11:58
Ynsabyñ jezasy -6/ romanyñ dowamy
ALTYNJY BAP

Ýeňiş gününi myhmanhanada geçirýärdi. Güýmenjesi gazet-žurnal, kitapdy. Bapken Şamaýewiç Karapetýanyň bolsa işi başyndan agdykdy. Ol bu gije nobatçam bellenilipdi. Bile nobatçy bolubam milisiýanyň kiçi leýtenanty duşdy. Bu bir geplemsek adam ekeni.
–  Resul Taýyr ogly! – diýip, wagtynda nobatçylyga başlanlarynda ol özüni tanatdy. Garşy-garşy bolsa burnunyň astyndaky çogmajyk gara murtuny sypalaýardy. Ol Bapkeniň türkmençä-de, azerbaýjança-da gowy düşünýändigini bilensoň hasam arkaýyn gürledi.
– Sän-de nobatçy durur sän – kiçi leýtenant içine çöküp giden duluklaryny aýasy bilen owkalady: – iş aňsat deýil. Her gäder, her gäder çagyrarlar. Säni rahat oturmaýa goýmyrlar. Sebäbi sän tez-tez postda durur sän. Mänim arwadym. muny istemir. Ilk-ilki onuň üçin pisdi. Bu çähätden «işden çyh» diýr. Halamir. Etmämişem. Arwat mägsädini bilir sän?! Özü hakkynda fikir etmişdir. Sänä düşünmür. Bunuň esas sebäbi milisäni sewmir. Bu iş onun üçin möhüm deýil. A män sewirem.
Bapken Resul Taýyr ogly bilen ýaňy tanşanam bolsa, basym öwrenişdi. Rasul aga oňa bu kär barada kä azerbaýjançalap, kä rusçalap gürrüň berdi. Kiçi leýtenant gürrüň berip otyrka, telefon jyňňyrdady. Trubkany gulagyna tutanda aňyrdan «Nire!» diýen ses Bapkene-de eşidildi.
– Milisiýa!
Gaýtalanan guk-gukdan soň Rasul aga trubkany ýerinde goýdy.
– Bäsim işimiz çoh ýahşy. Insanlara ýahşylyk ýedilmişdir. Közel insanlar pislärden goralur. Mägsäd säwmäk, hätirälämäk, adämläri öýränmäk. Şündän äjäp zat nä war. Gäzäb pis olur. Gäzäb geräh deýil Üüräkden çyhgan ýahşy söz war zatdän güwwätlidir.
Rasul aga soň öz işi bilen boldy. Ertir irden gowşuryljak raporty ýazmaga güýmendi. Ol bu işe endik eden bolara çemeli. Galamyny kagyzda usully ýöredip, bir zatlary ýazyşdyrýardy. Bapken bolsa öňki ýazylan raportlary gözden geçirýärdi. Uly bir ýazgyny sahypalap-sahypalap okaýardy. Bir-de penjireden uzaklara nazaryny dikip, oýa çümýärdi. Penjiräniň öňündäki meýdançada, ýol gyrasynda nobatçy maşyn keserip görünýärdi. Bapken gijeki nobatçylygyň beýle asudalygy barada pikir edýärdi. Göwsüne, milisiýa o ýerden, bu ýerden häli-şindi yzy üznüksiz signal düşüberjek ýalydy. Tersine, gum-gukluk. Diňe köçelerdäki hereket, bölüme gelip-gidip duran mator-maşynlaryň güňlenç sesi bolaýmasa, başga bir gaýda-gaýmalaşyk ýok. Restoranlardan çykan serhoş adamlaryň gohy-gowram, ýol ugra samrap. barmalaram assa-ýuwaş azalýardy. Eýsem bu gijäniň imisalalygynyň alamatymy? Öten agşam hiç bir üýtgeşiklik ýüze çykmady, parahat boldy diýip, gol boýy kagyza Rasul Taýyr ogly bilen gol çeker-de, raport beräýermi? Milisiýanyň kiçi leýtenanty ýüzüne gaty bir mugapyk gelmeýän murtuny sypalap-sypalap ogul, seň-ä aýagyň düşdi diýermikä, düşmedi. Ýok, düşdi diýer. Kim gohy-galmagaly başyna satyn alsyn. Oňa höwesek barmy näme? Gijäniň rahatlygynyň bozulmazlygy, elbetde, gowulygyň nyşany. Uçastok inspektorlarynyň saklygy, belki, jenaýatyň döremegine kän derejede tebil berýändir. Jenaýat näçe kemeldigiçe milisiýa işgärleriniňem şonça abraýy artar. Jenaýatyň ýüze çykmazlygy üçin göreşilýär ahyry. Özüniňem, Rasul Taýyr oglunyňam uzak gije şöwür çekip, çirim etmän, aýak üste durmagy adamlaryň rahat dynç almalary üçin dälmi?
Ýene telefon jyňňyrdady. Kiçi leýtenanta päsgel bermejek bolup, Bapkeniň özi trubkany göterdi. Harbylarça:
– Kim? – diýen ses eşidildi.
– Nobatçy.
Soň Bapken Şamaýewiç trubkany Rasul aga tutdurdy.
– Özüň gepleşäý.
– Milisiýanyň kiçi leýtenanty Taýyrow diňleýär – diýip, ol resmi gepledi: – Kim? Hawa. Ä, näme? «Moskwiç» ogurlanypdyr!? Düşünýän, düşünýän. Bölümiň operatiw işgärem bar. Ol ýaňky trubkany alan. Bolýa, bolýa, Narýadam sorarys, ugruna-da çakarys.
Işine belet Bapken howlukman ýerinden turdy. Onýança gapy açyldy. «Mümkinmi?» diýip, kimdir biri peýda boldy.
– Maşyn ogurladan senmi? – diýip, Taýyrow protokol ýazmak bilen boldy.
Inçeden uzyn, iki çekgesinden ak sepen saryýagyz ýigit ýalama ýaly dodaklaryny ýalaşdyryp:
– Hawa, men – diýdi.
– Nirede goýupdyňyz?
–  «Atabaýew» bilen «Miriň» kesişýän ýerinde.
– Haçan?
– Sagat ýedilerde.
– Häzir bolsa sagat iki – kiçi leýtenant hem asma sagada, hem goşar sagadyna seretdi.
– Gözegçilik etmänmidiňiz?
– Aý, ýok, hemişe-de goýup ýöremsoň, arkaýyn boldum.
– Myhmançylyga gelipmidiňiz?
– Aýalym bilen dostumyzyň ogluny gutlaýaly diýdik. Küşde kelle gyzyp, köpräk oturaýypdyrys. Turjak bolanymyzda bilip galýas.
– Maşynyňyzyň markasy?
– «Moskwiç-408».
– Nomeri?
– «15-71» tri.
– Bapken, ýatda sakla «Moskwiç-408». 15-71 – diýip, Taýyrow gaýtalady.
– Tapylarmyka? – ýigit uly düwünli galstugyny bokurdagyny bogup barýan ýaly biraz gowşadyp, howsalaly sorady.
Taýyrow bu gezek endigine eýerip, aýdyp goýberdi.
– Bilmäräm, nä kişidi. Insaplisi olsa, çoh ýahşy, pis olsa, neýläräm.
–  Özümem size duýdurman, esli ýere aýlandym. Tapmadym. Ogurlaryň eline düşen bolsa gerek?! – Ýigit bu sapar Bapkene nazaryny aýlady.
Bapken bilmedim diýýän görnüşde egnini gysdy.
Taýyrow protokola eglip:
–  Adyňyz, familiýaňyz – diýdi.
Ol adyny, adresini aýtdy.
– Sen ýoldaş, bölümden ertir habar tutaý. Bize peýdaň ýok. Häzir barmaly ýeriňe elterler, gözlegine çykylar. Bapken ýanyna adam alar. Eýýäm «GAI-iň» işgärlerine-de habar berildi.
Maşyn ogurladan daş çykdy.
Bapken ony görkezen çatrygynda gozakly motordan düşüreninde, saryýagyz ýigit: – Ine, şu ýerde goýupdym – diýdi: – Menlik başga işiňiz bolmasa, ötägitjek!
Ol gapdalyndaky üç gat jaýa ýöräp gitdi.
Bapkenem, motosiklediň rulunda oturan milisionerem birsalym eýläk-beýläk aýlandy. Emma asfaltda yz bildirýärmi? Ýöne maşynyň ugrybir gaýra tarapa sürleni belli. Yza öwrülmäge hajat ýok. Ýüz ädimlikdäki kese ýa göni köçä düşüp giden bolara çemeli. Şoňa çenli digir-digir bolup, tigriň yzam bildirip dur. Milisionerler uly köçä düşdüler-de, töwereklerine garanjaklap duruberdiler. Heý, bu gatnawda yz bildirermi?
– Saşa, gel, kanal ýakasyny aňtaly?!
– Alan bäri-bärde duran däldir.
– Biziň borjumyz gözlemeli, agtarmaly. Şäherde köçeleri ýekeme-eke aýlanaýmasaň, başga etjek alajyň ýok. Haýsy bir howlyny görüp çykjak, haýsy bir garajy barlap çykjak gijäň ýarynda. Belki, şäherden çyksak, yz bildirer.
– Aý, näbileýin-dä?
– Otla, gitdik!
Gozakly motor gaýra ýüze tarlap barýardy. Ýollar imisalady. Kä ýerde, kä ýerde alys menzili nazarlan agyr ýükli maşynlar güňleç ses edip, nirädir howlugýardy. Içgysgynç tunnelden geçenlerinde täzeden gündogaryň tämiz şemaly ýüzleri sypan ýaly boldy. Indi iki egni ýakalap oturan birmeňzeş, birmeňzeş jaýlar gutaryp, giňişlik başlandy. Kanalyň ýakasynda bir ýerde ýylpyldap yşyk göründi. Gumuň etegindemi, niredemi gijede ýalkymy alyslara ýaýraýan çopan ody alawlady. Allaowarradan itleriň üýrýän sesleri eşidildi, Başga gymyldy-hereket ýokdy. Göýä bu pille ähli zat gijäniň demine düşüp, garaňkylyga gark bolupdy.
Bapken dagy uly ýoldan çykybam çarkandaklyga urdy. Bökdürip-bökdürip barýan harsaňly, joýaly ýol bilen kanalyň raýyşyna motory diräp saklandylar. Bapken kenarda el çyrajygyny ýylpyldadyp, esli gitdi. Saşa bolsa motosiklediň çyrasyny kybla tarapa öwrüp, seredýärdi. Kanalyň üstünden öwüsýän sowujak şemal, suwuň sessiz-üýnsüz, tolkunyndan ýassyk ýasap, nireleredir at salyp, barşy, gujagynda suwa düşýän orak şekilli aýyň hem asmandan, hem kanalyň içi bilen ýanaşyp gidip oturyşy Bapkeniň hoşuna geldi. Aýagyna patylap nämedir bir zat degdi, el çyrajygyny ýakyp seretdi-de, içi boşan çüýşäni köwşüniň burny bilen aşak depip goýberdi. Şol ýerde ol kagyz bölegini, konserwa gapyrjagyny gördi. Diýmek, gündiz dynç alypdyrlar. «Dogrudanam, gelinse, oňat ýer eken. Boş wagtym kenarda güne ýanyp, suwa düşmäge geleýin-le». Bapken egildi-de, kesek alyp, suwa oklady, kesek jülp edip gitdi. Monjuk-monjuk düwmejiler ýokary atyldy. Hezildigini! Ol kesek oklan ýerine äňetdi welin, öz suratyny görmedi. Şol haladam nämedir bir zat serinde at çapdy-da, böwrüne diň saldyrdy: durmuşda ýitmek aňsat, yz goýmak kyn. Dünýäde baky galmak bolsa has kyn. Organ işgäri üçin her ädim hatarly. Ölüme barabar. Emma öz gaýgyňy etmän, il gamyny iýýändigiň seni gurplandyrýar...
Ol soňsuz, düşdüşiň kerebi ýaly aýlaw-aýlaw ham-hyýallardan aýňalan görnüşde, ýene suwa nazaryny dikdi. Görsene, indi suwda suraty göründi. Öz suratyny gördi. Bulanan, tolkunlanan suw durlanyp, öz şekilini gaýtaryp berdi. Diýmek, ol bar, ýaşaýar. Ol salkyn şemally dünýä bilen aýakdaş gopýar...
Birden çyrajygyň ýalkymy özi bilen Saşanyň aralygyny ölçedi-de kesildi. Ýene ölçedi, ýene kesildi. Ol yzyna gaýtdy.
Indi motor Änew ýolundan myçyp barýardy. Saşanyň gözi ýolda bolsa-da, Bapkeniňki daş-töweregindedi. Şäherden esli ara açylypdy. Gijäniň garaňkylygy sabap, älem ýüzüne ýuwaş-ýuwaş çal reňk çaýylyp gelýärdi. Gözýetim gara şalyny düýrläp goýup, çal ýapynja ýapynyp ugrapdy. Gündogar hasam ýagtylýardy. Bapken ýoldaşyna öwrülip, sakla diýen yşaraty etdi. Motordan düşüp, ýüzüni gündogara bakan tutdy. Gündogardan göterilen ýagtylyk giň älem giňişligine aşyr atyp barýardy. Daň şeýdip atýan oguşýan! Çöp-çalamlaryň ýapraklarynda irkilen damjalar assa-ýuwaş bulduraşyp, düwme-düwme bolup göründi. Holha, syrdam-syrdam agaçlaryň tel-tel şahalarynda apbasy ýapraklar çap-çal öwşün atdy. Daň şeýdip atýan oguşýan! Bapken döşüni gaýşardyp durşuna, goşa didesini gözýetimdäki, ýok, ýok degre-daşyny gurşan gözellige awa salyp, süzüljiräp, meýmiredi. Öseýinmi, ösmäýinmi diýýän halda ýakymly daň şemaly döşüniň çöpürini sypalap, endamyny adaja tikenekledip geçdi. Üfläp-üfläp geçen daň şemalyndan soň gabat alnyndaky gyzyl gülälek gunça açyp birenaýy ýylgyrdy. Daň şeýdip atýan oguşýan! Nirededir bir ýerden bu ümsümligi bozup, sonara çykan süriniň öňüni başlan serkäniň jaňynyň owazy geldi. Yzda, şäher yşyklary kem-kemden öçdi. Garasg görünmese-de, Gämi tarapdan otlynyň şakyrdyk-şakyrdygy eşidildi.
Häliden bäri nazary bir ýere çüýlenen Bapken on, onki ädimlikdäki yzy görüp, gaty-gaty ýöredi.
– Saşa, bäri gel!
Saşa gelensoň, ol barmagyny uzadyp:
– Görýärmiň? – diýdi.
– Görýän.
– Täze yz gerek!?
– Täze.
Bu gezek Saşa aýtdyrmady. Ylgap gitdi-de, motory otlap geldi. Bapken towsup, Saşanyň yzyndan aýaklaryny sallady. Gumak ýolda bulanyp barýan motor maşyn yzyny sypdyrman ýöränsoň, meýdanda, gül-gülälegiň içinde keserip duran maşynyň ýanynda togtady. Motoryň sesine aňyrdan bir adam boýnuny uzatdy. Özüne tarap ýöräp gelýänleri görüp, oturjagynam, dik durjagynam bilmän, janserek boldy.
Bapken dagy gelende ol adam henizem dik durdy. Çalaja köräp duran oda çoýunan bolup, kelte köýnek, saryýagyz gelin otyrdy. Ortadaky kagyz saçagyň üstünde şampan şeraby, arak, iýer-içer ýaly zatlar üýşürilipdir. «Öňräkden iýip-içip oturan ýalylar».
– Maşyn özüňkimi? – diýip Saşa birneme münülen «Moskwiçe» garady. Nomerine seretdi.
– Özümki, özümki – diýip, ýüzünde ruh-pet galmadyk nätanyş sandyraklap, derrew penjeginden dokumentlerini çykaryp uzatdy. Bapken dokumentlere sereden kişi bolup, ogrynça gelne göz gytagyny aýlady. Onuňam mazasy ýokdy. Çöpjagaz bilen ody ölçeren bolýardy. Erkek adam bolsa milisionerlere dogry garap bilmän, öňe çykyp duran pökgi garnyny gaýşardyp:
– Alanyma birküç ýyl boldy. Aý, maşyn saklabam oňaramzok. Diňe rul tutma bolaýmasa, bejermek-goýmak eliňden gelmese kyn – diýip, sandyrap-sandyrap gepleýärdi.
– Bu ýerlerden özüňki ýaly «Moskwiçlä» geçen däldir.
– Aý, ýok, gördüm diýsem ýalançy.
– Bolýa-da! – ol dokumentleri yzyna uzatdy.
Saly suw üste bolsa-da, erkek adam Bapken dagy yzyna öwrülende kiçi dilden bärden hödür-kerem etdi.
– Ýok, biz işliräk.
Saşa şähere tutdurdy. Wagt birçene ýetiberipdi. Jahan ýagtylypdy. «Bölümi habardar etmelimi ýa sermenmelimi?» Bapken gidip barşyna kelle döwýärdi. Ol Saşa çalarak sürmegi duýdurdy-da, töweregine gözüni gezdirip ugrady. Indi hälki gaýdylandaky ümsümlik ýokdy, hereket şüwlümlenipdi. Ilerden-gaýradan maşynlar omzaşyp, adamlar sallam-sajak  eňişip barýardylar. Saşa köne öwlüýäniň gapdaly bilen ileri tarapa öwrüm berdi-de, Azatlyk prospektinden çepe burdy. Nurnazar bilen Aýperiniň wadalaşan «Bahar» kinoteatryndan geçip günorta sürdi. Soň mikroraýonyň içlerini ala zenzeleden doldurdy. Az gatnawly, insiz kese köçä düşüp, göni geçiberjek boldy welin, Bapken saklady. Ol motorda aýagyny ýere diräp durka-da, düşensoňam gatybir ynam etmän, mekdebiň ýanyndaky açyklykda, ýol ugurda duran bir «Moskwiçi» gördi. Saşanyň motory otlaryna-da howlugyp, ýoly germeçledi. Saşa yzyndan ýetip, deňine gitdi. Baryp görseler, hakyt şol: 15-71. Saşa haýran galýan görnüşde ýoldaşyna seretdi. Bapken maşynyň bir yzyna geçdi, bir öňüne. Onuň ne sypjyran, ne-de el degen ýeri bardy. Durşy-durşy. Diňe yzky zemmer ýygyrt-ýygyrt. Örtgüsi aşak sallanypdyr. Maşynyň yzky aýnasynyň aýtymyndaky, «ýolbarsam» daşa seredip dur. Bapkenem, Saşa-da motory maşynyň ýanynda goýup, birmeýdan baglaryň, jaýlaryň aralygyna aýlandy. Güman eder adama duşmadylar, näme-de bolsa, maşyn ýaňy goýlupdyr. Öwrülip gelenlerinde Saşa motoryna, Bapkenem maşyna mündi.
– Sürüp bilýärmiň?
– Sürmesinä-hä sürerin welin, ýanymda prawam ýok.
– Häzir ol hökman däl-le.
– Açar barmy?'
– Häli tapsaňyz – zat etseňiz kösenip ýörmäň diýip eýesi beripdi.
Men öňden süreýin. Sen yzymdan geliber.
Olar tirkeşip bölüme gelenlerinde, maşyn eýesi garaşyp duran eken. Bapken eline açary tutduranyndan ol «Moskwiçiň» daşynda pelesaň urdy. Tigirlerine seretdi. Açdy. Içini gözden geçirdi. Ruluň başyna geçip, radiosyna çenli barlady. Ýerbe-ýer.
– Bä, el degmändir-ow! – diýip, haýran-serasyma bolup, özüni synlap durana garady. Soňam ýene ynanmaýan görnüşde tigirleri aýagy bilen yralap gördi.
– Eger, eger, bir zadynam gozgamandyrlar. Geň göräýmeli – Birdenem Bapkene: – Rugsatmydyr? – diýip, soragly bakdy.
– Häzir soraýyn.
Ol maşynyň daşyndan aýrylmady. Köw urdy. Çogmajyk murtuny sypalap daş çykan Rasul Taýyrow:
– Bura gäläjä sän! – diýip, ýene yzyna öwrüldi. Maşynyň özüne gowşanlygy baradaky raportly kagyza gol çekip, saryýagyz ýigit hoş bolup gitdi.
– Çoh, ýahşy. Hardan täpmämişin?
– Şäheriň içine getirip gidipdirler. Üstündei baraýdyk.
– Köpeý ogullary nä iş gaýirlär, wilmiräm. Maşyn bütündi!
– Bolan zat ýok.
Rasul aga çüri eňegine tüýlek barmaklaryny diräp, agy-garasy deňleşen saçlaryny sag eli bilen bir gapdala daraklady. Özi duýmazdan külbikesini çogmajyk murtuna ýetirdi.
Telefon jyňňyrdady welin, trubkany götermän, sagadyna seretdi-de:
– Bilir sän, kim til urur? – diýdi.
Bapken başyny ýaýkady.
– Arwatdy. Mänim arwadym. Soruşur. Bizim sawa bilen hal-ahwal soruşmah häsiýätimizdir.
Onýança telefon ýene jyňňyrdady. Rasul aga trubkany gulagyna tutdy.
– Nä tär sän, arwat, turup sän!? Çah ýahşy. Körpälär örmüşdir. Ýeh, hälä? Mänin adyndan balajaýy ohşa. Uşahlary turuz. Haçan kelirsän diýirmin? Warmyşam. Sän işimdän häbärsiz. Bazara män käländä kedirsän. Ýahşy hoş!
Rasul aga şondan soň kagyz-galamyny ýygnap ýerinden turdy. Täze nobatçylar gelende, smenany tabşyryp, raport bermäge. Bapken bilen naçalnigiň kabinetine bardy. Maşynly gürrüň bu ýerde täzeden dowam etdi. Nireden, haçan, nädip tapanlaryny Bapken ýene bir gaýtalamaly boldy.
Şäheriň çaklaňja kartasy stoluň üstüne ýazyldy. Öwez Akyýewiç gep salgyndan çen etse-de, Bapkene görkez diýen yşaraty etdi. Karta çyzyk-çyzykdy, bir-bi riniň içinden çyzyklar eriş-argaç geçirilendi. Ýöne örän aýyl-saýyldy. Demir, şosse ýollar, şäherden dürli tarapa uzaýan köçeler, zawod-fabrikler göze ilip duran belliklidi. Günorta tarapky belgili nokatjygy görkezip, Bapken:
– Ine, şu ýerde – diýdi.
– Diýmek, 6-njy mikroraýonda!?
– Tomusky kino-teatryň aşak gapdaly.
Agşam ýüze çykyp, irdenem çözülen bu operasiýany agyz dolduryp gürrüň edip oturmagyň o diýen hajatam ýokdy. Mundan has möhüm meseleler garaşýardy. Ýöne her niçigem bolsa, munuňam öz ýeri bardy. Bu alyp-gidişlik täzelikden bäri gaýtalanýardy. Özem geň görmeli zat, ogurlanýan maşynlar bu ýagdaýa öňki duçar bolýanlaryňkydan üýtgeşikdi. Ozalky elden giden maşynlary tapmak görgi ýamanyny berýärdi. Her şaýy bir ýerden çykýardy. Derbi-dagyn edilip tapylýan wagtlaram bolýardy. Bolmasa-da iň gerekli esbaplaryny syryp-süpürip, nirädir taşlap gidýärdiler.
Ýaýlym Gelenowiç Abdyýewiň ýüzüni kürşerdip, kömelek şekilli, ýokardan aşak bassaň pyrlanyp, zibili düýrläp alýan küldany oýnap oturyşy, Wadim Iwanowiç Sergeýewiň seýrek sary gaşlaryny sypalap, böwrüne diň salmasy, Öwez Akyýewiň kimiňdir biriniň sözüni kagyza geçirjek bolup, çemelenip durşy, operatiw bölümden ketgen saçly, tüýleklikde Rasul aga-da gaýra dur diýdirýän, sakar owlak ýaly, ala-böle maňlaýynyň bir çogmak^saçy agaran Bapken Karapetýanyň bir zat-bir zat diýmek islän, ýene naçalniklerden öňe düşmäni uslyp bilmän dymyşy, Rasul Taýyrowyň keltejik murtuny üznüksiz dyrmaýşy mesele çözülenem bolsa, täzeden saldarlanyp görülýän çözgüdiniň derwaýysdy- gyny alamatlandyrýardy.
Ýaýlym Gelenowiç çalarak gobsundy-da, aýagyny biri-biriniň üstüne atdy.
– Bu ýerde näme-de bolsa, bir gümürtiklig-ä bar.
– Hiç hili düşünmez ýaly zat ýok – diýip, operatiw bölüminiň işgäri, agşamky nobatçy gaty bir duýulmaz çalgyrt gepledi – Ýadyňyzda bolsa, ýoldaş maýor, geçen gyşda-da şeýleräk bir hadysa ýüze çykypdy. Ýöne ol başgarakdy. Maşyn ogurlanypdyr diýen signal düşen dessine ugruna çykypdyk. Ikimiz bile hereket etmeli bolupdyk. Tapman ýerler sermendik.
Maýor Bapkeniň sözüni böldi.
– «Wolgaly» wakamydy şol? Ýere ýeňiljek garam düşüpdi.
– Geçen ýanwardady-da! «03-48» nomerli «Wolgady».
– Hä, hä ýadymda, ýadymda.
– Aňtap ýörkäk, birden bir çagajygyň elinde ýemşik-ýumşuk ýarym-ýalta oýulup aýrylan «03-48» nomerli bölek demre duşaýdyk. Ony ululara öýkünip, kiçijik welosipediniň yzyna dakan bolup ýör ekeni. «Trisi» aýrylypdyr. «Nireden tapdyň?» diýsek, «zir-zibil oklanýan urnanyň ýanyndan» diýdi. Barsak, urna boşadylypdyr. Dökmäge äkidilipdir. Bu-da pildenmi, çarşakdanmy gaçyp galaýan ýaly, hiç kim görmändir. Oglanjygam oňa ähmiýet bermändir. Ogurlyk maşynyňkydygyny näbilsin! Garažlara aýlanyp ugradyk. Sebäbi ýer gar, typançak, uzaga gitmedigi belli. Döküp-döküp ýörşümize ýarygije bir garažda yşyk göräýdik. Söküp durkalar üstlerinden bardyk. Muny ýatlamak bilen, diýjek bolýan zadym başga. Häzirkini ogurlyk hasap etjek bolamok.
– Näme, dogurlyk hasaplajak bolýarmyň?
– Ýok, Ýaýlym Gelenowiç, dogurlygam hasaplamok.
Ýaýlym Abdyýew süründi.
– Onda näme?
– Nämedigi öz-özünden düşnükli, maýor!
– Ýok, Wadim Iwanowiç, düşnüksiz. Düşnükli bolsa beýdip dörjüläp oturmagymyzyň geregi ýok. Ol operatiw bölüminiň işgärine tiňkesini dikdi – Seniň näme käkelejek bolýanyňa düşünýän, jijim. Emma bärden gaýdýan.
– Konkret aýdylanda?!. – Öwez Akyýew oturanlaryň belli birine garap aýtmadygam bolsa, maýor özüçe düşündi.
– Maşyn abat bolsun, bibat bolsun, parhy ýok, ogurlykmy-ogurlyk.
– Onyň dogry-la welin... – diýip, Rasul Taýyr ogly sözlärmen boldy-da, maýoryň gözüni alardanyny görüp, saklandy.
– Aýdyber, aýdyber, Taýyrow! – diýip, naçalnik kagyzdan ünsüni sowdy. Lapykeç bolan Resul aga elini göwünli-göwünsiz silkip goýberdi:
– Goý, maýor aýtsyn.
– Ogurlyk bilen ogurlygyň parhy känem bolsa, maksady deň. – Soň Abdyýew säginjek ýaly etdi-de, sözüni dowam etdi: – Naçalnikler gepläp durka, beýlekileriň goşulmagy gelşiksiz. Käbir ýoldaş şony unutgyç bolýar. Uly uly, kiçi kiçi ýaly bolsa ýagşy. Her kim öz ornuny bilmeli, jijim.
Aşak bakyp, dymyp oturan Bapken gabagyny galdyranyny duýmady. Rasul Taýyr oglunyň gür gaşlary biri-biri bilen tapyşara geldi. Ýöne dil ýarmady.
– Men-ä Bapkeniň maşyny tapyp, zut gaýdybermesi bileň ylalaşamok.
– Ýogsam nätmelidi? – Naçalnigiň orunbasary podpolkownik Sergeýew bu gezek Rasul aganyň deregine diýen ýaly gepledi.
Abdyýew bogazyna zor saldy.
– Maşyny äkitmäni bilseler-de, ýerleşdirmeden baldyrlary ejiz gelenler. Olara gorkanja ýigitler diýerler. Ýogsam, täzeje maşyny bugdaý üwän ýaly üwärdiler. Derek goýmazdylar. Işiň üsti açylar öýdüp, haýygan jijiler diýerler olara.
Maýor bir möhlet boldum edip, stolda ýatan «Stoliçnydan» birini alyp, uzyn müşdüge geýdirdi. Otlap, goýry tüssäni burugsadyp ugrady. Filtrli çilimiň müşdükli çekilişini ömründe birinji gezek gören Bapken söz sorady. Rugsat berlensoň, ýerinden galyp, pessaý gürledi.
– Men-ä bu pikir bilen ylalaşamok. Maşyny alyp gidenlerde beýle maksat ýokmuka diýip çak edýärin.
Maýor çiliminiň külüni küldana kakdy.
– Çak etme-de, gönüle, jijim.
– Gönülesem...
– Näme dymdyň-la. Fantaziýaň ýetmedimi?
Bapken oňa ähmiýet bermän, göwnündäkisini aýtdy.
– Bu ýerde günäkär ýaşlar. Onda-da uly ýaşlar däl-de, kiçi ýaşlar. Keýpi-sapa çekmegiň ugruna çykan juwanlaryň eli bar. Maşyn diňe şol niýet bilen alnyp gidilen.
– Sen nädip beýle karara gelýäň?
– Sebäbi ogrularyň eline düşen bolsa, maşynda didiwat galmazdy. Onuň ýekeje-de gozgalan şaýy ýok. Onsoňam yzky zemmer ýygyrt-ýygyrt, aýak, el bilen owmaçlanypdyr.
– Deliliň-ä ugrundan barman duranok. – Ýaýlym Gelenowiç ýene gaýra gaýyşmady. –  Gaty ýetik bolup gürleýäň welin...
Aýtsa-aýtmasa maýoryň nygtamasynyň jany bardy. Bapken öňräk bir iş bilen tanşypdy. Şonda biriniň şeýle hereket edeni barada ýazylýardy. Ol gezýän gyzyny nirä eltjegini bilmän, jaý tapman, kän kösenipdir. Ýigitlik höwesi, jylawlanmadyk duýgusy bolsa aman-pursat bermän, otdan alyp suwa salan. Ahyrda çolarak bir ýerde duran «Pobedany» otlap, gyz bilen göteriliberipdir. Ýöne ol Ýanbaşdan çykypdyr. Alyp giden ýerleriniň golaýyna gije gelip, maşyny taşlap gaçypdyr.
Ine, Bapken Şamoýewiç häzir şony ýatlap durşuna:
– Hawa, şeýle waka başga biriniň başyndan geçipdi – diýdi.
Ýaýlym Gelenowiç ör turdy. Elini arkasyna tutup, birki ädim ätdi.
– Haladym, jijim, haladym. Deliliňi haladym.
Öwez Akyýewiç ör turdy.
– Başga kim geplemäge döwtalap?
– Hiç kim açyk bir zat pyşgyrmansoň, polkownik söz jylawyny özüne öwürdi.
– Menem şeýle netijä gelýärin. Karapetýanyň pikiri bilen ylalaşýan bolsaňyz gerek. Meseleden dogry uç çykardy. Başyna giden ýaşlaryň edäýjek işi. Eger maşyn ogrularyň eline ilen bolsa, beýle elin getirilip goýulmazdy, abadam bolmazdy. Yşkdan-keýpden humar bolan jalataý ýigitleriň başga ederini bilmän, käte şeýdäýmeleri hem ýok däl. Ýöne her etmeli, hesip etmeli, munuň öňüni almaly.
– Gowusy, Öwez Akyýewiç, şo tetelli ýaşlary tapmaly diýsene! – maýor oturan ýerinden at goşdy.
– Şonuň üçin uçastok inspektorlarynyň berk saklygy gerek. Gündiz diýmän, gije diýmän, öz bellenilen uçastoklaryna yzygiderli esewan bolup dursalar, hatyrjemligi güýçlendirseler, beýle zatlaryň ep-esli derejede öňüniň alynmagyna böwet bolardy. Olar öz köçelerine, öz meýdançalaryna bäş barmagy ýaly ýetik. Ýaşuly-ýaşkiçilerine çenli tanaýarlar. Uçastok inspektorlary şeýle işe baş goşjagy-goşmajagy edep-gylymyndan, hereketlerinden, inip-çykyşlaryndan bilmeli. Diňe olaryň berk kontrollygy gerek.
Irden bäş minutlyk raport bermek esli wagta çekdi. Uzak gije aýak üste durup nobatçylyk eden Resul Taýyr ogly-da, ondan-oňa selpän Bapken-de tirkeşip bölümden çykanynda juda argyndy. Birsellem gözleriň awusy alnaýsa-da boljak diýip, hersi öz ugruna bakan gitdi.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 48 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: