17:57
Durmuşyň ýaňy
DURMUŞYŇ ÝAŇY

Günlerde bir gün kakasy kiçijik ogly bilen daglara seýle gidipdir. Dag ýodasy bilen belentlige ýetip barýarkalar, atdanlykda oglanjygyň aýagy daşa degip, ol agyrysyna çydaman, nädip gygyrany duýman galypdyr:
-Eý wäk-eý!
Bada-badam oglanjyk özüne jogap hökmünde ýaňlanan sese geň galypdyr:
-Eý wäk-eý! Eý! Eý!!!...
-Kim sen?-diýip oglanjyk gaty gygyryp, özüne jogap beren göze görünmezekden sorapdyr.
-Kim sen? Sen! Sen!!!...-diýip oňa ýene-de jogap gelipdir.
Soragyna jogap berilmän diňe özüniň diýeniniň gaýtalanyp durulmagyna gahary gelen oglanjyk, gazap bilen sögüp goýberipdir:
-Züwwetdin!
-Züwwetdin! Din! Din!!!...-diýip ýene-de oglanjygyň aýdany bat bilen gaýtalanyp-gaýtalanyp gidipdir.
Munuň ýaly düşnüksiz hadysa ilkinji gezek sataşýan oglanjyk kakasyndan sorapdyr:
-Bu näme boldugy, kaka?
Kakasy ýylgyrypdyr-da, dag belentliklerine garşy zowladyp goýberipdir:
-Salawmaleýkim!
Dem salym geçip-geçmänkä-de oňa jogap ýaňlanypdyr:
-Salawmaleýkim!!!...
-Bagtly boluň!
Ýene-de oňa jogap gelipdir:
-Bagtly boluň!!!...
Oglanjyk kakasynyň bolşuna hasam haýran galypdyr. Onsoň kakasy oňa düşündirip başlapdyr:
-Bu hadysa “ýaň” diýýärler, oglum! Ýöne, munuň ýaly hadysa diňe daglarda bolmaýar. Biziň ýaşaýan durmuşymyzam edil şunuň ýaly ýaň görnüşinde hereket edýär. Durmuş seniň ähli edýän işleriňem, göwnüňdäki ýagşy-ýaman niýetleriňem, gepleýän gepleriňem aýlaýar-dolaýar-da, ýene-de üýtgetmänjik özüňe gaýtaryp berýär...

Çeşmesi: http://www.orator.ru/pritcha_exo.html. 25.08.2020ý.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 64 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
2 Мylayym   [Материал]
"Biziň ýaşaýan durmuşymyzam edil şunuň ýaly ýaň görnüşinde hereket edýär. Durmuş seniň ähli edýän işleriňem, göwnüňdäki ýagşy-ýaman niýetleriňem, gepleýän gepleriňem aýlaýar-dolaýar-da, ýene-de üýtgetmänjik özüňe gaýtaryp berýär..."
Gaty dogry aýdylypdyr. Sag boluň, Bagabat aga!

0
3 Bagabat   [Материал]
Sizem sag boluň.

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Ajaýyp.

0
4 Bagabat   [Материал]
Ylalaşýan. biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: