00:17
Zidanyñ kellesi
ZIDANYÑ KELLESI

2006-njy ýylyñ 9-njy iýuny. Germaniýa. Berlin.
Dünýä kubogyny almak ugrundaky final duşuşugynda Fransiýa-Italiýa oýnady.
Kapitan Zidanyñ goly bilen Fransiýa 1:0 öñe geçdi. Italýanlar hasaby deñlediler. Oýna goşmaça wagt goşuldy.
Goşmaça wagtyñ dowamynda Zidan italiýaly futbolçy Materazzini kellesi bilen süsendigi üçin gyzyl kartoçka aldy.
Waka şeýle bolupdy:
Materazzi Zidanyñ köýnekçesinden çekýär. Zidan: "Eger köýnekçäme beýle höwes edýän bolsañ, oýundan soñ beräýerin" diýýär.
Materazzin "Bajyñy berseñ has gowy bolardy" diýip jogap berýär welin, oýnuñ dowamynda öñem sögünç baryny eşdip, gahary gaýnap duran Zidan ony süsüp goýberýär!
Italiýa futbol boýunça dünýäniñ çempiony bolandan soñ, fransyz metbugaty "günäni" Zidanyñ üstüne eñterdi. Şonsuzam...
Alžirli musulman maşgalanyñ ogly Zidan we milli ýygyndy toparda oýnaýan garaýagyz fransuz futbolçylar etniki gelip çykyşlary sebäpli birnäçe ýyllap didiwana mündürilen ýagdaýda durdylar. Milletparaz fransuzlar olaryñ milli ýygyndy toparda oýnamalary bilen ylalaşyp bilenokdylar. Zidanyñ kellesi süsmesi olaryñ "çyrasyna ýag damdyrdy". Aýtmadyk zatlary galmady, sport ahlagyny dillerinden düşürmediler.
Zidan futboly taşlady. Telewideniýede çykyş etdi: "Ökünemok. Ýene bolsa ýene şeýderin".
Häzir… Zidan "Real Madridiñ" baş tälimçisi.
Bu sezon UEFA-nyñ çempionlar ligasynda eýelemän galan kubogy galmady!
Düýn... dünýäniñ iñ gowy futbolçusydy.
Bugün… dünýäniñ iñ gowy tälimçisi.
Ýogsa-da... Zidan kelle süsmede oñardymy ýa ýalñyşdy?

Başlygym - Demirören

2016-njy ýylyñ 21-nji iýuny.
Fransiýada geçirilen Ýewropanyñ çempionatynda Türkiýe Çehiýany 2:0 ýeñendigine garamazdan ýaryşdan çykmaly boldy.
Emma şol günlerde pul futbolyñ öñüne geçipdi. Milli ýygyndy toparyñ futbolçylaryna çempionata gatnaşmaga hukuk gazanan ýagdaýlarynda berilýän goşmaça pul sylaglary metbugatyñ diline düşüpdi. Futbol däl-de, alynjak pul sylaglarynyñ gürrüñi gidýärdi. Bulam az bolýan ýaly türgenleşik meýdançasynda futbolçylaryñ puluñ üstünde oñuşman dawalaşandyklary ýazyldy.
Goh-galmagal ýetjek derejesine ýetdi, käbir futbolçularyñ üstünden düşüp, "watan söýgüsi" çekişmesini başladylar.
Milli ýygyndy toparyñ ýolbaşçylary kynçylygyñ hötdesinden gelip bilmediler, gaýtam käbir futbolçular milli ýygynda alynman, metbugatyñ agzyna "iým" edildi!
Aradan aýlar geçdi…
2017-nji ýylyñ 5-nji iýuny.
Türkiýe Makedoniýa bilen geçiren futbol duşuşugyndan gaýdyp gelýärkä milli toparyñ kapitany Arda Turan "Milliyet" gazetiniñ habarçysy Bilal Meşä zäherli sözlerini pürküp, şeýle diýdi:
"Aýt hany, Bilal Meşe, aýt, senem şol ýerdemidiñ? Biziñ ýanymyz bolup, pul sylagy barada ýazdyñmy? Biz kimddn pul hantama bolduk? Kimden pul sylagyna garaşdyk? Geple, indi, geple. Ynha, olaram şu taýda durkalar aýt! Kim ýazdyrdy bulary saña? Kim aýtdyrdy saña bulary, aýt hany. Seni bu uçara mündürenlere-de aýdýaryn. Eşitsinler. Seniñ ýaly haramzadany bu uçara mündürenleriñ a**-na goýaýyn! Başlygyñam Demirören. Sen futbul federasiýasynyñ başlygynyñ gazetinden, şeýlemi? Men futboly taşlaryn, ýöne maşgalama, at-abraýyma, mertebäme dil uzatdyrmaryn. Biz kimden pul dilänmişik? Nä hetdiñe beýle ýalan habarlary ýazýañ! Men gerek bolsa futboly taşlaryn, ýöne at-abraýyma, mertebäme dil uzatdyrman!.."
Arda Turan şeý diýipdi:
Asyl men kezzaplyga pul sylagyny bermen!

Kezzaplyga pul sylagy

Gürrüñsiz... Arda Turanyñ bu bolşy diýseñ ýalñyş hereket.
Ýeri onda, gadyrdan! Materazziniñ hiç hili günäsi ýokmy? Ardanyñ depesinden eñterilen onlarça ýalan-ýaşryk habarlara garşy onuñ gahar-gazabyny pürkmeginde näme geñlärlik zat bar?
Ardanyñ nerw damarlaryny şeýlekin derejede kim owup-myçgalap taşlady?
"Pul sylagy" sebäpli stadionlaryñ gowrunyñ galmagyna kimler sebäp boldy? Ýatdan çykarar ýaly zatmy, bu ýigide "watan dönügi" tagmasyny urdular.
Ýene "sebäbine" däl-de, "netijesine" serediler we "Arda Turana bu gelişdimi?" diýerler.
"Ardanyñ sözlerinde dogruluk ýokundysy ýokmy?" diýip sorajak barmy? Hudaý bersin! Ulalyp oñalmadyk käbir "metbugat işgärleri" ýene galam ujy bulen Ardany linç ederler.
Eýse bilemzokmy, futbolçy bolup bilmedik käbir sport habarçylarynyñ ezber futbolylara garşy duýýan komleksini?
Muña Türkiýe diýýärler. Zehinli adamlary ýok etmek üçin hilegärçilikli ýaranlyklaryñ gurnalýan ýurdy bu.
Futbolçylaryñ ruhy ahwallaryny maýyp edip taşlaýan ganly arena!
Ardanyñ "günäsi" - Edirnäniñ gaýrasyna geçip, dünýä läheñi "Barselonada" futbol oýnamagydyr. Wah! Işi ugruna bolman yzyna dolansa dagy, baý, begenjekler-ä, şowakörler lobisi!
Gynansak-da, erbetligiñ ýaranlygy bar futbol habar seriş serişdelerinde. Ynansañyz, narkotik serişdelerini satmakdan türmede ýatan adam utanman-uýalman sport ahlagyndan söz açyp bilýär! Käbiri dagy masgara: şolar ýaly derejede elgarmalyga, baknalyga, hantamaçylyga, dilegçilige öwrenşipdir welin, öýüni heklemek üçin çykarjak çykdajysynam klubyñ başlygyndan soraýar! Hemmesini ýazmaýyn, ýüregiñiz bulanar...
Onsoñ bu pohy çykan habarçylyga nädip ynam bolsun? Özüni sylaýan sport işgärleri, žurnalistler, habarçylar näme üçin dymýar? Galplygyñ, ýalanyñ agalyk sürýän bu hapa ýörelgesinden ýöräp ýadamadylarmy, bizar bolmadylarmy? Çuwal dyzyny haçan sport sahypalaryna batyrarlarka?
Hawa, Ardanyñ özüni gorama biçüwi ýalñyş, ýöne ony gahar atyna atlandyran "ýalan-ýaşryklara" gülüp seretmelimi? Başlygy Demirören Erdoganyñ öñünde aglap-eñräp, öz isleýän zadyny alýar. Habarçysy başlygy Demiröreniñ bar islegini berjaý edensoñ milli ýygyndynyñ uçaryna mündürilýär. Futbolçy olaryñ kirli oýunlaryna taýak somlaýaram welin, ahlaksyz bolaýýar!
Hawa, Arda Turan, bulara boýun sunmady. Arda Turan "sürä" goşulmady. Şonuñ üçinem...
Gürrüñ haçan Arda Turana direlse, bularyñ gowuşgynsyz galamy ölüm syrtmagyna öwrülýär. Munuñ garşylygyny ýakymsyz waka bilen almaly boldular. Emma, bilmeli zat... Zidanyñ süsen kellesi ahlak haklylygynyñ simwolydyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 07.06.2017 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 73 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Gökböri   [Материал]
Bizde-de birwagtlar "Köpetdag", "Nissa" FK-lary bardy... Olar nirä-gürüm bolduka?
Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkowy getirip oýnadypdylar, şumat ady ýadyma düşenok - Braziliýanyñ ýygyndy toparynyñ "14-nji" sostawyndanmy nämemi (:) ) bir garaýagyz birini getirip oýnadypdylar..
Nemomnýaýuşiý diýen bir tälimçini pul döküp getiripdiler, Türkmenistany futbol boýunça dünya çempionatyna çykarar diýip...
Daşary ýurtlaryñ klublaryna siñip giden türkmen we türkmenistanly futbolçylar barada...
Hazir name uçin biziñ futbolymyz dunyaniñ iñ soñky orunlaryny eyeleyar? Sport pudagyna yatyrylyan pullary sümrüp yatan baronlar...
Bu zatlar hakda obyektow maglumatlary yazjaklar ýokmyka heý, şular yaly edip?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: