20:14
Hasrat

HASRAT

Hasrat ýekelikde çekilýär eken,
Ýalñyzlyk aýdymyn öwrenipdirin.
Ykbal batyransoñ kalbyma tiken,
Öñkimden üýtgäp, özgeripdirin.

Öwrenşipdir kalbym sensizlige-de,
Sessizlige-de men öwrenşip barýan.
Wysalyñ tapmadyk arzuw, hyýallam,
Şemalyñ ugryna sowrulýar, gaýýar.

Akýar gözlerimden ahmyrly göz ýaş,
Bir wagt bagtdan gülen ýüzümem tukat.
Sorag belgisideý egreýlip galdym,
Soñlanmadyk söýgä goýulansoñ nokat.

Ykbal batyransoñ kalbyma tiken,
Öñkimden üýtgäp, özgeripdirin.
Hasrat ýekelikde çekilýär eken,
Ýalñyzlyk aýdymyn öwrenipdirin.

•••

Ýadymda däl, ýanymda gal,
Özge ykabllara bolmaly şärik.
Öñem kalbyñ derdi, azary az däl,
Sensizligem ony gemirer gädip.

Şagül DOWADOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: MrOKaS | Теги: Şagül Dowadowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Мylayym   [Материал]
Ýeňil dilde ýazylan, düşnükli goşgy eken.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: