20:07
Döneýin eje

DÖNEÝIN, EJE

Üm bilmez çagakam umyt kölüni
Boýlan heňleriňden ganaýyn, eje!
Hiňleneňde çaga duýýan özümi,
Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje!

Hiňlendiň, diňledim, dürsedim demim,
Derdimiň melhemi, ýeke-täk emim,
Giň dünýeden deňiň tapylmaz seniň,
Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje!

Sallançak bagyňda ykbalyň ýoly,
Ak-gara alaja gözleriň ýaly,
Sallançakdan bäri arzuwdan doly,
Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje!

Saklap mydam ýüregimiň töründe,
Sen ýok, hüwdülerňi aýdyp ýörün men.
Kalbym üzre şygra dönýän görünmän,
Arzuw pudagyňa gonaýyn, eje,
Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje!

Gülşirin HANOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Nowgül | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: