20:06
Gel, gör meni yşk neýledi?!

GEL, GÖR MENI, YŞK NEÝLEDI?!

Gözlermiň owasy ummana gaçan,
Bilmedim bu ýara bitjekdir haçan?!
Sözle, haýsy aşyk bagtyndan gaçar,
Gör, meni ne hala saldy aýralyk.

Yhlasym kül-uşak, ynamym ýegsan,
Kän zady kör edip söýüpdim ýogsam,
Eý, sen meniň ajy ýaşyma suwsan,
Gör, meni ne hala saldy aýralyk.

Ýüregime göterenim dagmydy,
Gijelere içim dökdüm, aglady,
Älem aňdy, sen derdimi aňmadyň,
Gör, meni ne hala saldy aýralyk.

Kalbym aňdy garaşmakdan ardygyn,
Ömür öter, eräp barýan gardyryn.
Bir gün ýatlap bir ýerlerde bardygym,
Öwreneňde hak söýgini saýgaryp,
Bil meni ne hala saldy aýralyk!

Gülşirin HANOWA

Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Nowgül | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: