07:03
"Söýýän gyş paslyny..."
"Söýýän güýz paslyny..."
G.Ezizow


Söýýän gyş paslyny, söýýän aklygny,
Oňat adamlaryň kalby mysaly
nur garyny söýýän.
Ýöne garynyň
Pagyş-para eremegi yzaly...

Ga:ra meňzeş göwünlere aşyk men,
Hiç islämok eremegni olaryň.
Ümsümligni söýýän.
Gyşda töwerek
Lezzet berýär maňa az-kem çolaryp.

Gijeler uzaýar,
Ine, şeýdibem
Sumat bolýar gündizki içgysmalar.
Aýazda suwlaryň doňuşy deýin,
Doňup galýar kalbymdaky gussalar.

Ömri gysga gündizlerden daşlaşyp,
Gijeler dünýäni has aýdyň duýýan.
Aklyk, päklik, pikir... — Şükür, bary bar,
Ine, şuň üçinem men gyşy söýýän!

2014ý.

Sapa Hommadow
Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Dunyagozel   [Материал]
Sapa agam galamyň hemişe ýiti bolsun!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: