01:11
Ynsabyñ jezasy -3/ romanyñ dowamy
ÜÇÜNJI BAP

Parahady kimdir biriniň idäp gelendigini habar berenlerinde, ol kän äwmedi. Şäherli tanyşlaryndan biridir öýdüp traktoryny nobatdaşyna tabşyryp, kera-mara gaýtdy. Brigadanyň meýdan düşelgesiniň öňünde durany göreninde bolsa... birden togtady. Goram-gowşam bolup gitdi. Öz gözlerine ynanmajak boldy. Ýenede düşelgäniň ýanynda duran inçeden uzyn göwrä siňin-siňin seretdi. Gör-le, olam özüne tarap gymyldaýyn diýenok. Gaýta gedemlik bilen dur. Parahat bu kyn pursatda nepesini durlap dursa-da, onuň şo-ol wejiniň ýoklugydy. Eýsem nätmeli? Ýene-de sanlyja salymdan ýüzbe-ýüz bolar. Göz göze düşer. Ol näme diýer? Özi oňa näme gaýtargy berer? «Men-ä ýedi ýyly arka atyp geldim» diýse, köne dert täzeden gozgamazmy? Ýedi ýyl! Ýedi ýyl özge üçin demir gözenegiň aňyrsynda bolmak, gör nähili hesret! Soňuny sanmaz töwekgellik! Ýok, Parahat, seň, dostuň irde-giçde. haklaşjagyny bileňokmy? Ol öňde-soňda köwlenmeli ahyry. Ol ölüme gitmändi. Indem, halha, alnyňda saňa garaşyp dur. Ol bigaýrat, namart diýip ýüzüňe basar. Seniň üçin ýedi ýylym haýp gitdi diýer. Yzyndan baranlaryňy nädip delillendirjek! Görüşdirmeseler, salama eltmeseler niçik ynandyrarsyň! Ýok, Parahat, ol erkeklik etdi, sen namartlyk edeniňi boýnuňa al-da, başyňy etegiňe salyp bar.
Oý-pikirler heniz onuň aýagyny duşaklap, goluny baglap durdy. Düşelgäniň ýanynda duran adamam özi ýaly hesret çekýärmikä? Ýok, ol arkaýyn. Eýlesine-beýlesine garanjaklap durşy. Parahadyň ezýetini başdan geçirýäne meňzänok.
Parahat esli wagtdan soň aýňalana döndi. Indi gelişi ýaly sagdyn däl-de, ysgynsyz ädimläp ugrady. Ýöne şol taýak ýetim aralyk juda hupbatly boldy. Dynnym şekilli kesejige büdräp uly göwre neden tüwdürilip gidipdi. Ah, onuňam bary gursakda gopýan harasat zerarly dälmi?..
Iki dost görüşdi. Parahat gelip, garsa gujaklady.Ýok, birhili-birhili gyzaryp-bozaryp, oňaýsyz ýagdaýdaky Parahady Ýeňiş gujaklady. Birazlap sesini-üýnüni çykarman, dosty dost synlady. Ýeňşiň üst-başyna, geýim-gejimine seretdi. Özüniň şu geýminem, tegmil-tegmil ýag ýoky siňen penjegidir jalbarynam dostunyňkydan ybaly gördi. Ýa Ýeňşe haýpy gelipmi, ýa onuň çeken derdi-yzasy ýüregine ornapmy Parahadyň bogazy hykga doldy. Dostuna dagy zat diýmän diňe:
– Sag-aman geldiňmi, Ýeňiş – diýdi. Emma sesi welin bozukdy. Şol gowuşgynsyzlygy bilenem:
– Gitdik! – diýip, düşelgäniň ýanynda keserip duran motosikletini otlady. Güňleç warryldyň arasynda Ýeňşiňki zordan eşidildi.
– Nirä?
–  Işiň bolmasyn, mün!
Ýeňiş başyny ýaýkady.
– Gorkma, men zerarly ikinji gezek türmä düşesiň ýok.
– Men-ä senden şoňa-da garaşman duramok.
Bu söz Parahadyň içinden parran geçdi. Ýeňiş ony gepiň gerdişine görä aýdyp goýberenem bolsa, dostuna erbet täsir edendigini bildi. Onuň ozalky çekýän azabyndan bihabarsyramagy göz-görtele boldy.
– Oýlanmasana, Ýeňiş jan!
Ine, muny Parahadam tüýs ýürekden diýdi. Sözüniň soňuna «jan» goşsa-da ol Ýeňşe, hut özüne-de bela diýlen ýaly bolup eşidildi. Herhal, ýene Ýeňşiň özi ýuwmarlady.
– Dile geldi – bile geldi, aýdaýdym.
– Hany, gelsene!
Ýeňiş Parahadyň goýmajagyny bilip, onuň ýeňsesinden uzyn aýaklaryny sallady.
Parahadyň elleri rulda, gözleri ýolda bolsa-da, kellesini gyşardybrak Ýeňiş bilen gepleşip barýardy.
– Sensiň öýdüp eger-eger pikir etmesem näme. Ýogsam göni gaýtjag-a. Tüweleme, ýatlap geläýipsiň. Ýeňiş, ýogsa-da nädip tapdyň?
– Gazetden.
– Gazetden!
– Arada suratyň bilen gazete çykan ekeniň. Barsam, taparyn diýip, gazeti ýygnan, goýupdym.
– Ol öňräkdir ahyry.
– Aý, onsoňam iki ädim ara. Aşgabadyň alkymyndaky kolhoz. Gel, görüp gaýdaýyn-la diýdim.
– Oňarypsyň.
Parahat iki ýakasy kaşaň-kaşaň jaýly asfaltly köçeden geçip, ýene birmeňzeş jaýly köçä düşdi. Traktoryň odur-budur döwük-ýenjik şaýlary goýlan bir tipli jaýyň işiginde saklandy. Ilki Ýeňiş düşdi. Parahat motosikledini ýere diräp, ýol ugrunda goýdy.
– Men-ä kolhoza uraýandyryn. Parahat egin deňläp gidip barýarka gürrüň berdi: – Kolhoz bir süýtli sygyr. Hyzmat etseň, eçilibilýä. Mülk berdi. Nesýe-nowgan pul berdi. Şu görüp duran jaýyňy gurdum. Bergilerimem bireýýäm üzdüm. – Öňlerinden gulpajygyny tasadyp, dört-bäş ýaşlyja gyzjagaz çykdy. Parahat eglip, gyzyny gujagyna aldy. Gyzjagaz kakasynyň boýnundan iki golunam aýlap, naşyja seslendi.
– Kakga, kakga, ejem saňa gutap bişirdi. Içi etli.
– Baý, süýjä!
– Gyzym, ejeň myhman geljegini bilipdir-dä!
Myhman diýlende gyzjagaz ýalta kakasynyň ýanyndaky adama çiňerildi.
– Bilenok ahyrym, Ýöne özi bişiräýdi.
– Hany, onda çaý demlesin, bar aýt.
Gyzjagaz düňküldäp gitdi. Parahadyň özi ilki aýakgabyny çykaryp, gyzynyň giren gapysynyň gapdalyndaky otagy açdy. Ýeňşem öýe girdi. Jaýyň içi arassady. Kän goş ýokdy. Ullakan telewizor bilen serwant goýlupdyr. Ýöne ýassyk münder-münderdi. Bosaga tarapda geýim asgyç durdy. Parahat ele saldam berip duran ýelek ýassygyň birini Ýeňşe, birinem özüne oklady. Soňam asgyçdan alabeder pižama alyp, Ýeňşe berdi.
– Gerek däl. Şulam bolýa. Ütügi bozuljak gümany ýok.
– Al diýlende alaýarlar. Ynjalykly oturarsyň. Ýeňiş bialaç almaly boldy. Tyrryk balagyny aýryp, pižamany aýagyna sokansoň, dünýäsi giňän ýaly boldy.
Gapydan eli çäýnekli ýaş aýal girdi. Utanjyrap salam berdi. Ýeňiş neme diýjegini bilmän, salama salam diýmek bilen oňaýdy.
– Ýaşynýandyr öýtme, oba aýallarynyň bolşy şu. Meň özüm bilenem zordan gürleşýä bi – Parahadyň degişmesine Ýeňiş çala ýylgyrsa, aýaly:
– Goýsana, utandyrjak bolmasana – diýdi.
– Ady Aýjemal. Brigadanyň hasap depderçesinde-hä Aýjemal Parahat diýlip ýazylýar. Bularyň özleriniň öňli-soňly adam ýok. Adam mydama bize tirkegli.
– Goýsana, Parahat! – diýip, Aýjemal adamsynyň ýakynragyna geçip, myhman ýigide çekinibräk seretdi.
– Myhman bilen saglyk-amanlyk soraşmaga puryja bir ber ahyry. – Onsoň ol adamsynyň jogabyna-da garaşman, pessaý ses bilen:
– Öý-içerler saglykmy? Uly-kiçi gurgunmy? – diýdi.
Ýeňiş näme diýsin! Ýok zatlary bar etsinmi? Ýok, bir başam bolsa, maşgala ahyry. Ýeke-de bolsaň, bütewi hojalyk bolup dursuň. Parahatdan gerek. Tanyşdyraýmal-a. Her näme-de bolsa, dymyp oturmazlyk üçin Ýeňiş «Şükür» diýen boldy.
– Ýemşik, Aýjemala seň adyňam aýdamokmy! – diýip, Parahat birhaýukdan özüne gelen ýaly söze goşuldy.
– Aýtjagyňy aýtdyň-la. – Ýeňiş ýylgyrdy.
– Büýä şeýle bolaýdy. Ady Ýemşik däl, Ýeňiş. Men Ýöne öwrenen endigim boýunça aýdaýýan. Özem bilýämiň, Aýjemal, bi meň nähili dostum?! Ho-ol, gürrüň bermeýärmidim näme tussaglykda diýip. Sekiz ýyl basyldy diýýädim-ä! Şoň ýedi ýylyny oturyp geldi.
Aýjemal birhili tisgindi. Özi duýmazdan elini dodagyna ýetirdi. «Şu şomy?» diýýän terzde gözlerini petredip, myhmana dikarynlady. Ýeňşi hasam galpyldy basdy. Ýerden gabagyny galdyryp bilmedi.
– Ýör, ýör, eşiden bolsaň, beýdip durma! – diýip, Parahat Aýjemal bilen tirkeşip jaýdan çykdy. Derrewem yzyna öwrülip:
– Ýemşik, sen bir käse çaý iç, men häzir geldim! – diýip, gapyny ýapdy.
Daşarda motosiklet tatyrdady. Onuň sesi uzaklaşdygyça Ýeňiş ýatlamalar girdabyna gark boldy.
...Onuň çyn ady Ýeňişdi. Ýöne Ýemşik lakamy ýörgünlidi. Beýle atlanmagynyňam öz sebäbi bardy. Burnunyň paşyk, eňeginiň ýa dodagynyň ýemşerip durany üçin Ýemşik diýilmän, tersine, ýüzüne burnunyň kölege salyp durany üçin şu ady alypdy. Munam dakan kakalygydy. Soň-soň şondan başga adynyň bardygyny özem bilmeýärdi. Kakasy urşuň dördünji ýylynda fronta gidipdi. Olam şondan soň dünýä inipdi. Çagajyk gününi sanap ösýärdi. Ilkinji bagyr awusyny ata gujagyna alyp bilmändi. Ýöne aýalynyň toýludygyna ol bagtyýardy. Enäniň şatlygyny bolsa zat bilen deňär ýaly däldi. Ejesi ýaş halyna ýykma-ýykylma güzeran bilen mydar etdi. Garaşdy. Adamsyna garaşdy. Ilamandan hat-habar gelip durdy. Urşam paýawlaberipdi. Arman «ýetimiň agzy aşa ýetende, burny ganarlary» boldy. Uruş gutarjak-gutarjakda Berliniň eteginde Ilamanyň wepat bolandygy barada hat geldi. Ol hatyň näme hakdadygyny kiçijik Ýeňişjik bilmese-de, ejesiniň ile güne sygman, şondan soň aglap oturyşyny köp gördi. Uruş ýatdy. Ýene-de abadançylyk günler başlandy.
Ejesi Jerenem indi öňküsi ýaly perişan bolup ýörenekdy. Uly iliň şatlygyna goşulypdy. Ýöne Jereniň ogluna bolan mähri welin, iki esse artypdy. Şeýdip, ýyl yzyna ýyllar geçdi. Durmuş arabasam şeýdip tigirlenip gidiberse boljakdam welin gördüňmi, ýene bir zat gapdaldan zompa çykaýdy. Ah, şo zat bar bolsun!.. «Är öldi-hatyn talak» diýip, ýananyň biri aýdyp gitdimikä ýa duluň tapyp ýören gürrüňimikä? Näme-de bolsa, başy boş Jereniň töwereginde göz köpelipdi. Oýundan-çyndan kakdyrmasa dullaryň dili gijäp duran ýalydy. Jeren dirije Ilaman bolup duran oglunyň hatyrasyna gelen sawçyny bir gezek gaýtardy, iki gezek gaýtardy. Üçünji gezek ýok diýse-de diýdi welin, özi hakynda-da pikir etmän durmady. Dördünji gezek öz ykbaly bilen oglunyň täleýini terezä saldy. Agram deň geldi. Diýmek, özüň barada-da pikir etmek boljak. Entek giç däl. Ömrüň ötinçä ýeke-ýalňyz ýanyp-bişip ýörüp bolmaz ahyry. Öleniň yzynda ölüp bolýarmy? Ikinji söýgi bar diýleni ýalanam bolsa, a belki, bagt ikinji sapar synalyp görülse nähili?! Haçan göwün bölenini özünden öňürti il bilipdir.
Çagaly dul halyna boýa barmak barada özem göwün ýüwürtmändi. Ýeri, sopbaş dul alnyňdan çykaýmal-a! Telpegi agan zat ýokmy diýsene! Gel-gel, üç çagaly, onda-da saýyrdyň-saýyrdyň ogul-gyzly Hümminiň onuň bagtyndan çykyşyny! Bolsa-da bu gara jürjene, ýüzüni durşuna tüý basan, ýörände bütin göwresi bilen oýmudyklap barýan Hümminiň heleýden bagty bar ekeni. Ýaş üstünden ölen öňküsinem alyp gaçypdyr diýýärler. Nebir-nebir ýigitlere yrylman ýören Jeren birden onuň bilen goş birikdirdi oturyberdi. Bardam, Hümmä ýetikleriň aýdyşy ýaly «daňylgy itiň üstündenem düşdi». Bir ýyla ýetip-ýetmänem jägildäp çagasy boldy. Olam ýuwaş-ýuwaş etikdi. Indi bir öýden üç dürli ululy-kiçili bäş çaga girip-çykýardy. Has dogrusy, bir öýden ýedi baş-ýedi häsiýetli adam örýärdi.
Ýeňiş ilki-ilkiler öweý doganlary bilen ysnyşjak ýalam etdi. Emma päkize oglanlyk gatnaşygy uzaga gitmedi. Agy-garany saýgaryp ugranda henize-şu güne çen duýmadyk zadyny –  kakalygynyň yzgytsyzlygyny duýdy. Belki, ozal juda oglan bolup akyly ýeten däldir. Belki, daşy çolaran wagty bagryndan öndüren balasyny bagryna basyp, ejesiniň aram-aram bady-baran bolup oturanynyň aňyrsynda nämeleriň ýatýandygyny hyýalyna-da getiren däldir. Indimi?!.. Kakalygyň sessiz gyňyr garaýşam içinden ok bolup geçýär. Ese-boýa galyp barýan oglanyň ala tutulmagam, kakalygynyň sähel zat üstünde yrsarajak bolup ýörmegem onuň oglan nazaryndan sypanok. Hümminiň özi bilen basdaş Jümmi diýen oglam bir garagol, aýdar-diýer ýaly däl. Et diýenini etmeseň, ýa ber diýenini bermeseň, kakasy geldigi derrew ýamanlar. Özem süýtdeş doganlary bilen sene-mene edişse-de dawanyň gapdalyndan Ýeňşi goýmaz. Sebäbi kakasynyň oňa dişiniň ötýändigini bilýär. Bir gezek Ýeňiş çilik oýnap ýörkä, atanlykda Ýeňşiň tommaýly taýagy aýagyna gütüledi. Muňa-da bir Jümmi çyrlamak çyrlandyr, goýdurybilseň goýdur-da! Agzyndan gelenini Ýeňşe pürkýär.
– Kakam bir gelsin, senjagazy edişine bir bak!
– Waý, muny! Oýundyr-da. Men nä bilgeşlin etdimmi?
– Men näme, men näme? Çiligi aljak bolup aýagyma ýelmediň.
– Aýagyňy taýagyň ýanyna eltmezler, sowarak tutarlar.
– Sen nä ýelmäýmelimi?
– Men bilmändirin, how, bilmändirin.
– Ýok, sen bilip urduň. Kakama aýtjak.
– Bar, how, ol-a kakaň ekeni. Kakaň kakasyna-da aýt...
Aýtdam. Hümmi ozalam bir dargursak, muňa-da bolmajysyny boldy.
– Men saňa kimiň kimdigini görkezerin uly göwresini kiçeldip, jalbaryndan kemerini sogurdy. Jeren öňüni daldalap, raýyndan gaýtarjak boldy.
– Çagadyr-da. Bu gün urşarlar, ýene ertir äbe-de-jüýjedir.
– Sen bir gapylsana. Mydama maňkalyň arkasyny çaljak bolup dursuň. Munuň tümmi burnuny ýemşertmeseň, otyrýeri bilen däl.
Hümmi dergazap bolup, burçda ýygrylypjyk oturan Ýeňşiň daşyna geçdi. Saýgylady. Ganyny gaçyryp, tüýküligini syçradyp, hem sökdi, hem ýençdi.
– Meniň görde ýatan atama ýeterçe kim bolupsyň!..
Oglan her uranda bir ýana agdaryldy. Urlan ýerini eli bilen tutdy. Hümmi bolsa eliniň üstüne ýelmedi. Gorkudanmy, özüniňem gamçylanmagyndan haýygypmy, el-aýagyny ýitirip, soň, soň özüni rastlan Jeren dady-perýat edip ara düşdi.
– Öldürdiň ýumruk ýaly çagany, ganym!..
Hümmi hile bir iş eden ýaly hassylap, gaýra çekildi.
– Bular ýalyny şeýtmeli. Asyl indi gaýtalamaz. «Ýetim oglan saklasaň bolmanda-da agzyň-burnuň gan bolar».
Jeren Ýeňşi bagryna basyp, gyňajy bilen hem oglunyň, hem özüniň gözýaşyny süpürýärdi. Bütin göwresi bilen sandyrap aglaýardy. Ýüregi agzyndan çykara gelen bigünä oglan bolsa aglasa-da sesini çykarmaýardy. Hiç haçan Ýeňşiň möňňürip aglap duranyny gören ýokdur. Aglar, sessiz aglar. Ähli zady içine salar. Kakasy ölensoň ejesiniň aglanyny kän, gaty kän görüpdi. Ýöne özi aglamazdy. Aglamany ine şu ýere gelip, kakalygyna duşup öwrendi. Ine bu gezegem sese däl-de, dodagyny dişläp, sessiz gözýaşa zor saldy. Ejesi welin, oglunyňam deregine aglaýardy.
Bu oglanyň içinden çykmady. Öweý doganlary bilen gaýdyp oýnamadam. Oýnasa-da ýeke özi oýnady, gezse-de ýeke özi gezdi. Agyr güne uçran adam ýaly, hemişe başy aşak boldy. Günlerde bir gün welin, içinde gert-gemre baglan hyýalyny ejesiniň ýeke özi otyrka daşyna çykardy.
– Eje, bu ýerden gideli. Saňa-da gün ýok, maňa-da. Mydama şeýdip ýörmeli bolarysmy?
Jeren Ýeňşe oglan hökmünde däl-de, uly adama gep düşündirýän ýaly edip aýtdy.
– Adamyň ozal bagty pes bolmasyn, oglum. Bizi şu günlere düşüren, hazan alan, uruş dälmi? Meni mähriban ýanýoldaşdan, seni eziz atadan aýran, zalym uruş dälmi? Ejeň indi nirä gitsin! Ýene bi jigiňi ýetim goýsunmy? Ýene äre barsynmy? Maňlaýdakyny görübermeli boldy, jan guzym. Senem gaýrat et, hä diýmän sendenem geçer...
Ene ýene bozuldy. Ýeňiş ýene erkek oglanlygyny etdi. Aýlar aýlandy, ýyllar dolandy, ýagdaý welin öňkülitinden üýtgemedi. Kakalygynyň soňky şarpygy ony öýden büs-bütin bezikdirdi. On bäş ýaşly oglan ejesinden, kiçijik jigisinden, öweý doganlaryndan geçdi, ýok, ýok, ol diňe kakalygyndan gaçdy. Soňmy? Görülmedigi görde galdy öýdýän. Internada ýerleşdi. On sekiz ýaşaýança internatda okadam, ýaşadam. Wah, ol wagtlar diýsene! Kileň özüň ýaly oglan-gyz. Gijräk gelenine puşman ede-ede Ýeňiş neneň-niçik ýetginjek çykanynam duýmady. Internadam bir gün on sekiz ýaşlylary sülgüniň jüýjelerini seçişi kimin pytradyp goýberdi. Ana, ähli bela-beterlikler şondan soň başlandy. Ykmandalygam şondan soň başlandy. Ýogsam, gurluşykda bir oňat işläbem ýördi. Gijeki mekdepde okamaga hyýallanýardy. Bary biderek boldy. Aldawa düşdi. Hepbesizleriň toparyna goşulyp, kaňkamadyk ýeri, burnuny sokmadyk işi galmady. «Şefiň» ýörelgesi bilen ýöredi. Şäherlere boş gidip, «ýükli» geldi. Puly eliniň tersi bilen sowdy. Bar güni bazar etdi, ýok güni ýene jübüsiniň gabarmagynyň alajyny agtardy. Ýüpek-sapak getirip oljasy oňanda şu gün ýaşap, ertiri näme bolsa şol bolsuna urdy. Harwar-harwar puly karta goýdy. Utdy. Utdurdy. Ýene oýnady. Parahat bilen tanyşlygy-da şol ýerden başlandy. Köplenç ikisi bile hereket etmeli boldy.
...O sapar welin, Parahadyň bijesi galdy. Ömrüni humara goýan ýetginjek lüt utulyp, hany-manyndan çykdy. Utduran puluny gyzgyny bilen «şefe» getirip bermelidi. Nädip? Nirede? Ine, şu çatak. Alçak, hemişe töweregindäkileri gyzyl-gyran gülüşdirip, içlerini gyrara getirýän ýigidiň ýüzünde ruh-pet galmandy. Onuň indi ne anekdot aýtmak ýadyna düşýärdi, ne-de kimdir biriniň agzyna öýkünip gürrüň etmek. Hä diýmän bolsa «ýere gir welin, pul getir» diýip, «şefiň» azgyryljagy görnüp durdy. Gahar-gazabyny çilimden çykarjak bolýan ýalymy ýa ajy tüsse bir ýerden uç tapmazmyka diýýän görnüşdemi, sigaretiň birini söndürip, birini çekýärdi.
– Gam çekme, keýp çekeli, Pahat! –  Ýeňiş adaty endigi boýunça gepledi. Ol hemişe Parahadyň adyny gysgaldyp aýdagandy. Bu gezegem şol edähedine eýerip, elini dostunyň gerdeninden aýlady.
– Senemiň ýanyna gideli, jorasy bilen tanşarsyň.
– Men tök diýsem, ýene näçe ogluň bar diýýäň. Kisämde it uwlaýar, seň gyz ýadyňa düşýär.
Ýeňiş jübüsinde bitertip goýlan puly şol durşuna çykardy.
– Bu ikimize bes, soňunam görübereris.
– Näçe?
– Altmyş dagy bardyr.
– A meň «şefe» bergim ummasyz. Goç ony geçmezem. Onuň janyny alan pul.
– Bir çakyrakda boldum edäýseň bolmadymy.
– Kelle göçdi-dä.
– Hawa-da, göçüp, özüň öňräk lomaý utdurmadyňmy diýsene!
– Ýa menem sen ýaly gidip-gelmeli bormukam?
– Bilmedim-dä. Pylan diýsem ýalançy. Seni tananoklar-a. Ynanmazlar. Men «şefiň» özi bilen gitdim ahyry.
– Onda nädeli?
– Töwekgellik etmeli bor.
Parahat agyr oýurgandy.
– Bir obadaşym satyjy diýýämidiň?!
– Diýýän bolsam, diýýändirin.
– Parahat, belki, şoň nepi deger!
– Onça puly nesýe berip bilmez.
– Soňuny gaýgy etmän, bolmasa, al salmaly bolar-da...
Daşarda eşidilen motosiklediň tarryldysy Ýeňşiň pikiriniň arasyny üzdi.
Onýança-da:
– Kän garaşdyraýdymmy, Ýemşik! – diýip, Parahat işikden boýnuny uzatdy.
– Aý, ýok.
– Ýersiz sypaýyçylyk ýeňsäňe düwündiren ýumrukdan agyr degýär. – Parahat ornaşyp sumkasyny arka ýüze süýşürdi. Soňam çäýnegi elleşdirip:
– Baý-bow, buz bolupdyr, buz – ýerinden ýeňil gopdy: – Aýjemal, gyzgynjak çaý getireweri!
– Näme, julk etme hyýalyň barmy?
– Onda nahar getir, how, nahar!
Ýeňiş dostunyň bolşuna ýylgyrdy.
– Öňki bolşuňdan ýognapsyň diýmeseň, üýtgän zadyň ýok.
– Gaty kän üýtgäpdirin, Ýemşik! Bilmediksirän bolma. Öňki biweçlik ýokdur. Öňki syrma sallahlygam ýokdur. Indi öýli-öwzarly, çagaly-çugaly Pahadyň bardyr.
– Ony aýdamok, özüň hakda. Häsiýetiň hakda. Keýpiň kök, şähdiň açyk..
–  Şähdim şu gün açylman, haçan açylsyn.
Aýjemal gowurlan bagröýken alyp geldi. Gyzjagazy oňaýsyz tutup, gök getirdi. Saçak dürli-dümen naz-nygmatdan doldy.
– Agzy meňli aşa ýakyn – diýip, bir ýerden Parahadyň goňşusam häzir boldy. Ol Ýeňiş bilen görşüp, saçak başyna geçdi.
– Aýjemal, işlekliň ugruna-da çykaweri. – Parahat çaý uzadyp duran aýalyna aýtdy: – Ýetişibilmeseň goňşa kömekleş diýäý.
– Aýjemal gelin, biziňkä bir azar bermegin. Parahadyň myhmany – biziň myhmanymyz. Parahadyň dosty – biziň dostumyz. Ýeňşe bizem gelbäri etmel-ä!
– Gaýraky goňşyny çagyraý bolmasa.
– Siz arkaýyn iýip-içiberiň. Ýetişdirmesi meň bilen.
– Munyň başga gep. Hany, onda alalyň – Parahat ilerräk süýşüp, tabaga elini ýetirdi.
– Tagapyl et, how, elime bir suw akydaýyn. – Daşardan kimdir biriniň sesi eşidildi.
– Yslam, geleweri-de, geçeweri. Garaşdyrdyň-aý.
– Heleýe gep düşündireniňden özüň edeniň müň paý aňsat. Towukly palaw taýynla, Parahat dagy bilen geljek diýsem, «towuk tutup ber» diýýä. Tutup bersem, «soýubam ber» diýýä. Nätjek, etmeli boldy, töweregine ýaltaklap: – Aýal-oglan-uşak ýok dälmi?
– Ýok. Özli-özümiz. Arkaýyn gürläber.
– Etmänem gör, oňa-da işiň düşüp dur, how!
Muňa görüşmäge elini uzadyp duran Ýeňşem ýylgyrdy. Gelen epeý göwresi bilen esli aralygy eýeläp, ýogyn aýaklaryny aşagyna ýygnady. Soňam salparan alkymyny Ýeňşe tarap öwürdi.
– Myhman, sag-gurgunmyň! Şeýdip, gelip durmal-a. Biz-ä, bir kolhoz adamlary. Iş-güýç bilen sypynybilemzok. Parahadyň öýündenem del töwir galsyn ahyry.
– Ýogsam, şu çakda myhman-mediwanam gelip duranok – Parahat stakanlara arak guýuşdyrdy: – Geliň, onda şuny dostumyz Ýemşigiň saglygyna içeliň!
Geňräk at tutulansoň beýlekiler haýran galmak bilen aşaklykdan Ýeňşe seretdiler. Parahat sözüniň üstüni ýetirdi.
– Ýeňşiň saglygna!
– Hemmämiziň saglygymyza! – diýip, Ýeňiş ýerden gabagyny galdyrdy.
Birbada şapbyldylardan başga ses çykmady.
Parahadyň arryk goňşusy onçakly gowy tenmedik bagyrdan gan ýoky galan dodagyny ýalaşdyrdy-da:
– Baggoýuny kaklapsyň-da – diýdi.
– Ýa Kelewiň eline pyçak berip, soý diýseň, ol-a goýun ekeni, heleýiňem kaklajak.
– Özi gelmedimi? – Beýleki adam erninden syrygan ýagy aýasy bilen süpürdi.
– Aragyň ysyny alsam bolanok diýdi. Myhman bilen salamlaşmaga özüm wagt taparyn diýdi.
– Agyzdan aragyň ysy-ha gitmez, gelse-gelmese! – arryk adam gözlerini ýyltyldatdy.
– Hany guýsana! – diýip, beýleki goňşy ýumşak bagry çekeledi.
– Öňüni başladym. Indi özüň saky bol – Parahat stakanlaram, aragam onuň öňüne süýşürdi.
Iýgi-içgi, degişme, gülüşme uzaga çekdi. Gürrüň etdigiçe Parahadyň keýpi göterilip, göwni açyldy. Soň nobat yzyna nobat aldylar. Ýene gezek Parahada ýetdi. Ol barha joşup, gürläp başlady. Ýeňiş dostunyň juda göwnühoşdygyny gördi. Beýlekilerem edil Parahat ýaly. Hany, mundan ýedi ýyl öňki Pahat bilen şu günki Parahady deňeşdirip bir gör! Deňeşdirmek asla mümkin däl. Geldi-geçerlik, bikärlik nire, gol doly maşgalada ata bolup, durmuşda öz ornuňy tapma nire! Ýeňiş bu zatlary pikir ede-ede ýanyndakylary assyryn synçy nazaryndan geçirýärdi. Hemmesi hem şeýle. Olaryň durmuş ýoly Parahadyňka meňzeş bolmasa-da, häzirki durky-durmuşyny aýrar ýaly däl. «Beýle adamlar bilek sözüňem alşar, näçe göterseňem başyň aýlanmaz» diýip, Ýeňiş gezegen pikirleriň yzynda ýüwürýärdi.
Ýeňşi gezek-gezegine myhman çagyrdylar. Ol näçe etmejegem bolsa goýmadylar. Gitdi. Oturdam. Ýöne bu orunlara özüni mynasyp hasap etmedi. Aslynda ol kim? Törde oturmaga haky berin barmy? Tussaglykdan boşap gelenine näme gün geçdi? «Ýok, bular sen kim bolsaňam, biziň myhmanymyz. Onda biziňkä hä diý. Biz bu hezzet-hormatlary Parahat üçin edýäs ahyry. Parahat biziň dostumyz, senem onuň dosty» diýýärdiler. Her näme-de bolsa, ol şu iki günüň içinde peseldi, gaty peseldi. Aýak üste görüp gaýdaýyn diýenem bolman, iki güni ele almaly boldy. Beýlekileri hasap etmäniň-de, hut öz dosty Parahadyň ýanynda-da kiçeldi. Goç bilen selpän günleri ýadyna düşüp kiçeldi, belki o wagt kän zatlara akyly çatan däldir. Ýöne ol şeýdip utdy. Gaýtmadyk bolsa, muny nireden bilsin! Belki, dostuny beýle ýakyndan tanabam bilmezdi. Özüni kem tutup, agyr ýüküň aşagynda galsa-da, onuň dostuna guwanjynyň çeni-çaky ýokdy.
Ýeňiş teý-ahyr Parahat bilen ikiçäk galanda gaýdarmandygyny ýene bir gezek duýdurdy.
– Gaýdarsyň-da, nije wagtdan bir duşduk.
– «Doýan ýeriňde doklugyňy siňdirme» diýipdirler.
– Ol bize degişli däl.
– Çak boldy, Pahat.
– Sen-ä oglan ýaly, Ýemşik!
– Ýeri bolýa-la. Onsuzam aşagyndan çykar ýaly etmediň. Men küje, beýle sylag-hormat küje!
– Biderek gürrüň etme. Bu entegem az.
Ýeňiş ýerinden turdy.
– Biraz sabyr et.
Parahat goňşy otaga çykyp gitdi. Kagyza dolaygy bir zady goltuklabam gaýdyp geldi.
– Ikimiziň boý-syratymyzda kän tapawut ýokmuka diýýän. Ýöne seň öňkiňden uzapsyň, horlanypsyň. Men welin, daýanandyryn. – Ol kagyzy açyp, täzeje penjegi Ýeňşe uzatdy.
– Bi, näme?
– ...
– Ýo-ýok. Beýdip, meni ikinji gezek utandyrjak bolma.
– ...
– Pahat, muny şeýtmäli.

– Geýerligi bolmasa-da, şony geýjek.

Parahat soň oňa kän gulak asybam durmady. Ýeňşiň köne egin-eşigini täze penjegiň kagyzyna dolady.
Ýeňiş bialaç razylaşmaly boldy. Täze jalbaram, penjegem biçilip tikilen ýaly, şaplaşdy durdy.
– Ine munyň bolýa. – Parahat Ýeňşiň jalbaryny ýazyşdyran bolup, kisesine elini sokdy. Ýeňşem şol hereketi gaýtalady.
– Ine, munyň bolanok.

– Sowalgam bar.

– Görkezmeseň ynanjak däl-dä!
Ýeňiş köne penjeginden az-owlak pul çykardy.
Şondan soň Parahat Ýeňşi şähere deňiç ugradyp, yzyna dolandy.
Parahat oba dolanansoň, Ýeňşi ýene gam basdy. Dostunyň yzyndan gaňryla-gaňryla galdy. Şu iki günüň içinde ol hem eseldi, hem peseldi. Göwünli-göwünsiz ýöräp barşyna ýap-ýaňy aýrylyşan täze dostlaryny göz öňüne getirdi. Ýene pikiri lükgeligi bilen Parahada syrykdy. Ol barada başyny agyrtmajak bolup, özüne zor saldy. Barybir bolmady. Ýedi ýylyň labyry gerdeninden daş bolup indi. Meýdan düşelgesindäki pursaty ýatlady. Parahadyň aňyrdan gelşine badyny gowşadyşy, ikirjiňleýşi şuş-şu mahal hakydasyna geldi. Diýmek, Parahady Ýeňşem görüpdir! Düşelgäniň ýanyndaky adam özüni gören däldir öýdüp, Parahat ýalňyşypdyr-da! Özüniň uzakdan synlanyp durlandan ol bihabar ekeni. Soň ýaýdanmasy, nätjegini bilmän elewleýşi dostunyň nazaryna ileninden entek-entegem habarsyzdyr. Üýtgän sesi, sowuk keşbi, galagoplulygy Ýeňşi şu wagt öňküden beter oýurgandyrýar. Ýene oňaýsyz duşuşygy ugrukdyryp goýberen Ýeňşiň özi dälmi. Eger şonda ýedi ýylky hupbaty unudyp, dostuny bagryna basmadyk bolsa, nähili bolardy!? Bu eýsem ýene onuň dözümsizlik etdigimi? Ýene-de tebigylygynyň tersine gidip bilmän, giň göwrümliligini subut etdigimi? Belki, bu özüniň gowşaklygydyr! Ýuka ýürekliligidir.
Ol şu ýerde ýüze gelip bilmezligini boýun aldy. Ejizliginden, ýumry-ýumşak, dözümsizliginden örtendi. Eýsem, görmän gören dostuna näme diýsin? Haklaşmak üçin geldimi? Aslynda özüni dostunyň huzuryna getiren zat näme? Ýedi ýylky azapmy? Reýgan günler, aýlarmy?..
«Gaty kän üýtgändirin, Ýemşik! Bilmediksirän bolma. Öňki biweçlik ýokdur. Öňki syrma sallahlygam ýokdur. Indi öýli-öwzarly, çagaly-çugaly Parahadyň bardyr».
Bu onuň Ýeňşe pitçiň berdigimikä? Ýa ýöne gepiň gerdişine görä aýtdygymyka?
Ýene Parahadyň howsalaly garaýşy Ýeňşi oda saldy. Soň ugruny düzüp, şo-ol öňki wäşiligine başlamasy az-kem özüniňem, dostunyňam ýüküni ýeňledipdi. Ýöne aýalynyň tanyşdyran mahaly özünden bäş beter oda-köze düşüşini diýsene! Elini-aýagyny ýitirip, goýanyny-göterenini bilmedi. Eşidipdir. Adamsynyň eli barlygam, bendiligem aýdylan bolara çemeli. Ýogsam myhmanyň öňünde beýdip özüni ýitirmezdi. Ilki «öý-içeri gurgunçylykmy, çaga-çugalaň saglykmy?» diýmesi onuň gelen myhmany tanamazlygyny aňladýar. Soň, soň bolsa!..
Ýeňiş öwhüldäp dem aldy. Ham-hyýallaryndan, içi otly-tütünli jebir-jepalaryndan näçe uzaklaşjak bolsa-da bolmady, gaýta olar basmarlady. Ýene bialaç Parahadyň sözlerini gaýtalady...
«Gaty kän üýtgändirin Ýemşik! Bilmediksirän bolma. Öňki biweçlik ýokdur. Öňki syrma sallahlygam ýokdur. Indi öýli-öwzarly, çaga-çugaly Parahadyň bardyr».
Çaga. Perzent. Öý. Maşgala. Parahat deňli-derejeli, öýli-işikli adam. Ogly-gyzy, aýaly, allanäme durmuşy bar. Gün-güzerany oňat? A sen Ýeňiş!.. Sen ýeke Ýeňiş! Seniň kimiň bar? Ýedi ýylyň girdabyny çekmedik bolsaň, Parahadyňky ýaly seniňem bireýýäm ajap durmuşyň bolardy. Ylgap ýörenje gyzyň, emedekläp ýören ogluň bolardy. Olar işden geleniňde kaka diýip öňüňden çykardylar, gideniňde enaýyja ellerini galgadyp galardylar. Ýedi ýyl sowuk demre bagryňy oýkaman, ýanýoldaşyň yssy mährine çoýunardyň. Dostlaryň ýagşy niýet bilen gapydan girip, ýagşy niýet bilenem çykardylar. Hany, ol zatlar, Ýeňiş! Hany, ol eşretler? Sen birini şeýle derejä ýetirip, öz ömrüňi köýdürdiň, öz ömrüňi! Dostuňy bagtly edip, özüň bedibagt bolduň...
Ýeňiş agyr suslandy. Ýöne öz-özi bilen aldym-berdimli söweşmesinden sähelçe-de gaýtgyn tapyp bilmedi, wyždan hesreti ony ikelläp bogdy.
Parahadyň hažyk-hužugyna maýyl bolup, mumly ýüplüge dönenine indi-indi akyl ýetirdi. Ýöne ol dostuny ýigrenmedi, aýalynyň açyklygynam, myhmansöýerliginem halady. Dostlaryna-da syny oturdy. Geplemsek gyzjagazynam eý gördi. Onda näme ol ýanyp-bişýär? Bendiligimi? Ýedi ýyllap dünýäň gözelliklerinden katymut galmagymy? Köpelmeli ýaşda köpelmän, sopbaş bolup ýörmesimi?
Hesret ýigidi gysdy-gowurdy. Üsti-başyna edil şu mahal gözi düşen ýaly, peti ýazmadyk penjek, jalbaryny elleşdirdi. Kagyza dolangy köne egin-başyna gaýtadan ser saldy. Indi özüni hasam tüýtmeläp başlady. Amanat geýim! Birdenem bu geýim-gejim çeken jebir-jepasynyň öwezine berlen ýaly bolup duýuldy. Amanat geýimde özünem amanat saýdy. Jalbardyr penjek tenine dürtülip, neden gysyp-gowrup başlady. It ýassanan adamyň biynjalyklygy başyna geldi. Ýaldyrawuk çalymtyk iliklere çenli oňa gyjyt berdi.
«Taşla, taşla. Özüňkini geý».
Bütin daş-töwerek, oýan, bu ýanda gaýmalaşýan adamlaram özüne hüjüme geçdi.
«Köne-de bolsa, özüňkini geý».
Gyssandy. Geýen täze egin-eşigini näçe çalt egninden sypyrsa, şonça tiz harasatly kalby, hesretli dünýäsi aram tapjaga döndi.
Категория: Detektiw proza | Просмотров: 70 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: