23:27
Jöwza hem şypa / hekaýa
JÖWZA HEM ŞYPA

Dostum G.Daşgynowa bagyşlaýaryn.

Kurortçylaryň durmuşy ýerleşmekden başlanýar. Kimi güneşi söýse, kimler güzaýy küýseýärler. Kimseler penjiresiniň daga bakanyny islese, kimler giň sähra ýüz tutanlaryny gowy görýärler. Onsoň esasy aladaň ýoldaşyňy duşurmak. Ýaňrasyny isleýäňmi, dymmaragyny?.. Elbetde, adamlar beýle dannaşyp barmasalar-da, hemmesiniň göwnüniň töründe şol iki arzuwyň jan giren gurçuk dek müňküldeşjegi belli. Arzuw hem adam isleginiň bir görnüşi. Onuň durmuşa aşmagy ýa-da aşmazlygy adama uly täsir edip bilýär. Şonuň üçin arzuwyň belli derejede hasyl bolany gowy. Bolmadyk ýerlerinem öz göwnüňe göräräk düzlemeli. Eger kime aýnasy daga bakyp duran jaý düşse ol: «Şuýa gowy bolaýdy, kemerli daglara seredip ýatmaly» diýip guwanýar. Kime kölege ýüzi düşse, ol hem mydama işde gün aşagynda gezip ýörenini ýatlap, saýa tarapda bäş günlük dynç aljagyna begenýär. Garaz, her kim öz ýaşaýan tarapyny gowa saýýar. Tebigat diýlenem jomart, onuň islendik tarapyndan iň bolmanda bir adamy haýran galdyrarlyk, biriniň göwnünden turarlyk zat tapyp bolýar.
Ýöne ýoldaş hakda weli öz göwnüňi bada-bat kanagatlandyryp bolaýanok. Ýoldaşyň bilen öwrenişýänçäň, oňa göz astyndan gyýalap baý seredýäň-ä. Bolsa-da, muňa-da şükür edere şert bar. Şert. Ýogundan alla saklasyn! Ine, köri idip ýörenlere näme diýjek? Sebäbi olam ýöremeli seniň ýöreýän ýoluňdan. Bu durmuş diýleni hatda kurort ýagdaýynda-da ýeňil däl.
Tebigat öz baryny adamlara deň paýlamandyr. (Deňsizlik tebigatyň özünden gaýdýan bolarly.) Kime munda bagtdan köpräk ýetipdir, kime betbagtlyk. Ýöne adam bir mert zat bolansoň, her kim özüne ýeteni bilen. Adam adama duýgusyny, şatlyk-gussasyny egsäýmese, şärikli zady ýok. Her kim öz derdini özi çekýär. Körler öz ugruna, sen öz ugruňa. Onsuzam her kimiň derdi özüne ýetik. Şu ýere-de şol derdi egismek üçin, iň bolmanda, wagtlaýyn unutmak üçin geldiň.
Kurort tebigaty weli üýtgeşikdi, eýleň-beýleň ownujak dert-aladalaryňy hol sähranyň ýowşan ysly howasam dep edip gitjekdi. Dogry, derman saýylýan suwuň öz ysy beýle ýakymly däldi. Ondan palak ýumurtganyň ysyna meňzeş kükürdiň ysy gelýärdi. Ýöne derman bolar-da, heý ol beýle bolmazmy. Ol müň derdiň dermanydy. Töweregi durup-durup synlap ganyp bilmeýän kurortçylar edil tebigatyň özüne ýüzlenýän ýaly, biri-birine jogap talap etmezden ýüzlenýärdiler.
– Bu guş-gumrularyň, gurbagalaryň bazaryny-aýt. Gurbagalar hatda gara gyşyň şatlama aýazynda-da suwdan çykman, şeýle keýpihon «saýraýarmyşlar».
– Bu suwda gurbagalary joşdurýan tenekaram bardyr-how...
– Özi-hä gudrat bilen döräýen zad-aýt – diýip, ýene biri onuňkynyň üstüne goşýar. – Öň Kawkaz diýip kösenerdik. Garagumda beýle sapaly ýer bardyr öýdüp, ýatsam-tursam hyýalyma gelmezdi.
– A-how, howrunda nan bişirýän tamdyryňam otly böwrüne bir ýerinden mylaýym ýel urýar ahyryn.
Ha aýaz bolsun, ha tupan, ha dünýäni gowrup barýan ýalyn, gara öýüň ýurt ýerisi ýaly ýerden gök daş bolup lummurdap gaýnap çykýan çeşme palak ýumurtganyň ysy gelip duran suw – bar milletiň umytkäridi.
Adamlar haýal-haýal gözellik bilenem, tebigat bilenem öwrenişýärler. Birek-birek bilenem düşünişýärdiler. Öň gyýa göz bilen garalan ýoldaşa indi syr açylýardy. Hatda şol batyl bende näme, ol hem bularyň bir ýoldaşy boldy. Bu şeýle bolmalam ahyryn. Kurort hem durmuşyň bir bölegi. Durmuşda bolsa, diňe saýlantgy, berk bedenliler ýaşamaly diýlen kada ýok. Ine, oba bararsyň, gürrüň edersiň. Biziň bilen bir batyl adam bolupdy diýip. Seniňki tüýs durmuşy gürrüň bolar durubir. Ol bende nädip günüňi aýlaýar, diýip sorasalar, sen onuň ýanynda gezýän garagözelek (göz paýy kiçisine berlen ýaly) oglan hakda gürrüň berersiň. Asyl baş gürrüňiňi şolar etseň hem bolman durmaz.
Onuň gözi soň tutulan bolarly. Öz dertdeşleriniň köpüsinden tapawutlylykda çepiksi, göýdük bolman, ol süňkbaşy iri bedenli, berdaşly golly epeý adamdy. Sesi merdemsi çykýardy. Ony sag golundaky inçejik allýumin hasasy ysgaw it ýaly, diýen ýerine idýärdi. Ýöne käýarym ýalňyşýardam. Şonda ol oturgyja ýa başga bir zada büdrese, taýagyna ýa-da özüne «haý, peläket» diýip keýpihon käýinýärdi. Naharhanada eline gyzgyn çaý ýa çorba dökse, gaşlaryny çytyp ellerini galgadýardy. Onuň hereketine töweregindäkiler ýylgyryşýardylar, durumsyzraklar-a gülýärdem deňinde onuň özem ýylgyrýardy. Onuň bolşuna diňe ýekeje adam – şol ýaş oglan gülmeýärdi. Gaýta aşarak gülenlere gözüni alardyp, ýoknasyzy nazary bilen dalaýardy.
Bu göwnaçyk şadyýan kör köpüň keýpini bozman, gaýta şatlyga şatlygam goşmagy başardy. Ol dutar çalyp bilýän ekeni. Eli şeýle ýiti, ezber bolmasa-da, saryk ýolundan eňterýän sazlary märeke güýmejekdi. Şu ukyby onuň lakamyny sypatyndan alyp hünärine berdi. Oňa «Bagşy aga» diýip ýüzlenip başladylar.
Irki wanna birneme agyrrak bolup, ysgyndan düşürýärdi, ýüregi ejizlere wagtyny doly oturmaga maý bermeýärdi. Bagşy aga-da gozganyp başlady. Ýüregine täsir edýändir-dä görgüliň. Ol, hamana, gözi görýän ýaly, iki ýanyna garanjaklady-da, medsestranyň uzakdadygyny duýup, ýasy penjeleri bilen wannanyň erňeginden ýapyşyp, ör turdy. Onuň ýere düşüp, beýläk öwrülenem şoldy weli, aýagy taýandyr-da, çiň arkanly gürpüldäp gaýtdy. Äpet göwräniň gürpüldisine medsestra aňry çetden bärligine ylgady. Oňa ýerinden diklenmäge kömek berip duran oglan:
– Seretmeli ahyryn! – diýip, ýüzi ak tam bolan medsestra azgyryldy.
Ýaşuly bolsa:
– Zyýany ýok, zyýany ýok, hiç ýerimem agyrmady, gorkmaň – diýip, olary köşeşdirýärdi.
– Ine, tirsegiň sypjyrylypdyr.
– Aý, ol hiç-le, ýamasy özündendir, biter gider.
Ýaşulyny tutaklap alyp gitdiler. Şol näsaz hereketden soň, oglan adamlaryň gözüne ildi.
Olar goşa gumrular ýaly, hemişe bile gezýärdi-de, bile surata düşýärdiler, hatda olar kino-da bile barýardylar. Käwagtam güneşde ýa boş otagda oturyp, oglan oňa kitap okap berýändir. Özem goşguly kitap. Oglanyň sesi şeýle bir labyzly weli, ýanlaryna baryp diňläp oturyberesiň gelýär. Ýene olaryň ikiçäkligini bozmaga ejap edýärsiň.
Soň-soňlar bularyň äbede-jüýjeligi kurortçylar üçin gürrüň başy boldy. Tirkeşip barýan bir uzyn bilen bir keltäni synlap, keseden ýuwaşja hümurdeşerler.
– Her ýerde bagty çüwen adamlar bar-ow.
– Asyl sen aýtma... Özümiz-ä bäşisini ekleýäs, olaryň birinden beýle rafyklygy görsek – ömürlik razy. Ol-how, bir ýaş oglan. Eýläk-beýläk gideri, ony-muny göreri bolar, gezjekdir, öz deňi bilen oýnajakdyr. Ony ideginden ýeke ädim sypdyrsa nädersiň.
– Asyl olaryň hajat isleglerem bile gelýän borly.
– Tebigat adama bir şikes salsa, onuň öwezini başga zat bilen dolarmyş.
– Gowy hemrasy bolanda, adamyň batyllygy bildirmez ekeni. Kesesinden seretseň, olar ýöne ümmüldeşip barýan ýaly...
Kurort möwsümi sabaýardy. Şol günleriň iň açygynda, yssysynda kurortçylary dag etegindäki ýer asty köle gezelenje alyp gitdiler. Indi dynçlyga çydamsyzlaryň käsiniň eliniň, käsiniň diliniň gijeýänligi bildirýärdi. Uly awtobusyň içi ala-wagyrdy. Hasam ýaşlar guwduraýardylar.
Hemişe tenekar suwa düşüp ýörmän, aram-aram adaty suwa düşmegiňem öz lezzeti bolýar. Takmynan, ýüz metr çemesi ýer astyndaky uly köw – äňsiz köle çalym edýärdi. Mylaýym ýylymsy suw endamyňy meýmiredip, kalbyňy joşdurýardy. Suwdan çykyp, güneşde serlip ýatmagyňam öz bir hezili bardy.
Bagşy ümzügini manysyz uzaklara dikip, keseräkde otyrdy. Şo wagt ümsümlige uzak çydamadyk jahylyň biri onuň rahatlygyny bozdy.
– Bagşy aga, näme kesä bakýaň? Gaýralara sered-ä – diýip, güneşde çäşerilip ýatan zenanlara tarap baş atdy.
– Aý, inim, beýläk seretsem, başym aýlanaýmasyn, ýürege bir dowul düşäýmesin diýip gorkýan.
Bir çetde ýatan ala gözli, dolmuş zenan gapdalyna öwrüldi.
– O-how, baý ýüregiňiz ýuka eken-ä. On sekiz ýaşly bol-a.
– Ine, on sekiz ýaşlymyzam gapdalymyzdadyr, keýigim. Haý, Ýazly jan, niredesiň?
– Çagyryp azara-da galma, bagşy. Ogluň ikiňizi-de ýeke şaýa alamok – diýip, gelin ýene beýlesine öwrüldi.
– Gör-dä, keýigim, bizem ile boýun burup ýörenlerden-ä däldiris.
– Baý-ba, biz bagty ýatan samsyk asyl sizi tanaman ýörüpdiris oguşýa.
Gelniň sözüne kimdir biri hikirdäp goýberdi. Şonuň bilenem beýik iki milletiň – Aýallaryň hem erkekleriň arasynda başlanan ýarym oýun-ýarym çyn göreşi ahyryna ýetmän tamam boldy.
Gaýdyşyn şol dolmuş gelin ýene degişmek isledimi degişmesini ýuwmarlajak boldumy, awtobusda öň ýer alyp, ogulhajaryny bogup duran ýakut gaşly ýüzükli pökgüje ak goluny gapdalyndaky boş ýere saldy.
– Gel-eý, ýigit, men saňa gapdaljygymdan ýer tutum...
Soňky döwürde örän az ulanylýan inçemik allýumin asa bagşyny idekläp maşyna mündürdi. Ol özüne aýdylanyny aňmazlyga salyp, özüni öňdäki ýeke adamlyk oturgyja goýberdi.
– Wah-wah-eý, «Garyba palawam bir nahar» diýipdirler. Bize şujagaz ýerem bolýar.
– Haý, işi gaýdan, gör-dä. Beýle mürehedi soň eşitmersiň...
– O mürehetden galanyma köp ýyl boldy, keýigim...
Bagşynyň sesindäki gussany aňdyrmajak bolýanly, maşyn güňlenç arlap, öňe omzady.
Şol näsaz degişmä özüni sebäpkär saýan ýigit ýaşulydan ötünç soramagy, nähilidir onuň göwnüni götermegi ýüregine düwüp, onuň otagyna bardy.
Bagşy açyk göwün bilen salam aldy. Onuň ýeke özi turan ekeni. Ýazlyňy baş wraç ýanyna çagyrypdyr.
– Bagşy aga, nähili, kurort ýaradymy?
– Aý, sen, goýaý, inim, munuň şypasyny. Iki kilo agy semräýipdirinem. Ýöne bu adamy halys elejiredýä. Indi baryp, işe nähili ýarajagymy bilemok.
Bagşyda kine duýmadyk ýetginjek ekezlenip, dogumly gürledi.
– Bagşy aga, beýle ogluňyz barka, dünýäde zady gaýgy etmezler. Tüweleme, bolsa-da, ogul ýetişdiripsiňiz, ömri uzak bolsun onuň. Başga-da çagaňyz barmy ýa bir özümi?
– Aý, ýok, inim. Ogul-gyzdan, maşgaladan täk özümdirin... Ýazly jany alla, berdi maňa, şu şypaly suwy gara dagyň berip durşy ýaly.
Şol aralykda Ýazly girip geldi. Beýleki ýigit ardynjyrady-da, olary ikiçäk galdyryp, turmak bilen boldy.
Aşgazandan, ownuk-uşak dert-ýaradan yza çekýänleriň köpüsi dertlerini şo ýerde galdyryp, öýlerine gaýtdylar. Asylam durmuşda dermansyz dert ýok diýýärler. Ýöne dermanyna duşup bolsa...

Нudaýberdi НАLLYÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Нudaýberdi Нallyýew | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Мylayym   [Материал]
Arçman şypahanasymyka? Irräk ýazylan hekaýa meňzeýä. Daşgynowy şol oglanjyk diýip, gözöňüne getirmelimikä?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: