12:31
Uly alym
ULY ALYM

Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna hödürlendi

Türkmen halkynyň medeni mirasynyň öwrenilişi barada söz açylyp, bu ugurda çorba sowadanlar barada gürrüň gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda Baýmuhammet Garryýewiň adyny ýatlap geçmezlik asla mümkin däl. Ol bütin ömrüni filologiýa ylmyna sarp etdi. Türkmen halkynyň geçmiş taryhyna, medeniýetine, diline hem edebi mirasyna belent sarpa goýup, arman-ýadaman zähmet çekdi. Halk döredijiligi eserlerini, klassyklarymyzyň goşgudyr poemalaryny, dessandyr eposlaryny halk arasyndan toplap, olary ylmy esasda öwrenip, ýene-de halka gaýtaryp bermekde bahasyna ýetip bolmajak uly işleri ýerine ýetirdi.
Elbetde, munuň elujundan amal edip bolaýan ýeňil-elpaý işler däldigi hemmelere aýan bolsa gerek. Ol edil iňňe bilen guýy gazan ýaly. Iň kyn ýeri hem  uzak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň özbaşdak merkezleşen döwletiniň, ylym, magaryf, medeniýet sistemasynyň, edaralarynyň bolmanlygy sebäpli, edebiýatşymaslyk babatdan gözleg-agtaryş geçiren alymlar, şeýle hem olardan galan nusga alarlyk işler ýokdy.
Ähli zady tarpdan diýen ýaly başlamalydy. Munuň üstesine öňki döwürde klassyklarymyzyň eserleriniň neşir edilmezligi, olaryň golýazmalarynyň jemlenen görnüşde saklanyp galmazlygy ýagdaýy has-da kynlaşdyrýardy. Herhalda ýigriminji-otuzynjy ýyllarda Hekimaly Gulmuhammedowyň, Ahmet Ahundow-Gürgenliniň, Hally Şahberdiýewiň, Allaguly Garahanowyň, Muhammet Geldiýewiň ilki başyny başlap, ýaňy ugrukdyran işlerini kyrkynjy ýyllarda ylym meýdanyna batyrgaý gadam basan Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew dagy we beýlekiler dowam etdirmeli boldular. Bu döwrüň başga-da kynçylyklary, azap-güzaplary ýeterlikdi. Otuzynjy ýyllarda köp alym, şahyr-ýazyjy, her hili ýanamalara, yzarlanmalara duçar bolupdy. Olaryň arasynda repressiýanyň gurbany bolanlary-da bardy. Onuň yz ýany bilen bolsa nägehan uruş — ikinji jahan urşy dünýäni ler-zana getiripdi. Onuň ýakyp-ýandyryjy oduna, agyr pidalaryna Türkmenistan hem döz gelmeli bolupdy. Şeýle ýagdaýda ylym meýdanyna aýak basmak ýolbarsyňky ýaly ýürekliligi, Göroglynyňky ýaly batyrgaýlygy talap edýärdi. B.Garryýew ýagdaýyň şeýle agyrdygyna garamazdan, ylmy-gözleg işe ymykly girişýär.
Baýmuhammet Garryýew ylmy işe belli bir derejede taýýarlykly gelýär. Alymyň kakasy Ataly Garryýew Aşgabadyň golaýyndaky Gökje obasynda ilkinjileriň biri bolup, öz öýünde mekdep açýar. Şol mekdepde hem oba oglanlary bilen birlikde öz çagalaryna-da başlangyç ylym- bilim berýär. Soňra B. Garryýew Aşgabat şäherinde rus maşgalasynyň öýünde ýaşap, rus dilinde okuwyny dowam etdirip, orta bilim alýar.
Onuň zähmet ýoly 1928-nji ýyldan başlanýar. Ýaş ýetginjek orta bilim alandan soň, Türkmenistanyň dürli künçlerinde terjimeçilik işlerini alyp barýar. Aşgabat şäherindäki medinstitutda hem-de orta mekdepde mugallymçylyk kärini ýöredýär.
Baýmuhammet Garryýew 1936-njy ýylda Aşgabat döwlet pedagogik institutyna okuwa girip, onuň türkmen dili we edebiýaty fakultetini temamlaýar. Ol bu ýerde, geografiýa fakultetiniň doly kursuny geçýär. Şonuň ýaly-da taryh fakultetiniň döwlet ekzamenlerini ekstern ýoly bilen tabşyryp, tapawutlanan diploma mynasyp bolýar. 1945-nji ýylda bolsa medinstituty gutarýar.
Ýaş alym ýokary bilim alan döwründe okuwlaryny ylmy iş bilen utgaşdyryp alyp barýar. Pedinstitutda okan ýyllarynda ylmy eksperisiýa, Türkmenistanyň ilkinji lingwistik gurultaýynyň işine gatnaşýar. «Aşgabat kärhanalarynyň türkmen işçileriniň dili» diýen ylmy makalany ýazýar. Soňra 1942- nji ýylda kandidatlyk, 1948-nji ýylda bolsa doktorlyk dissertasiýasyny goraýar.
Kyrkynjy ýyllarda alym diýseň öndümli işleýär. Bu ýyllarda ol ençeme folklor eserleriniň hem-de klassyklarymyzyň kitaplaryny neşir etdirýär, ençeme ululy-kiçili ylmy işleri, «Watançy şahyr Magtymguly» atly monografiýany ýazýar. Ol akyldar Magtymguly barada yzygider ylmy-gözleg işlerini alyp barýar. Diňe kyrkynjy ýyllaryň dowamynda şahyr barada otuz töweregi saldamly ylmy işi ýerine ýetirýär. Magtymgulyşynaslykda Baýmuhammet Garryýewiň bitiren hyzmatlarynyň uludygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Ol rus hem türkmen dillerinde şahyryň çykan kitaplaryny düzmäge—çapa taýýarlamaga, terjime etmäge, redaktirlemäge ýakyndan gatnaşýar. Onuň neşire taýýarlap, sözbaşy ýazan «Magtymgulusy» 1975-nji ýylda Parižde ÝUNESKO-nyň neşirinde fransuz dilinde çapdan çykýar. Şol ýyl alymyň şahyr barada ýazan makaladyr ylmy işleriniň kepüsini özüne siňdiren «Magtymguly» atly düýpli monografiýasy peýda bolýar. Umuman, alym beýik akyldaryň edebi mirasyny öwrenmegi ömürboýy dowam etdirýär.
B.Garryýewiň ylmy-gözleg işleri on ýyla golaý arakesmeden soň, altmyşynjy ýyllarda ýene-de giň gerim alyp başlaýar. Ol Türkmenistanyň çäklerinden daşda-da giňden tanalyp ugraýar. Ol Moskwanyň hem-de beýleki soýuz respublikalaryň köpüsiniň ylmy edaralary, ýokary okuw jaýlary bilen içgin aragatnaşyk saklap, türkmen edebiýaty boýunça leksiýalar okaýar, ylmy işler alyp barýar. Ömrüniň soňky ýyllarynda Türkmen döwlet uniwersitetinde işläp, ýaşlara ylym hem terbie berýär.
Alymyň Magtymgulydan soň yzygider ylmy iş alyp baran, kän döwnän eseri «Görogly» eposydyr. Ol altmyşynjy ýyllardan başlap, türkmen halkynyň watançylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, dostluk, agzybirlik hakdaky pähim-paýhaslarynyň epiki beýany bolan bu eseri çuňňur öwrenmäge girişýär. Eposyn döreýiş taryhyny, şeýle hem beýleki türki halklardaky «Göroglulary» doly gözden geçirýär. Olar hakda ýazylan işler bilen ýakyndan tanyşýar. Şolaryň esasynda ençeme makala bilen birlikde 1968-nji ýylda «Türki dilli halklarda Görogly hakyndaky epiki rowaýatlar» («Epiçeskie skazaniýa o Kýor-ogly u týurkoýazyçnyh narodow») atly saldamly monografiýasy Moskwada rus dilinde çykýar. Türkologiýa ylmyna degerli goşant bolan bu kitap oňa uly abraý getirýär. Ol barada kän seslenme bolýar. Olarda işiň üstünlikli taraplaryna dahylly kän gowy pikir öňe sürülýär. Şondan soňra alym bu ajaýyp epos bilen dünýä halklaryny giňden tanyşdyrmagyň aladasyny edip ugraýar. Onuň ylmy tekstini taýýarlaýar hemde rus diline terjime edýär. Kitap «SSSR halklarynyň eposy» diýen tapgyryň ilkinji goýberilişleriniň biri bolýar.
Baýmuhammet Garryýew ylmy barlaglary okuw-terbiýeçilik işleri bilen utgaşdyryp alyp gidýär. Ol kyrkynjy ýyllardan başlap, dürli ýokary okuw jaýlarynda işlemek bilen, bir topar okuw kitaplaryny ýazýar, hrestomatiýalary, okuw gollanmalaryny, programmalary düzýär. Şu işleriň gapdaly bilen ýaş alymlary ýetişdirmegi-de ünsden düşürmeýär. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda iki doktorlyk, otuzdan gowrak hem kandidatlyk dissertasiýalary ýerine ýetirilýär. Alymyň şägirtleri barmak basyp sanardan kän. Olar diňe Türkmenistanda däl, eýsem Özbegistanda-da, Täjigistanda-da, Moskwada-da, Leningradda-da, Kiýewde-de, başga ýerlere-de ýaşap hem işläp ýörler.
Baýmuhammet Garryýew diýseň galdaw adamdy. Ol hiç wagt armany- ýadamany bilmezdi. Ol bir wagtyň özünde birnäçe işe ýetişerdi. Ylmy iş ýazmaga-da, Türkmenistanyň dürli künçlerine aýlanyp, halk arasynda leksiýalar okamaga-da, komandirowkalara gidip gelmäge-de, goralýan ylmy işlere ylmy ýolbaşçy, opponent bolmaga-da, ýazylýan kitaplary redaktirlemäge-de, şolaryň daşyndan Özbegistana, Täjigistana, Moskwa ýaly ýerlere gidip konsultasiýalar bermäge-de, leksiýalar okap gelmäge-de, daşary ýurtlara gezelenç etmäge-de wagt tapardy. Onuň işden basylyp, ýadap-ýoruldym diýip, zeýrenip ýa-da kejigip oturanyny gören adam ýok bolsa gerek. Ol ähli kynçylygy işlemek—zähmet çekmek bilen ýeňip geçerdi. Şonuň ýaly-da ol diýseň töwekgel, galjan hem talapkärdi. Bir iş etjek bolsa, käbir adamlar ýaly onuň başyna baryp bilmän, daşyndan aýlanyp ýa-da ýaýdanyp ýörmezdi. Bir zat ýazmaly ýa taýýarlamaly diýildigi, ol şony birni güngeçip geçmäke taýar görnüşde alyp geläýerdi.Baýmuhammet Garryýew kynçylykly, galagoply, howsalaly döwürde ylym meýdanynda çarkandaklyhem kyn ýol geçdi.  Ol kän zady ýokdan bar etmäge çalyşdy. Durgunlyk ýyllarynyň çäklendirmelerine, yzarlamalaryna, kemsidilmelerine garamazdan, başyny belent tutup, türkmen halkynyň gadymdan gelýän uzak taryhy, baý medeni mirasy bilen öz il-günuni, dünýä halklaryny giňden tanyşdyrmak barada tagalla baryny etdi. Türkmen edebiýatşynaslyk ylmyny öňki soýuzyň çäklerinden daşa çykarmak ugrunda gezdi. Ol daşary ýurtlarda geçirilen kän ylmy konferensiýalarda, simpoziumlarda habarlar, dokladlar bilen çykyş etdi. Bu işde halkyna hem onuň medeni baýlygyna bolan mähirli söýgüsi bar ýerde oňa hemaýat hem goltgy berdi. Şeýlelikde, bu ugurda çeken zähmetleri oňa uly abraý getirdi. Ol uly alym hökmünde halk tarapyndan-da, W.A.Gordlewskiý, N.K.Dmitriýew, A.N.Kononow, E.E.Bertels ýaly görnükli türkologlar, gündogarşynaslar tarapyndan-da ykrar edildi.
Baýmuhammet Garryýewiň biziň aramyzdan gideli bäri on ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýöne, näme üçindir, onuň öý arhiwi hem kitaphanasy henize-bu güne çenli ylmy jemgyýetçilik tarapyndan ünsden düşürilip, eýeçilik edilmän gelýär. Bu barada ne Türkmenistan Ylymlar akademiýasy, ne-de onuň iň soňky işlän ýeri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti baş galdyrýar. Belki, beýleki ýazyjy-şahyrlaryňky, alymlaryňky ýaly, onuň golýazmalary hem kitaphanasy Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar hazynasynyň ýanynda aýratyn bölüm edilip saklanar. Bu ylym üçin örän utuşly iş bolardy. Belki-de, onuň öý muzeýi dörediler!
Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň kemala gelmegine we ösmegine önjeýli goşant goşan Ahmet Ahundow-Gürgenli, Baýmuhammet Garryýew, Mäti Köcäýew, G.O.Çaryýew dagy öz döwründe atly baýraklara-da, halat-serpaýlara-da mynasyp bolup bilmediler. Köplenç iýenleri kötek boldy. Şu ýylky Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna hödürlenenleriň arasynda Mäti Kösäýew bilen Baýmuhammet Garryýewiň atlarynyň bolmagy, belki, şol ýetmezçiligiň öwezini dolmak maksady bilen edilen pähim paýhasly synanyşykdyr. «Hiçden giç  ýagşy» diýlişi ýaly olaryň atlary indi tutulaýanlygynda-da, ol ýerine düşmän durmazdy. Sebäbi ýurdumyzda milli galkynyşyň ýaýbaňlanýan günlerinde olaryň türkmen halkynyň geçmişini özüne gaýtaryp bermek ugrunda şol wagtky çeken zähmetleriniň arzylandygy bolardy. Olaryň mertebesi bir gez beýgelerdi. Olar şeýle hezzet-hormata artygy bilen mynasyp alymlar.

Kakajan ATAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň professory.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 26.03.1993 ý.

* * *

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
PЕRMANY


1993-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1199-madda)

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň kararyna laýyklykda, karar edýärin:

Şu aşakdakylara 1993-nji ýylyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermeli:

1. Merhum ýazyjy Ata Gowşudowa, merhum edebiýatşynas Baýmuhammet Garryýewe - türkmen edebiýatyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin.

2.Merhum hudožnik Bäşim Nurala - türkmen milli žiwopisiniň emele gelmegine we ösmegine goşan uly goşandy üçin, özboluşly köptaraplaýyn döredijiligi üçin.

3. Halyçylar toparyna: Dursun Agaberdiýewa, Keýik Agasopyýewa,Bibi Amanjaýewa, Nabat Annaberdiýewa-Nejebalyýewa, Ogulgerek Annamyradowa, Oguljemal Annamyradowa, Dursun Ataýewa-Şagulyýewa, Dursun Baýramdurdyýewe, Käbe Wasowa, Annabike Durdyýewa, Baýram-ene  Durdyýewa, Doýduk Durdyýewa, Nursoltan Gylyçmämmedowa, Bagtygül Mämmetgylyjowa, Akgyz Meredowa, Merettäç Meredowa, Maral Nyýazgulyýewa, Ogultäç Nyýazgulyýewa, Ogulsapar Nurnyýazowa, Täçbibi Sähedowa, Ogultäç Tagandurdyýewa-Şahberdiýewa, Keýin Eminowa (merhumlar); Oguldurdy Annaýewa, Gurban Annagulyýewa-Ötgirowa, Nurtäç Annamyradowa, Oguljeren Armydowa-Sarjaýewa, Maýsa Ataýewa-Öwezowa, Amangül Babaýewa-Gurbanowa, Sülgün Baýmyradowa-Garryataýewa, Gülnyýaz Baýramdurdyýewa-Allaberdiýewa, Ogulgözel Wasowa, Amantagan Durdyýewa, Gynna Durdyýewa-Nurmyradowa, Ogulbibi Garajaýewa-Nepesowa, Bibijemal Goşaýewa, Bike Kulyýewa, Läle Kulyýewa, Bike Mämiýewa, Oraztäç Orazgeldiýewa-Meredowa, EneReýimowa deňi-taýy bolmadyk äpet «Türkmen kalby» halysyny döredenligi üçin.

4. Režissýor Kakajan Aşyrowa, hudožnik Bäşim Garajaýewe, rollary ýerine ýetirijiler Töre Annaberdiýewe, Gülnabat Aşyrowa, Muhammet Bekiýewe - «Gorkut ata» halk eposy boýunça ýokary çeperçilikli «Däli Domrul» spektaklyny döredendikleri üçin.

Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazow

Aşgabat şäheri, 1993-nji ýylyň 30-njy apreli.
№ PP-850

"Edebiýat we sungat" gazeti, 07.05.1993 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 38 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakajan Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: