01:15
Türkmenleriñ müñlerçe arkasy
TÜRKMENLERIŇ MÜŇLERÇE ARKASY

Biziň planetamyzda siwilizasiýanyň ýokary derejesine ýeten ýa-da jemgyýetçilik – ykdysady we medeni ösüşiň ýöntem stadiýasynda duran halklaryň näçedigine garamazdan, olar biri-birinden jynsy ýa-da antropologik tipi boýunça tapawutlanýarlar.
Jyns gelip çykyşy bir etrap bilen baglanyşykly bolan, fiziki taýdan umumylaşan adamlaryň birleşmesidir. Ol ýa-da beýleki halkyň dili, medeniýeti, üýtgäp biler, ýöne onuň jynsy, tipi özgermese, ol şol öňki halklygyna-da galar, hatda halkyň ady üýtgese-de, onuň esasy häsiýetlerinde jynsyň tipi saklanar. Hut şonuň üçin hem şol bir halkyň emele gelen etniki gatlaklaryny kesgitlemekde antropologik maglumatlar möhüm rol oýnaýar.
Türkmenleriň ata watanynyň biziň ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllyk ruhy siňen mukaddes topragy bolan häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşendigi hakynda gürrüň etmek bilen, biz beýleki jynslaryň täsir edendigini garamazdan, müňlerçe ýylyň dowamynda bütewi bir jynsy tipiň saklanyp galandygyny tekrarlamak isleýäris.
Türkmenler özleriniň jynsy tipi boýunça Orta Aziýanyň beýleki ähli halklaryndan göz-görtele tapawutlanýarlar. Olar Orta Aziýa regionynda sähelçe mongoloid keşbiniň düşnügi bolan gawunkelle mongoloidleriň jynsy tipini öňünde jemleýän ýeke-täk halkdyr.
Barlagçylaryň köpüsi türkmenleriň antropologik tipiniň Ortaýer deňziniň gawunkelle ýewropoid tipi, başga aýdanyňda, Hindi-ortaýer tipi bilen golaýdygyny belleýär.
Dagly täjiklerden beýleki Orta Aziýa halklarynyň köpüsi ep-esli mongoloid garyndysy bolan dar maňlaýlylardyr (brahikefallardyr1). Gazaklaryň hem-de gyrgyzlaryň antropologik tipi mongoloid sypatlary agdyklyk edýän garyşyk ýewropeoid we mongoloid jyns sütüni bilen häsiýetlendirilýär. Bu günorta Sibir tipi diýen ada eýedir.
Türkmenleriň jynsy tipini öwrenmek işine baryp 1895-nji ýylda I.L.Ýaworskiý başlapdy, ol şol bada türkmenleri Orta Aziýanyň beýleki halklaryndan tapawutlandyrypdy. A.I.Ýarho, L.W.Oşanin, W.W.Ginzburg, T.A.Trofimow, W.Ýa.Zezenkowa, G.F.Debes, T.P.Kiýatkina, M.G.Lewin, T.N.Dunaýewskaýa, W.P.Alekseýew we türkmen antropologlary D.H.Hudaýberdiýew hem-de O.Babakow tarapyndan türkmenleriň arasynda alnyp barlan ýüzýyllyga golaý antropologik barlag netijesinde türkmenleriň jynsy tipiniň gelip çykyşyny we ösüşini yzarlamaga hem-de gadym geçmişden galan aýry-aýry görnüşlerinden şu güne çenli yzarlamaga mümkinçilik berýän ep-esli material toplandy.
Şol materiallaryň görkezişi ýaly, häzirki zaman türkmenleriniň jynsy tipine meňzeş jynsy tip Köpetdagyň eteginde eýýäm neolit döwründe başgaça aýdanyňda, sekiz müň ýyla golaý mundan öň hem ýaşapdyr. Onuň has irki döwürlerde-de bolan bolmagy mümkindir, ýöne, gynansak-da, bu barada paleoantropologik material ýokdur.
Türkmene çalymdaş bu jynsy tipde käbir halatlarda ekwatorial ýa-da, negroid jynslarynyň aýry-aýry keşpleri göze ilýär. Arheologlaryň Monjuklydepeden tapan aýal kelleçanagynda ekwatorial aýratynlyklar has-da oňat äşgär bolýar. Onuň medeni gatlaklary biziň eýýamymyzdan bäş müň ýyl öňki döwre degişlidir. Bu aýratynlyklar öz häsiýetleri boýunça Günbatar we Merkezi Hindistandan tapylan şol döwre degişli kelleçanaklaryň alamatlaryna golaýdyr. Gadymy ortaýer tipi bilen garyşyk ekwatorial formalar Mohenjo-Doroda, Harappada, Hindistanyň beýleki raýonlarynda ýygy-ýygydan gabat gelýär. Häzirki zaman Hindistanynyň jyns düzümi babatda bu tipe günorta hindi ýa-da gadymy hindi tipi diýen at berildi.

Kelleçanagynyň giňligi äňden 0,8 esse uly bolan adamlar brahikefallar hasaplanýar. Kellesiniň keseligine diametri dikliginiň diametrinden 75 prosentden köp bolmadyklar dolihokefallardyr. Kelleçanagynyň formasy boýunça brahikefallaryň we dolikefallaryň aralygynda duran mezokefallar hem bardyr.
Ekwatorial tipiň garyşyk ýagdaýda täzebagýab arheologik medeniýetine degişli Horezmdäki Gökje-III mazaryndan tapylan ikinji müňýyllykdaky kelleçanakda, arheologlaryň arasynda meşhur bolan Demirgazyk – Gündogar Eýrandaky Gar-el-Kamarbanddyň we beýleki ýerleriň kelleçanaklarynda göze ilýändigini hem bellemek gerek.
Günorta Türkmenistanyň irki ekerançylyk obalary bolan Artygyň golaýyndaky Garadepeden, Tejen jülgesindäki Göksüýri we Hapuzdepeden, Kakanyň ýanyndaky Altyndepeden tapylan giçki eneolit we bürünç eýýamyna degişli kelleçanaklar bu ýerlerde günorta-ortaýer gawunkelle ýewropeodleriň giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýärler. Margiananyň ilaty hem edil şunuň ýaly bolupdyr.
Alymlar Günorta Türkmenistandaky süýri kelleli ýewropeoidleriň gündogar – ortaýer tipi Eýranyň we Yragyň gadymy ilaty, bilen baglanyşyklydyr diýip çak edýärler. Olar bize Sialkdaky, Depe-Gisardaky, Al-Ubeýdedäki, Uraldaky, Kişadaky mazarlar, Bulujystanyň, Demirgazyk-Günbatar Hindistanyň, Owganystanyň ilaty boýunça mälimdir. Biziň eramyzdan öňki iki müň ýyllykdan başlap häzirki zaman Türkmenistanynyň territoriýasyna gadymy ortaýer dar maňlaýly (brahikran) ýewropeoid tipiň aralaşandygyny görmek bolýar. Barlagçylar ony Mesopotamiýanyň demirgazyk-günbatarynda we demirgazyk Siriýada ýaşaýan hürritlere diýseň ýakyn gadymy armeneoid alynky aziýa tipli taýpalara, şeýle hem Zakawkazýäniň ýaşaýjylary bolan urartlara we Tigr derýasynyň gündogarynda ýaşan dagly taýpalara meňzedýärler. Ol Alynky Aziýanyň ilatynyň kemala gelmeginde belli bir rol oýnapdyr hem-de goňşy oblastlara, şol sanda Türkmenistana öz täsiri ýetiripdir.
Ortaýer brahikran ýewrepeoid tipi Türkmenistanyň territoriýasyna biziň eramyzdan öňki VI asyrda ilki bilen Ahemenidler imperiýasy girenden soňra, gijräk bolsa (biziň eramyzdan öňki XV asyr) Aleksandr Makedonskiniň  deržawasyna goşulandan soňra has-da intensiwlik bilen aralaşyp ugrapdyr.
Aleksandr Makedonskiniň Orta Aziýany basyp alandan soňra bu ýerde şäherleriň hem-de harby ilatly punktlaryň birnäçesiniň düýbüni tutup, olara on dört müňe golaý gregi göçürendigi mälimdir. Olar Türkmenistanyň Murgap oazisinde Margian Aleksandriýasyny döredipdirler. Beýleki bir uly şäher bolan Aleksandrepolyň ýerleşýän ýeri, gynansak-da, bize mälim däldir. Bu beýik basybalyjy gündogarda-alyp baran syýasatynda özüniň esgerleriniň hem-de göçüp gelen grekleriň basyp alan ýerlerindäki hüýrsypat wekilleri bilen nikalaryny hemmetaraplaýyn höweslendiripdir.
Aleksandr Makedonskiý we onuň  dowam etdiren Selewkidler biziň eramyzdan öňki üçünji asyryň ahyryndan dördünji asyryň ortalaryna çenli Orta Aziýa şäherlerine göçüp gelen grekleriň, aýratyn-da, Siriýadan gelenleriň uly rol oýnap başlamaklaryna sebäp bolupdyrlar. Bu bolsa öz nobatynda diňe bir ýerli medeniýete ellin medeniýetiniň aralaşmagyna däl-de, eýsem garyşyk pikalaryň sanynyň köplügi sebäpli ýerli ilatyň antropologik sostawynyň belli bir derejede özgermegine-de getiripdir.
Ortaýer brahikran ýewropeoid tipi parfiýa eýýamynda-da Türkmenistana gürrüňsiz aralaşandyr. Parfiýa şalygy bäş ýüz ýyla golaý wagtyň dowamynda, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki üçünji asyryň ortalaryndan üçünji asyryň soňky üçünji bölegine çenli Orta Aziýadan Mesopotamiýa aralygyndaky ägirt uly territoriýany öz sostawynda saklapdyr. Bütewi bir döwletiň çäklerinde bäş asyra golaý gelip çykyşy we jynsy tipi boýunça dürli-dürli halklar özara gatnaşykda bolupdyrlar. Parfiýanyň patyşalary grek medeniýetiniň öňünde tagzym edip hem-de şonuň üçin özlerini «fil ellinler» atlandyryp, patyşalyk edýän ýerlerine grekleriň göçüp gelmeklerine ýardam edipdirler. Şol döwürlerde başga hili ýol bilen göçüp gelenler hem peýda bolupdyr. Asyryň dowamynda Parfiýanyň hem-de Rimiň arasynda bäsdeşlik we harby gapma-garşylyk dowam edipdir. Köpsanly parfiýa-rim uruşlarynyň netijesinde rimlileriň müňlerçesi ýesir alnypdyr. Parfiýanyň patyşalary olary häzirki zaman Türkmenistanynyň territoriýasyna ugradypdyrlar. Mysal üçin, diňe Karryň ýanyndaky söweşden soňra (biziň eýýamymyzdan öňki 56-njy ýyl) ýesir düşen rim esgerleriniň on müňden gowragy kolonistler hökmünde Margiana göçürilipdir. Käbir ýerli taýpalaryň greklerden gelip çykandygy barada şu güne çenli dowam edip gelýän rowaýatlara belki-de şu zatlar sebäp bolandyr?
Türkmenistana ortaýer brahikran ýewropeoid tip bilen bir wagtda Orta Aziýa Iki derýa aralygyndan brahikran ýewropeoid tipi hem aralaşypdyr.
Bularyň hemmesi dürli taryhy döwürlerde türkmenleriň ata-babalarynyň antropologik keşbiniň kemala gelmeginde brahikran ýewropeod jynsy tipiniň iki wariantynyň – ortaýer we Orta Aziýa Iki derýa arasynyň wekilleri bolan etniki toparlarynyň hem rol oýnandyklaryna güwä geçýär. Ýeterlik antropologik materialyň bolmazlygy antik we orta asyr eýýamynda Türkmenistanda dürli jynsy tipleriň gatnaşygy hakynda pikir ýöretmäge mümkinçilik bermeýär.
Ýöne brahikdan ýewropeoid elementleriň türkmenleriň häzirki zaman jynsy tipiniň döreýiş prosesine uly täsir edendigini aýtmak nädogry bolsa gerek. Türkmenistanyň ilatynyň esasy bölegi ähli taryhy eýýamlarda her niçik-de bolsa, häzirkisi ýaly süýrükelle ýewropeoid keşbinde bolupdyr.
Häzirki döwürdäki ýaly, gadym eýýamlarda-da ol ýa-da beýleki ýerde başga halkyň wekilleriniň peýda bolmagy olaryň ýerli halklar bilen hökmany garyşmagyna getirmändir. Olar biri-biri bilen gatyşman hem ýaşap bilipdirler. Dürli taýpalaryň we halklaryň arasyndaky nikalaryň goldanylmandygy ilkidurmuş jemgyýetinden bäri mälimdir. Galyberse-de, olar gös-göni ýa-da gytaklaýyn gadagan edilipdir. Bu bolsa endogamiýa diýlip atlandyrylýan diňe taýpanyň öz içinde nika baglaşmak baradaky däbiň ýüze çykmagyna getiripdir. Bu däp köplenç halatlarda häzirki güne çenli saklanyp galýar. Şonuň üçin-de, bir territoriýada üzňe endogam etniki toparlaryň gatyşman ýaşamak mümkinçilikleriniň diňe bir bardygyny aýtmak bilen çäklenmän, eýsem ol ýa-da beýleki ýeriň ilatynyň düzümine seredilende muny hemişe göz öňünde tutmak gerek.
Öz wagtynda Krasnowodsk ýarym adasyndaky we Aşgabat etraplaryndaky mazarlarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýeterlik antropologik material alyndy. Olara şu setirleriň awtoryna-da gatnaşmak miýesser etdi. Bu mazarlarda jaýlanan adamlaryň haýsy etniki topara degişlidigi anyklanmady. Aşgabadyň etegindäki Akdepedäki mazarda jaýlanan adamlar, megerem, haýsydyr bir eýran dilli taýpa degişli bolsa gerek. Olaryň ählisiniň brahikran keşbi bardy. Bu mazarlary öwrenen N.G.Zalkind we S.P.Polýakow olary galdyran ilatyň türkmenleriň sostawyna goşulandygy, şonuň üçin hem häzirki zaman türkmenleriniň keşbiniň kemala gelmeginde Akdepäniňkä kybapdaş etniki toparlaryň belli bir derejede rol oýnandyklary barada aýtmak boljakdygy hakynda netije çykardy.
Has soňrak bu materialy öwrenen akademik W.P.Alekssew Aşgabadyň etegindäki Akdepede ýaşan etniki toparyň türkmenleriň etniki taryhyna gös-göni dahylynyň ýokdugy barada düýbünden başga hili netijä geldi. Ol Krasnowodsk ýarym adasyndaky mazarlardan alnan materiallary öwrenende-de şeýle karara geldi. Bu ýerde biz toparlaryň garyşmagyny däl-de, izolirlenen toparlaryň gatyşman bile ýaşamaklarynyň mysalyny görýäris.
Aslynda Türkmenistanda endogam taýpalaryň garym-gatym bolman ýaşamaklary şu güne çenli dowam edip gelýär. Ýaňy-ýaňylar hem resmi etnografiýa we sonialogiýa ylmy türkmenlerde taýpa tapawudyň ýoklugyny, hamala, türkmen halkynyň sosialistik birleşmesi netijesinde olaryň soňuna çykylandygyny tassyklaýardy. Haýsydyr bir etnografik topar hakynda gürrüň gozgalaýsa-da, ony diýseň çekinjeňlik bilen «öňki taýpa» diýip atlandyrýardylar. Ýöne taýpanyň, esasy alamatlarynyň biri onda endogamlygyň bolmagydyr. Bu bolsa türkmen taýpalarynda saklanyp galypdyr we häzire çenli pugta saklanýar.
Türkmenistanyň etnografiýasynda-da, sosiologiýasynda-da häzirlikçe dürli türkmen taýpalarynyň arasynda geçirilen mediki-genetiki barlaglaryň maglumatlary ylmy aýlanyşa girizilenok. Biz muny segseninji ýyllaryň ahyrlarynda amala aşyrypdyk. Mysal üçin, segseninji ýyllaryň ortalarynda geçirilen mediki-genetiki barlag türkmen taýpalarynyň genetiki differensiasiýasyny takyk görkezýär. Bu bolsa olaryň endogam üzňeliginiň gös-göni netijesidir.
Mediki-genetiki barlaglar çärjewli türkmenleriň arasynda nikalaryň 96,47 prosentiniň, Daşhowuz oblastynyň Lenin we Ýylanly raýonlarynyň garadaşlylarynda hem-de ýemrelilerinde bolsa 100 prosente çenlisiniň taýpanyň öz içinde bolup geçýändigini görkezýär. Şu maglumatlar mynasybetli türkmen taýpalaryna tutuşlygyna millet babatda özbaşdak populýasiýa hökmünde garamak gerek, sebäbi türkmen taýpalarynyň ählisi, AWO we Nr sistemasynyň gen ýygylygy boýunça biri-birinden tapawutlanýar.
Şeýle-de bolsa, biri-birinden genetiki taýdan üzňeligine garamazdan, türkmen taýpalary bary-ýogy tutuş bir zadyň ülüşi bolmagynda galýarlar. Olaryň arasyndaky genetiki tapawut ujypsyzdyr.
Mediki-genetiki maglumatlar antropologlaryň türkmenleriň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda öz jynsy tipini diňe endogam mehanizmi arkaly saklap galandyklary, ýogsam olaryň beýleki etniki köpçüligiň arasynda eräp gitmelidikleri baradaky pikirini tassyklaýar. Türkmenistanyň territoriýasy gadym wagtlardan bäri dürli halklaryň hem-de jynslaryň medeniýetiniň ýüzbe-ýüz bolan ýeridir. Beýik ýüpek ýolunyň esasy böleginiň hut şonuň territoriýasyndan geçendigini aýtmak hem ýeterlik bolsa gerek. Diller we diňler, döwlet serhetleri hem-de dinastiýalar özgerip durdy, ýöne ýerli milletiň jynsy sostawy welin üýtgewsiz galýardy. Häzir biz türkmen jynsy tipine beýleki jynsy tipleriň täsiri barada gürrüň edýän hem bolsak, muňa düýpli özgerişler döredip bilmedik geldi-geçer zat hökmünde garaýarys.
Şunuň bilen baglylykda türkmenleriň gawunkelleligi baradaky meseläni ünsden düşürmek bolmaz. Bu mesele boýunça çekişmeler eýýäm ençeme wagt bäri dowam edip gelýär. Mesele türkmenleriň süýri kelleliligi genetiki zatmy ýa-da ol kelleçanaga emeli taýdan täsir edilmeginiň netijesimi diýen terzde goýulýar.
Türkmenistanyň ilatynda kelleçanagy deformirlemek – ýeňse-maňlaý we halkalaýyn (sirkul) deformasiýa däbi takmynan bäşinji asyrdan başlap biziň günlerimize çenli gabat gelýär, aýry-aýry raýonlarda ol, mundan ýigrimi-otuz ýyl mundan öňki döwre çenli hem saklandy. Kelleçanagy emeli usul bilen çüreltmek ýaş çagalykdan kellä ýörite daňy daňmak ýa-da dar tahýa geýdirmek arkaly gazanylýardy, şonuň netijesinde kelleçanak özüniň tebigy formasyny üýtgedýär.
Bu däbiň dowam edip gelmegi barlagçylaryň käbirine türkmenleriň süýrükelleligi emeli zatdyr diýen netije çykarmaga esas döretdi. Türkmenleriň gawunkelleliginiň emeli häsiýete eýedigi baradaky pikiriň tarapdarlary çagalaryň ilki ýaşlarynda barlag geçirilende alnan materiallara salgylanýarlar. Ýöne olaryň çykaran netijeleri ynandyryjylyksyzdyr, sebäbi olarda kelläniň formasynyň ýaşyň ulalmagy bilen baglanyşykly kadaly özgerişlikleri göz öňünde tutulmaýar.
Dürli ýyllarda I.A.Ýarho, L.W.Otonin, K.N.Nažimow, W.Ýa.Zezenkowa, W.W.Ginzburg, T.A.Trofimowa, W.P.Alekseýew, D.H.Hudaýberdiýew, O.Babakow we beýlekiler tarapyndan arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan kelleçanaklaryň we häzirki ilatyň öwrenilmegi netijesinde alnan maglumatlar gaýtam tersine, türkmenleriň gawunkelleliginiň emeli usuly netijesi däl-de, eýsem durnukly jynsy alamatdygyny subut edýär. Şu ýerden hem gadymy wagtlardan bäri Türkmenistanyň, ilatynyň, süýri kelleli ortaýer tipinden dörändigi barada diýseň möhüm netije çykarmak bolýar.
Türkmenistanyň territoriýasy süýrükelle ýewropeoidleriň demirgazyk Hindistandan Ortaýer deňzine çenli ýaýylyp ýatan mekanynyň bir bölegi bolupdyr. Türkmenlere mahsus bolan süýnmek kelleli tip L.W.Otanin tarapyndan teklip edilen «zakaspi» ýa-da «kaspi» jynsy diýlip atlandyrylan bu jynsyň diňe bir lokal görnüşidir.
Ýaňy-ýaňylara çenli «zakaspi» jynsy diňe türkmenlere mahsus hasaplanýardy. 70-nji ýyllarda akademik W.P.Alekseýew türkmenleriň, dagly täjikleriň we Pamiriň etegindäki halkyýetleriň antropologiýasynyň analizi netijesinde özüniň «Orta Aziýanyň gadymy ýewropeoid ilaty we onuň nesilleri» diýen işinde ýüzleriniň ini (çüri hem-de süýnmek) boýunça olaryň diýseň golaý garyndaşlygy baradaky karara geldi. Ol dagly täjikleri we Pamiriň etegindäki halkyýetleri «kaspi» («zakaspi») jynsyna goşýar hem-de pamir-täjik brahikran jynsyna degişli bolan sähra täjiklerine we özbeklerine garanyňda, türkmenlere diýseň golaýdyklaryny aýdýar.
Dagly täjikleriň we Pamiriň etegindäki halkyýetleriň maddy we ruhy medeniýet babatda hem türkmenler bilen meňzeşlikleriniň bardygyny bellemän geçmek bolmaz, ýöne, gynansak-da, häzirlikçe bu ugurdan ýörite barlaglar geçirilenok. Şonuň üçin-de, dagly täjikleriň we Pamiriň etegindäki halkyýetleriň türkmenlere golaýlygy, bu ýakynlygyň gelip çykyşy barada belli bir zat aýtmak kyndyr.
Türkmenleriň kelläni emeli usul bilen çüreltmek däbi hakyndaky mesele hem ýörite maksada gönükdirilen barlagy talap edýär. Hususan-da, bu däbiň Orta Aziýanyň gündogarynda antik döwründe ýaşan çarwa taýpalardan gunnlardan ýa-da günbatarly sarmatlardan, ýa bolmasa-da Powolžede we Demirgazyk Kawkazda bürünç eýýamynda berjaý edilen däpden gözbaş alandygy anyklanan däldir. Antropologlaryň pikiriçe, Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman halkynyň kelleçanagy emeli ýol bilen çüreltmek problemasynyň öwrenilmegi diňe bir halkyň gelip çykyşy baradaky meseläni däl, eýsem jynsy geneziň umumy problemalaryny çözmäge mümkinçilik berer.
Häzirki zaman türkmenleriniň antropologik sostawynyň kemala gelmeginde dar maňlaýly mongoloid (brahikefal) elementler hem belli bir rol oýnady. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, «türkmenleriň düzüminden mongoloid garyndynyň tapylmagynyň uly etnogenetiki ähmiýeti ýokdur, sebäbi mongoloid garyndy Orta Aziýanyň ähli halklarynyň düzüminde gabat gelýär».
Bu ýerde esasy zat diňe mongoloid garyndynyň bardygynda däl-de, eýsem onuň udel agramyny we şol bilen baglylykda ol ýa-da beýleki komponentiň belli bir halkyň kemala gelmeginde oýnan roluny anyklamakdadyr.
Orta Aziýa regionynyň beýleki halklaryna garanyňda türkmenlerde mongoloid garyndysy birnäçe esse azdyr.
Mongoloid garyndynyň türkmenleriň antropologik düzümine aralaşmagy bir wagtlaýyn zat däldir, megerem, ol birnäçe tapgyr arkaly bolup geçen bolsa gerek. Türkmenleriň düzüminde mongoloid garyndynyň peýda bolmagy barada ylymda iki sany nukdaý nazar döredi.
Olaryň birinjisine laýyklykda, Türkmenistanyň ilatynyň intensiw türkileşmek prosesiniň bolup geçen orta asyr eýýamynda mongoloid komponentler peýda bolup ugrapdyr. Şol döwre çenli bu ýeriň ilaty gündogar eýran topar dillerinde gürleýärdi.
Ikinji nukdaý nazary G.F.Debes öňe sürdi Ol türkmenleriň antropologik tipiniň kemala gelmegine täsir eden mongoloid jynslaryň iki görnüşiniň – biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrynda bu ýerlere aralaşan süýrükellelileriň we irki orta asyrlarda peýda bolan brahikranlaryň bolandygyna ünsi çekdi.
Alymyň pikirine görä, has giçkilerden ikinji nobatda süýrükelleligi ýa-da iň bolmanda mezokefallygy bilen tapawutlanan mongoloidler gunnlaryň ýöriş eden döwrüne, ýa-da bolmasa, umuman, heniz doly differensirlenip ýetişmedik gadymy protomorf mongoloid şahasyna degişli bolýar.
Soňky ýyllarda toplanan antropologik material Türkmenistanyň territoriýasynda mongoloid täsiriniň ilkinji gezek peýda bolmagy gunnlaryň döwründen has irki wagtda degişlidir diýip çaklamaga esas berýär. Ýöne hut gunnlaryň döwründe onuň udel agramy artýar.
Şunuň bilen baglylykda türkmenleriň, şonuň ýaly-da Orta Aziýa regionynyň beýleki halklarynyň antropologik tipiniň kemala gelmeginde gunnlaryň azda-kände täsiriniň bardygy hakyndaky çaklama hem esassyz däldir. Galyberse-de, akademik W.P.Alekseýew türki dilli beýleki halklaryň antropologik tipine soňkynyň orta asyr eýýamynda ýewropeoid we mongoloid tipleriň garyşmagyna garanyňda has uly rol oýnandygyny aýtmagyň hem mümkindigini belleýär.
Merkezi Aziýa tipli keşp bilen häsiýetlendirilýän ikinji, has giçki mongoloid gatlak türkmenleriň ata-babalarynyň sredasyna irki orta asyrlarda aralaşyp başlaýar we Türkmenistanyň territoriýasyna türki dilli dürli taýpalaryň aralaşmaklary bilen baglanyşyklydyr.
Merkezi Aziýa tipiniň türkmen halkynyň antropologik tipine täsiri ösen we giçki orta asyrlarda-da dowam edipdir. XVII asyrda mongoloid garyndylaryň aralaşmagy mongol tatarlarynyň çozuşy zerarly has-da güýçlenipdir.
Gös-göni türkmenlere degişli hasap edilýän mazarlaryň materiallary boýunça soňky ýyllarda Günbatar Türkmenistanda geçirilen barlaglar ýygy-ýygydan mongoloid garyndysy bolan brahikran jynsy tipi ýüze çykardy.
Bu mazarlaryň türkmen ilatynyň hataryna goşulan Deşdigypjakdaky türki taýpalaryň wekillerine degişlidiklerini çaklamak bolar.
Galyberse-de, hakykatdan hem brahikran antropologik tipi bilen häsiýetlendirilýän nurata türkmenleriniň topary-da bize mälimdir.
Onuň gelip çykyşyna düşünmek üçin nurata türkmenleriniň ata-babalarynyň X-XIII asyrlarda Syrderýanyň orta akymlarynda Garadag etraplarynda, Türküstanda mekan tutunandyklaryny, soňra bolsa migrasiýanyň girdabyna düşüp, bir böleginiň Nurata daglaryna, beýleki bir böleginiň bolsa Orta Aziýa Iki derýa aralygyna göçendigini hasaba almak gerek.
Sözümiň ahyrynda türkmenleriň antropologik düzümine mongoloid elementleriň aralaşmagynyň köp asyrlyk taryhyna garamazdan, türkmenleriň keşbinde mongoloid garyndynyň diýseň ujypsyzdygyny tekrarlamak isleýärin. Müňlerçe ýyl mundan ozal hem, häzirki günde-de türkmenleriň we olaryň ata-babalarynyň müňlerçe arkasynyň jynsy tipiniň bazisi bolup süýri kelleli ýewropeoid ortaýer tipi hyzmat edipdir.

Marat DURDYÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Marat Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: