13:23
Ogluma ýazan hatlarym / 9-nji hat

9. Salam, eziz perzendim!

Men seniň bir ýoldaşyň dialektiki materializmden ýazan konspektini okamda onuň başga birinden: «Dünýä hadysalaryna akyl ýetirmeklik diýilýänine nähili düşünmeli» diýip, soranlygynyň biygtyýar şaýady boldum. Meni berlen ýürekgysgynç, naýynjar jogap aňk-taňk etdi. Ondan hiç kimiň filosofiýa bilen gyzyklanmaýandygy duýuldy. Şol ýeriň özünde otuz ýyl mundan ozalky geçen agşam meniň ýadyma düşdi, biz dil we edebiýat fakultetinden dört sany birinji kursly student bolup, edil şu mesele barada – dünýä hadysalaryna akyl ýetirmek meselesi barada gyzgyn jedel edipdik...
Diýseň gyzykly problemalara beýle emelsiz, beýle biparh çemeleşmek nireden döreýär? Näme üçin, ylmy hakykatlar kalby howsala salyp, ýürekleri tolgundyranok? Bu meseleler maňa ynjalyk berenok... Men saňa örän öwrenerlikli bir durmuş wakasyny gürrüň bermek isleýärin. Bu on ýyl mundan ozal, respublikamyzyň institutlarynyň birini tamamlan ýaş zenanyň ykbaly baradaky powest bolmaly. Bu powestiň öwrenerlikli tarapy onuň bilimler kalbynda orun tapmadyk, ýüregini howsala salmadyk, özi üçin mukaddes, gymmatly, mähriban zada öwrülmedik adamyň ruhy taýdan nähili gözgyny ýagdaýa düşýändigini görkezýänligidir.
...Men otuz ýaşly zenan bilen gürleşip otyryn. Onuň owadan, akylly, merdemsi ýüzi bar. Ol özüniň birbada göräýmäge biziň günlerimizde, biziň ýurdumyzda akyla sygmajak, geň-taň bolup görünmegi mümkin agyr durmuşy barada gürrüň berýär:
– Men päk ýürekli, zähmetsöýer, agras maşgalada önüp-ösdüm. Ejem, kakam baryp ýatan dindar adamlar. Irki ýaşlyk ýyllarymdaky ruhy dünýäm, Ostrowskiniň «Tupanynyň» gahrymany Katerinanyn ruhy dünýäsine diýseň meňzeş. Edil şol şatlyk-begenç, ýöne tutuk, garasöýmez şatlyk..., şol eserdeňlik, inçelik, haýran galyjylyk... Biz «Tupany» mekdepde geçipdik... Hawa, geçipdik – diýip, ol uludan-uludan demini alýar. – Men dramany bir demde okap çykdym. Aňk bolup okadym. Ol meniň üçin hakyky açyşlykdy. Men göwnüme bolmasa, janly adama duşan ýaly boldum. Meniň onuň bilen derdinişesim geldi. Katerina meniň kalbymda pikirdir duýgularyň tupanyny turuzdy. Sebäbi menem edil oň ýaly, hudaýa tüýs ýürekden ynanýardym. Hudaý ähli zady görýändir, bilýändir öýdýärdim. Ine, onsoň Katerinanyň armanly ölümi menin kalbymda şübhe uçgunyny döretdi: näme üçin adam ölüp-ýitip gidibermelimiş? Öz mamlalygyny subut etmek üçinmi? Näme üçin, zalymlar öz nejis etmişlerini allanyň adyna duwlanyp edýärler?
Hawa, men hudaýa ynanýardym. Ejem bilen kakamam – dindar, päk ýürekli adamlar. Emma käbir adam öwrenijileriň, lektorlaryň, pedagoglaryň, ýazyjylaryň nukdaýnazaryndan beýle sazlaşyk akyla sygýan zat däl. Olar «Eger adam dindar bolsa, onda şol adamda azda-köpde nejislik, ikiýüzlülik ýa-da zalymlyk hem bolaýmaly» diýip hasap edýärler. Olar bu hakda aç- açan aýtmasalar-da, bu olaryň gürrüňleriniň arasynda syzdyryp dur. Men muny mugallymyň gürrüňinden hem aňdym – nätjek-dä, ol azaşypdyr, ýaşan wagty şeýle-dä, onsoň munuň üçin oňa näme diýjek diýip, Katerina geçirimlilik edilen bolýar... Beýle geçirimlilige meniň gaharym geldi. Özüme-de, ejem bilen kakama-da şeýle geçirimlilik edilýän ýaly gördim. Mugallymyň gürrüňiniň äheňinde hudaýa ynanýanlaryň hemmesinde akmaklygyň kindiwanja bölegi bar diýlip duýuldy. Azaşan, göwni päk bolsa-da, bary-bir akmak bolýarmyş. Emma men özümi akmak saýmadym. Akmak bolasym gelmedi, bar bolany şu...
– Siz meniň ykbalym barada köp adamlara geň, hatda wagşyýana diýen ýaly bolup görünýän zatlary bilýärsiňiz. Orta mekdebi gutardym, tebigat fakultetine okuwa girdim, wuzy üstünlikli tamamladym (diplomdaky bahalardan ugur alyp, şeýle hasap etdiler), onsoň bolsa... monastyra girdim. Hawa, monahinýa, monaşka boldum.
Birentek adam meni ikiýüzli hasap etdi, meniň dini duýgularymyň päkdigine ynanmadylar. Meni wuzda tanaýanlaryň köpüsi, eýsem, bu zatlar, tebigat fakulteti bilen din, darwinizmden otliçno baha bilen hudaýa ynanmak, wuzy gutarmak fakty bilen baglanyşykly ylmy-materialistik terbiýe we monastyr bir ýere sygyşýan zatlarmydyr diýip pikir etdiler. Hawa, köpler meni ikiýüzli adam hasap etdiler. Olar kosmos asyrynda ýokary bilimli adamyň hudaýa ynanmagyny wagşyýana bir zat hasap etdiler... Käbirleri meniň şahsy durmuşym bulaşandyr, söýgim şowsuz çykandyr, bar günä-de şondadyr diýip pikir etdiler... Emma bularyň bary beýle däl. Käbir adamlar üçin akyla sygmajak, elhenç zat bolup görünse-de, meniň hudaýa bolan ynamym mekdepde darwinizm sapaklarynda, wuzda bolsa tebigy sapaklar boýunça okalýan leksiýalarda bekedi.
Siz «muňa nähili düşünmeli» diýip sorarsyňyz. Ynha, munuň sebäbi. Iki ýyl monastyrda bolanymdan soň, monastyrda dini dünýägaraýyşlaryň we dini moralyň manysyna göz ýetirenimden soň, men ateist boldum we bu hakda derňeýji ýaly gürrüň edip biljek. Gepiň tümmek ýeri, orta mekdepde we wuzda men bilimleri ýat tutmak we gaýtalamak üçin janly mehanizm diýen ýaly bir zatdym. Her sapakda, her leksiýada diýen ýaly biz madda hakynda, çylşyrymly biohimiki prosesler hakynda, alysdaky ýyldyzlar dünýäsinde ýaşaýşyň bolaýmagynyň mümkindigi hakynda, älemiň gelip çykyşy barada ylmy hakykatlary öwrenýärdik. Ýöne bular nämä gerek? Ýat tutup, soňam baha almak üçin jogap bermek, jogap bermek... üçin gerekdi. Bir hili oýlanyş stili, bütin ruhy ýaşaýşyň stili: wagty gelýänçä bilimleri kelläňde saklap, soňam şol bilimlerden halas bolmagyň elhenç stili döredi. Onsoň mekdepde mugallyma, wuzda bolsa professora jogap bermek bilen, men hem bilimlerden halas bolýardym. Üstümden agyr ýük aýrylan ýaly bolup, bilimleriň täze- täze mukdaryny özleşdirmäge taýynlanýardym.
Özleşdirilen zatlaryň hemmesi aňyň ýüzünden gaýyp gidýärdi. Şahsa galtaşmaýardy. Mugallymyň we professoryň sözlerinde: «Oýlanyň, saldamlap görüň, gözüňizi ýetiriň, başdan geçiriň, duýuň, özüňizi gurşap alan dünýä we adama syn ediň» diýlip, hut meniň özüme ýüzlenilýän zat ýokdy.
Indi men orta mekdepdäki ýeke-täk adamy öwreniş sapagy bolan edebiýatyň ruhy durmuşymda oýnan roluna baha berip biljek. Sebäbi ol, meniň pikirimçe, beýleki sapaklardan düýpden üýtgeşik sapak bolmalydy. Edebiýat sapaklarynda berilmeli mukdary berlip, soňam bolsa, baha alnandan soň, halas bolunmaly bilimler hakda däl-de, adam bilen adam hakda gürrüň edilmelidi. Eger «Tupandaky» Katerina barada düşündirip, mugallym maňa ýüzlenen bolsa, eger ol meniň mätäçlik çekýän zadyma, meniň köňlümde bolup geçýän zatlara düşünen bolsa, iň uly ynsan bagtynyň ýer ýüzündäki bagt ugrunda alnyp barylýan göreşdedigi, bu göreşiň her bir adam üçin başartjak, elweterlik zatdygy baradaky pikir bilen ruhlandyran bolsa, meniň durmuşym düýpden başga ýol bilen giderdi we ýaşlyk ýyllary beýle armanly ýitirilmezdi. Men spesialist bolmamsoň, edebiýatyň nähili okadylmalydygy barada aýdyp biljek däl, ýöne şol sapaklaryň adamy öwrenmeklik, öz-özüňi öwrenmeklik bolmalydygyna welin düşünýärin.
Mekdepde aslynda adamy öwrenmeklik ýokdy, adamy öwrenmekligi bolsa ýürek näçe diýseň küýseýärdi. Indi men edebiýaty okadýan tanyş mugallymlarymdan, näme üçin, orta mekdebiň programmasynda Dostoýewskiniň eserlerinden biri hem ýok. Näme üçin Korolenko ýok, Garşin, Gleb Uspenskiý, Kuprin, Saltykow-Şedrin, Paustowskiý, Prişwin ýaly adam ruhuna inçelik bilen beletler ýok? Näme üçin Tolstoýyň we Çehowyň ynsan derdi, horluklary, ýalaňaçlanyp görkezilen eserleri öwrenilmeýär, hatda sapakdan daşary okamaklyga hem hödürlenmeýär, sebäbi olar dünýä hadysalaryna düşünmäge kömek edýärler ahyryn? Näme üçin «Don Kihot» we «Faust» öwrenilmeýär. «Don Kihotsyz» – ýagşylygyň, hyjuwdyr oýlaryň, islegleriň çuňňur dünýäsiniň ensiklopediýasy bolan bu esersiz adamy terbiýelemegi nähili göz öňüne getirjek? – diýip, haýran galyp soraýaryn.
Meni monastyrda ateist eden zat dini kitaplary okamagym we oýlanmam boldy. Men dini kitaplardan adamyň waspyny gözledim. Emma gitdigiçe diniň adamy kemsidýändigine, ony toza, jesede, mahluga öwürýändigine howpurgap göz ýetirdim. Şonda men orta mekdepde we wuzda öwrenilen zatlar barada çynym bilen pikir edip başladym: men biologiýany, fizikany, himiýany, taryhy, edebiýaty, dialektiki we taryhy materializmi sahypama-sahypa gaýtalap çykdym. Meniň üçin bary açyşlyk boldy, men hemme zada ilkinji gezek ýüzlenýän ýaly boldum, ähli zat ýüregime jüňk bolup ugrady. Jordano Bruno hakdaky hekaýa ýadyma düşdi. Ýagyşly gündi, men monastyryň oturgyjynda otyrdym, öz ýanymdan taryh sapaklaryny «gaýtalaýardym». Birdenem günüň ýiti şöhlesi meniň öňümde dünýäni ýagtylydyp gitdi. Dünýä dini kitabyň öwredişi ýaly däl eken diýmäge het eden adamy öldürmäge alyp baryşlaryna aňk bolup, seredip duran rimlileriň köp müňli märekesine gözüm düşen ýaly boldy. Bu kartina maňa şeýle bir aýdyň, şeýle bir anyk göründi welin, men ýerimden turdum-da, alleýa çykdym, üstünden derýa, şähere tarap ajap görnüşi açylyp ýatan baýra çykdym – dünýäni, durmuşy göresim, durmuşdan lezzet alasym geldi. Men Jordano Brunonyň edermenligine guwandym. Ynha, hakyky hudaý diýdim. Eger çokunmaly bolsam, men onuň öňüňde çokunjak. Men güldüm. Özünem, ine, şonuň üçin güldüm, iki obrazy sabyr-takat etmek bilen o dünýädäki elpe-şelpelige bil baglamany ündeýän baky jepakeş hudaý jan bilen buýsanjaň göreşiji Jordano Brunony deňeşdirdim. Hudaý maňa diýseň gözgyny, nalajedeýin bolup göründi. Hudaýa nebsim agyrdy, şonuň üçinem men gülüp goýberdim.
Men özümde ynsan buýsanjyny duýdum. Mekdepde, monastyrda okan zatlarymyň hemmesine täzeden nazar aýladym. Nebsim agyrsa-da, bu diýseň gijigen ökünç maňa juda gymmat düşdi. On alty, on sekiz ýaşlarym- da açmaly zatlarymy ýigrimi bäşde açmaly bolanym üçin ýaşlyk ýyllarymy ýitirmeli boldum. Ýaşlyk ýyllarymda çeper eserlerde açmaly, emma açyp bil* medik esasy zadym adamyň belentligidi.
Din bilen arany açmak meniň üçin, aýdyşlary ýaly, hupbatly, jebirli bolmady. Ol meniň üçin şatlykly boldy. Men ikinji gezek dünýä inen ýaly boldum. Baş ruhana näme üçin gidýänligimi aýtdym. Ol meniň garaýyşlarymyň öz «sürüsi» üçin nähili howpludygyna düşünip, derrew meni ugratmak bilen boldy. Şol günüň özünde men söýgülime hat ýazdym... Ol meniň monastyra girenimi betbagtlyk hasap edip, gaýga batyp ýördi. Hatymy alan badyna ol ganat baglap uçup geldi. Biz durmuş gurduk. Men bagtly. Biziň bir oglumyz hem bar...
Ynha, ýaş zenanyň gaýtmyşy. Bu ajap ykbal barada men telim günläp pikir etdim, bu hakda senem pikir et. Ylmy hakykatlaryň ýaş ýürekleri tolgundyrmagy, howsalalandyrmagy üçin nämeler etmelidigi barada oýlan. Bu ýaş zenanyň täsin ykbaly barada hem, ýaşlaryň käbir böleginiň kitaba, ylma, kommunistik ideýa biperwaýdygy hakda hem, munuň näme üçin beýle bolýandygy dogrusynda hem ýaz.
Sag bol, eziz perzendim. Biz eýýäm seniň gyş kanikulyna geleriňe garaşyp ýörüs. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Janyň sag, wagtyň hoş bolsun.
Kakaň.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: