01:09
Ogluma ýazan hatlarym / 4-nji hat
4. Salam, eziz perzendim!

Bu zatlaryň baryny: idealyň, ýaşaýyş maksadynyň, hakykatyň, gözelligiň seni tolgundyrýandygyna men, gör, nähili şat. Seniň bu problemalara beýle içgin «garaýşyňy» men esli wagtdan bäri görmändim. Hatymyň sende bir topar pikir döredenligine-de men şat. Megerem, seniň beýle aýdyň galkynmagyň sebäbi häzir seniň alnyňdakylaryň täze adamlardygydyr, seniň dünýädäki iň ajaýyp, iň täsin zada – Adama günsaýyn akyl ýetirýänligiňdir. Adama akyl ýetirmek bolsa gaýtalap, öz-özüňe akyl ýetirmekdir.
Seniň giriş ekzamenlerine ugramagyň öň ýanyndaky gutarman goýan jedelimiz meniň ýadymda (ýadyňdamy, biz bagda armyt agajynyň aşagynda oturypdyk), onsoň biziň jedelimiziň iň dartgynly ýerinde ejeň: «Wagt boldy, ýene bir sagatdan otly gelýär» diýipdi... Sen öz pikiriňi mamla etjek bolup jibrinýärdiň: «Ideal adamlaryň döremegine amatly şert ähli jemgyýetçilik güýçleriniň bir tarapdan ýagşylyk, beýleki tarapdan hem ýamanlyk diýen aç-açan gapma-garşy zolaklara bölünen wagtynda bolupdyr. Şol wagt näme ugrunda we nämä garşy göreşmelidigi, ýagşylygyň niredeligi, ýamanlygyň niredeligi aýdyň bolupdyr. Indi bolsa beýle däl, ideal ugrundaky göreş gündelik iş bilen utgaşyp gidýär» diýipdiň. Sagymçy plandan artyk bir müň litr süýt sagypdyr, şonuň üçinem eýýäm ol hakda gahryman hökmünde gürrüň edýärler. Eýsem, gahrymanlyk beýle aňsatlyk bilen ýetdirýänmidir? Adaty zähmet – borç hökmünde, ýaşaýyş şerti hökmünde çekilýän zähmet «edermenlik» diýen beýik söz bilen juda ýygy sylaglanýan-a däldir-dä? diýip mysal getiripdiň.
Seniň hatyň şol pikirleriňi ýaýbaňlandyrýar. Olar örän çylşyrymly, inçe meseledir. Aýratyn-da ideal zat baradaky mesele şeýledir. Ilki bilen, ideal zat diýmegiň kemsiz-kössüz zat diýmek däldigini ýatda saklamak gerek. Adam demir-betondan däl-de, gan bilen etden «ýasalandyr». Men Pawel Korçagine ideal adam diýmekden ýüz döndermezmikäň diýýän, onuň öz-özi barada aýdany seniň ýadyňa düşýärmi? Ynha, onuň sözleri: «Ýöne samsyklyk sebäpli, ýaşlyk sebäpli, köplenjem bilmezlik sebäpli goýberlen ýalňyşlyklaram az bolmandy». Özündäki kemçilikleri gahrymanyň özi görüpdir, ýöne bu ajaýyp adamdaky esasy zady kesgitleýän kemçilikler däldir. Iň esasysy rewolýusiýanyň al baýdagynda onuň ganynyň hem birnäçe damjasynyň barlygydyr.
Ynha, şol ideal diýilýän zat. Ol ynsan hyjuwy, onuň hakykatyň dabaralanmagy ugrunda, rewolýusiýanyň ýeňmegi ugrunda alyp barýan göreşiniň güýji bilen ölçelýär. Ernest Hemingueýiň: «Adam ýeňilmek üçin dörän däldir. Adamy ýok etse bolar, ýöne ony ýeňip bolmaz» diýen sözleri ömürlik ýadymda galypdyr. Ýöne bu sözleri Ernest Hemingueý aýtmazdan has ozal, dünýä olary Pawel Korçaginiň dilinden eşidipdi. Diňe eşitmegem däl, edermenligi görüpdi hem, oňa haýran hem galypdy.
Şeýle bir zady göz öňüne getir. Aleksandr Ulýanow, Stepan Halturin, Sofýa Perowskaýa... ýaly durmuşdan bireýýäm giden, özleri üçin adalatly sosial gurluş uzak geljegiň işi, bendi ediji, ajaýyp arzuw bolup görnen adamlar biziň durmuşymyza, gündelik işimize bir syn etsediler. Olaryň bu zatlary görüp, näme pikir etjeklerini göz öňüne getirip gör. Haýran galmadan ýaňa olaryň ýürekleri heýjana gelerdi. Olar biziň döwrümiziň özüni, bütin durmuşymyzy ideal hasap ederdiler. Şol gahrymanlaryň her biri: «Ynha, meniň özüm üçin başymy gurban eden durmuşym» diýerdi.
Ýaman ýeri, bu zatlar biziň gözümize-de ilenok, özümiziň haýsy döwürde ýaşaýanlygymyzy biz unudýarys. Gahrymançylyk biziň özümizde, özlerini gahrymandyr öýtmeýän we özlerine gahryman diýseň, ör-gökden geljek sada zähmetkeşleriň millionlarçasyndadyr. Düşünjeler hem üýtgeýär: göwnüme bolmasa «sada adam», «rýadowoý zähmetkeş» diýen sözlerde adama göwnüýetmezçilik äheňi duýulýan ýaly.. Sada adam ýok. Biziň ekin meýdanynda, fermada, stanogyň başynda işleýän döwürdeşimiz sada dagy däldir.
Rewolýusiýanyň al baýdagy... Ony biziň halkymyz dünýäniň üstünde guwanç bilen pasyrdadýar. Rewolýusiýa dowam edýär, rewolýusiýa dünýäni täzeden özgertmegiň çür depesine golaýlap barýar – ynha, biziň döwrümiziň manysy nämede. Geçmişiň iň gowy adamlarynyň arzuw eden zatlaryny, olaryň jebri-jepalara, ölüme döz gelen zatlaryny biz häzir öz ellerimiz bilen amala aşyrýarys. Biz kommunizm gurýarys – muňa diňe biziň her birimiziň gündelik durmuşymyza kommunistik idealyň, ýagşylyk hem hakykat idealynyň özleri üçin bagt hakynda maýyl ediji arzuw-durmuşa geçirip boljak, ýöne uzak wagtda geçirip boljak arzuw bolan adamlaryň gözi bilen gören çagymyz düşünip hem duýup bolar... Ana, şol seniň gürrüňini eden sagymçy zenanyň hakykatdanam, ideal adam, gahryman. Onuň görkezýän gahrymançylygy ýok, ýöne onuň bütin ömri edermenlik.
Ol näme üçin gahryman, oňuň ömri näme üçin edermenlik bolýar? Sebäbi ol öz zähmeti bilen adamyň mertebesini galdyrýar. Oglum, sen kommunistik gurluşygyň maksadyna: biziň nämäniň hatyrasyna zähmet çekýändigimize, planlar düzüp, olary nämäniň hatyrasyna ýerine ýetirýändigimize akyl ýetirjek bol. Olaryň hemmesi adamyň bagty üçindir. Kommunizm hudaý tarapyn aňsyz-düşünjesiz adamlaryň üstünde howalanyp duran, ýetilip bolunmajak bir zat däldir. Kommunizm adamyň özündedir, onuň bagtyndadyr. Kommunizm gurmak diýmek, her bir adamy, her bir maşgalany bagtyýar etmek diýmekdir, bu bolsa bagtyýar jemgyýetsiz mümkin däldir. Ruhy eşretler, baýlyklar, gymmatlyklar bolmadyk halatynda bagt mümkin däldir, asyl akyla sygmaýan zatdyr. Maddy gymmatlyklary döredýän sagymçy zenan diňe bir maddy elpe-şelpelikleriň gamyny iýmeýär. Maddy elpe-şelpelikleriň bar ýerinde baý ruhy durmuş hem bolýar: adamlar poema ýazýarlar, saz döredýärler, dünýäde iň beýik telewizion diň gurýarlar we teleskopyň obýektiwini alyslardaky ýyldyzlara gönükdirýärler. Eger sada hem rýadowoý sagymçynyň zähmeti bolmadyk bolsa, Pahmutowanyň ajaýyp aýdymlary hem, Şostakowiçiň simfoniýalary hem, akademik Ambarsumýanyň iň täze ýyldyzlaryň döremegi baradaky batyrgaý arzuwlary hem... bolmazdy. Seniň okaýan wuzuň hem, paýtagtyň müňlerçe ýaşaýjylarynyň gyzykly kitaba mübtela bolýan, konsert zalyna we teatra gidýän şol agşamky ümsüm çaglary hem bolmazdy. Ol sagymçy zenan özüniň durmuşy döredijiligine düşünýär. Sada hem rýadowoý diýlip atlandyrylýan adamda ideal zadyň manysy ine, şeýle bolýar. Zähmet döredijiliginiň özeni ine şundadyr. Eger müňlerçe we müňlerçe sagymçy zenanlar we ýer sürüjiler, şahtaçylar we metallurglar bolmadyk bolsa, onda ýeriň ýüzünde biziň rewolýusiýamyzyň al baýdagy hem bolmazdy.Ideal zat biziň durmuşymyzyň özündedir. Daş-töweregiňe ykjam göz aýla, adamlara syn et, ýüzde ýatan zatlary däl-de, çuňda, içde ýatan zatlary görjek bolup çalyş, ana şonda sen ideal zady görersiň. «Idealsyz ýaşaýan adam betbagtdyr» diýip, I.S.Turgenew ýazypdy. Hakykatdanam, adamyň öňünde onuň ýol salgy beriji ýyldyzy – idealy şöhle saçmadyk bolsa, durmuş juda sus bolardy.
Oglum, janyň sag, wagtyň hoş bolsun. Seni ykjam ogşaýaryn.
Kakaň.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wasiliý Suhomlinskiý | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: