki: Alla size rugsat berdimi, ýogsa Allaha töhmet edýärsiňizmi?» (5)
Ine, bu aýatlar bizi oýandyrýar; Allanyň goýan serhetlerini aşmazlygymyzy, halal diýenini halal, haram hökmünde bildirenini-de haram diýip kabul etmegimizi öwüt edýär.
Haramdan gaçmaýan, halal-haram tapawudyny bilmeýän kişiniň dogasyny Alla kabul etmez. Haram gazanç bilen edilen haýyr işiň sogaby-da bolmaz.
Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Eý ynsanlar, Alla tämizdir we tämizi (halal bolany) kabul eder. Alla Pygamberlere emir edenini möminlerede emir edendir» (Şeýle buýrupdyr):
«Eý Pygamberler, halal bolan zatlaradan iýiň we haýyrly işler ediň. Şübhesiz men siziň eden zatlaryňyzy bilerin.» (Müminun süresi, aýat, 51), «Eý möminler, size rysk hökmünde berenlerimiziň halal we tämiz bolanlaryny iýiň.» (Bakara süresi, aýat, 172).
Pygamberimiz soňra şulary aýtdy: «Aýlar boýy ýolagçylyk eden, saçy-sakaly bulaşyk, toz-toprak içinde (bolan ýagdaýynda) ellerini asmana tarap galdyryp «Ýa Rebbi, Ýa Rebbi» diýip doga eden we tersine iýeni haram, içeni haram, geýeni haram bolan we haram bilen eklenen bu adamyň dogasy nähili kabul boljakdyr?» diýipdir. (6)
Bir kişi halal gazanjyndan (ýagny Alla halal maldan berlen sadakadan başga hiç bir sadakany kabul etmez) bir hurma mukdaryňda sadaka berse, Alla ol sadakany kabul eder. Soňra ony, siziň biriňiziň atyň çagasyny (taýyny) ulaldyşyňyz ýaly, sadaka eýesi üçin ulaldar, şeýle ki, (ýagny) ol sadaka dag ýaly bolar.» (7)
Bu aýaty kerim we hadysy şerifler, musulman üçin, ynanan bir ynsan üçin halal lokmanyň we halal gazanjyň nähili gymmatlydygyny görkezýändir. Gazanjy halal bolmaýan kişiniň eden dogasynyň Allanyň ýanynda makul bolmaýşy ýaly, halal bolmaýan gazanjy bilen etjek haýrynyň-da bir köpük ýaly-da gymmaty ýokdur.
Ýöne zerurlyklar haramy mubah (edilmegi günä we sogap bolmaýan) kylar. Dinimizde kynçylyk ýokdur. Çünki yslamyýet ýeňillik, aňsatlyk dinidir. Bir kişi elinde bolmaýan sebäpler bilen haram bolan bir zady iýmek ýa-da etmek zorunda galsa, ony halal hasaplamazlyk şerti bilen alaçsyz bolan ygtyýajyny giderýänçä haram bolan zatdan peýdalanyp biler, bu bolmaz. Çünki aýaty kerimde haram bolan zatlar sanalandan soňra: «Her kim bulardan (haram bolan zatlardan) iýmäge mejbur galsa, hiç kime azar bermeden we serhedi aşmadan bir mukdar iýmeginde günä ýokdur» (Bakara, 173) buýrulypdyr.

▶ HARAMYŇ GÖRNÜŞLERI

Haram iki görnüşlidir. Biri doňuz eti we şerap ýaly asly haram bolan zatlardyr, ýagny bulara «Haram Liaýnihi» diýilýär.
Başga-da asly haram bolman, aýratynlygy, häsiýeti taýyndan haram bolan zatlardyr, ýagny bulara-da «Haram Ligaýrihi» diýilýär.
Ogurlyk bolan bir mal, meselem goýun we pul asly boýunça halaldyr. Ýöne başga kişiniň zady bolandyklary we eýesiniň rugsady bolman alnandygy üçin harama öwrülendir.
Halal we haram bilen baglanyşykly bu gysga düşündirişlerden soňra, öňi bilen, nämeleriň haram bolýandygyny göreliň.

▶ A – IÝILÝÄN ZATLARDA HARAM BOLANLAR

1 – Doňuz eti

Doňuz mämeli haýwanlardandyr. Ýabany we eldeki bolmak bilen iki jynsy bardyr.
Ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, Allatagala hapa, pis we saglyk üçin zyýanly bolan zatlary haram kylypdyr. Şu sebäpden haýwanlaryň arasynda iň pis, hapa bir haýwan hökmünde tanalýar.
Doňuz, umuman, hapa iýmitleri gowy görýändigi üçin onuň endamynda artyk mukdarda mikrop bolýar. Bu mikroplaryň başynda trişin we tenýa gelýär. Bular ynsan saglygy üçin örän howpludyr. Şeýle hem ösen medisina-da doňuz etiniň her yklymda, aýratyn hem yssy oblastlarda ynsan saglygy üçin örän zyýanlydygyny subut edendir.
Doňuzdan adamlara ýokaşan trişin keseli özünde doňuz ýylanjygy, doňuz gribi, doňuz webasy (keseli), doňuz şarbony (çybany), şap we tuberkulýoz ýaly keselleri-de özünde saklaýar. Bu ähli kesellerden goranma doňuz bilen kontaktda bolmazlyk we etini iýmezlik bilen mümkindir.
Doňuz etiniň haram edilmegi bu we muňa meňzeş bu güne çenli bilinýän sebäplerden ybarat däldir. Belki wagtyň geçmegi bilen, geljekde öwrenip biljegimiz başga-da bir topar sebäpler ýene-de bardyr. Hatda, öwrenip bilmejegimiz sebäller-de bolup biler. Emma anyk bilýän we ynanýan bir zadymyz bar bolsa, hem Allatagalanyň haram eden her bir zadynyň biziň üçin zyýanly boldugydyr.

2 – Alladan başganyň adyna kesilen mal

Eti iýilýän bir haýwan kesilýärkä, Allanyň ady göz öňünde tutulyp «Bismillah Allahü Ekber» diýlip kesilýär. Bu bir özboluşly, haýwany ýaradan we biziň peýdalanmagymyza we hyzmatymyza beren beýik ýaradandan rugsat almak diýmekdir. Bu rugsat alynmazdan haýwan kesilmez. Ýöne bir ýatdan çykarmak, unutmak sebäbi bilen Allanyň adyny ýatlamazdan haýwan kesilmekçi bolsa, zyýany ýokdur.
Alladan başganyň ady ýatlanyp kesilen bir haýwanyň eti iýilmez.

3 – Maslyk, düzgünine görä kesilmän, özünden ölen haýwan

Boglan, daş, taýak we muňa meňzeş zatlar bilen urlup öldürilen, urlup ýa-da başga bir haýwan tarapyndan süsülip öldürilen haýwan bilen, ýyrtyjylaryň iýip galdyran haýwanlary-da öz-özünden ölen bir haýwan hökmünde hasaplanyp iýilmeýär. Ýöne bular ölmezinden öňürti kesilmekçi (damagy çalynmakçy) bolsa, onuň ýaly ýagdaýda iýilýär.
Damagy çalnan haýwanyň bedeninden akan gan iýilmeýär. Ýöne dalak we bagyr ýaly organlarda galan gan bolsa, akan gan hasaplanmaýar, dalak we bagyr bilen birlikde iýilýär.
Bu hakynda Kurany-Kerimde şeýle buýrulýar:
«Maslyk (läş), gan, doňuz eti, Alladan başganyň adyna kesilen, boglup, urlup öldürilen, ýokardan togalanyp ölen, süsülip ölen, ýyrtyjylaryň iýen haýwanlary ölmezden öň damagy çalnanlaryň daşyndakylar, dikilen daşlar (butlar) üçin kesilen haýwanlar we pal oklary bilen bagt gözlemegiňiz size haram kylnandyr.» (8)
Bu ýerde eti iýilýän we iýilmeýän haýwanlar bilen baglanyşykly gysga bir düşündiriş bermek peýdaly bolardy.

▶ ETI IÝILÝÄN WE IÝILMEÝÄN HAÝWANLAR

Eti iýilýän we iýilmeýän haýwanlar diňe suwda ýaşaýan haýwanlar, diňe ýerde ýaşaýan haýwanlar we hem suwda we hem-de ýerde ýaşaýan haýwanlar bolmak bilen üç topara aýrylýar:

1 – Diňe suwda ýaşaýan haýwanlar

Suwda ýaşaýan haýwanlardan diňe balyk iýilýär, beýlekileri iýilmez.(9) Emma suwda öz-özüňden ölüp, suwuň ýüzünde arkanlygyna öli halda ýatan bolsa, balyk-da bolsa, iýilmeýär.

2 – Diňe ýerde ýaşaýan haýwanlar

Diňe ýerde ýaşaýan haýwanlar üç topardyr:
Birinjisi: Çekirtge, siňek, garynja, möý, ary, içýan we zäherli başga möjekler ýaly hiç gany bolmaýan haýwanlardyr.
Bulardan diňde çekirtge iýilýär, beýlekileri iýilmez. Çünki bular ynsan tebigatynyň, naturasynyň ýigrenýän jandarlarydyr.
Ikinjisi: Ýylan, hažžyk, suwulgan, sakyrtga, bit we syçan ýaly ýer möjekleri; kirpi, alaka, ýarganat we bulara meňzeş akyjy gany bolmaýan haýwanlardyr.
Bular zäherlidikleri, ynsan tebigatynyň, naturasynyň olary ýigrenmegi we pygamberimiz tarapyndan olaryň öldürilmegi emir edilendigi üçin iýilmeýärler.
Üçünjisi: Akyjy gany bolan haýwanlardyr. Bularda eldeki we ýabany bolmak bilen iki topardan ybaratdyr.
Eldeki haýwanlardan düýe, sygyr, gäwmiş, goýun, geçi, towuk, gaz, ördek we kepderi halaldyr, iýilýär.
Gatyr we eşegiň eti iýilmeýär. Atyň eti iýilse-de, bu haýwan münülýän serişde bolandygy we söweşde ulanylýandygy üçin etiniň iýilmegi mekruhdyr.
It we samyr-da iýilmeýär.
Ýabany haýwanlar hakynda aýdylanda bolsa, ýolbars, gaplaň, gurt, aýy, pil, maýmyn, bars we şagal ýaly kesgir dişleri bolan we hüjüm edýän haýwanlar bilen algyr, laçyn, bürgüt we dazzarkel ýaly aw awlamak üçin penjelerini ulanýan haýwanlar (guşlar) iýilmeýär.
Kesgir dişleri we ýyrtyjy penjeleri bolan bu haýwanlaryň daşynda galan ýabany haýwanlardan sugun, keýik, ýabany sygyr we ýabany eşek ýaly haýwanlar iýilýär.
Towşan eti halaldyr. Munuň ýaly ýabany guşlardan ýyrtyjy penjeleri bolmaýan gögerçin, ähli görnüşleri bilen serçeler, durna we oňa meňzeş guşlar iýilýär.

3 – Hem suwda, hem ýerde ýaşaýan haýwanlar

Hem suw we hem ýer haýwany bolan pyşbaga, leňňeç, ýylan, krokodil, suw köpegi we bulara meňzeş haýwanlar iýilmeýär.

▶ B – IÇGILERDE HARAM BOLANLAR

1 – Içgi

Içilende az ýa-da köp serhoşlyk berýän içgidir.
Içgi haramdyr. Kuran-y Kerimde şeýle buýrulandyr:
«Eý iman edenler, şerap, humar, dikilen daşlar (butlar), pal we bagt oklarynyň her biri şeýtanyň işi bolan pislikdir; bulardan uzak duruň, ýagny azatlyga, halas bolmaklyga ýetersiňiz. Şeýtan içgide we humarda diňe araňyza duşmanlyk we kine sokmak, sizi Allany ýatlamakdan alyp goýmak isleýär. Indi bulardan el çekdiňiz dälmi?» (10)
Aýat-y Kerimde gadagan edilen içgi şerapdyr. Ýöne Pygamberimiz:
«Serhoşlyk beren hemme zat şerapdyr we hemme şerap haramdyr.» (11) diýip buýrupdyr we serhoşlyk beren hemme içginiň şerap ýaly haramdygyny bildiripdir.
Serhoşlyk beren içginiň köpüniň haram bolşy ýaly, azy-da haramdyr. Çünki Pygamberimiz:
«Köpi serhoş eden zadyň azy-da haramdyr» (12) diýip buýrupdyr.
Içgi näme üçin haramdyr?
Çünki içginiň örän köp zyýanlary bardyr.
– Içgi adamlaryň arasyna duşmanlyk we kine sokar.
– Içgi ynsanyň akylyny başyndan alar. Ynsan serhoş bolanda, akyly, paýhasy bozular, näme sözleýändigini bilmez, şeýdip abraýyny, sylagyny ýitirer.
– Içgi ynsan saglygyna-da otrisatel şekilde täsir edýär. Aşgazan we öýkeni zaýalaýar. Sindiriş organlaryny bozýar. Basyşy ýokarladýar. Şeýlelikde, bedeniň normal işleme düzgüni bozulýar.
– Içgi uly möçberde jan we mal ýitgisine getirýän we örän köp kişiniň maýyp, inwalid bolmagynyň günäkäri bolan awariýalaryň uly bir toparynyň alkogolik ýagdaýda ulaglardan peýdalanmaklaryndan ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
– Içgi maşgala durmuşyny-da paraliç edýär. Içgi içýän kişiniň maşgalasyny we çagalaryny gözden salmagyna we munuň bilen baglanyşykly aýrylyşmalara çenli ýetirýän maşgala näsazlyklarynyň döremegine itergi berýär. Şeýle maşgalada ýetişen çagalar rahatsyz we bagtsyz bolýar. Är bilen aýalyň mydama gowga etmegi, gygyryşmagy çagalara täsir edýär we olaryň sagdyn ösmeklerine-de böwet bolýar.
Munuň üçindir, ýagny Pygamberimiz:
«Içgiden gaça duruň, çünki ol, ähli pislikleriň, erbetlikleriň enesidir» (13) diýip buýrupdyr.

2 – Narkotik maddalar

Erbet, pis we adam saglygyna zyýanly bolan her zadyň haramdygy ýokarda açyklanypdy. Narkotik maddalar-da şeýledir. Adam saglygyna uly möçberde zyýanly bolandyklary üçin bular-da haram kylnypdyr.
Narkotik diýlende akyla meň, tirek, geroin, kokain we morfiý ýaly maddalar gelýär. Bular haram bolşy ýaly, alnyp satylmalary-da jaýyz (rugsatly, dogry) däldir.
Bu narkotik maddalaryň iň ähmiýetli we ortak esasy aýratynlyklaryndan biri ony örän az mukdarda ulanan ýagdaýynda-da, gysga wagtyň içinde öwrendikli, neşekeş etmekleridir.
Narkotikler barlanyp, synalyp görülmez. Bir gezek bolsun, ony ulanyp başlanlaryň, soňra ondan gutulmagy örän kyndyr. Göýä narkotik ulanmak zäheri tejribe üçin içen ýaly bir zatdyr. «Töreli hany, zäher öldürermikä?» diýip, ony barlap görmegiň netijesiniň ölüm bolşy ýaly, narkotikler-de şeýledir. Ony bir gezek ulanan kişi soňra özüni ondan halas edip bilmez we ölüme sezewar bolar. Munuň aýdyň mysallary telewizor ekranlarynda we metbugatda görkezilmekde we ony synlanlary elhenç gorka düşürmekdedir.
Narkotikleriň bir erbet netijesi-de, onuň maşgala durmuşyny ýykmagy we sosial baglanyşyklary paraliç etmegidir, doňdurmagydyr. Narkotige bagly bolan kişi maşgalasyna, çagalaryna, garyndaş we goňşularyna garşy jogapkärçiligini ýitirýär. Ýeke- täk gözüne ilýän zady, gözleýän zady narkotikdir. Ony tapmak üçin pida etmejek hiç bir zady ýokdur. Çünki indi onuň üçin durmuşdaky hemme zat gadyr- gymmatsyz zatlara öwrülendir. Narkotik almak üçin pul tapmadyk wagtynda, ogrulyk etmekden-de, günä işlemekden-de çekinmez.
Ine, dinimiziň narkotikleriň ähli görnüşini-de gadagan etmegi, onuň alym-satymyny-da jaýyz (rugsatly) görkezligi munuň üçindir.

▶ W – GAZANÇDA HARAM BOLANLAR

1 – Humar

Orta pul goýulyp oýnalýan pelek oýnudyr.
Humar dürli zatlar bilen oýnalýar. Näme bilen oýnalsa, oýnalsyn, bu oýun garşydaşlardan birine ýa-da birnäçesine girdeji getirse ýa-da çykdajy, zyýan getirse humardyr we gadagan edilendir. Şeýle ýol bilen gazanylan pul-da haramdyr. Çünki Kuran-y Kerim şerap, humar, dikilen daşlar (butlar), pal we bagt oklarynyň her biriniň şeýtanyň işi bolan erbetliklerdigini bildirmekde we bulardan uzak durmalydygyny emir etmekdedir.
Humar näme üçin gadagan edilipdir we bu ýol bilen gazanylan pul näme üçin haramdyr? Munuň örän köp sebäpleri bardyr we käbirleri şulardyr:
a) Ynsanyň, isle özüniň we isle-de çaga-çugasynyň ýaşaýşyny üpjün edip biljek bir topar gazanç ýollary bardyr. Hiç kime zyýan bermezden, bu kanuny ýollaryň biri bilen halal gazanç gazanyp biler.
Bu ýollary taşlap, humar bilen pul gazanmagy saýlap almak dogry bolmaz. Çünki munda utsa başga kişä, utulsa özüne zyýan etmeklik bardyr. Başga kişä zyýan bermezden gazanyp bolýarka, bu ýoly seçmek, elbetde, laýyk bolmaz.
b) Humar adamyň işlemegine, maşgalasy we jemgyýeti, hatda, tutuş adamazat üçin peýdaly hyzmatlar etmegine we Allaha garşy etmäge borçly bolan ybadat wezipesini ýerine ýetirmegine böwet bolýar. Çünki humar oýnamagy özüne endik edinen kişi işlemek islemez we bu işlemek lezzetinden özüni mahrum eder. Bu erbet endik onuň ybadat etmegine-de zyýan berer.
w) Humaryň zyýanlary diňe bir oýnaýan bilen çäkli däldir. Maşgala agzalaryna we jemgyýete-de ters, otrisatel täsir edýär. Jemgyýet üçin problema bolan işsiz we güýçsüzleriň köpelmegine sebäp bolýar. Jemgyýetlerdäki sosial krizisleriň çeşmesinde işsiz we güýçsüzleriň iň öňde gelýändigini aýtmak mümkindir.
Humar sebäpli edilen jenaýatlar kiçeldilmejek, äsgerilmejek derejededir. Mal, pul janyň ýonuşgasydyr. Puluny birden eliňden gideren kişi krizise girýär. Oýun ýoldaşlary bilen başlan gowgasy jenaýata çenli gidýär.
Humar sebäpli nije bagtly maşgala höwürtgeleri ýumruldy we söndi.
Humar oýnaýan kişi bir tarapdan baýlygyny giderýärkä, beýleki tarapdan saglygyny-da giderýär. Çünki humarçynyň gijesi we gündizi belli däldir. Naharyny regulýar iýmeýär, wagtynda uklamaýar. Şeýlelikde, saglygy-da bozulýar.
Humarçy çaga-çugalary bilen gyzyklanmaga we olary ýetşdirmäge wagt tapmaz. Allaha garşy (borçly) bolan ybadat wezipesini-de sypdyrar.
Başga-da örän köp zyýanlary bolan humary dinimiz gadagan edip, bu ýol bilen ele salnan gazanjyň-da haram bolýandygyny bildirendir.
Pygamberimiz, ýoldaşyna «Gel, humar oýnaly!» diýen kişiniň bu sözüniň günäsiniň geçilmegi üçin, sadaka bermegini nesihat edendir.(14)

2 – Para

Para, etdiriljek bolýan bir işi ýerine ýetirmekçi bolýan bir kişä kanuny bolmaýan bir ýeňillik döretmegi üçin berlen pul ýa-da başga bir çykdajydyr.
Dinimiziň esasy prinsiplerinden biri adalatyr. Her işde adyl bolmak we adalata uýmak dini wezipelerimizdendir. Adyl bolmaýan, adalaty äsgermeýän kişiniň haksyzlyk, adalatsyzlyk getdigi bolar, bu bolsa günädir.
Para näme üçin berilýär? Haky bolmaýan bir zada eýe bolmak üçin berilýär. Şeýle haky bolmaýan bir zada gowuşmak üçin bir zat bermek-de, bir zat almak-da we araçy bolmakda gadagandyr hem-de günädir. Çünki para beýle ýagdaýda haklyny haksyz, haksyzy-da hakly edip, adalatyň orta çykmagyna böwet bolýar. Bu bolsa jemgyýetde uly ölçegde rahatsyzlyga ýol açar.
Kuran-y Kerimde şeýle buýrulypdyr:
«Mallaryňyzy haksyz sebäpler bilen iýmäň. Özüňiz bilip durkaňyz, adamlaryň mallaryňdan bir bölegini ýalan ant şehadat bilen iýmegiňiz üçin ol mallary sudýalara bermäň»(15)
Para, adamlar üçin bolşy ýaly, jemgyýetleri-de örän erbet netijelere getirer. Paranyň ýaýran ýerinde haksyzlyk köpeler. Arkaýynlyk we ynam ortadan aýrylar, mynasyp bolmaýan kişiler iş başyna geçer. Munuň bilen baglanyşykly sosial rahatsyzlyklar artar. Bu sebäpli Pygamberimiz: «Para alan-da, beren-de dowzahdadyr»(16) diýip buýrandyr.

3 – Prosent (Süýthorlyk)

Prosent hem haram bolan bir gazançdyr.
Prosent bir meňzeş jynsdan bolan iki malyň biri-biri bilen çalşylmak üçin edilen sözleşmeden bir tarap üçin kabul edilen we garşylygy, ekwiwalenti, deňligi bolmaýan artykmaçlykdyr. 50 gr. altyny 55 gr. altynyň garşylygynda satmak ýaly. Bu ýerdäki 5gr. Garşylygy bolmaýan bir artyklykdyr we prosentdir.
Kuran-y Kerimde prosent bilen baglanyşykly şeýle buýrulmakdadyr:
«Prosent iýen kişiler (gabyrlaryndan) göýä şeýtan (al) kakan kişiler ýaly çalnyp ýerlerinden galkarlar. Olaryň bu haly «Alyş-berişde prosent ýalydyr» diýmelerindendir. Ýagny Alla alyş-berişi halal, prosenti haram kylandyr.»(17)
«Eý, iman edenler, Alladan gorkuň. Eger hakykatdan ynanýan bolsaňyz, prosent hökmünde artan mukdary almaň. Eger (prosent hakynda aýdylanlary) etmeseňiz, Alla we Resuly tarapyňdan yglan edilen bir söweş bilen garşyma-garşy bolýandygyňyzy pugta biliň. Eger toba edip, prosentden, süýthorlykdan ýüz dönderseňiz, sermaýaňyz, kapitalyňyz siziňkidir. Şeýlelikde, haksyzlyk etmeseňiz haksyzlyga-da duçar bolmarsyňyz.»(18)
Pygamberimiz ýedi sany heläk ediji zatdan saklanmagymyzy, bulardan biriniň-de prosentdigini aýdypdyr.(19)

■ [b]Prosentiň haram bolmagynyň sebäbi[/i]

Prosent haramdyr we uly günälerdendir. Çünki:
a) Prosent garşylygy bolmaýan bir gazançdyr. Berlen 10 gr. altyna derek alnan 11 gramda 1 gramyň garşylygy ýokdur. Hakykatda bolsa, ynsanlaryň mallary janlary ýaly dokunylmazdyr, el degrilmesizdir. Beýle bolýan bolsa, başga kişä degişli bolan bir maly garşylygy bolmazdan almak, dogry bolmaz.
b) Prosent ykdysadyýete, hojalyga otrisatel şekilde täsir eder, bahalaryň artmagyna sebäp bolar. Çünki, prosent berip, bergä batanlar prosenti-de satyn aljak zatlarynyň özüne düşýän gymmatyna goşjakdyklary üçin, bahalar artjakdyr we alyjy, sarp ediji durmuş, ýaşaýyş kynçylygyny çekmeli boljakdyr.
w) Prosent adamlary ýaltalyga getirýär. Çünki ellerinde bar bolan kapitaly, sermaýany prosente beren kişiler söwda we sungat bilen ugraşmak, bular ýaly zähmete goşulmak islemeýärler. Bu sebäp bilen önüm öndürmäge başarnygy bolan bir topar kişiden iş dünýäsi mahrum galýar. Aslynda bolsa jemgyýet, diňe söwda we sungat ýaly döredijilikleri, aktiwlikleri bilen bolluk, bol elinlilik derejesine ýetýär ahyryn.
g) Porsent adamlaryň biri-birlerinä kömekleşmegine, biri-birine kömek etmegine päsgel berýär. Eliňdäki kapitaly prosentine bermegi endik edinen kişi mätäç bolana karz bermez, başga kişiniň dert we kynçylyklary bilen gyzyklanmaz, bu bolsa jemgyýetiň şahsyýetleri arasynda birlik we goldawyň gowşamagyna sebäp bolar.
d) Prosentiň rowaç bolan, giňişleýin ýaýran jemgyýetlerinde baý bilen garybyň arasyndaky bolluk, bol elinlilik tapawudy gitdigiçe ulalar, baý has baý, garyp-da has garyp bolar. Bu-da birnäçe sosial rahatsyzlyklaryň döremegine ýol açar.
e) Ellerindäki kapitaly prosentine bermeýänler bu mümkinçiligi peýdalanmadyklary üçin zelel, zyýan gören hasaplanýarlar, Ýöne bular nebisleriniň arzuw we isleglerini uýman, Allanyň emrine uýmak bilen Onuň sogap we sylagyna ýeterler. Hak Tagalla olaryň prosent garyşmaýan we içinden (zekat ýaly) Allanyň haky berlen mallaryny bereketlendirer we köpelder. Şonuň üçin Kuran-y Kerimde:
«Alla prosenti ýok eder (prosent garyşan malyň bereketi giderer), sadakalary köpelder (sadakasy berlen mallary bereketlendirer.»(20)
4 – Ogrulyk we haksyzlyk

Haram bolan bir beýleki gazanç-da ogrulyk we haksyzlyk bilen ele salnan gazançdyr.
Bir adamy haksyz ýere öldürmek, abraýyna we namysyna degmek nähili uly günä bolsa, onuň malyny haksyz ýere almak-da, birmeňzeş şekilde günä we haramdyr.
Hile, aldawçylyk, jübi kesijilik-de ogrulygyň bir görnüşidir. Bu we muňa meňzeş kanuny bolmaýan ýollar bilen gazanylan mal-da haramdyr.
Alla Tagalla Kuran-y Kerimde şeýle buýrupdyr:
«Eý, iman edenler, araňyzda garşylykly razylyga esaslanan söwda ylalaşygy, ýagdaýy bolmagy hökmandyr, mallaryňyzy batyl (haksyz we haram ýollar) bilen iýmäň we özüňizi öldürmeň. Şübhesiz, Alla size merhemet eder.»(21)
Pygamberimiz-de şeýle buýrupdyr:
«Kim haksyz bir pretenziýada, talasda, tassyklamada bolup, özüniňki bolmaýan zady özüniňki etmäge çalyşsa, ol bizden däldir, ol dowzahdaky ýerine taýýarlansyn»(22)
Öleninden soňra direljegine we bu dünýäde eden çatlarynyň hasabyny gös-göni Allaha berjekdigine ynanan bir kişi başga biriniň malyna haksyz ýere el uzatmaz, ekin meýdanynda, bagda we bakjada goňşularynyň serhedini bozmaz, haky bolmaýan bir zada eýe çykmaz.
Başgalaryň mülklerinde bolan mal we toprakdan haksyz ýere bir zat almak nähili günä bolsa, döwlete degişli mal we toprakdan bir zat ogurlamak-da, birmeňzeş şekilde günädir. Çünki munda tutuş milletiň, heniz tüýi bitmedik ýetimiň-de haky bardyr.
Pygamberimiz ogurlyk bilen, haksyzlyk bilen beýlesine pul, mülküne toprak geçirenler bilen baglanyşykly şeýle buýurýar:
«Kim haksyz bolup, başga kişä degişli ýerden bir zat alsa, kyýamat günüňde haksyz bolup alan ýeri bilen ýedi gat ýere sokular.»(23)
«Bir kişi haksyz bolup, başga bir kişiniň ýerini basyp alsa, ol ýeriň ýedi gaty-da ol kişiniň boýnuna geçiriler.»(24)
«Bir kişi din gardaşynyň namysyna ýa-da malyna haksyz bolup dokunsa, altyn, kümüş tapylmaýan (kyýamat) gününden ozal ondan halalyk alsyn. Ters ýagdaýda, eden haksyzlyk proporsiýasynda onuň ýagşylyklaryndan alnyp, hak eýesine berler. Ýagşylygy ýok bolsa, hak eýesiniň günälerinden alnyp, haksyzlyk edene ýüklediler.»(25)
Hawa, kyýamat güni, akyl ýetirilmegi, oýlanylmagy-da ynsany gorka salan bir gündür. Ol günüň gorkusyndan Pygamberler-de Allaha sygnypdyrlar. Beýle bir güne başga kişiniň hakyny alan, başga kişiniň ýerini basyp alan görnüşde gitmek ynsan üçin uly bir perişanlykdyr. Çünki ol gün her kese haky beriljek, hiç kime haksyzlyk edilmejek gündür. Onuň üçin bu gün hakynda oýlanmaly we oňa görä taýýarlanmalydyr.

__________
(1) Maide süresi, aýat: 14.
(2) Maide süresi, aýat: 87.
(3) Nahl süresi, aýat: 116.
(4) A'raf süresi, aýat: 32.
(5) Ýunus süresi, aýat: 59.
(6) Müslim. Zekat, 19; Tirmizi. Tefsirul-Kur'an, 3.
(7) Buhary. Zekat, 7; Müslim. Zekat, 1.
(8) Maide süresi, aýat: 3.
(9) Hanafi mezhebinden beýleki mezheplerde diňe suwda ýaşaýan her hili haýwan iýilýär.
(10) Maide suresi, aýat: 90-91.
(11) Müslim, Eşribe, 7.
(12) Tirmizi, Eşribe, 3.
(13) Et-Tergib we't-Terhib, t. 3, s. 257. (Hadisi, Hakim rowaýat edipdir.)
(14) Buhary, Suretü'n-Nežm, 2.
(15) Bakara süresi, aýat: 188.
(16) Ebu Dawut, Akzie, 4.
(17) Bakara süresi, aýat: 275.
(18) Bakara süresi, aýat: 278-279.
(19) Buhary, Medisina; Müslim, Iman, 38.
(20) Bakara süresi, aýat: 276.
(21) Nisa süresi, aýat: 19.
(22) Ibn Maže, Hökümler, 6.
(23) Buhary, Mezalim (Haksyzlyklar), 13; Müslim, Müsakat, 30.
(24) Buhary, Mezalim, 13; Müslim, Müsakat, 30.
(25) Buhary, Mezalim, 10.

Lütfi ŞENTÜRK.

Terjime eden: Seýitnazar ÄRNAZAROW.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 58 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Lütfi Şentürk | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Материал]
Minnetdar. Taňryýalkasyn. Tüýs biziň ýaş-ýeleňlerimize düşnükli boljak, juda sada hem anyk ýazylan maglumatlar ekeni. Şu durşuna okuw kitaby hökmünde ulanybermeli.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: