20:13
Oba hekaýaty / poema

OBA HEKAÝATY
l
Ähli obamyz bilýär
Meň kimligmi — taryhym.
Ýigitleriň içinde
Bar meniňem tarypym.

Görýän gyzlaň içinden,
Näzli bakýan gözlerem.
Ýöne diýýän özüme:
«Görmedik bol, gözlerim!»

Wah, olar däl, başga gyz
Meň ýüregmi otlaýan.
Gürrüň bolsa gyz hakda,
Ilki şony ýatlaýan.

Tanaýandyr obamyz,
Bilýär ony hemme gyz.
Diýýär oňa obamyz:
«Şeker» däl-de, «Dymma gyz».

Bir enaýy-täsin ol,
Şol dymyp ýör, dymyp ýör.
Şol gyz meniň ýüregme
Damja bolup damyp ýör.

... Pagta ýygýar her gün ol,
Dakynyp kän fartugy.
Bir gün diýdim: «Fartugyň
Ýokmudyr, gyz, artygy?

Gysym-penje ýygşaýyn!»
Tutdy ol gyz tersine:
«Gelnejeň bar, ýygşyber,
Bu oglany görsene!»

Ýene meňki bolmady,
Tiz dolandym yzyma.
«Ugur tapmaz çoça sen»,
Käýindim men özüme.

Gözüm bilen sypalap,
Göwnüm bilen magtadym.
Oň göwnünden gopmagyň
Ýollaryny aňtadym.

Ýygyşsam-da ýeňňeme,
Şonda boldy gözlerim.
Aşak bakyp ýylgyrýar,
Içýakgyjy bir görüň!..

III

Süýr depeden gyzyl Gün
Naýzalaryn gezeýär.
Garny çişýär ganarlaň,
Boýy göge dyzaýar.

Ganar çekýän araba
Ýetip geldi salymdan.
Ilki çaýa ugrady,
Topar tutup gelinler.

Ganarlaryň üstüne
Gonduk bizem garga deý.
Süýşüp barýar ganarlar,
Süýşüp barýar täsin öý.

Arabaçy gygyrýar:
«Ýükmi bujagaz dagy.
Köpetdagam çeker bi,
Çynyny eden çagy.»

Ak çägelik aşakda
Küpürsäp dur, küpürsäp.
Birdenkä-de ganarlar
Gaýtdy aşak güpürdäp.

Geliberdi gulagma
Iliň «jylka-jylkasy».
Süsdi ýetip ganary
Meň göwrämiň çylkasy.

Gözüm açsam bir göwre
Inip gelýär üstüme.
Sypjak bolup, bir çete
Togarlandym dessine.
Şol barmana birdenem,
Süsdi biri, içikdim.
Ýöne özüm bilemok,
Gujagym-a açypdyryn.

Gördüm, gözümi açyp,
Gujagymda Dymma gyz.
Nämäň-nämeligne-de
Düşünmändir ol heniz.

Özün dürsäp, diýdi ol:
«Öteweriň günämi!?»
Ýigit gujagna girmek,
Tas diýipdim, günämi!?

IV

Ýönelige ýatlamok
Dymma gyzyň derdini.
Diýersiňiz siz maňa
«Soňam dymdy ýördümi?»

Soňam dymdy, dymdy ol,
Dymdy özem ýer deýin.
Goşgy ýazdym ol hakda,
Wah, ýogsam men nädeýin?!
«Geçjek bolup, sen gyzdan,
Tas başlapdym çilime,
A sen bolsa söz bolup,
Ýagdyň durduň dilime.

Çakylygma gelmäňsoň,
Söz diýmedim gaýtadan.
Gözlerimiň öňünden
Aýrylaňok gaýta sen.
Söýmäniň-ä söýmäniň,
Nädeýin men irmeseň.
Dyza çöküp ýalbarýan,
Düýşüme bir girme sen?»

Ýene köpler idedi
Oň ýüregniň ýodasyn.
(Habarlylar geňlemez,
Jahyllygyň kadasyn).

Ne Kyýasy diňledi,
Ne Töräni diňledi.
Dymma gyzyň ýüregne
Bir ýigidem siňmedi.
Dymma gyzy yzladym,
Dymma gyzy geňledim.
Özgäň hatyn almansoň,
Bir azajyk ýeňledim,
Ýene böwrüm diňledim.

V

Ötüp barýar aý-günler,
Ötüp barýar ýyllaram.
Bu ýyl HWS* ata

Pagta ýygdyr ellerim.

Pürepür dolar bunker,
Akja-akja hanadan.
Başlygmyzyň şu gezek
Eden işin haladym.

Sag bol aýtdym ýüz sapar,
Maşynyna, özüne.
Dymma gyzy düşürip
Gelen çagy yzyna.

Diýdi: «Kursy tamamlap,
Geldi biziň Şekermiz.
Gurat saklaň maşyny,
Agzybirje işläň siz!

Indi meniň kömekçim
Iki ýyllap dyman gyz.
Balyk bolup ýüregme,
«Jülpe-jülpe» çümen gyz.

Bilenok ol menden kem
Maşynyň her tärini,
Şu gün diýseň haladym,
Öz seçen bu kärimi.

Görejime dolup dur,
Kombinzonly mele gyz.
Hany, Rahman brigadir,
Teleşkaňy iber tiz!..
Arabaňam iber tiz!

VI

Ýeke biz däl obada
HWS*-i arladan.
Olar pagta dagyny
Döretdiler birgiden.

Ýaryş bolýar şol ýerde, —
Bäsdeşlik bar ýerinde.
Hemmelere ýakymly
Abraý alyp görünse.

Häzir-ä biz serkerde,
Ýaryşýanlaň öňünde.
(Bolmaz ahyr ýaryşda
Aşyk ýigit ýeňilse).
Ne-hä Şeker ýadaýar,
Ne-de özüm ýadaýan.
Syr berenok dymma gyz,
Men-ä diýseň şadyýan.
Oturanok menden pes
Şekerem öz ýerinde.
Döräberýär ak alaň,
Rul başynda görünse.

VII

Boldum şu gün ýygnakda,
Jaý bolmady göwnüme.
«Ussat sürüji» diýip,
Kakdy raýkom egnime.

Tylla çaýlan sagadam
«Sylag» diýip dakdylar.
Bilmän sylag eýesin,
Içimi gürs ýakdylar.

Men däl ahyr baýragyň
Çyn eýesi, bilseňiz.
Dymma gyz oň eýesi,
Gülüberiň gülseňiz.

Şol ahyryn kömekçim,
Şol ahyryn gurbadym.
Bu berilen sylagy,
Men-ä halap barmadym.

VIII

Ýaglaýarys maşyny,
Garaşyp dur pellerem.
Gapdalymda Şeker gyz,
Dymma diýýän dilberim.

Ogryn bakýan hyrydar,
Gümmezeklän döşüne.
Onuň mähriban keşbi
Kuwwat berýär işime.

Sylag ýada düşende,
Sanja dolýar gursagym.
Maňlaýymdan syrygan
Deri sylýar tirsegim.

Ahyr diýdim Şekere
Seçe-seçe sözleri.
Haýran galyp seretdi
Oň mähriban gözleri.

«Ynha, Şeker, sylagyň,
Tutdy raýkom adyňy.
Diýdi: «Sylag artdyrsyn
Gyzymyzyň badyny».
Şeker alyp sagady,
Soň ýylgyrdy keýpihon.
Diýdi onuň gözleri:
«Oglan, sende oýun kän».
Ol ýanymdan gitse-de,
Gaýdyp geldi salymdan.
«Hany, gözüň ýum!» diýip,
Çekdi ýagly elimden.

Boýun boldum buýruga,
Komandirim diýen deý.
Öz ýüregiň marşalna,
Lepbeý diýmän bormy, heý?

Gözüm açyp, geň galdym,
Çaklamandym men muny.
Dakypdyr ol sagada
Öz keşdelän bagyny.

Pyşyrdady ýuwaşja:
— Nesip etsin, göter sen.
Özüm göteren ýaly,
Sagady sen göterseň.

Ersip gitdi ýüregim,
Süýndi oňa ellerim.
Gujagymda parlady,
Dymma diýýän dilberim...

IX

Açylyber, ak pagta,
Zaýa bolmaz übtügiň.
Gapdalymda otyrka
Dymma diýýän söwdügim...

 

__________________

HWS-pagta ýygýan kombaýyn


1974.

Agageldi ALLANAZAROW.

 

Категория: Poemalar | Просмотров: 55 | Добавил: MrOKaS | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: