00:19
Ýeke-ýekeden...
ÝEKE-ÝEKEDEN

Synlap tylla günüñ batyp barşyny,
Aslyşyp zor bilen dagdan-depeden.
Bildim günleñ meni terk edýänini
Ýeke-ýekeden...

Ýöne gün adam däl, dogar ýene-de,
Säher ýene guşlar joşup ses eder.
Uzar barar, ak günleriñ kerweni,
Ýeke-ýekeden..

Geçibersin günler, ýöne siz beri,
Göwne degip gybat etmäñ keseden.
Çünki adamlaram gidip barýar-a
Ýeke-ýekeden...

Goja zemin içre bir hakykat bar,
Göz ýetirer geçmişine es eden.
Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat,
Ýeke ýekeden..

Kakamyrat REJEPOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Nurdan | Теги: Kakamyrat Rejepow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 Allaberdi   [Материал]
Goja zemin içre bir hakykat bar, 
Göz ýetirer geçmişine es eden. 
Hemme zat döreýär, ýitýär ähli zat, 
Ýeke ýekeden..
____

Ýitsede ady galýar ...

0
6 Nurdan   [Материал]
Hakyky

0
5 Dunyagozel   [Материал]
Gybat edýänlere okap bermeli, etmezler ýaly smile

0
3 Мylayym   [Материал]
Geçibersin günler, ýöne siz beri,
Göwne degip gybat etmäñ keseden.
Çünki adamlaram gidip barýar-a
Ýeke-ýekeden...
book

0
2 Dunyagozel   [Материал]

0
4 Nurdan   [Материал]
Gynancly goşgy haa jigim.

Geçibersin günler, ýöne siz beri,
Göwne degip gybat etmäñ keseden...
Şu bendi hasam ýürege ýakyn...

0
1 Garaýolly   [Материал]
Ajayyp goshgy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: