01:18
Ynsabyñ jezasy -4/ romanyñ dowamy
DÖRDÜNJI BAP

– Maňa içeri işler uprawleniýesiniň naçalnigi gerekdi – diýip, Ýeňiş nobatçy milisionerden sorady.
Nobatçy äýneginiň ýokarsyndaky açyklykdan üstüne abanyp duran ýaş ýigide seretdi.
– Näme iş bilen?
– Keýpine däldigi belli.
Nobatçy trubkany göterip, haýsydyr bir nomerleri aýlady.
– Ýoldaş polkownik, sizi soraýarlar, goýbermek mümkinmi?
Aňyrdaky ses Ýeňşe eşidilmedi. Ýöne nobatçynyň «Bolýa, bolýa» diýip gaýtalap, soň kagyz-galama ýapyşmagy «gelsin» diýen alamaty aňladýardy.
– Dokumentiň barmy?
– Pasportym-a bar.
– Getir.
Ýeňiş pasportyny nobatça uzatdy. Milisioner oňa seredip, dört gyraň ak kagyza adyny, familiýasyny ýazdy. Soňam «Polkownik Öwez Akyýewiç Akyýew» diýip gabat alnyndaky asma sagada garady, wagty belledi.
– Ikinji gata çykarsyň, sag tarapky gapydyr.
Ýeňiş gapyny çekinjeň açdy.
– Mümkinmi?
– Giriň-giriň.
Nämedir bir zatlara dümtünen polkownik ünsüni sowup, boş oturgyja elini uzatdy-da:
– Hä, siz diýseňiz-le! Oturyň, oturyň. Gözüňiz aýdyň – diýdi.
Ýeňiş ornaşdy. Polkownik til arkaly niredir bir ýer bilen gepleşdi. Bolansoň çalaja gobsunybrak ileri süýşdi.
– Geldim diýsene. Erkinligiň gadyry bir başgadyr – Öwez Akyýewiç mylaýym ýylgyrdy: –  Gowy edipsiňiz. Erkiňiz sizi biziň gapymyzdan getirdi. Hyjuwy nogtalap bolmaz. Bilýän, siz ýene şol maksat bilen gelensiňiz. Şeýle gerek?
– Şeýle.
– Ýakyndan kömek berilse, birek-birege düşünilse, oňa ýetesi zat ;ýok.
Polkownik stolunda özüne oňaý berkidilen garaja nokady basdy. Oňa mähetdel saçy halkalaýyn ýokary galdyrylan, çekge zülplerini towlap-towlap aşaklygyna goýberen jyrk sary gyz geldi.
– Kadrlar bölüminiň inspektory gelsin-le.
Sekretar çykyp giden dessine gartaşan maýor peýda boldy. Ol oturgyjy ýuwaşja jygyldadyp çökdi. Göwresi göze gaty bir dolmaç görünmese-de, birneme agram bar-ow diýdirýän maýoryň gelşine nazary polkownikde däl-de, nätanyşda eglendi.
– Ýaýlym Gelenowiç Abdyýew, kadrlar bölüminiň inspektory – diýip, polkownik tanyşdyranyndan soň, maýora ýüzlendi: – Bu ýigidiň bizde işläýmek hyýaly bar. Nähili görýäň?
– Adyny bir eşitsek. Siz-ä eşidensiňiz.
– Men tanyş. Terjimehaly bilenem tanyşdym, özüni alyp barşyna-da ýetik boldum.
– Ýeňiş Ilamanow – diýip, onýança ýigidiň özi dillendi.
Maýor gözüni süzübräk:
– Aýdyber, ýagşy ýigit – diýdi.
– Aýdan ýaly. Soragyňyza jogap beräýmesem.
– Organyň işgärleriniň halaýany sowal-jogap-da. Baş üstüňe. Ozal nirede işlediňiz?
– Hiç ýerde.
Maýor geň galmasyny bildirmejek bolsa-da bolmady.
– Hiç ýerde!!
– Aý, hiç ýerde diýen ýaly-da. Zähmet-düzediş koloniýasynda bolanymy, işlänimi hasap etmesem.
– Sud edildiňmi? – maýor çiňerildi.
– Ýedi ýyl oturdymam.
Polkownik ara goşuldy.
– Aklanyp gelşi.
– Çykanyma üç-dört gün boldy.
– Türmä düşüp gelip, ýene organa işe geçmekçimiň – Ýaýlym Gelenowiçiň gözleri ýiteldi. Ýerinden turdy. Otyrgyjy stola ýakyn itekledi. Çilim otlandy. Tüssäni açyk penjirä bakan üfläp goýberdi. Onuň temegine bat berşi Ýeňşiň göz öňüne tussag ülpedini getirdi. Ol dodagyny çöwrüp jort atýar: «Il ynanmaz gürrüňi dogram bolsa aýtma. Bendilikden boşana hiç kim ynanmaz. Senem ilden üýtgeşik dälsiň». Onuň keşbini Ýaýlym Abdyýewiň sesine zor salmasy salgyma öwürdi.
– Milisiýa näme kerwensaraýdyr öýdýäňmi? Öňetýeni mundirli eder ýaly. Biz kanun adamy, jijim! Organ diýlen zady özüň bilýäň, jijim! Biz işgärleri milisiýa gullugyna saýlap-seçip alýas, pitikläp alýas. – Ol dilden nygtanyny ýeterlik hasap etmän, pitiginem görkezdi.
Maýoryň ýüzi, sypaty birden sumat boldy-da, ýene döşi çöpürli, açyk-açyk dişleriniň arasyndan tüýküligini jytyladýan tussag ülpedi Ýeňşiň alnynda dikeldi: «Aýtmadymmy men. Tussaglykdan boşap bara- na hemme ýerde ikirjiňleýärler. Sen bolsaň goçak gürleýäň. Il ynanmaz gürrüňi dogram bolsa aýtma. Seni synandyrlar».
– Ol-a şeýle welin, Ýaýlym Gelenowiç, Ilamanow bilen biraz düşünişeli – Öwez Akyýew maýora dikanlady: – Men munuň bilen ozal gürleşilgi. Düşünişipdik.
Ýaýlym Abdyýewiň alnan bady azda-kände gyňyr gyşyň ýüzüniň gaýdyşyna çalym etdi. Ýöne şonda-da öz sözüni gögerdýän gedem mysaly kän bir gaýra gaýyşmady.
– Seni bu ugra iterýän zat näme?
Bu sowalyň berilmegi Ýeňşi aljyratmady. Ozal bu meseläni terslin-oňlyn ölçerip-dökmedik bolsa, belki, jogapsyz goýsa-da goýardy. Emma polkownigiň özara gürrüňi, ülpediniň ynamsyz äheňi, özüniň mahal-mahal iç gepledip, maksadyny lükgelemegi maýoryň sowalynyň öňünden gaçmaga esas döredipdi. Şonuň üçin jogaby nagt etdi.
– Öz ýalňyşymy özgeleriň gaýtalamazlygy.
Maýor ýerine geçip, oturgyjy yzraga çekdi. Aýagyny çalşyrdy.
– Şeýdip öň açygrak aýtmal-a. Akyl indi gelýä diýsene, jijim.
– Nogsanlyklaryň öňüni almak akylyma indi aýlanýan.
– Haý-öz-ä!.. – Ýaýlym Abdyýew gümürtikläp goýdy.
Ýeňiş onuň ynamsyz garaýşyndan özüçe many aldy.
– Hiç kesem başdan dürdäne bolup doganok. Aklyň dura-bara durlanmagy tebigy zat. Özümi tutan, basan adamlary düýn ýek gören bolsam, bu gün şolar bilen bir hatarda gulluk etmäge islegim bar.
– Äh-ä, muňa gaýtmyşym diýilýär, jijim! – maýor bir polkownige, bir ýigide nazaryny aýlady: – Beýdip kanun gorajak bolmagyňa bil baglap bolarmyka? Aslynda saňa mundir ynanyp bolarmyka! Kanunyň adyndan hereket etmek, geplemek, özüň garalananyňdan soň jijim, kyn düşmezmi? Özüm-ä kyn düşer diýjek. Kim saňa ynansyn, kim saňa sarpa goýsun. Onsuzam adamlary häzir ynandyrmak kyn.
– Ynamyň ýok ýerinde işläbem bolmaz, ýoldaş maýor!
– Meň aýtjak bolýan zadymam şu, jijim. Milisioner diýeniň halkyň goragçysy. Özüň tertipli bolman, tertibi gorap bolmaz.

Şol mahal gapy açylyp, kimdir biri boýnuny uzatdy. Ol girsemmikäm-girmesemmikäm diýýän görnüşde sögindi.
– Gel, Baba aga! – Öwez Akyýewiç ýaşulyny tanatdy. – Uçastok inspektory Möwlamow.
Ýaşuly gürrüňe goşulman oturdy. Dogrusy, gürrüňiň entek näme hakynda barýandygyndanam bihabardy. Ýöne ol maýoryň sözlerini çigitläp oturyşyna nazaryny Ýeňişde egläpdi.
– Ýa men bärden gaýdýan, ýa adamlar gaty aňyrdan aýlanýarlar. Baba Möwlamowiç, sen bize garanda köpi gören adam. Aýt jenaýat edeni jenaýat agtaryşa işe alyp bolarmy?
Baba aganyň endigi bolsa gerek, formasynyň ýakasyny düzedişdirdi. Melemtil köýnegi bilen reňkdeş galstugyny düzüwem bolsa barlaşdyrdy. Gaýyş bagly papkasyny goýan ýerinden azajyk saga süýşürdi, ýene öňki ornuna eltdi.
– Bolar, Ýaýlym oglum, bolar. Bir durşuna durýan zat barmy näme?
Ýaýlym Gelenowiç Baba aga düzediş berdi.
– Oglum däl, ýoldaş maýor diýsene, starşiý leýtenant Baba Möwlamowiç!
– Oglum, guzym diýmäge halys öwrenäýipdirin, Ýaýlym oglum!
– Garrasaň, diliň süýjeýändir, Baba aga – polkownik degişdi.
– Garranyňky süýjemeli bolsa, Ýaýlym oglumyňam bizden kän kiçiligi ýokdur, oňkam süýjemeli onda.
Polkownik bu gezek gönüden-göni Abdyýewe kakdyrdy.
– Süýjejegiňki süýjeýändir.
– Oýun gürrüňi goýalyň-la – maýor sigaretden birini aldy: – Ýogsa-da, sud prosesinden eşideli-le, graždan Ilamanow!
Ýeňiş ikirjiňledi. Bir Baba aga, bir-polkownige soragly bakdy. Ýaşuly «Aýdyber, oglum» diýip, sessiz garaýyşda aňlatsa, Öwez Akyýew agras baş atdy.
Ýeňiş düýn Parahatlarda üzülen ýatlamalar kirşini şuş-şu wagt sapdy.
... – Şeýle operasiýa edäýmesek onça bergiň aşagyndan çykyp bolmaz. Pahat! «Şefiňem» rejesi geň däl. Ýa getirmeli, ýa-da... Oňky çürt-kesik.
Kyn ýagdaýda galan Parahat başga çykalga tapmady. Olar tirkeşip dükana baranlarynda süýrgünortandy. Gelim-gidim çekilişipdi. Satyjy Parahady göreninden:
– Bo-how, obadaş, şeýdip gelip durarlar-a! – diýip gadyr açdy. – Müdirem ýaraman gitdi. Häzir arakesmä çykaly. Saňa gatyja diýjegem. Işem tapyp goýdum.
Satyjy öz işine gümrükdi. Gulpy aldy. Arasyna kagyz bölegini goýup, ýapmaga taýynlandy. Ýeňiş bolsa dükanyň içine Parahatdan bihabar bolup, göz gezdirýärdi. Satyjy sklada tarap girip gitdem welin, Ýeňiş usully ätläp, aňryk geçdi. Adam göwresi sygaýmaly polka girip, matasyny çekdi. Ozaldan bilgili Parahat satyjyny gyssady.
– Häzir, häzir – diýip, satyjy dükanyň o ýerine, bu ýerine ýeňil göz aýlady-da: –  ýör, onda gulplaly – diýdi. Ol ýene birsalym aýak çekip, signaly barlady. Signal zaryňlady.
Olar gidensoňam Ýeňiş büküdip esli ýatdy. Aýaklary gurşup gitdi. Şonda-da galmaga milt etmedi. Daşardan biri seredip duran bolaýmasyn. Soňra yra-dara ýerinden galdy. Gyssagy özi bilen bolup, derrew pullary çöpleşdirdi. Düýrläp-düýrläp jübüsine saldy, Soňam sanalyp goýlan tutuş puly ýan kisesine atdy: «Müdiriň ýaraman gideni çyn bolarly. Pul kassa-da tabşyrylmandyr, seýfe-de salynmandyr» diýip, ol içini gepletdi. Daşarda bir gara görnen ýaly boldy welin dessine assa basyp, ýene öňki ýerinde gizlendi. Şu ýerde kellesine bir pikir geldi. Goňşy magazinem edil şunuň ýaly uruldy. Bir operasiýa ýakyn aralykda iki gaýra gaýtalansa, magazinçileriň böwrün-ä diňleder. Ýeňiş jähennem-le diýen manyda elini ýatyşyna silkip goýberdi. Birdenem gapy tarapda şakyrdy peýda boldy. Ýigide galpyldy aralaşdy. Wagtyndan ön gelen satyjy magazini açdy. Ýöne ýanynda Parahat ýokdy. Açyk gapydan eýýäm iki-ýeke girişip ugrapdylar. Ýeri, indi nädip, bildirmän köpe goşulmaly, alyjylaryň arasyna sümülmeli! Hümürdi gitdigiçe köpeldi. Satyjy skladyna-da giräýenok? Ýaman ýerem, satyjy gyssanýan alyjyny ugratmak üçin gaýtargysyny bermäge pul goýýan çekerini çekdi. Boş. Taňkyrap ýatyr. Ol näderini bilmedi. Gaýtargydan-zatdan geçip, iki-baka zowzuldady: – Pul ogurlanypdyr, pul! – diýip, içine sygdyrybilmän bagyrdy. Kimdir biri milisiýa til etmäge gyssandy. Satyjynyň özi dükanyň içini dördi. Ýeňşiň bukulan ýerine gelende, galan-gaçan puly gördi. Neden tutyny galdyrsa, ine biri çugtdyryp otyr. Alaçsyz ýigit zöwwe galaga-da, işige bakan towusdy. Kimdir biri gapyny saklady. Ony ýerli-ýerden garsa tutdular. Eýýäm ýetişen milisionerler germesatan edip, ony demir gözenekli maşyna saldylar. Milisiýanyň maşynynda çugutdyryp oturan Ýeňiş äkidilip barýarka, ýol gyradan sowarakda, belleşilen ýerde agaçlara duwlanyp, digdenekläp duran Parahady gördi...
– Şeýdip tora düşdüm diýsene, jijim! – maýor ýary çekilen çilimini küldanda mynjyratdy. Baba aga çal saçyny sypady. Polkowiik elini eňegine goýup dymdy.
– Özüň-ä töwekgel ekeniň, ogul.
– Ýöne operasiýasy paşmandyr-da. Görseň, mundirlileriň ýeňsesinde gözi bar ýalydyr. Seň tutan guşuňy ütüp goýandyrlar, ütüp. Hany, onsoň yzyny aýtmadyň-la, jijim!
– Yzy düşnükli. Maň-a iş kesildi. Parahadam gaýdyp yzyna gara salmandyr. Şol gidişine kolhoza özüni atypdyr. Indi bir oňat işläp, ýaşap ýör.
– Seniň etmişiň onuň bilen baglanyşykly ahyry, jijim! Eliniň bardygyny aýtmadyňmy?
– Aýtmadym. Hiç kimi günäkärlemedim. Ne ony, ne-de beýlekileri.
– Çig edipsiň, çig. Olam deň derejede günäkär, jijim. Onuň jeza çekmezligine kanun ýol berenok.
– Ähli günäni öz boýnuna alypdyr, Ýaýlym oglum!
– Baba Möwlamowiç, biziň işimize özüň belet. Ogry bilen oňa şärigiň tapawudy ýok. Ikisem ýazyklymy-ýazykly. Oňam üstüni açmaly ekeni.
– Belki, ol basylanyndan bäş esse artyk azar iýendir.
– Azar iýsin, iýmesin, sud edilmäge degişlimi, degişli. Gutardy.
Polkownik:
– Käte öz-özüňe jeza bermek, günäkäriň kürsüsinde kelle ýalaňaçlandan beter täsir edýär – diýdi.
Maýor başyny ýaýkady.
– Ýok,ýok, horlugy gören bilen eşiden deň däldir.
– Men-ä bükgüldäp gezenimden gözenegiň aňyrsynda bolanymy gowy görjek.
– Gowy göräýmersiň, jijim. Azatlyk bilen ondan mahrumlyga parh goýmadyk baryp ýatan nadandyr. Saňa muny düşündirmegiň geregi ýok. Belki, az ýatanyň üçin yzasy süňňüňe ornan däldir. Ýene birküç ýyl sowuk semende bagryňy beren bolsaň, beý diýmezdiň.
Ýaýlym Abdyýewiň bu teýenesi Ýeňşiň seňrigini ýygyrtdy. Gaşy bürüljek ýaly etdi. Ýöne oňa derek starşiý leýtenantyň dodaklary müňküldedi.
– Ýaýlym oglumyňkam ugrundan barýa. Ýöne galybermegiňi nätanyş adam ýokuş göräýmesin.
– Gaty görsün, görmesin, asylkysyny aýdýan. Bizem çöregi ýeňsämizden çeýnämzok. Şoňa ýetik.
– Bi ýigid-ä gönüsinden gelip, içini dökdi. Sen welin, ýakasyny goýbermän dursuň.
– Wagtynda beýleki ýigidiň ýakasy elden sypypdyr, Baba Möwlamowiç! Şoňa janym ýanýa. Öwez Akyýewiç, belki, häzirem giç däldir.
Ýeňiş dymdy, pikire batdy.
– Dymma, pikire batma, jijim. Biz asudalygyň goragçylary. Biz geçirimlilik, ýukaýüreklilik etsek, il agynyk bolar!
– Il diýmesene, Ýaýlym oglum. Käbir adamlar diýsene.
– Bar, käbirleri ekeni-dä. Iki adam eýýäm il bolýar! – maýor nazaryny polkownige aýlady: – Öwez Akyýewiç, ýaňky aýdylany nähili görýäň?
Ümsümligi polkownikden öňürti Ýeňşiň özi bozdy
– Häzir gürrüň o hakda gidenok. Onuňam belki, öz wagty, sagady geler.
– Wah, senden zat soralanok, jijim! Goç diýilmänkäň, goşuljak bolma. Naçalnige sala salynýar.
«Goç» diýlende Ýeňiş neden tisginip gitdi. Birwagtky Goç ýadyna düşdi-de, ony kynlyk bilen ýatlamazlyga çalyşdy. Öwez Akyýewiç parahatlyk bilen:
– Häli-häzir köne samany agtarmak nämä gerek?! – diýdi.
Baba aga söze goşuldy:
– Boljak iş bolupdyr. Ondan bäri ýoňsuz ýyl geçdi. Özem düzelip, atly-abraýly işläp ýören bolsa.
– Baba Möwlamowiç, siz meselä bir taraplaýyn seredýärsiňiz. Ozal jenaýatçy belli bir möhletde gola salynmasa, wagty geçse, eden etmişem şeýle bir çökder bolmasa, işini ýapmak mümkindi. Häzir beýle däl. Çäkli möhlet ýok. On-on bäş ýyldan bilnip, üsti açylsa-da etmişine laýyk jeza çekmeli.
– Biz hemişe gol boýy protokola bil baglamalymy ýa ynam diýen mukaddes düşünjä-de gulluk etmelimi, Ýaýlym oglum!
– Ynam-ynam, kanun-kanun, ýoldaş starşiý leýtenant! Ynam bilen aljak galaň bolmaz.
– Pytraman, anyk gürrüňe geçeliň-le – polkownik ýerinden galyp resmi gepledi: – Bize adam gerek, onda-da gözli-başly adam. Ýeňiş Ilamanow bolsa, eýýäm köpi gören diýsegem boljak. Biziň kärimiz jenaýat agtarmak. Bu bolsa taýýarlykly adam.
Öwez Akyýewiç sözüne dyngy beren pursaty, Baba aga:
– Onýyllyk bilimiň-ä bardyr – diýip, sorady.
– Koloniýada onbirýylygy gutardym.
– Gaty oňat.
– Ýoldaş Ilamanowyň öz öňünde goýan maksady bar. Şol maksady amal etmäge höwesek. Men-ä garşy däl. Içeri işler uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary Wadim Iwanowiç Sergeýew gelsin. Ol häzir komandirowkada. Ministr bilen maslahatlaşyp göreli. Hakykatdanam, sen bize gerekli. Ýogsa-da, sen nirede ýaşaýaň? Adresiň gerek bolar, habar-zat etmäge.
– Myhmanhanada.
– Haýsynda?
– Kolhozçyda. 35-nji komnat.
– Sen gaýdyber.
Ýeňiş turup, gapa tarap ätlände polkownik ýene saklady.
– Propuskaňy bäri al, bellik edeýin. Ýogsam çykjak bolaňda sorarlar.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 66 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: