17:55
Bize beýni lazym!
BIZE BEÝNI LAZYM!

Kakasy MRU-nyñ (CIA) başlygy Allen Uelş Dalles, agasy ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Jon Foster Dalles, atasy Jon Uatson Foster we onuñ giýewi Robert Lansing-de ABŞ-nyñ Daşary işler ministri wezipesinde işlän, uýasy Eleanor Lansing MRU-nyñ wezipeli işgäri.
Maşgalany ýurtda tanamaýan ýokdy.
Allen Meki Dalles Ekseter we Prinston uniwersitetlerinde okady. Aýdyñ gelejegi bardy... Ýigrimi iki ýaşapdy...
Koreýa urşuna gatnaşdy. 1952-nji ýylda ýaralandy. Dessine "USS Consolation" hassahana gämisine ýerleşdirildi. Beýnisine agyr şikes ýetipdi. Ol diñe ýaralan wagtyndan biraz öñki pursady ýadyna salyp bilýärdi. Günüñ dowamynda näme bolup geçse, günüñ ahyrynda şolaryñ barsyny unudýardy! Ýagny hemişe geçmişde ýaşaýardy.
Kakasy Allen W.Dalles Nýu-Ýorkuñ Kornell medisina merkeziniñ baş lukmany newrolog Garold G.Wolffyñ gapysyny kakdy.
Doktor Wolff beýni boýunça geçiren işleri bilen giñden tanalýan lukmandy. Ol Russiýa gidip, iti bilen tanalan synag-tejribe psihologiýasynyñ düýbüni tutujy we Nobel baýragynyñ eýesi Iwan Pawlow bilenem işleşipdi.
Gaýdyp gelensoñ, şol ýyllar kän bir üns berilmeýän psihomatik keseller boýunça ylmy barlaglary geçirmäge başlapdy.
Koreýa urşy ABŞ-da beýni meselesini üns merkezine oturtdy! Gep diñe leýtenant Dallesoñ beýnisine şikes ýetmeginde däldi...
MRU-nyñ agenti Edward Hanter Miaminiñ "News" gazetiniñ habarçysy bolup işleýärdi. Ol "Kommunistler ýesir düşen amerikan esgerleriniñ beýnisini üýtgedýär" diýen ýalan-ýaşryk habarlaryny amerikan jemgyýetiniñ üns merkezine goýdy!
Işiñ özeninde beýni boýunça iş geçirmek üçin hökümetden maliýe kömegini almak ýaly maksat bardy.
Kaka Dalles oglunyñ bejergi alýan döwründe dostlaşan G.Wolffy MRU-da işlemäge razy etdi.
Gyzyklanýan meseleleri şudy:
Kişiniñ geçmişini, başyndan geçirenlerini onuñ ýadyndan çykardyp bolarmy?
Şol wagt 1953-nji ýyldy...

"Rýadowoý Raýany halas etmek"

2018-nji ýyl...
MRU we Pentagon başlyklaýyn, ABŞ-da geçirilen "beýni boýunça işler" häzir nähili derejä ýetdikä? Munuñ syryny gorap saklaýarlar.
Mysal üçin, gorkyny ýeñip bolarmy?
Stiwen Spilberg Ikinji jahan urşundan söz açýan "Rýadowoý Raýany halas etmek" ("Спасти рядового Райана") çeper kinofiliminde ýigrimi bäş minutlyk täsirli uruş epizodlaryny ýerleşdirdi. Epizodlar şeýle bir hakykata golaý welin, Tom Henkiñ ýanyndaky gahryman gorkýar, aýagy duşaklanyp durýar, ýeke ädim ädip bilenok. Kinonyñ düşürlişini togtatmak, epizody gaýtalamak - millionlarça dollar diýmekdir! Tom Henks ýoldaşynyñ goltugyna girip, ony kenara çenli getirýär!
Harby terminologiýada "urşuñ berýänbgüýçsüzligi" diýen kesgitleme bar.
S.Spilbergiñ kinofilminiñ giriş sahnasyndaky Normandiýa epizodlary ABŞ-nyñ "Gizlin harby barlaglarynyñ" gyzyklanýan meselesine öwrüldi. Mysal üçin, esgerlere agyr düşýän galyñ eşikleri-serişdeleri ýeñletdiler, güýç artdyryjy mehaniki eşikleri çykardylar. Häzirki kinofilmlerde duş gelýän termal yşyklandyrma, gulaklar üçin ses basdyrma, fiber optika we ş.m. bilen "robot penjekler" orta çykdy.
Uruşlaryñ gidişi üýtgeýärdi...
Urşuñ düzgünleri üýtgeýärdi...
Tehnologiýa çaltlyk bilen üýtgeýärdi...
Amerikan goşuny öwrülşik üçin dyngysyz "ylmy" işler geçirýärdi we häzirem geçirýär. Maksat - "mehaniki basyşly esger" maksatnamasy arkaly has güýçli, has akylly we has ukyply urşujyny kemala getirmek!
Şeýle-de... deñiz biologlary esgerleriñ "uky meselesini" çözmegiñ üstünde işleýärler. Adamlaryñ tersine beýni loblaryna gözegçilik edip bilýän kitler, delfinler uklamaýae, olaryñ bir loby uka gitse, beýlekisi oýa halda durýar! Adamzat ukusyzlygy-da başaraýjakmyka?
Pentagonyñ we MRU-nyñ görkezmesi bilen işleýän alymlaryñ üstünde işleýän ýene bir işi bar: Esgeriñ gorkusuny ýeñmek!
Muny beýnidäki "gorky" ýaly psihologiki duýgulary kesgitleýji oksitosin atly himiki-gormonalyñ üstünde işläp, durmuşa geçirjek bolýarlar. Ýagny...

Afriniñ beren sapagy

Şuny aýtmak isleýärin:
Ikinji jahan urşundan soñ harby doktrinadan başlap kontrrazwedka, ýaraglardan harby serişdelere çenli uçdantutma ABŞ-na garaşly bolduk.
Kipr urşunda ABŞ-nyñ harby embargosy bizi özümize dolap getirdi. ASELSAN gurlup, işlere başlandy. Ine, hut şu üstünlikli harby işlerimiz netijesinde Demirgazyk Siriýada PKK-ÝPG terrorçylykly guramasyna göz açdyrmadyk. Muña garamazdan...
Entek-enrekler harby ugurda alyp barýan işlerimiziñ ýeterlik däldigi belli bolýar. Afrindäki añtaýjy-barlaýjy operasiýa döwründe bombaly duzaklar zerarly şehitler berýäris. "Hendek söweşinde-de" az şehit bermedik.
Şübhesiz... bular ýaly gerilla söweşlerinde şeýle duzaklaryñ we tilsimleriñ soñuna çykmak kyn, emma başaryp bolmajak iş däl.
Bilşiñiz ýaly... amerikan goşunlary-da Yrakda agyr ýitgileri çekdi! Munuñ netijesinde olar bombaly duzaklara garşy robotlary ulanmaga başlady! Muña at hem dakdylar. Olaryñ iñ meşhury “Robot Gordon”. Owazasy şundan gelip çykýar: üç metr golaýynda partlan bombadan täsirlenmän işine dowam edip bilýär! Näçe gezek "ýaralandy"-şikes aldy, abatlanandan soñ ýene işine dowam etdi!
Robotlar esgerleri bir dertden dyndarjaga meñzeýär…
Afrinde biziñ robotymyz barmy? Diñe dronlar-adamsyz uçarlar bilen iş bitirdigimiz däl!
ABŞ muña meñzeşini eýýäm PKK-ÝPG-na berdi!
Türkiýe imperializme garşy alyp barýan göreşinde üstün çykmak üçin ylmy işleriñ depginini çaltlandyrmaly, uly möçberli çykdajylary etmekden çekinmeli däl. Gelejegiñ uruşlary tutuşlaýyn tehnologiki enjamlaryñ arasynda bolar. Eger biz bu ylmy öwrülşigi amala aşyryp bilsek, PKK-niñ merkezi öýjügi Kandil hem ýeke gün şol duran öýjüginde saklanyp bilmez!
Eýse... Türkiýede nämeler bolup geçýär, günümiz bir dinçisumagyñ ýaýradýan hurafalary bilen geçýär! Bir şeýh çykýar: “Challenger kosmos gämisini biz düşürdik” diýip samraýar!
Bize beýni lazym…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 28.03.2018 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 69 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Beýnizem yaşap bolýar... meselem ki biz mysaly... smile

0
3 Allaberdi   [Материал]
■ Afriniñ beren sapagy

Dogry ASELSAN  Türkiýe döwletine köp zat gazandyrdy we bu hemmesi däl ýenede has gowulary bolar(ýuwaş-ýuwaşdan).

"MEHMETÇİK", gerilla söweşini gazanan we dünýädäki iñ bir tertipli goşun adyny ýöne ýerden alan däldir.

Bitakak bolmak gerek däl tehnologiýa ösýär "MEHMETÇİK" hem ösýär,
ABŞ, goldabersin el astyndan PKK, ÝPG-ni "MEHMETÇİGEM" olara göz açdyrmaz.
Enşallah kandili hem guradarys.

0
2 Allaberdi   [Материал]
■ "Rýadowoý Raýany halas etmek"
Edil ukysyzlyga bilmedim welin
izraýyl (urş döwründe) esgerleriñ açlygy duýmazlygy üçin derman taýynlandygyny(ýa-da üstünde işleýändigini) bilýän.

0
1 Allaberdi   [Материал]
BIZE BEÝNI LAZYM!
Şul barada gyzykly kitabam bolmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: