12:35
Ogluma ýazan hatlarym / 8-nji hat
8. Salam, eziz perzendim!

Seniň soňky hatyň meni juda howsala saldy. Sen öz okuwyňa örän ynamly garaýarsyň. Ol entek başlananogam welin, sen eýýäm: «Wuzda okamak orta mekdepde okanyňdan has ýeňil, materialyň üstünde özbaşdak pikir etmek üçin mümkinçilik bar, onsoňam, uly adamlary oglanjyklara öwürýän gündelik soraglar ýok» diýip, netije çykarýarsyň...
Netije çykarmaga howlukma, entek ilkinji zaçýotlaryňy, ekzamenleriňi bir tabşyr. Onsoňam, ýönekeý hakykata düşün: eger sen hakyky dörediji, oýlanýan spesialist bolmakçy bolsaň, wuzda okamak juda kyn işdir. Bu ýerde düýpden ýeňil zat ýokdur. Eger mekdepdäki okuw ylmyň diňe elipbiýi bolsa, wuzda sen ylmyň beýik kitabynyň sahypalaryny yzly-yzyna agdaryp, olara akyl ýetirýärsiň. Men saňa ýene bir gezek ýatladýan: student birsyhly ştudirlemelidir. Sapak okamak däl-de, ylmy ele almalydyr. Sen, ilki bilen, leksiýa diňlemegiň birbada görnüşi ýaly ýeňil iş däldigine düşünmelisiň. Seniň öňüňdäki – ylmyň sistemaly kursuny ýa-da onuň pudaklaryny beýan edýän alymdyr. Diňe bir ylmy hakykatlary öwrenmek bilen çäklenmän, alymyň garaýyşlaryny, onuň ynamlaryny hem öwrenmek gerek, onuň özüni garaşly edýän mekdebini bilmek gerek. Birgiden leksiýadan esasylaryny, baş ideýalary, onuň ynamlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän zady özleşdirmek gerek.
Alymy diňlemegi başarmak iňňän uly ukypdyr. Biz diňlemegiň ilkinji endiklerini baryp orta mekdepde öwretjek bolup jan edýäris, ýöne biz sapaklaryň berk sistemasy, bilimleri hasaba almagyň hemişelik sistemasy bilen bagly. Wuzda welin başgaça. Ol ýerde studentiň diňlemek bilen bir wagtyň özünde pikir etmäge, böwrüni diňlemäge, seljermäge mümkinçiligi bar. Ynha, şol endigi hem öwrenmek gerek. Bir wagtyň özünde hem-ä leksiýa diňle, ony ýazyp al, hemem pikir et, böwrüňi diňle, seljer. Men ulanýan depderiň (konspekt üçin) soňunda soraglar, seljermeler, oýlanmalar üçin birnäçe sahypa goýmagyňy maslahat berýärin. Öz pikirleriňi konspektiň tekstinde-de aýratynrak edip, (sahypanyň ýarysyna ýetýän keltejik setirler bilen) ýazsaň bolar.
Seljermezden, böwrüňe diň salmazdan diňlenen leksiýa mehaniki prosese öwrülýär, student bolsa ýat tutmagyň janly guralyna dönýär. Bu howpdan otdan gorkandan-da beter gorkgun: Leksiýalary pikir etmezden ýat tutmak adamy küteltýär, ýöne bar howp bu däldir. Eger student diňe ýazyp alýan, soňam ýat tutýan we ýat tutan zadyny gaýtalaýan bolsa, ýagny ekzamen tabşyrýan, soraglara jogap berýän bolsa, eger onuň akyl zähmetinde şundan başga zat ýok bolsa, wuzdaky akyl zähmeti oňa agyr düşýär, onuň huşy «deşik» bolýar. Ýat tutmanyň bar ýerinde şpargalka-da bolýar. Bu iň elhenç zatdyr, döredijilik paýhasy üçin ölüme barabar işdir. Şpargalkalara ýüz urýan adam faktlardyr hadysalaryň ýüzünde çäklije gaýyp ýörendir, öz-özüni ýalta, çalasowat mahluga öwürýändir. Wuzlardaky şpargalkalar pikir etmek ýaltalygynyň perzendidir. Olar adamyň seljermezliginiň, oýlanmazlygynyň netijesinde döreýän zatdyr, onuň üçin düşnüksiz zat ýokdur, ol diňe ýat tutmaga, ýat tutmaga, ýat tutmaga jan edýändir...
Biziň günlerimizde ylym bilen gündelik galtaşman işlemek kyn. Ha zawodda bolsun, ha laboratoriýada, ha ylmy-barlag institutynda bolsun, ha orta mekdepde – sen nirede işlemeli bolsaň-da, ylmyň biziň günlerimizde durmuşymyza, jemgyýetiň gündelik ýaşaýşyna aralaşýandygyny hiç haçan unutma. Eger sen öz öňüňde alym bolmak maksadyny goýsaň, onda öz gerdeniňe başga her bir işden ýüz esse agyr iş alýandygyňy bilgin. Her gün, hut her gün, ýaşlygyňdan başlap, tä iň_soňky demiňe çenli telim sagatlap seniň gürrüňdeşiň we nesihatçyň kitap bolmalydyr. Alym bolmaklyga eýýäm mekdep partasyndan başlap taýýarlanylyp ugralýar, student oturgyjy bolsa eýýäm ylmy derňewiň ilkinji tejribeleriniň geçirilýän wagtydyr. Kitap, kitap ýene-de bir gezek kitap – seniň ruhy durmuşyňa hemişelik aralaşmaly zat ine, şudur. Köp zatdan boýun towlap, özüňi köp zada mejbur etmeli bolarsyň. Men her gün on dört sagat, käte bolsa on alty sagat işleýärin, sen muňa özüň belet ahyryn. Eger alym bolasyň gelýän bolsa, özüňi oňa taýynla. Özem başga wagt däl-de, şu günden taýynla. Ylym diňe akyl talap etmän, eýsem ägirt mertligi, zähmetsöýerligi, sabyrlylygy hem talap edýär. Şeýle bolsa, senem mert, zähmetsöýer, sabyrly bol. Janyň sag, wagtyň hoş bolsun.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: