13:11
Ynsabyñ jezasy -8/ romanyñ dowamy
SEKIZINJI BAP

Baba aganyň bu gün keýpi kökdi. Neneň goja göwün ganat beklemesin! Ministr elini gysyp, elli ýaşy bilen gutlady.
Dogrudanam, ep-eslije ýol geçilipdir. Ýigrimi bäş ýyl dilde aňsat. Şu geçen döwür içinde kän zady, gaty kän zady gördi. Ala taýagy ençeme ýyllap elinde saklady, soň ony taşlady. Şeýdilmesi Baba aganyň tüýs ýüreginden turdy. Eýsem-de, kötek bilen terbiýe bir ýere sygyşarmy? Sygyşmaz. Goja şu ýoňsuz döwrüň gyşlarynyň galyň garyny basgylady, ýazlarynyň gülüni çürtdi. Ol yza ser saldygyça ýagşy-ýaman günler ak sakgalyna, ak saçyna dolaşyp ýatyr. Ak sakgal, ak saç ýagşy günleriň alamatymy? Ýaman günleriň gara sakgal, gara saçlar bilen gitdigi boldugymyka? Ýok, bu aklyk, bu gowulyk, bu alkyşly gojalyk, öz kärine berlip, iýlen halal çöregiň nyşany. Ol ak saçlaryny özünde saklap, gara saçlaryny özgelere, ýaşkiçilere sowgat berdi.
Ine, ministrem şu ak saçly goja barada gürledi.
Belent tribuna çykyp: «Işdeş ýoldaşymyz» diýdi. Bu goja kişini magtap bildi. Ministr! Kiçi-girim adam däl, how! Hawa, elli ýaşyny, milisiýa gullugynda-da işlän ýigrimi bäş ýylyny dabaralandyrdy. Soň ýeke-ekeden, özünden kiçilerem, ulularam hoşniýetli arzuwlar aýtdylar. Şu Abdyýew näme, özkakuw adamdyr welin, şolam halys ýürekden gürledi. «Biziň Baba agamyz» diýdi. Ýogsam «starşiý leýtenant» diýip ýörendir-le. Kän bir «owiçsiz» geplemezem. Eý, ululygam ýokdur öz-ä. Ýöne kä kişi agalyga ir ýetişäýýär. Ol öz kysmy adam. Abdyýewiň aýyny, gününi yzarlaberseň sak-galdaş bolubam çykaýýar. Şonda-da oňa aga diýýän ýok. Aý, ol hiç-le. Mundan öň-ä «uçastogyňda plan boldy, pysmydan boldy» diýip, peşe ýaly zady pile dönderip ýörenleriňem sözleri telpekli-telpekli. Elli ýaşasaň, gadyryň bilinjek ekeni. Elli ýaşap ýörmeli, walla! Kurorta-zada gitseň diýip, ullakan papka bilen tranzistor priýemniginem berdiler. Ýeri, Baba agaňyz günde müň hyýala münüp ýören jiňk-jiňk on sekiz ýaşlymy diýsene! Elli ýaşap, tilsimli gapyrjagy ýanbaşyndan sallap, zowladyp ýörseň!.. Eý, däl-le! Ýeldirgäpdir diýenem tapylawersin!
Diýseň-diýmeseň Baba aga bu gün öňki Baba aga däldi. Küti, ýaryk-ýaryk dodaklary öz-özünden ýyrşarasy gelýärdi. Bu gezek ömür etmeýän zadynam etdi. Dellekhana baryp, sakgalyny syrdyrdy. Ýogsam hemişe öýde wzi gazar ýörer. Görsene, bolýan jalaýlygy! Hasap-hesibine şeýle bir jür, bir köpügem eýläk-beýläk etmeýän halyna sertaraşa bir manat tutduraýdy. Soňam daş çykaga-da täzeje tranzistoryň eýlesini-beýlesini sypaşdyrdy. Antennasyny bir ýokary galdyrdy, bir aşak düşürdi. Burmasyny burup gördi. Düşnüksiz wagyr-wugur çykan dessine degre-daşyna ýaltaklap, öçürdi.
– Bä, mun-a başujuňda goýup, diňläp ýatmaly. Ýok, Sadap ikimiziň aramyzda aýtdyraýyn. Gowy bolmasa, asyl ministr el gysyp beýle sylagy gowşurmaz.
Baba aga ýeňil ädip, öýüne bakan ugranda gapdalyndan şo-ol jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli aşaky gatda ýaşaýan goňşusy geçip gitdi. Ol ony köpden bäri görmändi. Esli wagt bäri ilkinji gezek gördi. Goja eginaşyry oňa garady-da: «Peläket, salamlaşmaz-ow – diýdi. Soňra goňşusy golaýdaky dükanlaryň birine sowuldy. Ýaşulynyň ýüregi etmedi. «Ol görmedi. Gören bolsa, biparh geçip bilmez ahyry». Öz göwnüne gelşiçe, ýene onuň yzyndan haýdady. Bagtyna goňşusy bir zat aljak bolup, nobata duran eken.
– Goňşy, saglykmy?
Baba aga ýitirip-tapan ýaly bolup, adaty alçaklygyny etdi. Ýüzbe-ýüz bolup duran adamsyna elini uzatdy. Emma uzalan gol howada galdy. Goňşy diýlen aýal tanyş ýüze gezi düşenden nazaryny çalt beýle tarapa sowdy.
– Goňşy, näme tanamadyňmy? – diýip, göwni kireňsiz Baba aga oňa dikarynlady.
– Hawa-da, esli mahalam geçdi.
Emma olaryň biri-birini görmedigi bary-ýogy iki ýyldy. Indi ýaňky aýal gabagyny bürüşdirip, zor aýakdan bärsine döndi.
– Heý, wiý, Baba milise, senmiň? – onuň erni ýasama ýyrşardy.
– Men-ä goňşy seni görenime begenäýdim.
– Begendim diýsene... – Aýal ýaňsylady.
– Aýdýanyň näme, goňşy.
Baba aga tranzistory görkezdi: – Ine, muny bolsa, bu gün maňa sylag berdiler.
Goňşusy oňa seretmedem. Şol sowuklygy bilen:
– Bererler, sylag bererler – diýdi: – Sen sylaga mynasyp adamam-da. –Goňşusynyň kesä çekip aýdýanyny Baba aga birbada duýmady. Sag bollaşyp gaýdanda, ýene hyýalyny oňa bakan öwürdi.
– Häý, peläket, ýadyndan çykarmandyr. Men-ä ony bireýýäm unudypdyryn.
Ýok, aňan ekeni. Görer göze bildirmese-de, goňşusynyň sowuklygyndan bir zat syzan goja milisioner bu mahal geçeni ýatlamak islemese-de, ony biygtyýar hakydasyna getirmäge mejbur boldy.
... Şäher oba del. Şäheriň öz inip-çykyşy bar. Obada hemmeler biri-biriniň gözüniň alnynda örüp ýörer welin, jemendeli şäherde goňşy-goňşudanam bihabardyr. Işe-beýlekä gideninde öýüňi-içeriňi gulplamaň aýby ýok. It-pişik öýe girip akan-dökän etmezlik üçin. Ýöne öýüňde oturylýarka gulplanmasy näme? Her kim öz sümelgesine sümer, onsoň ýolda-yzda göräýmeseň, görjek gümanyň ýok.
Baba aganyňam uzak örüsi öý bilen işi. Geldigi öýünden çykmasy bolmaz. Ýöne aýt-aýt, şu aşaky gatda ýaşaýan goňşusyny aýt. Özem-aýt, sopbaş halyna iki otagy eýeläp otyr. Bir başyňa 32 kwadratmetr nämäňe gerek. Daryşganlyk edýäne ber-dä! Hany Baba sen şony özüne-de bir aýdyp gör! Al-petinden alaýar. Ho-ol bir sapar duýduraňda nätdi. Gaýdyp ikini islemez ýaly edäýdi. Asyl orderinde atlar düzüm-duzum ekeni. Ana, şol goňşusam Baba agalara ýygy-ýygydan gatnamany çykardy. Bir gün gelip:
– Goňşy, öýdemisiň? – diýip, Sadap ejäniň, Baba aganyň içine-daşyna geçdi. Görmän gören adamy ýaly gadyr açdy. Elinde göterip duran oduk-budugyny saçagyň üstünde gaýdy: – Dadaýsaňyz diýdim.
Goňşokara! Ata-baba gelýän däp. Heý, ondanam ýüz sowup bolarmy! Bu goňşyň goňşa okaralap paýlaýan ýagşy niýeti ahyry. Baba aga goňşusyna gel, geç etdi. Sadap eje çaý hödürledi. Goňşy aýal welin ýüzde-müň näz-de-kereşme bolup, gitmäge howlukdy. Ýene bir gün gelip, Baba agany dogan güni bilen gutlady. Öz dogan gününi gojanyň özem bilenok. Pasportynda ýazylan ýazga salgylanaýmasa, dogrusy, ýadyna düşübem duranok. Belleýgijem däl. Görsene, öz bilmedigiňi özge bilýär. Onda-da jüýk 'burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli goňşusy. Aşaky gatda ýaşaýan goňşusy.
– Baba milise, senem Sadap bilen oturmaga baraýmal-a! Jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli, aşaky gatda ýaşaýan goňşusy süýnüp-sarkdy. Är-aýalyň içine-daşyna geçdi.
– Şu goňşa-ha gadyryň öýi –  goňşusy gidensoň Baba aga aýalyna çiňerildi.
– Aýtsaň-aýtmasaň, Baba, soňky wagtlar şuňa-ha bir döw çaldy. Öň-ä ýigreneni bizdik welin...
– Sadap baý, senem küpür gepleýäň. Ýigrenip biziň nä sygrymyz onuň ekinine girdimi?
Şundan soň jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli aşaky gatda ýaşaýan goňşy barada gürrüň uzamady. Ol welin günde-günaşa ol diýip, bu diýip geliberdi.
Bu günem adaty endigine eýeren Baba aga uçastogyna aýlanan soň, giçlik öýüne dolandy. Öýüniň ýakynyna gelende garaňkyda iki aýalyň hümürdisi gulagyna degdi.
– Jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli, aşaky gatda ýaşaýan goňşymyz-a bolmajysyny bolýar. Ind-ä näme, milise goňşy bilenem arasyny sazlapdyr. Bitiniň burny ganamaz.
Eşitdi. Baba aga goňşy aýallaryň özara hümürdisini hakyt öz gulagy bilen eşitdi. Biparh kişi bolan bolubam gaýtdy. Daş gulakdan eşiden gürrüňini aýalyna-da aýtmady. Ýogsam, organyň ýumşy, tabşyrygy bolaýmasa, Sadap ejeden gaýry zat gizlemez. Şuny welin, gizledi. Zat ýok ýerden bi bendäňem ýüregini çişirme, Baba! Anygyna ýet. Onsoň belli netijä gel, goja milisioner!
Baba aga jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli aşaky gatda ýaşaýan goňşusyny assyrynlyk bilen yzarlady. Goňşusy öňküsi ýaly gelip-gideninde-de güler ýüz berdi. Ýöne yzyna göz tazysyny saldygyça, goja milisioneriň biynjalygy artdy. Öz-özüne igendi: «Burnuň astyndaky zady görmänsiň, Baba! Gör, il-gün saňa näme diýer?!
Ýok, Baba aga muny içine sygdyryp bilmedi. Näler ýaşyrjak boldy. Bolmady. Ýogsam, nijeme ýyllap bir ýassygy paýlaşyp gelen aýalyndanam ýaşyrdy. Ahyrynda ýarylmaly boldy.
– Be-e, oslamzogam – geň görüp, öwelip duran Sadap ejäniň inçe göwresi hasam uzalana döndi.
– Men bir işli-güýçli adam, Sadap baý. Goňşyň gözden düşdügi biziňem gözden düşdügimiz. Gel, bir zat edeli. Senem ýakyndan kömek ber. Senem milisioneriň aýaly. Gitjek ýeriň ýok. Näme edýär, näme goýýar, senem biljek bol.
Sadap eje şol bir öňki giňliginden bozulman:
– Ýok, Baba, munyňa hä diýjek däl – diýdi: – Bu seniň etmeli işiň. Köpläp almaly zat däl. Seniň işiňe gatyşmandym, gatyşmanam.
Baba aga gatyrganmady. Aýalynyň sözüni ýykmasyny gaýta oňlady: «Dogrudanam, bu ýere burnuny sokmasyn. Milisioner senmi? Sen. Öz uçastogyňdanmy? Öz uçastogyňdan. Ondajyk maýdalyňa gymyldaber».
Jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli, aşaky gatda ýaşaýan goňşyň welin şol bir bolşudy. Gelim-gidimini barha ýygjamladýardy. Soň bir günem tyrk-tyrk edip, gapyny kakdy. Işigi garry agraslygy bilen gojanyň özi açdy. Ine ýene şol. Dilewar goňşularyň aýtmasy hakyt ugrunda bar ekeni. Baba aganyň ýitelen gözleri görsene, çyn oguşýan, onuň jüýk burnunda eglendi. Ýüzem repide şekilli, popuş. O ýüze käse ýaly tegelek göz gerek. Bu kiçijik göz hakykatdanam mugapyk däl. Aşaky gatda ýaşaýan goňşy welin özüne siňin-siňin seredilmesinden gyzaryp-bozaryp, basylan howuny bildirmejek bolýardy.
–  Baba milise, Sadap goňşy ýokmudy? Men oňa sowgatjyk getiripdim.
Onýança-da içki jaýdan Sadap eje çykdy. Baba aganyň gözleri hasam tegelendi.
–  O nähili sowgat?
– O-häki, gezelenç etdim-de size-de at tutaýaýyn diýdim – Aşaky gatda ýaşaýan goňşy elindäki kagyza dolangy zady açdy. Ýüpek ala öýme. Sadap eje kyn ýagdaýda galdy. Ikirjiňledi. Almasa, goňşyňam, sowgadyňam ýüzüne uran ýaly boljak.
– Al, goňşy, al. Bu sowgat ahyry.
Baba aga-ha huk boldy. Sadap eje bolsa şindizem näderini bilenokdy. Bir haýukdan:
– Wiý, onda bahasyny bir alyň – diýip, derrew yzyna dolanyp geldi.
– Ýok, ýok, gerek däl.
Är-aýal ikisi iki ýerden dyzady.
– Bolmaz ahyry, sen nä zikge kakýamyň?!
Pul sesini eşiden goňşy aýalyň indi özem gowşady.
– Näçe bermeli, aýdaýyň.
– Ýa, sizem, geregem däl-ä. Goýmajak bolsaňyz, il nyrhy on alty manat.
Sadap eje sesini-üýnüni çykarman, diýlen puly berdi. Goňşusam ýene alçaksyrap gapyny aňyrsyndan ýapdy. Baba aganyň bolsa bu pille aňyrsy bärik gelýärdi.
– Nätdiň, Sadap baý. Elinjek senem duzaga düşürdi. Bir apbasysy kem on manatlyk öýmäni on alty manada dakyp, ýagyrnişligiňi otlady. Ine, muňa spekulýantlyk diýilýär. Hä, indi näme diýersiň?!
Baba aga muňa näler ýansa-da syr bildirmedi. Zatdan bihabar kişi bolup geziberdi. Garaşylan pursat ahyr geldi. Ýok, ol garaşylan pursatyň üstünden geldi. Mazaly göz baglananda öýüne köwlenen Baba aga şol jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli, aşaky gatda ýaşaýan goňşusynyň deňinden geçiberende geň gyk-bagy eşitdi. Içerden çykýan goh-galmagal bazarda alyp-sataryň çekişmesine çalym edýärdi. Ýanaşyk jaýdaky üç-dört aýal-erkegem daş işikde üşerilişip durdular. Olaryň biri goja milisioneri jüýk burnuň öýüne ümlese, dilewar goňşy «Nätdiň, indi-hä göz ýumaýmasaň gerek» diýen terzde gyjyt berýärdi. Birsalym olam beýlekilere goşulypdy. Soňam gapyny kakdy.
Açylmady. Ýene kakdy. Gapy kiltinden ýuwaşja ýazdy. Gapyny açan öý eýesi däldi. Onuň gözleri peträp, hanasyndan çykara geldi. Olar öz ülpetlerinden biridir öýden bolsalar gerek. Baba aga özi giren dessine daş işikdäkilerem içerä ümledi. Sesler tapba ýatdy. Olary görüp öýdäkileriň haýýaty göçdi. Ortarada bolsa petde-petde ýüň ýaglyklar, sim geçen köýneklikler üýşüp ýatyrdy. Onuň gapdalam daňy-daňy pul. Nätmeli? Nätmesi ýok. Jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli aşaky gatda ýaşaýan goňşy gör, nähili adam eke-ni! Goja ony giç tanady. Asyl goňşular Ýöne ýerden pyşyrdaşmaýan oguşýan! Goňşy aýal oňa ýalynjaň ýyrşardy. Üýşüp ýatan zatlary aýagy bilen aňryk pyzyp goýberdi-de:
–  Geleweriň, geçeweriň, Baba aga! Bizem ine toýa taýynlyk görýäs – diýdi.
Emma onuň ugursyz aljyraşy, beýleki iki aýalyň bolsa ýüzüniň ak esgä dönüşi tejribeli milisioneriň nazaryndan sypmady.
Ýok, goja milisioneri beýdip yryp ýa aldap bolmaz. Gör-le, onuň popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözi ulala-ulala ind-ä aýtymyndanam çykdy. Gözleri elliki tegelenibersin. Baba aga oňa dözümsizlik etmez. Aşaky gatda ýaşaýan goňşy her hili mekirlige ýüz urjak boldy. Ýok, çal saç milisioneri maksadyndan döndermek kyndyr-kyn! Asyl Baba aga oňa salymam bermedi. Gapdalyndan sallanan uzyn gaýyş ýanjygyndan kagyz, galam çykardy-da, protokol düzmäge oturdy. Şaýatlara gol çekdirdi. Soňam telefona ýapyşdy...
Şondan bäri ol jüýk burun, popuş ýüzüne mugapyk bolmadyk kiçi gözli, aşaky gatda ýaşaýan goňşusyny görmändi... Ýap-ýaňam oňa ýene duşdy. «Şony unutmandyr-ow, peläket» diýip, ol oýlana-oýlana öýüne ýetdi.
Baba aga öýe gelen dessine tranzistory aýalyna uzatdy, sylag berlenini ýene bir gezek gaýtalady.
Saçy durşuna çalaran Sadap eje derrew orta saçak atdy. Ol ýaşyndan garryýasow görünýärdi. Baba aganyň göwresi lopbuşrakdy. Sadap eje inçemikdi. Henizem türkmen biçüwindäki giň köýnek geýeni gowy bolaýypdyr. Syrlaşyp duran geýim-gejim dagy geýäýse çöp ýaly görnäýjekdi. Otur-tura welin gallawdy, ýeňil gopýardy. Sadap eje çaý, süýji getirişdirensoň adamsynyň ýüzüne garajak ýaly etdi-de, ugrubir aňyrky otaga tarap eglip, gatyrak gepledi.
– Gyzym, kakaň geldi. Geläý senem.
Sadap eje Baba aganyň gapdalyna çökdi.
Saz kesildi. Şol wagtam gapyny ýuwaşja açyp, Sadap ejä çalym edip duran ýaş gyz peýda boldy. Ol elindäki kagyza dolangy zady kakasyna uzatdy.
– Bi näme, gyzym?!
– Aç-da göräý!
– Soň göräýerin-dä!
Gyz nägile görnüşde boýnuny burdy. Sadap eje gyzynyň ugrundan gopdy.
– Göwün edýär. Eneli-gyz bolup, dükan baryny söküp saňa alan sowgadymyz. Başga oňaýly zadam tapmadyk.
– Bulaň azar edip ýörşüni!
Baba aga şeý diýse-de ýylgyryp, içki jaýa girip gitdi. Dessine-de alabeder pižamany geýip geldi. Ýaş gyz kostýumyň iligini ildirdi, ýakasyny düzedişdirdi.
– Kaka, sen-ä ýigdelen ýaly bolaýdyň!
– Sag bol, gyzym, sag bol, Sadap baý. Sylap bilipsiňiz.
Baba aga gürrüňçidi. Ýapbyldak söhbete gyzygyp, aýalyny-da, gyzyny-da gyzyl-gyran etdi.
Şondan soň ol öňküleri ýaly, öýde esli wagt bäri dowam edip gelýän endigine eýerdi. Onuň çal kellesini ikibaka yrap, hiňlenjiremesi aýalynyň höwesine höwes goşdy. Şeýdip, käte-käte üç başa susluk aralaşanda, Baba aga duldan asylgy dutara elini ýetirer ýa hoşwagt bolup ýazylyp-ýaýranda goşa kirşi tyrňyldadyp ugrar. Saz-gamgyn çagyň derdiňi egisse, şat wagtyň göwni göçürýär. Şeýle pursat bolaýmasa, Baba aga dutaryň kirşini çeken adam däl. Ýöne şol iki hili ýagdaý welin, bu içerde köp gaýtalanýardy. Ylaýta-da, gyzlary saýygaly bäri şeýledi. Gyzlary göze görnüp ugrandan bu iki garry ikiçäk ümmüldeşmäni çykardy. Güýmenjeleri ýokdy. Bökjekläp, ýykylyp-sürşüp ýören çagajygy höwes etdiler. Hany ol? Ýaş bolsa sepgitden agdy. Sadap ejäniň gyzyna meňzäpjik duran oguldyr gyz dogrup bermejegi Baba aga aýandy. Diňe onuň ýerini agtyk söýgüsi eýeläpdi. Ine onsoň iki garry ha iç döküşer, ha-da biri-biriniň ýüzüne bimany sereder oturar. Şonda kömege ýetişýän sadaply dutardy. Baba aga dutary eline alanyndan gaýgy-gamy, iç hümletmesi mukama garylyp umma gidýän ýalydy. Gaýta Sadap ejänem tükeniksiz dertden dyndarýardy. Ol saz çalmaga gaty bir ökde däldi. Herhal adam güýmärligi bardy. Ozallar-a göter-göter edilende pessaýja hiňlenäýgiçdem. Bu eýýamda onusyny-ha goýupdyr. Bendede ses galmandyr. Boglup çykýan ýaly gyryljykdan gogurdap dur. Onsoň ýüzüne dökülip duran şabram saçlaryny seçelendirip, kellesini dutara degrere-degrere getirip, baý çalar-a! Sadap ejäniň göwnüne ilki bir adamsynyň etlek, ýogyn barmaklary perdä gelüwsiz-de bolsa, sazlanyp, owazlanýan kirişler ony-da ýuwaş-ýuwaş tabynlaýardy.
Eneli-gyz haýsydyr bir işe güýmenende, Baba aga ýene öz oýy bilen boldy. Ertirki, ýok, hut häzirki etmeli işlerini birme-bir akyl eleginden geçirdi: «Giç diýmän uçastogymdan habar alyp gaýdaýyn. Käte ýaş ýeleňleriň bidüzgünçilik edäýmesem bar. Gije-girim köçeleriň burçunda saz çalyp, aýdym aýdyp, ala-goh bolup üýşüp oturmalary bar. Goňşy-golamlaryň biynjalyk bolýanlaryndan habarlary ýok. Saçyny ketgen ýaly ösdüren Myrada berk käýýemelimikä diýýän. Ejesem haý-küş et diýip sargap-sargap gitdi. 64-nji jaýdaky garrynyň halyndan habar alyp gaýdaýyn. Ýeke özi, obadan gyzam-a gelmelidir ýogsam. Äý, şu goňşusam içegen adam. Içme diýip kän sargadymam-la, ýene içip, ýolda-yzda göz-gülban bolan bolmasyn.
Goja milisioner ýene formasyny geýindi. Aýlaň-çaýlan edip, uçastogyna göz-gulak bolup gaýtmasa karary ýetmedi.
Daşary imi-salady, asudady. Gijäniň ýassyn çagynda maşynlaryň hereketi diýäýmeseň, başga bir şüwlümli gaýmalaşyk ýokdy. Goja milisioner bolsa bu agşamlaryň hasam parahat bolmagy üçin aladalanýar. Öňe sagdyn ädimleýär. Özgeleriň rahat bolmagy üçin Baba milisioneriň özi ukudan galmaly. Şeýdibem, her ýerde, her ýerde, hemişe egni pogonlylar iliň-günüň parahatçylygyny gorap saklamaly bolýar. Baba milisionerem şeýle adamlaryň biri. Ol ýöräp barşyna iki egnindäki seteram jaýlara nazaryny aýlap: «Gijäňiz rahat bolsun, adamlar»! diýip, keýpiçag seslenýärdi.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 52 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: