12:15
Azyk ýalanlary
AZYK ÝALANLARY

Bu temanyñ öñdebaryjysy ussadymyz Ugur Dündar...
Soñky döwürde Ysmaýyl Küçükkaýa, Fatih Portakal, Ahmet Hakan, Sefer Lewent, Meliha Okur, Gürkan Akgüneş… ýaly birgiden kärdeşlerimiz "azyk oýunlaryna" ünsi çekýän habarlary taýýarlaýar. Ahyrynda iriziji "ony iýmeli däl, muny iýmeli däl" diýen çäklendirmeler öñe çykýar. Şübhesiz, bulam gerekli. Emma meseläniñ başga taraplaryna hiç degenoklar!
Şeýle-de... azyk önümleriniñ ykdysady-syýasy ugry barada hem ýazýan ýok…
Bolsa-da, adamlar agy-garany saýgarmaga başladylar. JHP-niñ saýasynda bu "zäher režimi" syýasatyñ üns merkezine düşdi. Hawa, mundan beýläk munuñ ýakasyny goýbermejek bolarys!
Iñ uly goldawy namysjañ we watansöýüji azyk hünärmenlerinden alarys.
Ynha, size azyk boýunça bir hünärmeniñ aýdýanlary:
"Gyýmaly mantynyñ (равиоли с фаршем) çykdajysy köp bolansoñ, soýa garylan taýýar gyýmalar ulanylýar. Manty bişiriji enjamy-da ulanmak üçin suharik ýa-da mannaýa krupa goşulýar. Bu bolsa mantynyñ içini kremiñ reñkine öwürýär. Şeýle-de kofe reñkini ýa-da bişen gyýmanyñ görnüşini berýän boýaglar ulanylyp, onuñ içi-da gyýma meñzedilýär. Ildeş görgüli bolsa "ne beýle bol gyýma goýupdyrlar!" diýip begenýär!
Başga bir tilsim bolsa, gyýmanyñ ýerine tutuşlaýyn soýa ulanyp, iýmit reñkidir et bulýon bilen iç tarapyny gyýmaly ýaly görkezmek!
Çagalara kaloriýaly bolsun diýlip ýörite taýýarlanýan "ysmanakly, tomatly, käşirli" gaplanan makarondyr-wermişellere ýeke gramam gök önüm goşulanok! Isleýän gök önümiñizi reñki bilen azajyk ys berjisini hamyra goşanlarynda reñbe-reñ makaronyñyz taýýar bolýar. Diñe tomatly makaronda pomidor üwmeji bilen reñk taýýarlaýanpar bar, ony-da çykdajysy köp bolýandygy üçin näçe firma edýär, bilemok…”

Soñuna gulak salyñ…

Plastiki üwmeç

Türk desterhanyny üwmeçsiz göz öñüne getirmek mümkin däl.
Ýogsa-da haýsy üwmeç?
Sözi ýene-de azyk boýunça hünärmene bereýin:
"Soñky ýyllarda üwmeç önümçiliginde plastiki (plastiki we plastmassa gutular) gaplara gaplanýan üwmeçler köp satyn alynyp başlansoñ, söwda müdirlerimiz bizden şular ýaly önümleri köp talap etdiler. Onsoñ muña bar ünsümizi berdik we Azyk-ekerançylyk-maldarçylyk ministrligi tarapyndan bular ýaly üwmeçleri taýýarlamak üçin käbirine "öý şertlerinde", käbirine-de "konsentirlenen duzly ümweç" diýip önümçilik rugsadynyñ berilendigini gördük. Bizem muny ýola goýduk.
Emma aklymyzy gorjalaýan soraglar bardy, nädip pasterizirlenen üwmeji (92-93 gradusda) bular ýaly plastiki gaplara gaplap bolýarka!
Ilkinji nobatda ýadymyza duz geldi: "Türk Standarty 1466"-da görkezilen gury madda derejesine garap, duz goşduk, emma üwmeç uzak wagtlap durup bilmedi, on günüñ içinde zaýalandy.
Beýleki firmalaryñ näme edýändikleri bilen gyzyklandyk: natriý benzoatydyr kaliý sorbaty goraýjylary we çakdanaşa duz goşýandyklaryny öwrendik.
Ekerançylyk ministrliginiñ beren önümçilik ygtyýarnamalarynda, ýagny, önüm baradaky maglumatlarda önümiñ düzümine goşulýan goraýjy hökmünde diñe "duz" sözi geçýärdi, emma dürli-dürli goraýjylar ulanylýardy! Üstesine müñ göterimde bir göterim bolmaly goraýjylaryñ derejesi ýüz göterimde bir göterimdi! Aýratynam 30 brix üwmeçde duzuñ ýüz göterimde ýedi göterim ulanylýandygyna şaýat bolduk.
Halkymyzyñ saglygy iññän gorkuly derejede howp astyna salynýar, çünki natriý benzoaty we kaliý sorbaty düwnük (rak) keselini dörediji maddalardyr…”


Plitka boýagy

Käbirleri bulary okap başlan badyna "yzyny okajak däl, keýpim gaçýar" diýýär!
Diñe señ keýpiñ gaçsa oñarsyñ welin, gadyrdan, bärde seniñ çagalaryñ, agtyklaryñ ykbaly barada söz açylýar! Hasam erbedi, bu keseller genetiki taýdan soñky nesillere geçýär!
Eýse näme etmeli? Sarp edijilige bolan güýjümizi ulanyp bileris. Şereketlerem muña üns berip önümçiliklerini ýola goýmaga mejbur bolarlar. Biz muny hökman başaraýmaly.
Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministrligini haýdan-haý herekete geçirip bolar, turuwbaşdan hemmetaraplaýyn gözegçilik etme kynçylygy bar. Azyk önümleriniñ altmyş göterimi hiç hili gözegçilikden geçmän saçagyñyza gelýär.
Size näme iýdirýändiklerini bilmäge borçlusyñyz!
Iñ soñky mailimi-de ýazaýyn:
"Üwelen ajy burçuñ taýýarlanşy adamlaryñ agzyny uçuklatjal derejededir. Köpümiziñ üwmeçlik burç diýip bilýän gyzyl burçlarymyz önümçilik kärhanalarynda "burç üwmeji" ýa-da "kub burçy", "şerit burçy" hökmünde taýýarlanýar, bu burçlaryñ baldagy, tohumy, zaýalanany, heñläni zibile zyñylman, hemmesi birlikde şo durşuna taýýarlanýar! Olar kärhananyñ golaýynda bir açyk meýdana dökülip, güne guradylýar. Açyk meýdanda siñekler, mör-möjekler, syçanlar, it-pişikler onuñ üstünde jyrt atýarlar! Şol ikiarada gün görmän guma garyşan burçlaram çüýreýär, heñleýär, düwnük (rak) dörediji maddalary emele getirýär. Bu ýagdaý ekin meýdanynda ýeke bolgar burçuny goýman ýygnaýançalar ýa-da kärhanada burç önümçiligi gutarýança dowam edýär. Soñra guradylan ajy burçlaryñ çöp-çalamlaryndan ajy gyzyl burç öndürýärler. Şu ýerde nädip ajy burçuñ gök baldagyndan we ak tohumyndan gan ýaly gyzyl reñkli külke burç ýasap bilýärlerkä diýen sorag döräp biler! Muny gyzyl plitka boýagy diýilýän külke boýagy garyp daş edýärler! Tutuşlygyna himiki madda bolan bu külke boýag bilen ajy burçuñ baldaklaryny, guran çöp-çalamlaryny garýarlar we degirmende üwäp ajy gyzyl burç ýasaýarlar. Gynansak-da, düwnük keselini dörediji bu önümler ýurdumyzyñ halkyna iýdirilýär…”
Jemleýji söze geregi ýok...
Geliñ, muña garşy hemmämiz bilelikde göreşeliñ…

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 16.03.2018 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 70 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 12
0
12 Gurgencli   [Материал]
Ekine gurçuk düşürmezlik maksady bilen ekine sepilýän sary kükürdiňem we beýleki sepilýän himiki dermanlaryňam adam organizimne ýetirýän zyýanlary barada ýazsaňyz gowy bolardy. Sebäbi bular barada hökmäny bilmegimiz gerek.

0
11 Gurgencli   [Материал]
Şu wagt okadym. Okap aklym başymdan uçdy wacko wacko

0
10 Gurgencli   [Материал]
Daýhançylyk bilen maldarçylyk iň halaýan kärim smile bizdä suw gaýgysy ýok welin, emma şor diýen bela barda wacko

0
9 Dunyagozel   [Материал]
@Jürjanly ekemiz daýhan eken oguşýa… smile

0
8 Hаwеrаn   [Материал]
Ir-iýmişdir gök önümiñ, et-yag-süyt-peyniriñ ozuñden çyksa, galan zadyñ gaygysyny etmeseñ bolya...

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
Şäherde yaşasagam şol guýynyñ hasabyna eklenyäs diýen ýaly (bir guyy çaklañrak 3-4 hojalygy ekleyar)...

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
Her zadyñ bir alajy bar, oñarana... Biziñ bilyan obalarymyzda her kim gapysynda guyy gazdyryp nasos oklaýar... Onsoñ oz suwy ozune yetyar, ekinine malyna-da yetya, çykdajysy-da onçakly gala dal - 40-45 mln (kone hasapdan) bolya

0
5 Gurgencli   [Материал]
3 ýyllap 5-6 sotuk ýeriň şory bilen göreşip şu ýyl az owlak hasyl almagy başardym smile .

0
4 Allaberdi   [Материал]
Obadakylar elin önümler bilen üpjün etmeleri üçin tehniki goldow we suw gerek(balkanda suw ýok diýen ýaly)

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Bu zatlara garşy göreşmegiñ iñ sessiz ýoly - obadaky dayhanlarymyzyñ, çopanlarymyzyñ oz ozlerini eklemekleri we soñ yagdaylary boldugyndan şäherdaki dogan garyndaşlaryny elin önümler bilen üpjün etmekden geçyar...

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Horaz hemme ýerde deñ gygyrýar... ýagday bizde-de şularyñkydan gowy dal. Emma dillenyan, dillenip bilyan yok.

0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Sok çykarýan firmalaryñ birinde işleýän bir oglan gürrüñ beripdi: poslap giden şesternalarda aýlap-ýyllap ýatan soguñ heñläp giden mürepbesi... himiki usulda taýýarlanan konsentratlar... we ş.m...
Sok, napitok ýaly zatlary içmäñ, oñarsañyz kompotdyr salatlaryñyzy öz eliñiz b.n köpräk ýapyberiñ... diýipdi...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: