01:23
Siziñ adyñyz näme, türkmenleriñ ata-babasy
SIZIŇ ADYŇYZ NÄME, TÜRKMENLERIŇ ATA-BABASY?

Indi biz türkmen halkynyň ata-babasynyň daş keşbiniň nähili bolandygyny bilýäris. Bu keşbiň esasynda süýnmek kelleli ýewropeoid ortaýer tipi ýatyr. Türkmenleriň halk hökmünde kemala gelmek prosesine dürli antropologik keşbi bolan beýleki etniki toparlaryň hem gürrüňsiz gatnaşandygy-da bize mälim boldy. Iň bolmanda, dürli taryhy eýýamlarda türkmen jynsy tipine öz garyndylaryny goşan dört sany iri jyns tiplerini bellemek bolar. Olar ýewropeoid ortaýer tipiniň iki görnüşi-alynky aziýa brahikran (armenoid) we Orta Aziýa Iki derýa aralygynyň brahikranlary ekwatorial (drawidoid); dolihokefal mongoloid we brahikran mongoloid (Merkezi Aziýa) tiplerinden ybaratdyr.
Eýýäm şunuň özi hem prototürkmen diýlip şertli atlandyryp boljak bazis etnogen gatlaga ýerli, şeýle hem Ýakyn we Orta Gündogaryň, Orta, Günorta we Merkezi Aziýanyň goňşy we has alysdaky regionlaryndan gelen dürli taýpalaryň hem-de halklaryň eden çylşyrymly täsirine güwä geçýär.
Şonuň üçin hem türkmen halky has gadymy ol ýa-da beýleki halkdan ösüp ýetişipdir diýip kesgitli aýdyp bolmajakdygy tebigydyr. Türkmenleriň ata-babalary dürli-dürli atlary göteripdirler.
Orta Aziýanyň halklary hakynda iň irki döwürlerde biziň eramyzdan ozalky VII-VI asyrlarda, Assiriýa şalygynyň gülläp ösen we pese düşen döwründe, şeýle hem Persiýanyň ýokary göterilen wagtynda agzalyp geçilýär.
Ktesiýde şöhlelendirilen we Diodor arkaly bize gelip ýeten mifologik edebiýatda Assiriýanyň patyşasy Niniň Orta Aziýa eden legendar ýörişi hakynda söhbet açylýar. Rowaýatlara görä, meşhur patyşa aýal, älemdäki ýedi gudratyň biri bolan öz adyny göterýän asma bagy döreden, 810-njy ýyldan biziň eramyza çenli Assiriýa-da hökümdarlyk eden Semiramida hem Orta Aziýa gelip görüpdir. Alymlaryň birnäçesi Assiriýanyň täsiri Günbatar Eýranyň çäklerinden aňry geçmändir hasaplap, Assiriýanyň Orta Aziýada agalyk etmek mümkinçiligini inkär edýär. Ýöne akademik B.Gafurowyň pikiriçe, Ktesiýdäki mifologik sýužet başga zady, Orta Aziýa etraplarynyň basybalyjylary özüne bendi edýändigini we ilatynyň söweşjeňdigi zerarly ony boýun egdirmegiň çylşyrymlydygyny beýan edýär.
Orta Aziýanyň halklary hakynda hakyky taryhy maglumatlar pars patyşasy   uly Kir Midiý patyşalygyny basyp alandan soňra Orta Aziýa halklaryny boýun egdirmek üçin kontinentiň jümmüşine aralaşan döwründe, ýagny biziň eramyzdan öňki VI asyrlarda peýda bolýar.
Taryhy çeşmelerden çen tutsaň, häzirki zaman Türkmenistanynyň territoriýasynyň gadymy ýaşaýjylary hindi-ýewropa toparyna degişli dürli halklardan we taýpalardan ybarat bolupdyr. Biziň seredip geçişimiz ýaly, muňa antropologik maglumatlar hem güwä geçýär. SSSR YA-nyň habarçy agzasy S.P.Tolstow öz wagtynda gadymy hindi-ýewropa taýpalarynyň üç sany giň oblastynyň ähli alamatlary boýunça merkezi Eýran daglarynyň gündogar etraplarynda, häzirki Günbatar Owganystanyň territoriýasynda ýerleşen, esasan, Amyderýanyň ýokarky akymlaryny öz içine alan hindi-eýran, Aral ýakasyndaky we Zakaspidäki sähralary eýelän, günbatarda bolsa Dunaý basseýnine çenli baryp ýeten frak-kimmeriý, Orta Aziýanyň gündogar sähralarynyň we daglarynyň çet gyraklaryny öz içine alyp, frak-kimmeriý sredasy bilen utgaşyp gidýän sak ýa-da skif oblastlarynyň oturandygy hakyndaky çaklamany öňe sürdi.
Häzirki Türkmenistanyň halklary we taýpalary Alynky Aziýanyň ilaty bolan şumerler, hurritler, hetler bilen, megerem, ýakyn etnogenetiki gatnaşykda bolan bolsalar gerek. Olar bilen bolan garyndaşlyk gatnaşyklary dilde, maddy we ruhy medeniýetiň elementlerinde henize bu güne çenli duýulýar.
Aşaky Iki derýa aralygynyň şumer siwilizasiýasyny döredijileriň öz dillerinde alys gündogardaky gatnaşyklarynyň alamatlaryny saklandyklaryna alymlar birwagtlar üns berdiler. Şumer diliniň leksikasynda-da, morfologiýasynda-da altaý toparynyň dilleriniň, hususan-da, türki dilleriň-alamatlary mesaňa duýulýar. (Deňeşdirme: şumerçe «dinger» – hudaý, türki dilde «taňry» – hudaý; şumerçe «Aý» – aý hudaýlygy, türki dilde – «aý» – aý, şumerçe «dag» – dagi, türki dilde «dag», «daş» – dag, daş we ş.m.) Gazak ýazyjysy Oljas Suleýmenow özüniň uly gopgun turzan «Aziýa» atly kitabynda şeýle lingwistik meňzeşlikleriň birgidenini mysal getiripdir. Maddy medeniýetde-de şeýle meňzeşlikleri görmek bolýar. Horezmiň, Parfiýanyň, Margiananyň heýkeljiklerinden görnüşi ýaly, Günorta we Demirgazyk Türkmenistanyň egin-eşiklerinde hett we gadymy pars relefleri, grek sungatynyň ýadygärlikleri bilen meňzeşlikler bar. Olary «frigiýanyň telpejiginden» we hettiň erkek kişi egin-eşigi üçin aýratyn häsiýetli beýik gonçly ädikden başlap, aýal egin-eşiginiň tutuş kompleksine çenli köp zatda görmek bolýar. S.P.Tolstow Kaspiniň gündogar kenar ýakasynda ýaşan dah-massaget taýpalarynyň has ýakyn nesli bolan teke türkmenleriniň aýal-gyzlarynyň lybasynyň henize çenli hettiň patyşa aýallarynyň hem-de gadymy releflerdäki patyşa aýallaryň egin-eşiklerine meňzeşligini saklaýandygyny belledi. Türkmen milli lybasynyň iki müň ýyllyk taryhyň jümmüşine aralaşaýandygyny, onuň öz köküni Zakaspiniň we Alynky Aziýa regionynyň ilatlarynyň arasynda gatnaşyklaryň bolan döwründen alyp gaýdýandygyny ýatlasaň, munuň biderek zat däldigine. düşünýärsiň.
Akademik W.W.Struwe Mohenjadaryň aýry-aýry ýazgylaryndan hurrit taýpalarynyň ýadygärliklerini tapmaga synanyşypdyr. Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň Mohenjodarysynyň we Haranpasynyň medeniýeti Türkmenistanyň irki ekerançylyk siwilizasiýasynyň medeniýeti bilen pugta baglanyşyklydyr.
S.W.Tolstow, megerem, Murgabyň ýa-da Amyderýanyň aşaky akymy boýunça Eýran daglarynyň gündogar etraplarynda ýüze çykyp, Horezmde peýda bolup ugran täze etniki elementleriň arheologiýa taýdan ykrar edilen maglumatlaryň Horezmiň beýik ensiplopediýasy alymy Abureýhan Biruniniň «Geçmiş nesilleriň ýadygärlikleri» diýen işinde görkezýän horezm ýyl ýazgylarynyň başlangyjyna gabat gelýändigine ünsi çekýär. S.W.Tolstowyň pikirine görä, şol täze etniki elementlerde hurrit taýpalaryny görmek dogry bolardy. Galyberse-de, ol gadymy Horezm patyşalarynyň mifiki ata-babasy bolan Syýawuşy (Syýawahty) frak-frigit atly hudaý Sabaziý (Frigiý Saobazy) bilen baglanyşdyrýar.
Şu mynasybetli S.W.Tolstow şeýle ýazýar: «Bular, elbetde, gutarnykly taryhy netijä gelmäge ýeterlik esas bermeýär. Bu pikir barlagçylara çözülmedik, megerem, täze arheologik maglumatlar toplanýança çözüp bolmajak, günbatar Ýewraziýanyň halklarynyň etnogeni ýaly meselelere ünsi çekmäge çagyryş ýa-da signaldyr. Diňe Orta Aziýanyň halklarynyň Alynky Aziýa etiografik dünýäsi bilen gatnaşyklarynyň gadymyýete, hindi-ýewropa medeniýetinden hem irki döwürlere aralaşyp gidýändigini aýtmak bolar, şonuň üçin hem aziýa taýpalarynyň roluny hasaba almazdan, gadymy, Alynky Aziýanyň ýafet halklarynyň we olaryň döreden döwletleriniň gelip çykyşy baradaky meseläni çözmek, megerem, başartmasa gerek».
Biziň eramyzdan öňki müňünji ýylda häzirki Türkmenistanda öz gelip çykyşlary, dili, maddy we ruhy medeniýeti boýunça biri-birine ýakyn halkyýetler hem-de taýpalar ýaşapdyrlar. Gadymy pars çeşmeleri Köpetdagyň etek ýakalarynda, Murgabyň we Amyderýanyň aşaky akymlarynda girkanlaryň, parfiýalylaryň, margianlaryň, horezmlileriň we beýlekileriň ýaşandyklaryny belleýärler. Olaryň her biri öz serhetleriniň çäklerinde ýaşaýan umumy dili bolan garyndaş taýpalaryň konfederasiýasy bolupdyr.
Şol döwürlerde Türkmenistanyň territoriýasynda medeniýet gülläp-ösüpdir, bu ýerde synpy gatnaşyklaryň we döwletiň kemala gelmeginiň hem-de ösüşiniň prosesi diýseň intensiw häsiýete eýe bolupdyr. Ilatyň hojalyk işiniň esasyny suwarymly ekerançylyk düzüpdir. Muny arheologik barlaglar hem subut edýär, antik eýýamynyň awtorlary-da hemişe şeýledigini aýdýarlar. Arheologiýa gazuw-agtaryş işleri Göksüýri, Daşly oazislerinde, Dehistanda, Margianada, Sarygamyşyň kenar ýakalarynda we beýleki raýonlarda giňden ýaýran suwaryş sistemasynyň bolandygyny äşgär edýär.
Şol döwürdäki Türkmenistanyň sähralaryny kompleksleýin ekerançylyk-maldarçylyk, hojalyk-medeni tipi bolan çarwa we ýarym çarwa taýpalar eýeläpdirler. Olar oazisleriň ilaty bilen garyndaş bolupdyrlar. Bu taýpalar edebiýatda tutuşlygyna sak-massaget taýpalary diýlip atlandyrylýar.
Strabonyň sözlerine görä, Kaspiniň kenaryndaky sähralarda «skif we çarwa» taýpalary oturypdyr, onda-da «Kaspi deňzinden başlap, skifleriň esasy bölegine daýlar (dahlar)» diýip at beripdirler. Olar beýlekilerden Girkaniýa Deňzine has golaý ýaşaýan aparnlary ýa-da parnlary, aparnlardan gündogarda, häzirki Ahal we Etrek oazisleriniň territoriýasyndan tä «Ariýanyň garşysynda ýaýylyp ýatan ýurda çenli», ýagny Tejen-Gerirud oazisine çenli aralykdaky klasndlary we pissurlary öz içine alýan taýpalaryň konfederasiýasyny döredipdir.
Türkmenleriň arilerden gelip çykandygy baradaky «sensasion» açyşlar we gowurlar bilem baglanyşyklylykda ariler hem-de Ariý ýurdy hakynda iki agyz aýdyp geçmekçi. Ariler biziň eramyzdan öňki ikinji müň ýyllykda beýleki maldar taýpalar bilen birlikde Orta Aziýanyň, Owganystanyň, Demirgazyk Hindistanyň çäklerine aralaşan Ýewraziýa sähralarynyň hindi-ýewropa taýpalarydyr.
Ariýa Tejen-Gerirud basseýninde ýerleşip, onuň merkezi demirgazyk Owganystanda bolupdyr. Ariýa döwleti häzirki Türkmenistanda ýerleşen köpsanly döwletler bolan Girkaniýanyň, Parfiýanyň, Margiananyň, Baktriýanyň we beýlekileriň diňe biridir. Eger-de türkmenleriň kemala gelmegine goşant goşan ariý etnosy hakynda gürrüň etmek mümkin bolsa, onda türkmenleriň ata-babalarynyň esasy däl-de, eýsem massagetler, dahlar, parfiýalylar, margianlar, horezmliler, alanlar, aslar we beýlekiler ýaly diňe bir etnos hakynda aýtmak bolar. Arheolog Hemra Ýusubowyň belleýşi ýaly, – «häzirki zaman türkmenleri öz taryhy kökleriniň ýekejesinden-de ýüz öwrenoklar. Taryhyň «gazanynda gaýnan» türkmenleriň ata-babalary diňe bir çarwa türki taýpalardan, eýran dilli maldarlardan we ekerançylardan, oguzlardan hem-de seljuklardan hem ybarat däldir, bulary sanasaň sogaby bar».
Arileriň gös-göni türkmenler bilen baglanyşdyrylmagy, şeýle hem «türkmenleriň ýurdy Ariýa diýlip atlandyrylypdyr, Türkmenistan sözi bolsa diňe XVI asyrdan soň peýda bolupdyr» diýen pikir nädogrudyr.
Ýokarda beýan edilenlerden mälim bolşy ýaly, gadym wagtlarda Türkmenistanyň halklary hem-de taýpalary oturymly ekerançylyk bilenem, çarwa maldarçylyk bilenem meşgul bolupdyrlar. Çarwadar taýpalar ekerançylyk hojalygyny alyp barýan taýpalar bilen pugta arabaglanyşykda bolupdyrlar. Çarwa taýpalaryň we oturymly ekerançylaryň özara gatnaşygy Türkmenistanyň ösüşiniň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolup, ägirt uly rol oýnapdyr.
Birinjiden, çarwa taýpalaryň köpüsi etniki taýdan ekerançylara ýakyn bolupdyr, şonuň üçin-de olaryň medeniýeti hem biri-birine golaýdyr.
Ikinjiden, çarwalar we oturymly ekerançylar dünýäsi ykdysady taýdan özara baglanyşykly bolupdyr. Çarwalaryň ösen hünärmentçiligiň we oturymly raýonlaryň önümlerine, şeýle hem oazisleriň ilatynyň maldarçylyk önümlerine bolap islegi bu gatnaşyklary tutuş regionyň durmuşynda hemişelik hereket edýän faktorlaryň birine öwrüpdir. Häzirki zaman alymlarynyň köpüsi bütewi ykdysady sistemanyň bolandygyny, onda iki sektoryň-da (çarwa maldarçylyk we ekerançylyk) hemişelik alyş-çalyşsyz kadaly ýaşap bilmejekdigini aýdýar. Bu pikir diýseň adalatlydyr. Daşarky basyp alyşlar we şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ol çarwalary-da, ekerançylary-da diýseň kyn güne salypdyr.
Bizde Türkmenistanyň gadymy halklarynyň we taýpalarynyň çarwa maldarlar hem-de oturymly ekerançylar diýen böleklere bölünendigi hakynda ýeterlik ýazuw we arheologik şaýatnamalar bar. Hususan-da, bu dahlara-da degişlidir. Gadymy Dehistanyň medeniýetiniň barlanylmagy bu ýerde atam döwründen bäri ösen irrigasion setiň, şäher ýaşaýşynyň, ýokary hünärmentçiligiň bolandygyny görkezdi. Dahlaryň ep-esli bölegi çarwa maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyr.
Üçünjiden, Parfiýany barlan meşhur adamlaryň biri G.A.Koşalenkonyň adalatly belleýşi ýaly, bu iki dünýäniň özara syýasy gatnaşygyny-da hemişe ýatda saklamak gerek. Çarwa taýpalar kähalatlarda uly döwletleriň öňünde belli bir derejede borçly (harby kömek) ýarym wassal soýuzdaşlar bolup, özboluşly syýasy «peri-feriýa» hökmünde çykyş edipdirler. Çarwalaryň ekerançylyk oblastlaryny basyp alyp, olaryň serdarlarynyň hökümdar dinastiýalary döredijiler bolandygyna taryh şaýatdyr. Muňa mysal hökmünde çarwa parnlaryň Arşakidler dinastiýasyny döreden ýeri bolan Parfiýany mysal getirmek bolar. Oňa antik dünýäsiniň imperiýalarynyň birini döretmek miýesser etdi. Şeýle ýagdaýlara biz orta asyrlarda-da gabat gelýäris.
Dördünjiden, maldarçylyk we ekerançylyk dünýäsiniň biri-birine edýän medeni täsiri diýseň güýçli bolupdyr. Däp bolşy ýaly, çarwalaryň basyp alyşlarynyň köp dürli netijeleri bolupdyr: olar jemgyýetiň sosial strukturalaryny täzeläpdirler, çarwa sähralaryň we ekerançylyk zonalarynyň aragatnaşygyny pugtalandyrypdyrlar, sebäbi basyp alyş prosesinden soňra çarwalaryň ep-esli bölegi oturymlylyga geçipdir, çarwalaryň ekerançylyk jemgyýetiniň ýokary gatlaklaryna, şolar arkaly bolsa tutuş ilata güýçli täsiri ýüze çykypdyr. Şonuň üçinde, ýokarda ençeme gezek belläp geçişimiz ýaly, çarwalaryň genealogiýasy olaryň basyp alan oturymly ilatynyň genealogiýasynyň esasyna öwrülipdir.
Bularyň hemmesi çarwaçylyk we ekerançylyk dünýäsiniň diňe bir ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan biri-birine täsir edýändigi hakynda däl-de, eýsem olaryň mälim bolan etnogenetiki bütewiligi hakynda-da aýtmaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda türkmenleriň aslyny diňe çarwalaryň arasyndan (dahlaryň, massagetleriň we ş.m.-leriň sredasyndan) gözlemek düýbünden nädogrudyr. Şunda antropologiýanyň maglumatlarynyň türkmenlere mahsus bolan gawunkelle jynsy tipiň ilkinji nobatda ekerançylyk oazisleriniň arasynda bolandygyny tassyklaýandygyny hasaba almazlyk hem mümkin däldir.
Çarwalaryň arasynda bolsa dürli eýýamlarda brahikran garyndysy peýda bolup durupdyr. Özünde daşarky etniki elementleri işjeňlik bilen birleşdiren çarwadarlaryň arasynda hem kelleçanagy emeli usul arkaly süýndürmek däbi gelip çykandyr diýen çaklamany öňe sürmek-de bolar. Gippokratyň bu bilen baglylykda sarmatlaryň arasyndaky giperdolihokefaliýa berýän düşündirişi gyzyklydyr. Gippokratyň sözlerine görä, sarmatlarda kelleçanagy emeli usulda uzaltmak däbi bolupdyr, sebäbi «olar süýrükelle adamlary iň abraýly adamlar» hasaplapdyrlar.
Türkmenlerde kelleçanagy süýndürmek däpleriniň durnuklylygynyň «taýpa geografiýasyna» üns bermezlik mümkin däl. L.W.Oşaninin, M.G.Lewiniň we beýleki barlagçylaryň materiallaryndan onuň tekeleriň arasynda has giňden ýaýrandygyny, ýomutlarda «Etnografik rudimentiniň» derejesine ýetirilýändigini, gökleňleriň arasynda bolsa düýbünden duşmaýar diýen ýalydygyny görmek bolar. Tekelerde we ýomutlarda çarwaçylyk däpleriniň güýçlüdigi, gökleňleri bolsa etnograflaryň hakyky ekerançylar hasap edýändigi üns berilmegine mynasypdyr. Her niçik-de bolsa, türkmen toparlarynyň ählisi birmeňzeş dolihokefallardyr.
L.W.Oşanin kelleçanaga emeli ýol bilen täsir etmäge sebäp bolýan etnografik maglumatlary getirýär. Onuň informatorlarynyň sözlerine laýyklykda, türkmenler kelle näçe süýri boldugyça ony «arassa» türkmen, «gany boýunça» onuň türkmen halkyna degişlidigini gürrüňsiz subut edýän zat hasaplapdyrlar.
Hususan-da, kelleçanagy emeli ýol bilen «gysgaltmak», ýagny brahikefaliýany gazanmak ýaly başga maglumatlar-da gabat gelýär. Orta asyr taryhçylary hem-de geografiýaçylary Makaddasiniň, Ýakudyň sözlerine görä, Samanitler döwrüniň (X asyr) horezmlileri «täze bolan çagalarynyň kelleçanaklaryny giňeltmek üçin kelläniň iki tarapyndan gumly haltajyklar Daňyp «ugrapdyrlar. Makaddesi bu däbiň ýüze çykmagyny horazmlileriň gawunkelleli çarwa goňşularyndan tapawutlanmak we özleriniň olar bilen gatyşyp başlandyklary üçin edendikleri bilen düşündirýär.
Mediki-genetiki barlaglar çarwalaryň arasynda garyşyk nikalaryň sanynyň has köpdügi, taýpada endogamlylygyň ol diýen pugta berjaý edilmeýändigi baradaky Kanunalaýyklygy ýüze çykarýar. Olaryň oturymlylyga geçmekleri bilen bolsa tireara nikalaryň sany çürt-kesik azalýar, sebäbi taýpalaryň territorial taýdan pugtalanmak prosesi bolup geçýär.
Ekerançylyk bilen meşgullanýan oturymly taýpalaryň tireara nikalarynyň ýokdugy ýa-da az sanlydygy zerarly genetiki taýdan üzňeligi has durnuklydyr. Medikleriň käbir türkmen taýpalarynda inbrigidingiň – gan gatyşmagynyň täsirini ýüze çykarandyklary tötänden däldir. Türkmenleriň taýpalarynyň we tireleriniň käbirinde tohum yzarlaýan seýrek patologiýanyň toplanmasynyň duşýan halatlarynyň sebäbini genetikler genleriň göçüp-gonmagy (dreýf) bilen düşündirýärler. Türkmen genetik-medigi M.M.Töräýewanyň pikirine görä, «genleriň dreýfi türkmenleriň populýasiýasynyň iki sany iýerarhiki derejä bölünmegi (millet-aýry-aýry taýpalar), türkmenleriň ýokary derejeli izolýasiýasy bilen şertlendirilýär.
Taýpalaryň arasynda nika alyş-çalşynyň seýrek duşýandygy hakynda biz öň gürrüň edipdik. Türkmenleriň tutuşlygyna genetiki izolýasiýasy hakynda gürrüň gozgalanda bolsa, muny genetiki barlaglaryň 1-nji we 2-nji toparly ganyň ýygy-ýygydan gabat gelýändigini ýüze çykarýandyklaryndan hem görmek bolýar. Türkmenleriň goňşusy bolan özbeklerde muňa meňzeş ýagdaý gabat gelenok.
Ýewropalylara mahsus bolan 1-nji topara degişli ganyň ýygy-ýygydan gabat gelmegi goňşy halklardan diňe eýranlylarda duşýar, ýöne olarda 3-nji topara degişli gan beýleki ýewropa halklaryndaky ýaly ýaýrandyr. Emma türkmen taýpalarynda weli beýle däldir, mysal üçin, nohurlylarda 1-nji we 2-nji topara degişli ganyň diýseň ýygy-ýygydan duşýandygy ilkinji gezek ýüze çykaryldy.
Şu barlaglardan şonsuzam süýrükelle ýerli ilatyň arasynda ýaýran kelleçanaga emeli ýol bilen täsir etmek ýaly ýagdaýa başgaça düşündiriş bermelidigi görünýär. Biziň pikirimizçe, onuň ýüze çykmagy özleriniň jynsy alamatlaryny aňly-düşünjeli üýtgetmek arkaly agalyk ediji ilata ýakynlaşmak islegi bolan, onuň bilen garyşyp-gatyşyp gitmäge çalşan gaýry etniki elementleriň Türkmenistana aralaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Ol ýa-da beýleki jynsy aýratynlyklary tekrarlamak däbi dünýäniň köp halklarynda giňden ýaýrandyr, Çarlz Darwin «Adamyň gelip çykyşy hem-de jyns seçgisi» diýen işinde muňa aýratyn üns beripdi.
Şeýlelikde türkmen halkynyň irki etniki gatlagyny häzirki Türkmenistanyň Köpetdagyň etegindäki düzlüklerde irki ekerançylyk siwilizasiýasyny döreden eýran dilli gadymy ýaşaýjylarynyň we Zakaspiniň sähralarynyň ýazuw çeşmelerinden dahlar hem-de massagetler ady bilen mälim bolan ýaşaýjylarynyň düzendigini doly esasly aýtmak bolar.
Ýöne şunda häzirki türkmen taýpalarynyň haýsydyr biriniň ata-babasyny gös-göni oazisleriň we sähralaryň gadymy ýaşaýjylaryndan gözlemek, megerem, nädogry bolsa gerek. Aýry-aýry barlagçylar, mysal üçin, A.A.Roslýakow hatda «Sowet alymlary parfiýalylaryň we türkmenleriň mürçeli taýpasynyň arasynda gös-göni baglanyşygyň bardygyny ýüze çykardylar», «dahlar tekeleriň, sarmatlar (massagetler göz öňünde tutulýar. – M.D.) bolsa ýomutlaryň ata-babasydyr» diýmäge çenli ýetýär. Beýle alysdan urýan netijä gelmek üçin häzirlikçe biziň elimizde bar bolanyndan has çuňňur barlaglar gerekdir.
Köpetdagyň eteginiň, şeýle hem sähra zolaklarynyň ekerançylyk bilen meşgullanýan oturymly garyndaş dürli taýpalaryny özünde jemlän parfiýalylaryň türkmen halkynyň döremeginde görnükli rol oýnandygy gürrüňsizdir. Biziň eramyzdan öňki 246-njy ýylda Parfiýa hökümeti döredilenden soňra bäş ýüz ýyla golaý etniki we syýasy taýdan hökmürowan halk bolmak, öz sostawyna köpsanly taýpalary hem-de halklary, şol sanda Köpetdagyň demirgazygyndaky Plininiň «beýleki tarapdaky parfiýalylar» diýip atlandyran çarwalaryny hem goşmak bilen, olar ülkäniň dürli-dürli etniki toparlarynyň birleşmeginde we bütewi bir halka öwrülmeginde, gürrüňsiz, uly rol oýnandyrlar.
Türkmenistanyň toponimikasynda Parfiýanyň täsiri has-da äşgär göze gelýär. Ködetdagyň antik döwründe Partad diýen ady göteren gerişleriniň birine orta asyrlarda Paraw ýa-da arap transkripsiýasynda Farawa diýen at berlipdir hem-de Gyzylarbat raýonyndaky Parawbibi mawzoleýinde şu güne çenli saklanyp galypdyr. Ol özüniň Partad – parnlaryň – parfiýalylaryň dagy diýen asyl manysyny ýitiripdir.
Parfiýanyň täsiri türkmenleriň maddy we ruhy medeniýetiniň elementlerinde-de mesaňa duýulýar. Biz parfiýalylaryň hem-de türkmenleriň aýal lybaslaryndaky meňzeşlik barada ep-esli gürrüň edipdir. Alymlaryň ellinji ýyllarda türkmen halk arhitekturasyny öwrenmekleri ondaky parfiýa alamatlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. W.A.Lewina, D.M.Öwezow, G.A.Pugaçenkowa özleriniň «Türkmenleriň halk ýaşaýyş jaýynyň arhitekturasy» diýen kitaplarda  bu barada şeýle diýýärler: «Giçki türkmen halk arhitekturasynda gadymy ýerli gurluşyk däpleriniň alamatlary saklanyp galypdyr. Olar öz gözbaşyny Günorta Türkmenistanyň orta asyrlardaky, hatda antik döwründäki arhitekturasyndan alyp gaýdýarlar. Mysal üçin, belki-de mürçe sütünleriniň özboluşly nagyşlary gözbaşyny Parfiýanyň Nusaýynyň kapitellerinden, ärsarylaryň haýatlaryndaky diş-diş bezegleriň peýkam şekilli deşikleri bolsa Parfiýanyň we Margiananyň (Gäwürgala, Durnaly, Çilbürj, Nusaý we beýlekiler) galalarynyň peýkam kysymly atyşhanalaryndan alyp gaýdandyr».
Şonuň ýaly-da türkmen-atşynaslygynyň kökleriniň gadymy Parfiýa direýändigini hem ýatdan çykarmak bolmaz. Megerem, türkmen halyçylygy hakynda-da şu zatlary aýtmak bolar.
SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy A.Ýu.Ýakubowskiniň häzirki zaman türkmenleriniň parfiýalylar bilen arabaglanyşygyna degişli materiallaryň ählisini öwrenmek esasynda öz wagtynda çykaran netijesi gyzyklanma döredip biler. Ol bu barada şeýle diýýär: «Ýöne gadymy Parfiýanyň territoriýasynda ýa-da has gijräk, orta asyrlarda Merw, Saragt, Nusaý we beýleki şäherlerde ýaşan taýpalaryň hem-de halklaryň baý medeniýetine häzirki türkmenleriň nähili dahyly bolup biler diýen soragyň hem ýüze (çykarmagy mümkin. Sebäbi olaryň ilaty türki dilde däl-de, gündogar eýran dilleriniň birinde gürläpdir ahyry... Şeýle dil tapawudyna garamazdan, türkmenleriň olaryň gös-göni mirasdüşeri bolup durýandyklaryny, aýtmaga doly hakymyz bardyr. Bu diňe bir olaryň gadym zamanlarda şu medeniýeti döredenleriň mekanynda ýaşaýandyklary üçin hem däldir. Gürrüň gündogar eýran dilleriniň birinde gürlän şol adamlaryň hem-de häzirki türkmenleriň öz gadymy geçmişlerinde biri-biri bilen umumy etniki elementleriniň bolanlygyndadyr. Olaryň ikisiniň-de etnogeneziniň nukdaý nazaryndan seredeniňde, massagetler, dahlar, alanlar Horasanyň gündogar raýonlarynda ýaşaýan oturymly halklaryň, şeýle hem türkmen halkynyň düzümine komponentler hökmünde girýär»:
Türkmenleriň däp bolan medeniýetine parfiýalylaryň taryhy-medeni mirasynyň ýetiren täsiri häzirlikçe çuňňur öwrenilen däldir. Ýöne şonuň parfiýa-türkmen taryhy meňzeşlikleriniň birgidenini ýüze çykarjakdygyny weli, ynam bilen aýtmak bolar.
Biziň eýýamymyzyň sepgidinde Demirgazyk Türkmenistanyň we goňşy oblastlaryň territoriýasynda alanlar möhüm rol oýnap başlapdyrlar. Olar Rim imperiýasynyň çäklerine howp salyp, Girkaniýanyň üsti bilen Hindistana we Ermenistana aralaşýarlar. Antik döwrüniň awtorlary alanlary massagetler diýip atlandyrýarlar. Has irki döwürlerdäki dahlar ýaly, olar Türkmenistanda ýakyn garyndaş taýpalaryň konfederasiýasyna baştutanlyk edipdirler. Gündogar Ýewropanyň territoriýasynda bolsa olaryň ýolbaşçylygynda sarmatlaryň birleşmesi döräpdir.
Sarmatlar hindi-ýewropa dil maşgalasyna degişli bolupdyrlar, onda-da, bu dil däbini iň ýakyn dowam etdirijiler osetinlerdir, häzirki döwürde bu subut edilendir. Gadymy awtorlar sarmatlaryň arasynda dürli taýpalaryň bolandygyny ýazýarlar, olar dürli taryhy döwürlerde birden-ä peýda bolýarlar, birdenem ýitip gidýärler, bir görseňem atlary üýtgeýär. Olaryň arasynda alanlar, roksalanlar, ýazyglar we beýlekiler bar. Biziň eramyzyň sepgitlerinde bu taýpalaryň arasynda alanlar has belende göterilýärler. Soňra olaryň dil mirasdarlary aslar ýa-da ýaslar (rus ýyl ýazgylarynda) diýen ada eýe bolupdyrlar. Olar häzirki osetinlerdir.
Häzir alymlaryň, köpüsiniň ykrar edişi ýaly, alanlar türkmen halkynyň kemala gelmeginde aýratyn möhüm rol oýnapdyrlar. Demirgazyk Türkmenistanyň ilatynyň XIII-XIX asyrlara çenli horezm dili ady bilen, mälim bolan dili osetin we sogdy dili bilen gadymy massaget hem-de skif dilleriniň birleşmeginden emele gelen hindi-ýewropa dilleriniň demirgazyk Eýran toparyna girip, diýseň ýakynlygy bilen haýran galdyrýar. Dilçileriň gelen netijesi boýunça horezm dili sogdy diline garanyňda, osetinleriňkä has ýakyndyr.
Osetinleriň we Demirgazyk Türkmenistanyň gadymy ilatynyň golaýlygy osetinleriň nartow eposynyň hem-de Horezmiň dinastiýa taryhynyň onomastiki meňzeşliginde-de duýulýar. S. P. Tolstowyň barlaglary, netijesinde Horezm şasy Arsamuh (X asyryň ahyry – XIII asyryň başy) bilen osetinleriň nartow eposynyň gahrymanlarynyň biri Uruzmagyň arasynda baglanyşyk bardygy anyklandy.
Türkmen halkynyň kemala geliş prosesine alanlaryň gatnaşandygyndan türkmen etnonimikasynyň maglumatlary hem habar berýär. Türkmenleriň etnonimikasynda ýazyr (garadaşly), Hojambaz salyrlarynyň bir bölegi bolan, Amyderýanyň ýakasynda ýaşaýan olam (alan), igdirleriň Düzümindäki asa (as) we beýlekiler ýaly tire taýpa atlary saklanyp galypdyr. Alymlar olary alanlar-aslar bilen baglanyşdyrýarlar.
B.H.Karamyşýewa Özbegistanyň Surhanderýa oblastynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda ýas diýen tiräniň bardygyny ýüze çykardy. Ol özbek taýpalarynyň biri hasap edilýän (?) türkmen-jüz taýpasynyň jilantamgagaly tiresine girýän eken. Bu tire Surhanyň sag kenarynyň merkezi bölegini, ýagny Türkmen sährasy – Türkmendeşt diýlip atlandyrylýan ýerde oturypdyr.
Gadymy alanlar-aslar hakyndaky ýatlama, hususan-da, Türkmenistanyň ýer-ýurt atlarynda hem saklanyp galypdyr. Aşgabat raýonynyň Ýasmansalyk obasynyň, uly Balkanyň Arlan gerşiniň we beýlekileriň atlaryny alanlar-aslar bilen baglanyşdyrmak ol diýen – uly batyrgaýlyk bolmasa gerek. Galyberse-de, Alan häzirki türkmenleriň arasynda ýeterlik derejede ýaýran atdyr.
Alan diliniň alamatlarynyň türkmen şiweleriniň käbirinde saklanyp galandygy hakynda aýratyn durup geçmek isleýäris. Mysal üçin, K.Badyýewiň barlaglary boýunça türkmen diliniň olam şiwesi türkmen diliniň beýleki dialektlerinden hem-de şiwelerinden ilkinji nobatda leksikasynyň ep-esli bölegini gelip çykyşy boýunça pars sözleriniň tutýandygy bilen tapawutlanýar. Barlagçy bu leksikanyň gelip çykyşyny demirgazyk eýran toparyna, ýagny gadymy alanlaryň diliniň Toparyna degişli edýär. G.I.Karpow häzirki döwürde Çärjew oblastynda ýaşaýan mukry etniki toparyna alan ýadrosynyň töwereginde dörän taýpalaryň hasabyna goşýar.
G.P.Wasilýewa türkmenleriň häzirki döşe we egne dakylýan tegelek kümüş gülýakalarynyň hem-de bäzbentleriniň Demirgazyk Osetiýadaky VI-VIII asyrlaryň mazarlaryndan tapylan alanlara degişli altyn we bürünç şaý-seplere, dagly Inguşystandaky XV-XVI asyrlara degişli mazarlardan tapylan inguş (olaryň etnogenezine alanlar gatnaşandyr) asyklarynyň günbatar we demirgazyk ýomutlarynyň gulakhalkalaryna meňzeşdigine ünsi çekipdi. G.P.Wasilýewa maddy medeniýetdäki meňzeşlikleriň we beýleki umumy elementleriň (baryp XIX asyrlarda Horezmde we osetinlerde giňden ýaýran adamlary ýeriň ýüzünde jaýlamak däbi, matriarhadyň eposda beýan edilen galyndylary we ş.m.) birnäçesi kawkaz alanlarynyň türkmenler bilen arabaglanyşygy hakyndaky pikiri berkidýär diýip hasap edýär.
Türkmen halkynyň kemala gelmeginde eftalitleriň ýa-da hionitleriň ep-esli rol oýnandyklary jedelsizdir. Olaryň ady Orta Aziýanyň etniki kartasynda IV asyrda peýda bolýar. Hionitler döwletiniň döremegi hem şu döwre degişlidir. Häzirki Türkmenistanyň Kaspi deňzinden başlap Amyderýa çenli territoriýasynyň, Amyderýadan aňyrdaky ýerleriň we Demirgazyk Owganystanyň territoriýasynyň bir bölegi onuň sostawyna giripdir.
Ýazuw çeşmelerinden çen tutsaň, hionitleriň döwletindäki agalyk ediji dinastiýa eftalitleriň adyny göteripdir. Eftalit şaýy pullarynyň käbirinde patyşalaryň (Eftalan, Ahun we beýlekiler) atlarynyň ýanynda «hion» görnüşindäki halkyň ady hem goýlupdyr. Alymlaryň pikirine görä, eftalitleriň düzümine ýakyn garyndaş, şeýle hem dili we gelip çykyşy boýunça dürli-dürli halklaryň hem-de taýpalaryň köpsanlysy giripdir. Rimiň we Wizantiýanyň çeşmelerinde olar ak gunnlar, hionitler, kidaritler hem-de eftalitler, ermenileriňkide hental ýa-da tetal, hytaý ýyl ýazgylarynda iýeda ýa-da ndan, araplaryňkyda haýtal diýlip atlandyrylýar.
S.P.Tolstowyň çaklamasyna görä, eftalitleriň adynyň massagetleriň türkler tarapynda ýoýlan «Gweta aali» – «Gweta ili» diýen sözden gelip çykan bolmagy  mümkindir. Onuň pikiri boýunça, olar özleriniň taryhy watanlarynda galan massagetlerdir, Alym olaryň taryhy ata watanyny Horezmiň demirgazyk – gündogar etraplary hasaplaýar. Ol ýerli, alan-massaget hem-de gelmişek gün elementden eftalit halkyýetiniň kemala gelen ýeri bolan Aralyň kenarlaryndaky «batgalyk şäherler» diýlip atlandyrylýanlaryň eftalit medeniýetiniň ýadygärlikleri saýylyp bilinjekdigini aýdýar.
Käbir gowşak taraplaryna seretmezden, S.P.Tolstowyň çaklamasy eftalitler problemasyna garamagyň mümkin bolan ýollarynyň biri hökmünde ykrar edilip bilinjekdigini aýtmak bilen, A.A.Roslýakowyň «eftalitleri gunlar massagetler bilen garyşyp döredipdirler» diýen pikiriniň nädogrudygyny bellemek gerek.
Biziň göz öňüne getirişimize görä, eftalit halkynyň esasyny ýerli taýpalar düzüpdir. VI asyrda ýaşap geçen awtor Prokopiý Kesariýskiý bu barada gös-göni diýen ýaly aýdýar: «Unnlar-eftalitler... bize mälim bolan unnalar bilen garyşan däldirler, Olar bilen ýaşanoklar hem-de olar bilen serhetdeş ýerleri ýok... Olar beýleki unn taýpalary ýaly çarwa däl-de, gadymdan bäri mes toprakly ýurtda ýaşaýarlar», (Biz tapawutlandyrdyk – M. D.).
Çeşmeler eftalitleriň 358-nji ýylda soýuz şertnamasyny baglaşan gelanlaryna ýakyndygyny belleýärler. Hususan-da, rimli taryhçy Ammian Marselin bu barada habar berýär we şonda bu taýpalaryň «has söweşjeňlikleri bilen tapawutlanandyklaryny» belleýär.
Alymlar gelan halkyny beýleki çeşmeler boýunça mälim bolan halklaryň haýsydyr biri bilen baglanyşdyrmaga ençeme gezek synanyşdylar. Alymlaryň käbiri olary kuşanlar, beýlekileri bolsa albanlar bilen çatyp gördi, ýöne, biziňçe, bularyň hiçisiniň hem ýeterlik esasy ýokdy. Günbatar we Demirgazyk Türkmenistanyň eftalitler bilen garyndaş ýerli ilatyndan alanlar bilen meňzeşlikleri agtarmak hakykata has ýakyn bolsa gerek. Megerem, eftalitler ýaly olaryňam massagetler sredasyndan çykaýan bolmagynyň ahmaldygyny çak etseň-ä, muňa has-da oňat göz ýetirmek bolýar. Ammian Marseliniň gelanlaryny hut alanlar hasap etmek pikiri aýratyn-da imrindirijidir, ýöne bu meseläniň ýeterlik derejede öwrenilmändigi üçin ony bary-ýogy ylmy-gözlegleriň mümkin bolan ýollarynyň biri hökmünde ykrar etmek dogry bolsa gerek. Eftalitleriň Parfiýa döwleti heläk bolandan soňra Sasanyd Eýranynyň garşysyna göreşi ýaýbaňlandyran we özleriniň garaşsyz döwletini döreden ýerli taýpalaryň bolaýmagy hem mümkindir.
Ýazuw çeşmeleriniň beýan edişlerine, şaýy pullardaky şekillere görä, eftalitleriň antropologiki tipi ýewropeod bolan bolsa gerek. Her niçik-de bolsa ol mongoloidlerden mesaňa tapawutlanypdyr. Şol Prokopiý Kesariýskiý muňa üns beripdir. «Olaryň teni ak, ýüzleri görmegeý.., olaryň durmuş obrazy mal ýaly ýaşap ýören beýleki unnlaryňka meňzänok, ýöne bir patyşanyň raýatynda bolýarlar, öýleriniň we beýlekileriň arasynda rimlileriňkiden ýa-da beýleki islendik halkdan kem bolmadyk adalatlylyga gözegçilik edip, adam şekilli ýaşaýarlar».
Şonuň ýaly-da eftalit patyşalarynyň şaýy pullardaky şekillerinde mongoloid tipiň alamatlary ýokdur.
Eftalitleriň diliniň eýran dil toparyna degişli bolan bolmagy mümkindir. Olaryň şaýy pullaryndaky ýazgylaryň tohar dillerine degişlidigi mundan habar berýär. Hytaý çeşmeleri «olaryň diliniň türki dilden tapawutlydygyny» kesgitli habar berýärler.
Biziň görşümiz ýaly, eftalitler öz durmuş obrazlary boýunça-da goňşy çarwa taýpalardan tapawutlanypdyr. Prokopiý Kessariýskiniň «olaryň çarwalar däldigi», olaryň «mes toprakly ýerlerde» ýaşandyklary barada gös-göni ýazandygyny ýada salalyň. Muňa, megerem, eftalitleriň oturymdy durmuş obrazyny alyp barandyklary diýip düşünmek dogry bolsa gerek. Şeýle hem ol eftalitleri çarwa taýpalaryň hatarlaryna goşýan alymlaryň pikiri bilen ylalaşmaga ýer goýmaýar.
S.P.Tolstow arheologik barlaglar esasynda eftalitleriň hojalygy we durmuşy barada şeýle ýazdy: «Bu halka kompleksleýin maldarçylyk-balykçylyk-ekerançylyk hojalygy mahsusdyr, ýöne munda maldarçylyga esasy rol degişlidir, şeýle-de bolsa oňa çarwaçylyk mahsus däldir we ol oturymly, ýarym oturymly, durmuşda, berkitmeli binalarda – «şäherlerde» ýaşapdyr.» (Biz tapawutlandyrdyk – M. D.).
Orta asyrda ýaşap geçen Mahmyt Kaşgary özüniň meşhur «Diwan lugat at-türk» traktatynda hem muňy gytaklaýyn belläp geçýär. Zülkarneýniň (Aleksandr Makedonskiniň) Orta Aziýa ýörişi hakynda gürrüň bermek bilen ol, gürrüňinden çen tutsaň, çarwa bolmadyk, ýerli oturymly halklardan beýlekilerinden galanlaryň gündogara köpçülikleýin göçendiklerini habar berýär: «Ol wagtlar adamlar çarwady, çadyrlarda ýaşaýardy. Hökümdar hem-de onuň goşuny gidenden soňra, gijäniň içinde ýükçi mallaryny tapyp bilmedik, şonuň üçin hem ýüklerini ýükläp, olar bilen gidip bilmedik adamlaryň 22-si maşgalasy bilen galdy. Şol 22 adam pyýada ýola düşmelimi ýa-da şu ýerde ýurt tutunmalymy diýip aýlanyp durka, maşgalasy bilen arkasy ýükli goşunyň yzyna düşüp barýan iki sany erkek kişä gözleri düşýär. Agyr ýüküň astynda olar gara der bolupdyrlar, özlerem diýseň ýadapdyrlar. Gabat gelen şol iki adam «Indi nätmeli?» diýip, olara maslahat salypdyr. Şol 22 adam olara şeýle jogap gaýtarypdyr: «Eý, erkek kişiler. Bu adam, ýagny Zülkarneýin gezendedir, ol hiç ýerde galmaz, bizdenem gider, bizem öz topragymyzda galarys» Şol iki adama türküçeläp: «Gal aç» diýipdirler. Munuň «saklanyň, galyň» diýen manysy bar eken. Soňra şol iki adama «Halaç» diýip at beripdirler. Halaçlaryň gelip çykyşy şeýledir, olaryň iki taýpasy bar. Zülkarneýin bu ýere gelende, türk alamatlary bolan bu düşünjeli adamlaryň toparyny görüp, ilkinji nobatda olardan bu düşünjeli adamlaryň toparyny, görüp, ilkinji nobatda  olardan (kimdigini) sorap, «Türkman end» diýipdir. Onuň «Şu ikisi türke meňzeş» diýen manysy bar eken. Soňra bu at olarda biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr».
Aleksandr Makedonskiý – Zülkarneýin hakyndaky fantastika ýakyn gürrüňleri bir gapdala goýup, Mahmyt Kaşgarynyň halaçlary «çarwalaryň, çadyrlarda ýaşaýanlaryň» sredasyndan tapawutlandyrýandygyny bellemek gerek. Mahmyt Kaşgarynyň tekstini öwrenijiler onda türkmenleriň sostawyna gelip çykyşy boýunça eftalit etniki kompenentiniň goşulmagynyň real fakty öz beýanyny tapypdyr diýip hasap edýärler. Ondan başga-da bu habarda häzirki Türkmenistanyň ilatynyň bu regiona türki dilli çarwalaryň köpçülikleýin aralaşmagyndan has öň türküleşip ugrandygy gös-göni görkezilýär.
S.P.Tolstow «batgalyk şäherler» diýlip atlandyrylýanlar hakynda gürrüň gozgamak bilen, arheologik materiallar esasynda bu ýadygärlikleriň «gelip çykyşy boýunça sarmat-alan we massaget taýpalaryna ýakyn, ýöne biziň eramyzyň IV–V asyrlary töwereginde, türki-mongol toparynyň, megerem, gunnlaryň güýçli täsirine sezewar bolap halk tarapyndan döredilendigini» ýazýar.
VII we VIII asyryň başynda ýaşap geçen arap awtorlary Bagdisiň hem-de Balk oblastynyň, Merwiň, ilatyny bir görseň-ä türkler, bir görseňem eftalitler diýip atlandyrýarlar. Şol döwürde bu raýonlaryň ilatynyň gür bolandygy ünsüni çekýär. Şonuň üçin hem A.Ýu.Ýakubowskiniň «bu territoriýada ýaşan ummasyz ilaty tutuşlygyna bu ýerde mekan tutunan türkleriň hataryna goşmak bolmasa gerek» diýen pikiri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. «Şonuň bilen birlikde Toharystanyň ne Horasanyň ýokarda görkezilen raýonlarynyň V-VI asyrlarda eftalitleriň ýaşan esasy ýerleridigi bize oňat mälimdir... 563-564-nji ýyllarda türkler eftalitlere kül-peýekun ediji zarba ursalar-da, olary ýaşaýan ýerlerinden kowmandyrlar we ilatyň hemmesini gyrmandyrlar. Öz öri meýdanlarynda galan eftalitler bu ýere gelen türkler bilen garyşyp, olaryň dilini we adyny kabul edipdirler. Belli bir döwre, wagta çenli araplaryň olary biri-biri bilen garyşdyryp, bir görseň-ä eftalit, bir görseňem türk diýip atlandyrmaklary tötänden däldir.
Her niçik-de bolsa, eftalit taýpalarynyň birnäçesi türkmen we owgan halklarynyň sostawyna goşulypdyr. Mysal üçin, alymlar abdal taýpasyny eftalitlerden gelip çykan hasaplaýarlar. Häzirki döwürde çowdur we gökleň türkmenleriniň arasynda abdal tiresi bar. Şeýle hem Owganystanda-da atdaş taýpa bar. Halaçlar hem türkmenleriň eftalitlerden gelip çykan taýpalarynyň, hataryna goşulýar. Muhammet al-Horezmi we gündogaryň beýleki awtorlarynyň käbiri halaçlaryň eftalitleriň «galyndysydygyny» tassyklaýarlar.
Türkmen halkynyň kemala gelmegine gös-göni  gatnaşygy bolan ýokarda sanalyp geçilen halklaryň hemmesi, Orta Aziýanyň tutuş ilaty ýaly, esasan, eýran dillerinde gepläpdir. Türkmenistanyň daş keşbi boýunça ýewropeoid, dili boýunça eýran dilli ilatynyň türküleşmegi, megerem, bu ýere ilkinji gezek türki dilli etniki toparlaryň aralaşyp ugran döwri bolan biziň eramyzyň ilkinji asyrlarynda başlan bolsa gerek. Muny ýewropeoid tipde mongoloid alamatlaryň peýda bolup ugramagyndan hem görmek bolýar.
Ygtybarly taryhy çeşmeleriň maglumatlary boýunça türkleriň Türkmenistana aralaşyp başlamaklary VI asyrlara degişlidir. Gunnalaryň diliniň türki bolandygy hakyndaky pikirler jedelli zatdyr. Ad-Ýakubynyň Sasanid Hosrow Anuşirwanyň (539-570ý.) çarwa türkleriň hüjüminden goranmak üçin Kaspi deňzinden daga çenli kuwwatly goranyş diwaryny gurandygy we onuň Gürgen etraplaryny penalandygy baradaky habary Türkmenistandaky türki dilli taýpalar baradaky ilkinji ýatlamalaryň biri hasaplanýar.
Hut VI asyrda türk kaganlygy Sasanid Eýrany bilen bilelikde eftalitlere aýgytly zarba urýar, şeýdibem eftalitler ilki bilen-ä özleriniň syýasy we harby kuwwatyny ýitirýärler, soňam taryhy kartadan büs-bütin ýitip gidýärler. Ýöne, eftalit döwleti synandan soňra Türkmenistanda türkleriň agalyk ediji etniki element bolandygyny aýtmak gerek. Türki taýpalar, esasan, çarwa maldarçylyk bilen meşgullanyp, sähralarda galypdyrlar, olar oazislere alamançylyga gidip, heniz hem öz dillerinde geplemegini dowam etdiren ilatdan paç-hyraç ýygnap durupdyrlar.
Bu döwürde dilleriň gatyşmasy özüniň ilkinji stadiýasyny başdan geçiripdir we türki diliň ýerli ilatyň esasy diline öwrülmegi üçin iň bolmanda ýüzlerçe ýyl hem-de türküleşmegiň ençeme tolkuny gerek bolupdyr. Hatda X asyrda hem horezmli beýik alym al-Biruni Sarygamyşyň kenar ýakasynyň ilaty barada: «Bu alanlaryň we aslarys neslidir, indi olaryň dili horezm hem-de peçeneg dili bilen garym-gatym bolupdyr» diýip ýazýar.
Araplaryň Türkmenistany basyp alan döwründe (VII asyryň ortalary) eýýäm onuň territoriýasynda türki dilli taýpalaryň ýeterlik derejedäki uly massiwi döräpdir diýip alymlar hasap edýärler. Olar VII–VIII asyrlarda uly güýje öwrülipdirler. Häzirki döwürde ylymda türkmen halkynyň sostawyna giren, oguzlardan hem öňki döwürde ýaşan gadymy türki gatlagyň bolandygy bellenilýär. Alymlar Hojambaz raýonyndaky eleç etniki toparyny şol gatlakdan gelip çykanlaryň hataryna goşýarlar, bu tiräniň wekilleri özlerini ýerli gadymy türki taýpanyň nesilleri hasaplaýarlar. Eleç toparynyň bir bölegi özüniň gelip çykyşyny Kaspi deňziniň kenary bilen baglanyşdyrýar, türkmen etnografy A. Jykysn tarapyndan ýazylyp alnan rowaýata görä, şol ýerde orta asyrlarda eleş diýen türki taýpa ýaşapdyr.
G.P.Wasilýewa, Ýa.R.Winnikow we beýleki barlagçylar şeýle hem baýat, esgi, çandyr, salyrlaryň bölekleri, kraçly, ýaýçyly, erdeli, gulançy ýaly türkmen toparlaryny Amyderýanyň orta akymlarynda ýaşan gadymy türki ilatyň hataryna goşýarlar. L.R.Winnikowyň belleýşi ýaly informatorlaryň handakly, köpekli, merkit, akjyk, gazarçy hem-de mutol diýen alty tiräniň gelip çykyşyny salyrlaryň böleklere bölünmegi we bu ýere salyrlar hem-de beýleki türkmen taýpalary gelmezinden öň Orta Amyderýanyň jülgesinde ýaşan ekerançylyk bilen meşgullanan ýerli türki dilli ilatyň olaryň hataryna goşulmagy bilen baglanyşdyrmaklary esassyz hem däldir.
Türkleriň Günorta Türkmenistanyň käbir dag obalarynda ýaşaýan etniki toparyny hem şu gadymy gatlaga goşmak, megerem, dogry bolsa gerek. Olar häzir özlerini kürt hasaplaýarlar.
Bu toparyň özüni Köpetdagyň we onuň etekleriniň ekerançylyk bilen meşgullanan hakyky ýerli ýaşaýjylary bolan änewli, mehinli, mürçeli, nohurly we beýlekiler ýaly türkmen taýpalarynyň garyndaşy hasaplaýandygy bellenilmäge mynasypdyr.
Umumy türki dil bilen birleşen, dürli taýpalardan we halkyýetlerden ybarat bolan oguzlaryň Türkmenistanyň ýerli eýran dilli ilatynyň türkileşmeginde käbir alymlaryň pikir edişi ýaly, aýgytly rol oýnaman, eýsem möhüm rol oýnandygy jedelsizdir. Türkmenleriň oguzlaryň gös-göni nesilleri hasap edilmegi esassyzdyr. Her niçik-de bolsa, häzirki döwürde ylmyň ygtyýarynda bar bolan materiallar şeýle gutarnykly netije çykarmaga ýeterlik esas bermeýär. Keşbi boýunça ýewropeoid, dili boýunça bolsa hindi-ýewropa toparyna degişli ýokarda agzalyp geçilen massagetler, dahlar, parfiýalylar, margianler, eftalitler, alanlar, aslar we beýlekiler ýaly ýerli taýpalar hem-de halklar türkmen halkynyň bazasyny düzüpdirler. Oguzlar bolsa türkmen halkynyň sostawyna giren komponentleriň diňe biridir.
Ýöne olaryň türkmenleriň kemala gelmeginde oýnan roluny hem kiçeltmek bolmaz. Orta asyr çeşmeleri boýunça bize mälim bolan 24 sany oguz taýpasynyň sekizisiniň ady türkmen taýpalarynyň adynda, onusy bolsa tireleriň adynda saklanyp galypdyr.
Oguzlar Orta Aziýada IX asyrda peýda bolýarlar. Şu döwürde olaryň esasy bölegi Syrderýanyň orta we aşaky akymlarynda hem-de Üstýurduň demirgazygyndaky sähralarda, Emba we Ýaýyk derýalarynyň arasynda ýaşapdyrlar, şol ýerlerden hem günorta, günorta-günbatara, häzirki Türkmenistanyň çäklerine aralaşyp başlapdyrlar. Tiz wagtdan olar bu ýerde ýerli ilaty özlerine tabyn eden esasy syýasy güýje öwrülipdirler.
Syýasy agalyk wagtyň geçmegi bilen oguz atlarynyň giňden ýaýramagyna, gelip çykyşy boýunça oguz däl halklara we taýpalara olaryň atlarynyň geçmegine getiripdir. Galyberse-de oguz taýpalarynda dil bütewiligi-de bolmandyr. Mahmyt Kaşgarynyň Sözleri boýunça, gaýylar ýaly käbir «oguz» taýpalary özleriniň aýratyn dillerini saklapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen syýasy babatda agalyk ediji etniki toparyň dili hökmünde oguz dili ilatyň beýleki bölegi tarapyndan kabul edilipdir. XI–XII asyrlarda kuwwatly Seljuklar döwletiniň şertlerinde oguz dili döwlet dili hökmünde ykrar edilende, Türkmenistanyň ýerli ilatynyň türkileşmek prosesi has-da äşgär göze ilipdir.
Häzirki Türkmenistanyň ilatynyň türkileşmegi hakynda gürrüň gozgalanda, gypjak täsiri barada-da aýtmak gerek. Soňky ýyllaryň etnografik barlaglary gypjak taýpalarynyň türkmenleriň kemala gelmeginde öňki Ýyllarda çak edilişinden has köp rol oýnandygy barada aýtmaga mümkinçilik berýär. Olar Maňňyşlakda we Gazagystan bilen serhetdeş raýonlarda, mongollaryň döwründe bolsa häzirki Türkmenistanyň gös-göni territoriýasynda türkmenler bilen gatnaşykda bolupdyrlar.
Oguzlaryň daş keşbi Türkmenistanyň süýrükelle ýewropeoid tipi mahsus bolan ýerli ilatyndan mesaňa tapawutlanypdyr. Oguzlar tipiki mongoloidler bolupdyrlar. Al-Masudy oguzlar hakynda: «Olar türkleriň içinde iň edermenleridir. Olaryň iň pes boýlularydyr, olaryň gözleri beýlekileriňkiden has kiçijikdir» diýip ýazypdyr.
Bu maglumatlar oguzlaryň Türkmenistanyň süýrükelle ýewropoid ortler antropologik tipi mahsus bolan gadymy ilatyna-da, häzirki türkmenlere-de düýbünden meňzemändiklerini suratlandyrýar. Ýewropeoid ilatyň ýaşaýan ýerlerini gola salmak we intensiw garyşmak netijesinde oguzlaryň belli bir bölegi ýuwaş-ýuwaşdan olar bilen assimilleşipdir, bu taryhy-edebi däplerde hem öz beýanyny tapypdyr.
Orta asyr taryhçysy Raşid-ad-Din şeýle ýazýar: «Gadym eýýamlarda «türkmen» diýen söz bolmandyr. Sähra türkleri tipli taýpalaryň ählisi özlerini türkler diýip atlandyrypdyrlar. Her bir taýpanyň aýratyn öz ady hem bolupdyr. Şol döwürlerde Oguzyň taýpalary öz ýerlerinden Mawerennahr etraplaryna we Eýran topragyna aralaşypdyrlar, olar şu ýerlerde dogulypdyrlar hem-de (örňäpdirler, suwuň we howanyň täsiri bilen olaryň daş keşbi täjiklere çalym edip ugrapdyr. (Biz tapawutlandyrdyk – M.D.) Aslynda täjik däldikleri üçin täjikler (Şu ýerde we ondan soňra taryhçy eýran dilli taýpalary göz öňünde tutupdyr. – M.D.) olary türkmenler, ýagny «türklere meňzeş» diýip atlandyrypdyrlar».
Biziň görşümiz ýaly, türkmenleriň ata-babalarynyň ady köp bolupdyr. Türkmenistanyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda özüniň süýrükelle ýewropeoid ortaýer tipli daş keşbini şu günlere ýetiren ýerli ilaty-da, mongolid keşpli türki dilli dürli taýpalar-da bu atlary göteripdirler. Şu halklaryň taryhy «splawy» hem bütewi at alan täze etniki umumylygyň döremegine getiripdir. Bu bolsa türkmen diýen at bolupdyr.

Marat DURDYÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 54 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Marat Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: