10:09
Urşuñ möhüm ýaragy: Propoganda
URŞUÑ MÖHÜM ÝARAGY: PROPOGANDA

Şeýleräk umumy garaýyş bar:
Birinji jahan urşy - himikleriñ urşy boldy.
Ikinji jahan urşy - fizikleriñ urşy boldy.
Dünýäniñ çar künjünde ownukly-irili uruş - terrorçylyga garşy göreş - sosiologlaryñ urşy boldy we häzirem bolmagyny dowam edýär. Bu "medeni merkezli" uruşdyr...
Ynsanyñ medeniýetini - jemgyýetiñ gurluşyny öwrenmek-kesgitlemek, jemgyýetiñ hünärmenligini etmekdir.
Seýle sorag bar:
– Terroristler nädip halkyñ goldawyny-söýgüsini-ynamyny gazanýar?
– Terroristiñ motiwasiýasy we moral çeşmesi nämede?
Mesele diñe terrorçynyñ elindäki ýaragda ýa-da maglumatda däl!
Terrorçyny tanamak - onuñ ýetişen medeni yklymyny bilmek - gatlaklaryñ ruhy ahwalyny öwrenmek, ýagny, psihologiýany urşa dahylly etmek hökmany şert.
Islendik bir urşuñ psihologiki tarapy şol urşuñ esasy we fiziki tarapy ýaly möhümdir. Propogandany urşuñyza goşmasañyz nädip üstün çykjagyñyzy bilmän, gury çyrpynanyñyz galar.
Maksadyñyz siñegi öldürmek däl-de, siñegiñ "ýetişen" batgalygyny guratmak bolmalydyr!
Munuñ ýoly propoganda-psihologiki uruşdan geçýär. Şonuñ üçinem...
Birnäçe ýurduñ goşunynda psihologiki urşuñ tälimlerini özleşdiern hünärmenleriñ işleýän psihologik strategiýa bölümleri işleýär. Mysal üçin ABŞ-nyñ Merkezi Razwedka uprawleniýesinde (MRU-CIA) "Adam ekologiýasyny öwreniş bölümi" bar. Çünki olaram gowy bilýär... bu urşuñ iki möhüm ýaragy bar:
– Tanamak, düşünmek…
– Empatiýa gurmak…
Köñüllerde we akyllarda ýer etmek iñ möhüm zat. Añlary eýelemek şert.
Şonuñ üçinem MRU Wýetnam urşunda bu ýurda wýetnam dilini bilýän antropologlary ugratdy. ABŞ-lylar ilkinji gezek bu uruşda gylyk-häsiýetleri (поведение) öwreniji alymlara mätäçlik duýýandygyny gördi.
Duşmanyñ medeniýetini bilmek - duşmanyñ uruş tälimini bilmekden has zerurdy! Şonuñ üçibem Yrakda segsen sekiz taýpany analizlediler.
Sözümo şuña getirmek isleýärin…

Türk baýdaklary

Bir hepde öñ...
Ankaranyñ Keçiören raýonynyñ häkimligi Afrine gidip, alty mekdepde abatlaýyş işini geçirdi. Dabaraly ýagdaýda ulanyşa berdi.
Çagalaryñ ellerinde türk baýdaklary bilen okuwa gidişine teleýaýlymda tomaşa etdim. Afrinli kiçijik okuwçylaryñ eline näme üçin türk baýdagy berildi?
Maksat ýagşy niýetli bolsa-da, Afrindäki bular ýaly çykyşlaryñ pursat peýläp ýatan betpälleriñ gurbany bolanyny duýmanam galarsyñyz: Türkiýäni basybalyjy ýurt sypatynda görkezersiñiz!
Türkiýäni bilim maksatnamasyna-da sokulyp ýören, başga ýurduñ diline päsgel berýän ýurt ýaly görkezer! Ýagny...
Her kellesine ýel çalan syýasatçynyñ esgerlerimiziñ Demirgazyk Siriýadaky garnizonlaryna gidip propoganda işlerini geçirmegine idin bermeli däl.
Bu işleri ýol görkezijisiz, gollanmasyz etmeli däl. Çünki bu urşuñ birnäçe ýoly we tilsimi bar, edilen iş tersine depip biler! Dostuñyz duşmana öwrülip biler! Emma, hernäçe nebsimiz agyrsa-da... topdan-tüpeñden täsirli psihologiki uruş entek-entekler Türkiýede pes!
Şübhesiz, düýnem ýagdaý şundan gowy däldi. Ilkinji ädimler amerikan goşuny tarapyndan ABŞ-nyñ bähbitlerini nazarlap ýörediljek "psihologik uruş" (Psychological Warfare) we “psihologik herekat” (Psychological Operations-PSYOP) maksatnamalary bu ugurdaky gollanma kitaplaryñ altmyşynjy ýyllarda birden-bire türk diline terjime edilmegi bilen başlandy.
Baş Goranyş müdirliginiñ Hereket ediş bölüminiñ binýadynda gurlan Psihologik hereket bölüminiñ ýeke-täk eden işi - Ankaranyñ Kirazlydere raýonyndaky türgenleşik merkezlerinde ofiserlere 2-3 aýlyk okuw kurslaryny bermekdi. Soñra olam ýapyldy.
Birem... Milli Howpsuzlyk geñeşiniñ tabynlygynda Jemgyýet bilen gatnaşyklar bölümi bardy. Olaryñ bar eden işi Günbatar Trakýada žurnal çykaran bolmakdy. AKP häkimiýete gelip-gelmänkä FETÖ şeýle bir ýakymsyz howa öwüsdirdi welin, "raýatlaşma" pyrryldagyna aldanyp, bölümi dargatdylar! Ýerine Içeri işler ministrliginiñ binýadynda Jemgyýet bilen gatnaşyklar müdirligini döretdiler!
Psihologik urşuñ raýaty-esgeri bolýarmy? Şol wagtlar esger duşmançylygy örç alypdy. Wagtyñ geçmegi bilen Dursun Çiçek ýalylar türmä sykyldy, “Andyç” (Момент), "Günbatar iş topary" (“Batı Çalışma Grubu”), “Internet saýtlary” ýalanlaryna duwlanyp, döwletiñ psihologik ýaragy tutuşlaýyn FETÖ-nyñ ygtyýaryna berildi…
MIT-de (Howpsuzlyk gullugy) bolsa bular ýaly bölümem ýokdy.

Esgerlerimiz ýeke

Gynansak-da...
Türkiýede psigologik uruş ukypsyz kişileriñ "kellesine öwsenleri" aýtmagy-etmegi bilen ýöredilýär! Kagyz ýüzünde bardygy aýdylýan bu ugurdaky bölümlerde dogry-dürs hünärmen kadrlar ýok.
Bugünlerde…
– Türkiýede känbir gyzyklanma bildirilmese-de, dünýäniñ üns merkezinde nämeler bar: "Kembriž analitika" (Cambridge Analy­tica)!
Kompýuteriñizde her düwmą basanyñyzda yz galdyrýansyñyz.
Kompýutere ýerleşdiren maglumatlaryñyz siziñ şahsy aýratynlyklaryñyzy, psihologiýañyzy we ş.m.-leri öwrenýärler. “Like” (beğenme) düwmesine basanyñyzda siziñ haýsy syýasy pikirdedigiñizi bilýärler! Düwmä basma ritmiñizden siz gaharjañmy, sowukganlymy, dynjyñyzy alanmy ýa-da ýadawmy, barsyny analiz edip bilýärler! Bu maglumatlaryñ netijesinde sizi aldap-tora düşürip biljek işleri edýärler!
Muny ABŞ-nyñ soñky saýlawlarynda - syýasatda-da ulanýandyklary ýüze çykdy.
Dünýäde şular ýaly - biçak ahlaksyzam bolsa, psihologik urşuñ taktikalary ulanylýanam bolsa, Türkiýe diñe synçy bolup galmagyny dowam etdi we edýär.
FETÖ pyrryldagy we AKP basgysy bilen esgerler "ýakymsyzlyk döredýär" diýip psihologik hereket bölümlerimizi ýapdylar!
Bulam az bolýan ýaly Ýewropa bileleşigi-de "talaplarymyza gabat gelenok" diýip, Türkiýedäki bu ugur boýunça işleýän bölümlerimize garşy çykdy! Emma öz ýurtlarynda welin muña meñzeş gulluklar artygy bilen bar…
Şuny diýmek isleýärin:
Afrindäki psihologik uruşda türk esgerleri ýeke. Siriýa halkyny tarapymyza çekmek, jahana parahatçylyk isleýändigimiziñ yşaratlaryny bermek üçin hiç bir hünärmen goşunymyza goldaw berenok.
Haýdan-haý... Afrinde ynsanlaryñ pikirlerini, duýgularyny, dünýägaraýyşlaryny we özlerini alyp baryşlarynyñ ugruny üýtgedip biljek propogandalara başlamalydyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 29.03.2018 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 74 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Sapak alarlyk makalalar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: